13:10 Altymyrada bagyşlanan goşgular | |
• ALTYN ALMAN GELME, BALAM Ýaryş sary uçar bolduň, altyn alman gelme, balam! Ýeňiş diýip göçer bolduň, altyn alman gelme, balam! Sen ýat ýerde, uzak ilde, meniň munda gözüm ýolda, Bu zatlar bardyr ykbalda, altyn alman gelme, balam! Eşit meni, ýalan-ýadym, Altyjanym-göwün şadym Körpe guzym, köňül badym, altyn alman gelme, balam! Türkmen iliň-arkadagyň, asyl köküň, şamçyragyň, Hoş bolsun senden, ylaýym, altyn alman gelme, balam! Meniň balam bir bürgütdir, balam ýaly ogul gytdyr, Eneňden saňa sargytdyr, Oguldurdydan sargytdyr! Sargydym bek belle, balam, altyn alman gelme, balam! Hajy KAKALYÝEW. • GERÇEK Türgen bolup dünýä düşdi nazaryň, Şägirde ýol goýup ir giden gerçek. Gomlary deý goja, däli Hazaryň, Dünýäde yz goýup ir giden getrçek! Göroglyň kowmy sen, türkmen gerçegi, Göteripdiň görülmedik ölçegi, Diýdiripdiň, Türkmenleriň geljegi, Dünýäde yz goýup ir giden gerçek! Zarbyňdan galypdy agram asmana, Howlukdylar, baryp eliň gysmana, Şan goşupdyň şol gün Türkmenistana Dünýäde yz goýup ir giden gerçek! Haýran galdy, Ýewropaly, Aziýaly Göterenňi görýärdiň sen az ýaly Gülýärdi gözleriň mydam ýaz ýaly, Dünýäde yz goýup, ir giden gerçek! Bäş welaýat, bäş doganlaň biridiň Ömür-baky aramyzda dirisiň, Agyr daşy göterenleň şirisiň, Şägirde ýol goýup ir giden gerçek! Kakajan MÄMMEDOW. • ALTYMYRATJAN Ýetimligiň jebri-jepasyn çekdiň, Armanym, arzuwyn Altymyratjan. Bir günem ýyldyz dek lowurdap çykdyň, Armanym,arzuwym Altymyratjan. Dünýäni aňk etdiň,medallar aldyň, Abraýyň dag aşdy,belende galdyň. Mydam öz iliňe şöhratly geldiň, Armanym, arzuwym Altymyratjan. Güler ýüz keşbiňde sowuldy ýazym, Armanda galdyrdyň,epildi dyzym. Martyň ýedisinde süýnen ýyldyzym, Armanym, arzuwym Altymyratjan. Il-günüň gynandy, döküldi ýaşlar, Tabydyň daşynda egildi başlar. Seniň baran ýeriň meger behiştdir, Armanym, arzuwym Altymyratjan. Ynan dostum, ýaşaýandyr beýikler, Synan göwnüm seniň adyň seýiklär, Artar, goşalanar ezber bilekler, Armanym, arzuwym Altymyratjan. Ajala sabyr ýok, takdyra çäre, Başga söz tapamok bu gün diýere, Gerekdiň sen, bu döwletli diýara, Armanym, arzuwym Altymyratjan. Mämmetjuma DÖWLETOW. * * * Sport senedini arşa galdyran, Agirtlere geliň, sarpa goýalyň. Alty pälwanmyzyň yzyn göterjek, Körpe şägirtlere sarpa goýalyň. Tirsegine galsyn goý ussat ägirt, Biz bilen gülleýär, azat gözel ýurt Eý, Allajan, ägtlere ber kuwwat, Agamyz Garýagda sarpa goýalyň. Agyr atletikada özün aldyran, Nesillere bagt guşun gonduran, Öten geçenleriň dowamy bolan, Agam Orazberdä sarpa goýalyň. Agyr atletikanyň gurbany bolan, Üstünlik gazanyp, buýsanyp gülen, Ady arşa ýeten, agirtlik bilen, Agam Altymyrada sarpa goýalyň. Kakabaý sözüni şeýle soňlaýar, Üstünligi, abyraýy oňlaýar, Sebäp gözel ýurdum şonda gülleýär, Altymyrat halypa sarpa goýalyň. Kakabaý ABDYRESULOW. | |
|
√ Saýry gyz / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Döwür oýlanmasy / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Ömrümde / Goşgular - 05.07.2024 |
√ Ganyp dolup / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Watan / Goşgular - 25.11.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Birden gopan kyýamat, eý, soňsuz rehmet kylan... / Goşgular - 05.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 7 | |||||||
| |||||||