16:18 «Şahsy durmuş» usuly | |
«ŞAHSY DURMUŞ» USULY
Psihologiýa
“Hyzmatdaşyňa täsir etmegiň psihologik usullary” atly makalalar toplumyndan Her bir adamyň gulluk bähbitleri (gyzyklanmalary) bilen bir hatarda şahsy bähbitleri, gyzyklanmalary (güýmenjeleri) we şahsy durmuşy hem bardyr. Empiriki gözegçiliklerde eger adam bilen onuň anyk duýulýan şahsy gyzyklanmalaryna (bähbitlerine) laýyk gelýän gürrüň etseň, munuň onda oňat duýgular bilen utgaşýan ýokarlanýan werbal (dilden) işjeňligi oýarýandygy bellendi. Öz tabynlygyňyzdaky işgärler bilen wagtal-wagtal olaryň şahsy durmuşynda ähmiýeti bolan meseleler barada gürleşiň, olaryň başdan geçirýän duýgularyna we gaýgy-aladalaryna gyzyklanma bildiriň. Mysal üçin, işgär zenanlaryň biri kaktus ösdürip ýetişdirmek bilen gyzyklanýar we bu barada ýygy-ýygydan gürrüň berýär. Onuň gürrüňleri daş-töweregindäkileri bizar edipdir. Muňa garamazdan, sabyrly boluň-da, onuň bilen hiç bolmanda birnäçe minut kaktus barada gürrüň ediň. Bu ýagdaýda kim utular? Tereziniň bir gapdalynda zerur bolmadyk maglumatlary diňlemek üçin birnäçe minut ýitirilen wagt, beýleki tarapynda bolsa, siziň tabynlygyňyzdaky pikirdeş işgäriňiz durar. Tereziniň haýsy tarapynyň agyr geljekdigini kesgitlemek kyn däl. Adama özüňi aldyrmagyň usullaryny beýan etmegi tamamlamak bilen, käbir umumy maslahatlary bermek isleýäris. Olar şulardyr: • Durmuşda iş ýüzünde bu usullary ulanmagy olary näçe köp ulansaň, şonça-da utmak (maksada ýetmek) mümkinçiliginiň ýokarydygy babatda lotereýa bilen deňeşdirmek mümkin. Ýöne olary hyzmatdaşlaryňyz bilen aragatnaşygyň barşynda ulanmak arkaly, siz utulmarsyňyz, sebäbi siz hiç zat ýitirmeýärsiňiz. • Bu usullar bilen tanşanyňyzda siz olary käwagt öň hem ulanandygyňyz barada oýlanarsyňyz. Ýöne şulary: siziň bu kadalary şahsy gatnaşyklaryňyzda ulanandygyňyzy; siz muny attraksiýany emele getirmegiň psihologik usulyny ulanýandygyňyza hemişe aň ýetirip däl-de, duýmak arkaly şeýle edendigiňizi; bu usullary duýmak arkaly ulanmak bilen, adamyň aňyna, onuň rasional pikirleniş işine däl-de, akyl ýetirip bolmaýan sfera täsir edýändigiňiz barada pikir hem etmändigiňizi; adamlaryň köpüsiniň muny kesgitli bir ulgam boýunça däl-de, kämahal edýändiklerini bellemek gerek. Siz häzir bu usullary öňünden niýetläp, akylly-başly we maksada gönükdirip ulanarsyňyz diýip umyt edýäris. • Soňky maslahat «ýatda saklamak illýuziýasy» diýilýän usul bilen baglanyşyklydyr. Köpeltmek tablisasyny (jedwelini) ýat tutman, ony ulanmak mümkinmi? Getirilen mysallary hem olary ýat tutman ulanmak mümkin däl. Size olary ýat tutan ýaly bolup görünýärmi? Onda synag geçirip göreliň. Eliňize sekund dili bolan sagady alyň-da, bu usullaryň atlaryny ýadyňyza düşürmek üçin näçe wagtyň gerek boljakdygyny belläň. Babahan Aganazarowiç BERDIÝEW, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiyasynyň uly mugallymy, psiholog. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |