11:56 Altyn alman gelme, balam! | |
ALTYN ALMAN GELME, BALAM
Goşgular
Ýaryş sary uçar bolduñ, Altyn alman gelme, balam! Ýeñiş diýip göçer bolduñ, Altyn alman gelme, balam! Sen ýat ýerde, uzak ilde, Meniñ munda gözüm ýolda, Bu zatlar bardyr ykbalda, Altyn alman gelme, balam! Eşit meni, ýakyn-ýadym, Altynjanym - göwün şadym, Körpe guzym, köñül badym, Altyn alman gelme, balam! Türkmen iliñ - arkadagyñ, Asyl köküñ, şamçyragyñ, Hoş bolsun senden, ylaýym, Altyn alman gelme, balam! Meniñ balam bir bürgütdir, Balam ýaly ogul gytdyr, Eneñden saňa sargytdyr, Oguldurdydan sargytdyr, Sargydym bek belle, balam, Altyn alman gelme, balam! • Awtordan: Bu goşgyny dünýäniñ we Ýewropanyñ üç gezek çempiony Altymyrat Orazdurdyýewiñ ejesi Oguldurdy ejäniñ adyndan ýazmagym, goý, biziñ ol sada zenanyñ adynyñ öñünde, ömrüniñ öñünde baş egdigimiz bolsun. Uly-uly ýeñişleri gazanýan ogullar, goý, ilki bilen, Enä tagzym etsin. Başyñyza döneýin, külli türkmen eneleri! Siz hemişe beýik hormata, beýik sarpa mynasypsyñyz! Altymyrat, ýeñşiñ mübärek bolsun, höwri köp bolsun, Olimpiýa oýunlarynda, dünýä çempionatlarynda, beýleki belent derejeli ýaryşlarda dowamlary bolsun! # "Türkmenistan" gazeti, 25.XI.1993 ý. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |