12:53 “Öwgi” usuly | |
"ÖWGI" USULY
Psihologiýa
"Hyzmatdaşyňa täsir etmegiň psihologik usullary” atly makalalar toplumyndan Öwgi sözleri adama ýaranda, onuň ýüzi ýagtylyp, ol ýylgyrýar. Ýylgyryş bilen bilelikde keýpiçaglyk hem söhbetdeşe geçýär. Hut şonuň üçin hem öwgi sözleri, taryplamalar aragatnaşyga gatnaşýanlaryň ählisine peýda getirýär. Nädip öwgi sözlerini tüýs ýürekden çykýan, hakyky sözlere öwürmeli? Munuň birnäçe kadasy bardyr. «Bir pikir» kadasy. Öwgi sözleri adamyň diňe oňat taraplaryny görkezmelidir. Taryplaýjy öwgi sözlerinde iki many çykýan sözleri ulanmakdan gaça durmaly, mysal üçin, adamyň şol bir häsiýetini gowy hem, erbet hem hasaplamak mümkin. Mysal üçin: «Siziň adamlar bilen gürrüňleriňizi diňläp, jogap bermekden örän inçelik we ökdelik bilen sowlup biliş ukybyňyza haýran galýaryn!» diýen jümläni alyp göreliň. Bu ýerde «bir pikir» diýlip şertli atlandyrylan kadanyň bozulýandygy aýdyň görünýär. «Ulaltmalaryň» kadasy. Taryplap aýdylýan öwgüli sözlerde görkezilen oňat häsiýetler köp ulaldylmaly däldir. Mysal üçin, ýolbaşçy öz tabynlygyndaky işgäriň hasabatyny kabul edende: «Men siziň ykjamlygyňyza we işiňize jürlügiňize hemişe haýran galýaryn» diýýär. Şonda işgäri bu sözler diňe bir geň galdyrman, eýsem haýran galdyrýar. Birinjiden, bu işgär barada ýokarda bütinleý ters pikir aýdylýardy, ikinjiden, şol wagt bu sözleri aýtmak üçin diňe bir sebäp däl, eýsem bahana-da ýokdy. «Ýokary pikir». Taryplap aýdylýan öwgüli sözlerde beýan edilen aýratynlyklarynyň derejesi barada öwülýän adamyň öz pikiri bu usulyň netijeliliginiň möhüm şertidir. Adam öwgüli sözlerde aýdylan aýratynlygynyň ondan has ýokarydygyny bilýär diýip göz öňüne getireliň. Mysal üçin, ýatkeşligi hakykatdan-da örän ýokary (we bu garaýyş onuň aňynda berk ornaşan) adam birdenkä özi barada: «Men siziň telefon nomeri şobada ýatda saklandygyňyza haýran galýan! Siz örän ýatkeş!» – diýen sözleri ýa-da lukmana: «Siziň ussatlygyňyza haýran galaýmaly! Siz onuň köriçege bolandygyny göz açyp-ýumasy salymda anykladyňyz» diýen sözleri eşidýär. Birinji ýagdaýda, ikinji ýagdaýda-da bu sözler öwgi sözleri däl-de, aýdylyp-aýdylyp, lenji çykan sözler. Bu sözleriň netijeleriniň ýaramaz bolmagy mümkin, sebäbi bu ýerde biziň «ýokary pikir» diýip şertli atlandyran kadamyz bozulýar. «Öwretmesiz» kadasy. Bu kada öwgi sözleriniň şol häsiýeti gowulandyrmak boýunça tekliplerden düzülmeli däl-de, onuň bardygyny tassyklamalydygyndan ybaratdyr. Ine, aýdylmaly däl «öwgi sözleriniň» käbiri: «Sen dogumlyrak bolmaly!», «Garaýyşlaryň berkligi erkegi bezeýär! Öz garaýyşlaryňda durmagy başar!». Bu ýerde biziň «öwretmesiz» diýip şertli bellän kadamyz bozulýar. «Isleglersiz» kadasy. Işgär öz şol häsiýetini kämilleşdirmäge asla çalyşmaýar. Munuň üstesine-de, ol her bu oňat häsiýeti häzirkisinden has güýçli bolup görünse, erbet bolar diýip hasaplaýar. Mysal üçin, siziň tabynlygyňyzdaky özi hem ýolbaşçy bolup durýan işgärleriň biri öwgi sözlerini aýtmak ukyby hakyky önümçiligi guraýjynyň asla artykmaçlygy däl diýip hasap edýär diýeli. Siz muňa ters pikire eýerip, oňa: «Men siz adamlaryň artykmaçlyklaryny taryplap, öwgüli sözleri aýtmaga ökde diýip eşitdim» – diýip öwgi sözlerini aýtmaga synanyşsaňyz, ol munuň üçin gaty görüp, öýkelär. «Goşmaçalarsyz» kadasy. Soňky kada öwgi sözleriniň mazmunyna däl-de, köplenç, onuň yzyndan gelýän goşmaçalara degişlidir. Mysal üçin: «Seniň, hakykatdan-da, altyn elleriň bar. Ýöne diliň welin, özüňe duşman». Ýa-da «Siziň adamlara özüňizi aldyrmak ukybyňyz maňa örän ýaraýar. Ýöne bu ukyby işiň bahbidi üçin ulanyp bilsediňiz…» ýaly jümleler bar. Diýmek, öwgi sözlerini aýdanyňyzda ýakymsyz pikirlerden, ýagny öwgini puja çykarýan şeýle goşmaçalardan gaça duruň. Biziň «goşmaçalarsyz» diýip şertli atlandyran kadamyza eýeriň. Elbetde, bu kadalary birbada ýat tutmak kyn düşer, ýöne eger siz baglanyşyk boýunça (assosiatiw) aragatnaşyklary ulansaňyz, ýat tutmak ep-esli aňsat bolar. Babahan Aganazarowiç BERDIÝEW, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiyasynyň uly mugallymy, psiholog. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |