11:37 “Altyn sözler” usuly | |
"ALTYN SÖZLER" USULY
Psihologiýa
• “Hyzmatdaşyňa täsir etmegiň psihologik usullary” atly makalalar toplumyndan Elbetde, biziň her birimize özümiz barada aýdylýan öwgüli, hoşamaý sözleri eşitmek ýakymlydyr. Şonuň bilen birlikde, aýdylan sözleriň, az-kem bolsa-da, ulaldylyp aýdylandygyny duýýarys. Şeýle bolsa, bu sözleri eşitmek bize näme üçin ýakymlyka? Eger adama: «Siz şeýle akylly» ýa-da «Siz muny örän oňat başarýarsyňyz» diýip, ýygy-ýygydan aýdylsa, hakykatda, ol beýle ökde däl hem bolsa, belli bir wagtdan soňra öz ukyplaryna doly ynanar we özünde bar bolan mümkinçilikleri ulanmaga çalşar. Ynandyrmanyň täsiriniň netijesinde, adamyň haýsy-da bolsa bir häsiýetini kämilleşdirmekde arzuwynyň, isleginiň, zerurlygynyň gaýybana kanagatlandyrylmasy bolup geçýän ýaly bolýar. Hakykatda, onda isleg doly kanagatlandyrylmaz, ýöne onuň kanagatlandyrylandygyny duýmak, onuň netijesinde oňat duýgularyň döremesi hakykata öwrüler. «Altyn sözleri» ulanmagyň düzgünleri bar. Olary bilmezlik ýa-da bozmak arkaly «altyn sözleri» (iň gowy bolanda) boş, lenç edilen sözlere öwürmek mümkin. Öwgüli, hoşamaý sözler ýaranjaňlyk edilip aýdylan sözlerden olarda az-kem ulaltmanyň bardygy bilen tapawutlanýarlar. Ýaranjaň öz söhbetdeşiniň artykmaçlyklaryny, gowy taraplaryny juda ulaldyp görkezýär. Mysal üçin, «Şu reňk saňa örän oňat gelişýär» (öwgi) we «Sen iň gözel zenan» (ýaranjaňlyk) jümlelerini deňeşdirip görüň. Ýaranjaňlyk öwgüden has gödegräkdir we köplenç ýapa ýanaşmaýandygy, hakykata laýyk gelmeýändigi üçin kabul edilmän biler. Ýaranjaňlygyň ýaraýan adamlary hem bar. Işewürlik aragatnaşygyna hoşamaý söz (öwgi) laýyk gelýär. Taryp etmek (hoşamaý söz aýtmak) bilen öwgini birmeňzeş düşünje hasaplamaly däl. Öwgi – bu oňat baha bermek. Taryp etmegiň oňat kabul edilmegine hyzmatdaşlaryň ikisine-de mälim bolan maglumatlary, subutnamalary ulanmak ýardam edýär. Taryp etmäni onda subutly esasyň ýokdugy ynandyryjy däl edýär we aýdylan sözi lenji çykan, ýaranjaňlyk bilen aýdylan sözüň derejesine çenli peseldip biler. Eger söhbetdeşiňiziň haýsy subutnama, delil barada gürrüňiň barýandygyna düşünjekdigine şübhelenme bar bolsa, onda gowusy töwekgelçilik etmeli däl-de, öňi bilen bu şübhelenmäni ýatladyp, soňra ony ynandyrjak bolmaly. Eger taryplama subutnamalara ters gelýän bolsa, ony ulanmaga ýol berilmeli däldir. Mysal üçin, işgär zenan dişagyrydan ejir çekip, bütin gije ýatyp bilmedik bolsa, oňa «gowy görünýäň» diýmek ýerliksizdir. Şeýle diýlende, ol ýaňsylama hökmünde kabul ediler. Tarypnama gysga, bir-iki pikirden ybarat bolmalydyr, onda öwüt-ündew beriji sözler bolmaly däldir. Onda iki many çykýan söz düzümlerini ulanmakdan gaça durmaly. Taryplaýjy, hoşamaý sözleri mümkin boldugyça ýygy-ýygydan aýtmaly. Hut taryplamada tejribe toplanmagynyň netijesinde onuň ýeňil we sada görnüşde, erkin aýdylmagy gazanylýar, bu bolsa ony tebigy we örän täsirli edýär. Taryp etme, hoşamaý söz ony aýtmaga islegden başlanýar. Söhbetdeşiňizde nämäniň size ýaraýandygyny, ondan görelde hökmünde almak isleýän zadyňyzy tapyň. Adamlar taryp etmäni, hoşamaý sözi gowy kabul edýärler, sebäbi her bir adama oňa ýakymly bir zat aýtmak isleýändikleriniň özi hem ýakymlydyr. Hut şonuň üçin hem olar ýakymly zat aýdylanda bolup biljek ýalňyşlyklary, säwlikleri bagyşlaýarlar. Erkeklere hemişe öwgi sözleriniň aýdylyp durulmaýandygy üçin, olar bu sözleriň hiline az üns berýärler. Şoňa görä öwgi sözlerini erkeklere aýdyp öwrenmek has amatlydyr. Babahan Aganazarowiç BERDIÝEW, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiyasynyň uly mugallymy, psiholog. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |