09:41 Owaz | |
OWAZ
Goşgular
Söwer ýar, men seniñ mydam kalbyñda, Men hemişe seniñ ýazyñdadyryn. Jeñe ugradañda göz gyýtagynda, Maña bagyş eýlän näziñdedirin. Söwer ýar, men hyýalyñda-oýuñda, Men hemişe seniñ ýazyñdadyryn. Meniñ merdemligim hemem mertebäm - "Jan" goşup tutulýan adyñdadyryn. Söwer ýar, men elmydama gaşyñda, Men hemişe seniñ ýazyñdadyryn. Seniñ deñsiz-taýsyz ýylgyryşyñda, Ruhuñda, demiñde, janyñdadyryn. ■ Ynsanlyk mukamy Gör, ynsan ýaşap ýör ýagty dünýäde, On sekiz müñ yklymlara perzent ol. Deñ adalatly ol munda bar zada, Ýagşylyga ak ýol, ýamana bent ol. Sylaýar ol zemin bilen asmany, Ýüregni örtmeýär tekepbir perde. Pespälligi, belentligi maglumdyr, Başy-ha - asmanda, aýagy - ýerde. Ykbal ýükün göterýär ol gerdende, Ozaly - hakyda, täji - çakylyk. ...Her pursatda, her ädimde, her demde, Gözlerine seredip dur bakylyk. Hajy KAKALYÝEW. | |
|
√ Kleopatra / Goşgular - 14.10.2024 |
√ Sen nebisiň ýörtünden / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Eý, melek sima ki senden özge haýrandyr saňa... / Goşgular - 28.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |