15:44 Amadeý -2/ pýesanyñ dowamy | |
7. Şýonbrun köşgi.
Teatr we kino sungaty
Yşyk çalt üýtgeýär. IMPERATOR ― HÖKÜMDAR ýap-ýagty yşygyň astynda tylla gözginiň hem-de öňi açyk äpet tylla pejiň öňünde dur. GOFMEÝSTER ŞTREGEM onuň ýanynda. Onuň alyhezreti özünden we töweregindäkilerden aşa göwni suw içýän kyrk ýaşlaryndaky kaşaň geýnüwli, güler ýüzli bir adam. WAN SWITEN bilen ROZENBERG hersi bir tarapdan sahnanyň öňüne alňasaýar. Iosif. Jenaplar, toý-tomaşalaram bolar, feýerwerklerem! Mosart eýýäm bärde! Ol aşakda garaşyp dur! HEMMESI tagzym edýär. Hemmesi. Siziň alyhezretleňňiz! Siziň hyzmatyňyza taýýar, sir! Iosif. Men sabyr käsämi suwa gaçyryp garaşýan! Salýeri (tomaşaçylara). Awstriýa imperatory, Iosif ikinji. Sazyň yşkyna düşen. (Hormat bilen IMPERATORA ýüzlenýär.) Siziň alyhezretiňiz, men Mosartyň şanyna çaklaňja marş düzdüm. Ol bärik giräýen uçurlary şony çalyp bermäge ejaza beriň. Iosif. Baş üstüne, biziň köşk kompozitorymyz. Iňňän ajap pikir! Siz onuň bilen tanyşmy? Salýeri. Häzirlikçe tanyş däl, sir. Iosif. Gör, neneňsi hezillik! Ony bärik çagyryň, Ştrek. Şü dakykaň özünde. ŞTREK çykyp gidýär. IMPERATOR esasy sahna tarap ýöreýär. Ýaryş gurasaň nähili gowy bordy! Mosart haýsydyr bir beýleki ussadyň garşysyna. Iki saz guraly birinjilik üçin dalaş edýä. Hakykatdanam, gyzykly bor gerek, baron? Wan Switen (edeplilik bilen). Siziň alyhezretiňiz, meň üçin-ä ýakymy ýok. Biri-birinden ozarlary ýaly sazandalar ula goýberilen bedewler däl-ä. Az-owlak böwşeňlik. Iosif. Ýeri bolýa. Umumana-ha... şeýleräk... ŞTREK öwrülip gelýär. Ştrek. Siziň alyhezretiňiz, jenap Mosart. Iosif. Oh! Gaty gowy!... (Ol bildirtmän Salýerä yşarat edýär, olam çakganlyk bilen fortepiano tarap gidýär.) (Ştrege.) Goý, ol girsin! SALÝERI saz guralynyň başyna geçýär hem-de özüniň marşyny çalyp başlaýar. MOSART çalt-çalt ýöräp, ýöne epeýlik bilen girýär. Ol üýtgeşik geň-enaýy jiltgeli, dabaraly şpagaly. IMPERATOR sahnanyň öňünde jemagata arkasyny öwrüp dur, Mosart golaýlan mahaly oňa säginmegi hem-de diň salmagy yşarat edýär. MOSART alasarmyk ýagdaýda daýanýar, saza gulak saýar we birdenem SALÝERINIŇ özüniň hormatyna marşy ýerine ýetirýändigine düşünýär. Bar kişi doňan ýaly bolşup, dik durup diňleýär. Çapak çalynýar. (Iosif Mosarta elini uzadýar.) Mosart! Mosart golaý gelýär hem-de dabara bilen dyza çökýär. Mosart. Siziň alyhezretiňiz! Men siziň alyhezretiňiziň sadyk guly! Siziň nurdan doly goluňyzy ýüz müň mertebe öpmäge ygtyýar beriň! (Ol tä imperator aljyramakdan ýaňa elini yza çekýänçä hyjuw bilen aldygyna öpýär.) Iosif. Beýle hyjuwlylyk hökman däl-ä! Sizden haýyş! Beýtmäň-ä, jenap! (Ol Mosarta ýerinden galmaga tekge berýär.) Megerem, siziň ýadyňyza düşýänem däldir, ýöne biz soňky gezek görşemizde-de, siz ýere ýazylypdyňyz. Şo waka uýamyň şu günki ýaly ýadynda. Bu ýaş ýigit, dogry, şo mahal alty ýaşyndady, ol şu ýerde, Şýonbrun köşgünde taýyp ýykyldy, şonda kellesini gaty agyrtdy... Muny ozal size gürrüň beripmidim? Rozenberg (howlukmaç). Ýok, siziň alyhezretiňiz! Ştrek (howlukmaç). Ýok, siziň alyhezretiňiz! Salýeri (howlukmaç). Ýok, siziň alyhezretiňiz! Iosif. Ynha, şeýle, uýajygym Antuanettaň özi ony galdyrmaga okduryldy! Şonda onuň näme edenini bir bilsediňiz! Göni uýamyň gujagyna özüni oklady ― hop! Iki ýaňagyndanam öpdi, soňam: «Maňa durmuşa çyk! Bolýamy ýa-da ýok?!» diýýä. Köşk emeldarlary saýhallylyk bilen gülüşýär. MOSART gaty hem-de morta gülýä. IMPERATOR muňa ynjalykdan gaçýar. Jenap Mosart, men sizi oňaýsyz ýagdaýda goýmak islemedim. Siz bärdäkileň ählisi bilen tanyşsyňyz-a? Mosart. Hawa, sir. (Ol Rozenbergiň öňünde dabara bilen baş egýär.) Bul-a jenap direktor! (Soňra Wan Switen bilen.) Bu-da jenap dolandyryjy! Iosif. Ýöne, megerem, siz biziň hormatly köşk kompozitorymyz bilen tanyş däl bolsaňyz gerek. Geleň etmeýşimizi! Sungata gadyr goýýanlaň arasynda jenap Salýerini tanamaýan ýokdur. Ol ýürege ýakymly bu marşam siziň şanyňyza düzdi. Salýeri. Siziň alyhezretiňiz, büý-ä bir bolgusyzja zat-la... Iosif. Herhal, şonda-da... Mosart (Salýerä ýüzlenip). Men-ä ýöne haýran galaýandyryn, Signore! Iosif. Onuň beýnisi pikirden ýaňa gyrma! Suw çüwdürimi ýaly atylyp dur, dogry dälmi, Ştrek? Ştrek. Onda-da yzy tükenmez akym bilen, sir. Salýeri, örän ajap saz. Iosif. Ikiňizi elin tanyşdyrmak maňa juda ýakymly bor! Bu biziň köşk kompozitorymyz Salýeri ― a bu bolsa, zalsburgly jenap Mosart! Salýeri (Ol sowuk-salalyk bilen baş egýär hem-de Mosarta öz eseriniň nota ýazgysyny gowşurýar.) Mosart. Sag boluň, jenap. Men juda tolgunýan! Bu meň üçin uly mertebe! Üstesine şeýle ajaýyp hem-de meşhur kompozitordan! (Öz gezeginde oňa dabara bilen tagzym kylýar.) Salýeri (sowuk-sala). Grazie. Iosif. Ýogsa-da, Mosart, siz biziň opera ýazmak üçin tabşyrygymyzy aldyňyzmy? Mosart. Hawa, elbetde, siziň alyhezretiňiz. Muň üçin minnetdarlygymyň çägi ýok. Siziň haçanam bolsa bir mahal hökümdara bagyşlanylan gowudan-gowy, iň kämil tomaşa aljakdygyňyza ant içýän. Mende eýýäm oň taýyn librettosam bar. Rozenberg (ynjalykdan gaçyp). Eýýäm taýýarmy? Muny muň bilmeýşimi! Mosart. Günämi öteweriň, jenap direktor. Ony size aýtmagy bütinleý unudaýypdyryn. Rozenberg. Näme üçindigini bilip bolmazmy? Mosart. Walla, men muny beýle wajypdyram öýtmändirin. Rozenberg. Beýle wajyp dälmidir eýsem? Mosart. Ýok elbetde. Rozenberg (janagyryly). Jenap Mosart, meň üçin bu iňňän wajyp. Mosart (aljyraňňy). Hawa, elbetde, düşünýän. Rozenberg. Ýeri, ony kim ýazypdyr onsoň? Mosart. Stefani. Hawa. Siziň alyhezretiňiz, eseriň taryhy welin gyzykly. Rozenberg. Sizem onsoň ony Milli opera teatrynda oýnamak üçin ýerlikli ýordum hasaplaýaňyzmy? Mosart (dowla düşüp). Hawa! Ýagny bolanok hasaplaýan. Ýagny bolýa hasaplaýan! Elbetde ― bolýa! Näme üçin bolmaly dälmiş? Bu örän gyzykly, örän gülküli... Siziň alyhezretiňiz, mertebämden ant içýän, onda hiç hili gelşiksiz, ahlaksyz zat ýok. Bütinleý hiç zat ýok. Eser nemes ahlaklylygynyň iň oňat taraplaryndan söz açýa. Ant içýän size!.. Iosif. Hany, Mosart, bize hakyky nemes ahlaklylygynyň nämedigini aýdyp beriň! Mosart. Söýgi, sir. Özem şol söýgi hiç haçan haýsydyr bir operada çynlakaý ýüze çykarylmady. Wan Switen. Iňňän gowy jogap, Mosart. Salýeri (ýylgyrýar). Men-ä, dogrusy, operada söýgüden başga zat bardyram öýtmeýädim. Mosart. Jenap, men hakyky söýgi-muhabbeti göz öňünde tutýan. Erkek pisint belent sesde çirkin gygyrýanlaň gürrüňini edemok. Ýa-da göreçlerini asmana dikip duran sammyjak aşyk-magşuklar barada aýdamok. Bulaň bary italýan uýatsyzlygy ahyry. Böwşeňlik. Dartgynly dymyşlyk. Men hakyky duýgulary göz öňünde tutýan. Iosif. Jenap Mosart, ýogsa-da, siziň özüňiz şol aýdýan hakyky duýgulary başdan geçirip görüpmidiňiz? Mosart. Bagyşlap bilersiňiz, siziň alyhezretiňiz, şony başdan geçiräýdim öýdýän. (Çalarak gülýär.) Iosif. Aperin. Onda siz işi haçan gutarmakçy? Mosart. Birinji perdesi eýýäm taýýar. Iosif. Ýöne siziň başlalyňyz bäri iki hepde-de geçenog-a! Mosart. Sir, özüňe gowy diňleýji garaşyp duran mahaly saz ýazmak kyn iş däl. Wan Switen. Siziň alyhezretiňiz, juda jaýdar jogap, şeýle dälmi? Iosif. Hiç bir şek-şübhesiz, baron. Jenaplar, birek-birek bilen içgin tanşaryňyz ýaly, ikiňizi bile galdyrýan. Salýeri. Hoş wagtyňyz, siziň alyhezretiňiz. Mosart. Siziň alyhezretiňiz. Köşk emeldarlary tagzym edýärler. IOSIF bärden saýlanýar. Rozenberg. Sag boluň. Ştrek. Hoş wagtyňyz. OLAR patyşanyň yzysüre çykýarlar. Wan Switen (Mosartyň elini pugta gysýar). Mosart, sizi bizde hoş gördük. Nesip bolsa, yzygiderli görşer durarys. Maňa bil baglap bilersiňiz. Mosart. Sag boluň. (Baş egýär.) WAN SWITEN MOSART bilen SALÝERINI ikiçäk goýup gidýär. Salýeri. Meňňem operaňyzy üstünlikli tamamlamagyňyzy arzuw edesim gelýä. Mosart. Ony gutararyn. Ol ajap bir eser bor. Şunam aýdasym gelýä, men eýýäm baş keşpde oýnajak üýtgeşik bir aýdymçy gyzam tapdym. Salýeri. Allajanlarym, kimkä ol? Mosart. Oň adyna Kawalýeri diýilýä. Katarina Kawalýeri. Salýeri. Gyz meň iň gowy şägirdim. MOSART duran ýerinde doňup galýar. SALÝERI wakalardan yza çekilmek üçin jemagata tarap ädim ädýär. (Tomaşaçylara.) Hawa, men Katarinadan çeke durýadym. Ýöne hatda başga kimdir biri, aýratynam Mosart ony ele salar diýen pikirem meň üçin çekip-çydardan çökderdi! Mosart (etini gataldyp). Siz ýeser ýigit, Salýeri! Meň hatyrama döreden çaklaňja opusyňyz ― saz eseriňiz maňa ýarady. Salýeri. Minnetdarlyk bildirip oturmagyň hajaty ýok-la. Mosart. Hany, şony ýadyma saljak bolaýyn, ýöne başaraýsam. Mümkinmi? Salýeri. Elbetde. Baş üstüne. Ol siziňki. Mosart. Grazie, Signore. MOSART fortepianonyň üstüne notalary görünmez derejede oklaýar hem-de saz guralynyň başyna geçýär. Ol Salýeriniň özüne bagyşlap döreden gutlag marşyny ýadyna salyp, ilki haýaljakdan, soňra bolsa, reprizalar gaýtalanýan mahaly ― has çalt çalýar. Soňra saz, megerem, gaýtalanaýýady öýdýän? (Ol gelşiksiz çalasynlyk bilen çalyp gutarýar.) Salýeri.Siziň ýatkeşligiňiziň çeni-çaky ýok. Mosart (öz-özünden göwnühoş terzde). Grazie ancora, Signore! Ol başky ýedi takty gaýtalaýar, ýöne bu gezek dördünji interwalda saklanýar hem-de ony göwünli-göwünsiz ýerine ýetirýär. Dördünji takt, birhili, sazlaşmaýan ýalymy? Hany, üçünjiň ýokarsy bilen ýene bir ýola geçeliň... Gaýtalaýar hem-de şadyýan ýylgyrýar. Hä, hawa!.. Indi gowy! Oňa seredip duran SALÝERINIŇ ýylgyryp duran ýüzi doňup galýar. Dogabitdi ussat bolan MOSARTYŇ saz çalşy gitdigiçe süýjäp, şirinleşip barýar. Özüniň saz guralyna gezek gelende gaty ussatdygyny jemagata görkezýär. Ýöne şeýtmek bilen SALÝERINIŇ göwnüne degýänine bütinleý düşünmeýär. Ahyry ol marşy dabaraly tamamlaýar. Howsalaly böwşeňlik aralaşýar. Salýeri. Bagyşlaň, gider wagtym boldy. Mosart. Wiý, eýýämmi? (Ol ýerinden böküp turýar hem-de üm bilen saz guralyna yşarat edýär.) Belki, sizem wariasiýalara synanyşyp görersiňiz. Salýeri. Sag boluň, ýöne men hökümdaryň huzuryna barmaly. Mosart. Hä-ä-ä... Şeýlemi? Salýeri. Siz bilen tanşanyma örän şat. Mosart. Menem şat!.. Marşyňyz üçinem taňryýalkasyn! (Mosart fortepianonyň gapajygynyň üstünden notany alýar hem-de keýpiçaglyk bilen ýeňil gopup sahnadan gidýär.) Az-owlak böwşeňlik. SALÝERI sahnanyň öňüne golaýlaşýar, yşyk diňe onuň üstüne düşýär. Salýeri (tomaşaçylara). Belki-de, şo mahal, eýýäm şo dakykadan başlap, men ilkinji gezek onuň kastyna çykmagyň kül-külüne düşendirin?.. Hudaý saklasyn. Elbetde, onuň ölümini diläp duramokdym. Iň bolmanda ynsan hökmünde ýeriň ýüzünden gaýyp bolmagyny isläp baramokdym. Ýöne, ynha, sungatyň sahnasyndan welin ― bu eýýäm başga mesele. 8. «Haremhanadan ogurlyk» operasynyň ilkinji goýluşy. Yşyk üýtgeýär, onsoň, sahna gözümiziň alnynda on sekizinji asyryň teatryna öwrülýär. Yz tarapda öçügsi ýylpyldaýan şemdanlaryň hatary görünýär. Hyzmatkärler kürsüdir uzyn oturgyçlary getirýär. Olaryň üstünde ýüzlerini jemagata öwrüp, HÖKÜMDAR, ŞTREK, ROZENBERG hem-de WAN SWITEN oturýar, bular zala, hamala, sahnada opera gidýän mysaly seredýär. KAPELMEÝSTER BONNO, TEREZA SALÝERI-DE olaryň ýanynda. Biraz aňyrrakda ― KONSTANSIÝA. Onuň arkasynda ― WENANYŇ ÝAŞAÝJYLARY. Salýeri. Ine-de, «Haremhanadan ogurlygyň» ilkinji gezek görkeziljek güni ýetip geldi. Sazyny düzeniň gaýduwsyz, arassa nemes söýgüsini nähili göz öňüne getirýänini göreliň bakaly. Ozalkysyndanam beter gözilginç jiltgeli hem-de mazaly agardylan ýasama saçly ― parikli MOSART çalt-çalt ädimläp girýär. Ol fortepianonyň ýanyna ýöräp barýar, onuň başynda oturýar hem-de göz-görtele, bilgeşleýinden öz-özüne dirižýorlyk edýär. SALÝERI golaýrakda otyr we dykgat bilen ony synlaýar. Şu waka mynasybetli ol ýöriteläp adatdakysyndanam has beter gözilginç jiltge saýlapdyr. Saza gezek gelende ― ol onuň eşigine doly laýyk gelýädi. Eziz, mähriban şägirdim Katarina Kawalýeri üçin ol meň bu golaýda eşidip görmedik gödek aýdym ýazypdyr. «Tutuş on minutlap birsydyrgyn sesdir saz bezegleri ýaňlandy durdy! Durşy bilen boş zat! Bu bir şeýle manysyzdy, özem ýaş, ýeňles aýdymçyň näz-kereşmelerine aç-açan sazlaşýady welin, men derhal Mosartyň gyzyň özünden näme talap eden bolmagynyň mümkindigine düşündim. Orkestriň iň soňky akkordy ýaňlanýar, aýdymam tamamlanýar. Hiç kim ýerinden gozganmaýar. Indi «Haremhananyň» ajap Türk jemleýji bölegi batly ýaňlanýar. Çapak bary çalynýar. MOSART böküp ýerinden turýar hem-de baş egýär. HÖKÜMDAR ýerinden dikelýär. Onuň yzysüre ähli kişi ör turýar. Hökümdar makullaýan äheňdäki yşarat bilen «sahnadan» aýdymçyny çagyrýar. Barha gürelýän çapak sesleri hem-de gykylyklaryň astynda perdir gurnamalar arkaly mazaly bezelen geýimli KATARINA KAWELÝERI ylgaşlap gelýär. Ol çalarak oturyp, HÖKÜMDARA baş egýär. Aýdymçy gyz ýene-de çalarak oturyp, MOSARTA baş egýär we begenjinden ýaňa nar ýaly gyzaryp, çete çekilýär. Ara ümsümlik aralaşýar. Şo mahal aşa tolgunan KONSTANSIÝA yzky hatarlardan okdurylyp, MOSARTYŇ ýanyna barýar, hatda HÖKÜMDARA gözi düşmezden, ony gujaklaýar. Konstansiýa. Ah, mähribanym, bu nähili ajap boldy!.. Aperin saňa, oýunçy pişijegim! MOSART aljyraňňy halda HÖKÜMDARA tarap yşarat edýär. Wiý... Bagyşlaň! (Ol utanjyna çalarak oturyp, baş egýär.) Mosart. Siziň alyhezretiňiz, sizi özümiň gelinligim ― hanym Weber bilen tanyşdyrmaga ejaza beriň. Mosart. Konstansiýa-da aýdymçy. Iosif. Beh, şeýlemi? Konstansiýa (uýalyp). Siziň alyhezretiňiz, bütinleý beýle däl. Wolfgang, seň toslap ýören zatlaň näme! Iosif. Hawa, Mosart, hiç neneň däl özi. Hut şeýle. Başlaýşyňyz-a oňat. Mosart. Sir, size, hakykatdanam, ýaradymy? Iosif. Maňa-ha gaty gyzykly göründi. Belki-de, biraz ― nähili aýdyp bor? (Rozenberge ýüzlenýär.) Jenap direktor, muny nädip beýan edip bor? Rozenberg (ýalynjaňlyk bilen). Siziň alyhezretiňiz, notalar çakdanaşa kän! Iosif. Hut şeýle, notalar çakdanaşa köp. Mosart. Men-ä hiç düşünýän däldirin. Iosif. Gadyrdan dostum, siz muny ýokuş görmäň. Çünki gulak diýgeniň bir agşamyň dowamynda gereginden artyk notalary kabul edip bilmeýä. Biziň köşk kompozitorymyz, şeý diýmek bilen, ýalňyşýan-a däldirin-dä hernä? Salýeri (oňaýsyz ýagdaýda). Elbetde, ýalňyşaňzok. Umuman, siziň alyhezretiňiz, özümem şuny aýdardym. Iosif. Ynha, görýäňizmi! Akylly-başly. Ýokary derejede. Emma çendenaşa nota köp. Düşünýäňizmi? Mosart. Aý ýok, siziň alyhezretiňiz, näçe talap edýän bolsa, şonça-da nota bar. Köpem däl, azam däl. Böwşeňlik. Iosif. H-ää... Aý, umuman, ynha, şeýle. (Çalt gidýär.) ROZENBERG bilen ŞTREGEM onuň yzyna eýerýär. Mosart (gozgalaň tapýar). Oň, näme, gahary geläýdimi? Salýeri. Hiç bir weçden gaharlananok. Ol siziň pikir-garaýyşlaňňyza hormat goýýa. Mosart (tolgunyp). Hernä şeýle bolawersin... Ýogsa-da, halypa, siz nähili pikir edýäňiz? Size beri ýaradymy? Salýeri. Dagy näme, Mosart. Gowy bölümleri halys ýesir ediji. Mosart. Umuman aýdaňda niçik? Salýeri (sypjyklyk bilen). Umuman aýdaňda ― aram-aram o ýerde-bu ýerde ― mysal üçin, Katarinaň ariýasy bilen baglanyşykly ýerde, meň pikirimçe, biraz öte geçilýä. Herhal, mertebeli halypam, kawaler Glýugyň, birmahal ýaňzydyşy ýaly, sazyň üstüne saz ýüklenip durlan sazdan gaça durmaly. Mosart. Näme göz öňünde tutulýa bärde? Salýeri. Kompozitoryň hetdenaşa mese-mälim ussatlygyndan habar berýän saz eseriniň gürrüňi edilýä. Mosart. Walla, Glýuk gülkünç gürrüň edýä. Salýeri. Siz gülkünç hasaplaýaňyzmy? Mosart. Ol bütin ömrüne operany döwrebaplaşdyrmaly diýip ýanjap geçdi, ýöne şeýlebir ulumsy sazandarlary terbiýeläp ýetişdirdi welin, göwnüme bolmasa, olar hatda täretindenem mermer çykarýalar. Serpmeden gaýdana dönen KONSTANSIÝA gygyrýar. Konstansiýa. Wah, bagyşlaweriň... Mosart (gaharyna gany depesine urýar). Ýok, bu-la çäkden çykma bolýa! Glýuk şeýle aýdanmyş! Glýuk şeýle diýenmiş! Kawaler näjüre zat? Menem kawaler! Rim papasy heniz bäbekkäm ― arlygymy ölläp ýörän mahalym maňa kawaler derejesini beripdi. Konstansiýa. Wolfgang! Mosart. Barybir, bü patarraky! Diňe gedemje emeldarlar özleriniň derejeleri bilen gomparýalar. Salýeri (tilkisiräp). Ynha, aýdaly, mysal üçin, köşk kompozitorlary ýalymy? Mosart. Näme?.. (Nirä kakdyrylýanyna düşünip.) Hä, hawa. Aý, elbetde. Hah-ha! Etjek alajyň ýok!.. Kakam ýene mamla. Ol maňa mydama dilime berk bolmagymy sargaýa. Görýän welin, men asla jyňkyny çykarmaly adam däl öýdýän! Salýeri. Aýdýanyňyz näme! Nähili ugursyz zat. Men-ä bärde diňe hökümdaryň aýdaýjak sözüni dile getirýän ― ine, bar bolany. Özüňiziň eýjejik gelinligiňiz bilen meni tanyş ediň ahyry. Mosart. Hä, hawa. Elbetde! Konstansiýa, bu jenap Salýeri, köşk kompozitory. Bu-da hanym Weber. Salýeri (baş egýär). Siz bilen tanşanyma örän şat. Konstansiýa (çalarak oturýar). Siziň alyjenabyňyz, hal-ahwallaňňyz ýagşymydyr? Salýeri. Toýuňyzyň sähedi belli edildimi? Mosart. Biz kakamyň pata bererine garaşýas. Ol süňksüz gowy adam, ýöne aram-aram keçjallyk, dikdüşdülik edäýmejigem bar... Salýeri. Bagyşlaň, ýogsa-da, siz näçe ýaşyňyzda? Mosart. Menmi? Ýigrimi alty ýaşymda. Salýeri. Onda kakaňyzyň razylygy geregem bolup durasy ýok. Konstansiýa (Mosarta). Ine, gördüňmi! Mosart (alasarmyk ýagdaýda). Elbetde, onuň razylygy hökman däl... elbetde, zerurlygy ýok! Salýeri. Size durmuş gurmagy maslahat berýän. Özüňizem bagtly boluň. Salýeri (Konstansiýanyň elini öpýär. Gyz başyny gök diräne meňzeýär). Ikiňiziňem gijäňiz haýyr bolsun. Konstansiýa. Siziňem gijäňiz haýyr bolsun, siziň alyjenabyňyz! Mosart. Ussat, gijäňiz haýyr. Özüňize-de taňryýalkasyn... Stanserl, ýör gitdik. Keýpi çag halda gidýärler. Salýeri gidip barýanlary synlaýar. Salýeri (tomaşaçylara). Men gyzyň yzyndan garap durdum. Konstansiýa onuň goltugyndan tutup barýady, birdenem ýyldyrym uran ýaly pikir serime doldy ― gyzy onuň elinden almaly! Katarina üçin!.. Haklaşmaly, ar almaly!.. Wah, toprak başyma diýsäni! Şuň ýaly ýaramaz bozuk pikirler hiç haçan hyýalymda bolmandy! Yşyk üýtgeýär, on sekizinji asyryň teatram ýitirim bolýar. Misli, nämedir bir zady belleýän ýaly, WENTIÇELLILER keýpiköklük bilen girýärler. Biriniň elinde çüýşe, beýlekisiniň elinde pyýala. Birinji. Olar durmuş gurdular! Salýeri (olara tarap öwrülip). Näme-näme?! Ikinji. Mosart bilen Weber durmuş gurdy! Salýeri. Beýle bolmaga haky ýok! Birinji. Ýigidiň kakasy gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýa! Ikinji. Onuň razylygyna hatda garaşybam durmadylar! Birinji. Öýjagaz hiç neneň däl. Ikinji. Eger olaň pullarynyň ýokdugyny nazara alsaň. Salýeri. Eýsem, şü hakykatmy? Birinji. Ol pul sowurmaga ökde. Ikinji. Tarhandökerlik edýä. Salýeri. Ýöne oň şägirtleri bar-a. Birinji. Bary-ýogy üç sany. Salýeri (olara tarap öwrülip). Näme üçin beýle az? Birinji. Ol gödek adam. Ikinji. Dawa-jenjel turuzýa. Birinji. Duşman gazanýa. Ikinji. Ştrek bilen ýakynlaşmak isledi, ýöne gaýtam ony öz garşysyna goýdy. Salýeri. Gofmeýster Ştregi garşysyna goýdumy? Birinji. Dek düýnüň özünde özem. Ikinji. Kapelmeýster Bonnoň öýünde. Sahnanyň yşygy bada-bat üýtgeýär, çakdanaşa keýpi kök MOSARTYŇ ŞTREK bilen gelýänini görýäris. Mosartyň elinde pyýala bar. Aram-aram öýüň daşynda SALÝERI bilen söhbetdeşligi dowam etdirýän WENTIÇELLILER peýda bolýar. Olaryň biri MOSARTA pyýalany püre-pürleýär. Mosart. Ýedi aýyň içidir şü şäherde bolup ýörenim, ýöne maňa hiç hili iş rowa görülmedi! Diýmek, onda indi tamam tala daňlan ýaly-da? Ştrek. Aý, ýok, edil beýle-de däl. Mosart. Bärde neneň-niçik wakyýalaň bolup geçýänini sizden kem bilemok. Rozenberg (ýumşaklyk bilen). Siz bärden gitseňiz gowy bordy. Mosart. Salýeriň elli şägirdi bar, meňki welin bary-ýogy üç! Şeýle ýagdaýda nädip günümi göreýin? Ind-ä öýlendimem! Elbetde, men şular ýaly ýerlerdäki ýokary derejelerde pul ýaly adaty zatlar bilen meşgullanylmaýandygyna düşünýän. Ştrek (gahary kekirdegine gelip). Mosart! MOSART gülküsini goýýar. Mosart. Dogrudanam, men muny agzymdan sypdyrmaly dälmidim?.. Geçireweriň, bagyşlaweriň. Degişjek boldum. Bulam bir degişmämdi, şondan başga hiç zat däldi!.. Dilime buýrup bilmedim-dä!.. Eýsem, degişmek bolanokmy? Biziň barymyz dost ahyry, şeýle dälmi näme? ŞTREKDIR ROZENBERG oňa gahar bilen seredýär. ŞTREK şobada gidýär. Oňa nä döw çaldy? Rozenberg. Gijäňiz rahat bolsun. (Olam gitmäge meýillenýär.) Mosart. Ýok, ýok, ýok! Haýyş edýän!.. (Ol Rozenbergiň ýeňinden aslyşýar.) Öňürti maňa eliňizi beriň. ROZENBERG göwünli-göwünsiz elini uzadýar. MOSART onuň elini öpýär. (Ýalym-ýulum edip.) Jenap, maňa wezipe beräýiň. Ýogsa-da, siz Wenada meň öňüme geçip biljek kompozitoryň ýokdugyny bilýäňizmi?.. Şo size mälimmi?.. ROZENBERG gidýär, MOSARTAM onuň yzyndan gygyryp galýar. Murdar ― ýigrentgi ― kütek ― sypjyk ― süýrentgi ― nejis! Salýeri (tomaçaşylara). Bir aý geçip-geçmän onuň bilen haklaşyk pursady çemine geldi. 10. Baronessa Waldştateniň öýündäki kitaphana. Sahna ýiti yşyk bilen ýalpyldap gidýär. Birbada iki sany erkek kişiniň şadyýan sesleri eşidilýär. Gymmatbaha diwar bezeginiň astynda üç adam ýüzleri nykaply dur ― KONSTANSIÝA WENTIÇELLILERIŇ arasynda. Üçüsi-de köpçülikleýin tansyň myhmany ― olar fant ― degişme oýnuny oýnaýar. Iki sany hyzmatkär şol ýaplanýan tarapy beýik çuňňur kürsini göterip, duran ýerlerinde doňup dur. Beýleki iki hyzmatkär üsti şirin-şeker nygmatly stoly göterip dur. Salýeri (tomaşaçylara). Hala ― ynanyň, hala-da ― ynanmaň, men ýene-de hol baýak baronessaň kitaphanasynda gizlenen mahalymdaky çuňňur kürsiniň üstünde oturdym. (Stoluň üstünden pyýalany alýar.)... hem-de şular ýaly süýji nygmatlaň lezzetini gördüm. Birinji. Rast utuldyňyzmy, jerime töläýmeli! Konstansiýa. Ýeri, bolýa... Size menden näme gerek? Birinji. Siziň aýajyklaňňyzy ölçäsim gelýä. Konstansiýa. W-ääää! Birinji. On ýedi dýuým ! Aşakdan dyza çenli! Ikinji. Getir bärik menem ölçäýin! Indi ony sen sakla! Konstansiýa. Bu karam bolýa! Birinji onuň topuklaryndan tutýar. Şeýle mahaly ýüzi nykaply MOSART ylgaşlap gelýär. Mosart (ganyny gaçyryp). Konstansiýa! WENTIÇELLILER duran ýerlerinde doňup galýar. SALÝERI kürsüde öňküsi ýaly gizlenip oturýar. Jenaplar, bagyşlaň welin!.. Konstansiýa. Wolferl, bü bary-ýogy oýun ahyry. Birinji. Duz kessin, hiç hili ýaramaz niýetimiz ýokdy! Mosart. Haýyş edýän, bizi ikiçäk goýuň. WENTIÇELLILER gidýär. MOSARTYŇ gahardan ýaňa gany depesine urupdyr. Ol nykabyny sypyryp goýberýär. (Konstansiýa ýüzlenýär.) Näme edip oturanyňy özüň beri bilýäňmi? Konstansiýa. Ýok, bilemok... (Aljyraňňylykdan ýaňa özüni ýitirip, şirin-şeker nygmatly stoluň üstüni düzedişdirmäge çalyşýar.) Mosart. Abraýyňa çirk ýetirdiň. Ine, bar bolany! Indi sen ― köçede gezip ýören. Konstansiýa. Sammyk gürrüň etme. (Olam nykabyny aýyrýar.) Mosart. Ýa Ýaradan taňrym, sen durmuşa çykan gelin ahyry! Konstansiýa. Ýeri, bolamda näme? Mosart. Özüň-ä ärli ýaş gelin, her öňýetene-de aýaklaňdan ýapyşmaga rugsat berýäň!.. Betnyşan aýaklaňňy özüňem ölçäp bilerdiň-ä! Konstansiýa. Näme? Mosart (gygyryp gürleýär). Sen näme edeniňi bilýäňmi?! Abraýymy ýere çaldyň, ine bolan zat! Abraýymy ýere çaldyň! Konstansiýa. Özüňden toslaşdyryp durmasana! Mosart. Abraýymy dökdüň! Onda-da kimiň öňünde! Konstansiýa (gahar kakyny tutýar). Senimi! Seni biabraý etdimmi!.. Bul-a ýöne gülkünç! Bardy-geldi bärde kim biabraý bolýan bolsa, onda men, janym, men! Mosart. Sen näme diýjek bolýaň? Konstansiýa. Şägirtleň barynyň başyny aýlaýaň! Barynyň! Ýekejesinem boş goýaňok! Mosart. Galat. Konstansiýa. Asyl ähli şägirtleňňi! Mosart. Ýekejesiniň beri adyny aýt göreýin! Adyny aýt! Konstansiýa. Katarina Kawelýerini, ol hatda seň şägirdiňem däldi. Salýeriden sapak alýady! Onuň ýüz sany şägirdi bar! Seňki ýaly däl! Sebäbi ol şägirtlerini düşege çekip ýörenok! Mosart. Elbetde, çekenok! Sebäbi ol agta gul! Nämesine gerek! Sen onuň sazyny diňlediňmi? Ol saz ýazanda-da agta ýaly ýazýa. Herhal şeýle howp meň üstüme-ha abananok. Konstansiýa. Sen özüňi ýigrendirip başlaýaň! Mosart (gygyrýar). Şu babatda meni-hä hiç kim günäläp bilmez! Konstansiýa (aglaýar). Meň nä işim! Men seni ýigrenýän! Seni mydama ýigrenibem gezerin! Mydama! Eşidýäňmi, mydama! Az-owlak böwşeňlik. Gelin aglaýar. Mosart (alaçsyz ýagdaýda). Ýeri, Stanserl, aglamasana. Haýyş edýän, aglamasana!.. Gözýaşyňy görsem, meňki bolanok! Men ýöne seni köçede gezip ýören diýip hasaplamazlyklaryny isledim. Ine, bolany! (Ol lineýkany gysymlaýar.) Ynha, ur meni! Ur! Men seň guluň. Men bärde guzujyk ýaly bolup durup, urgulary hasaplaýyn. Me, al. Ýenç... Konstansiýa. Ýok. Urjak däl. Mosart. Deňsiz-taýsyz garantgam! Konstansiýa. Bes et. Mosart. Stansi-wansi, bolsaňam büklüm-büklüm ― bilmänsiň goranyp, bela-beterden! Wiýk-wiýk! Gelin gülýär, ýöne henizem gahardan saplanyp bilenok. Konstansiýa. Bes edäý-dä! Mosart. Eger gaýygyň deşilse düýbi ― çagyrmaly bor adamsy ― eşegi! Ana, şonda jar bor jahana ― başga çökder biabraýçylygyň ýokdugna! Konstansiýa. Ýa ýaradan Taňrym, bessir edäý-dä, indi! (Lineýkany garbap, ony urýar.) Ol ýalandan bagyran bolýar. Mosart. W-äää! W-äää! Ýene bir ýola! Ýene ur! Perizadym, men seň nämynasyp aýaklaňňa ýykylýan! (Onuň aýaklaryna ýykylýar.) KONSTANSIÝA ony ýene urýar, ol oturýar, ýöne urulýan zarbalar gowşajyk. Gelin oňa seredýär, sebäbi özüniň gülmelidiginiň ýa-da aglamalydygynyň kararyna gelip bilenok. MOSART hezillik bilen aýaklaryny tapyrdadýar. Waý! Waý! Waý! Şundan soň SALÝERI, mundan artyk bu sahnany göterip bilmän, biygtyýar gygyryp, özüniň bardygyny duýdurýar. Salýeri. A-aaa! U-uuu! Oh-ooo! Ýaş juwanlar doňup galýar. Özüniň bardygyny bildiren SALÝERI, hamala, ýap-ýaňy ukudan oýanan kişi bolansyraýar, seňrik ýygyrmaly sesini-de pallamak hem-de gerinjiremek bilen bassyr-ýussur edýär. Olara kürsüde oturan ýerinden ukuly seredýär. Agşamyňyz haýyrly bolsun. Konstansiýa (uýalýar). Siziň alyjenabyňyz... Mosart. Siz köpden bäri bärdemi? Salýeri. Ýap-ýaňy oýandym. Siz näme ― sögüşýäňizmi? Mosart. Ýok-la, sögüşme nämişlesin. Konstansiýa. Hawa, sögüşýäs. Ol meni gaty kejikdirdi. Salýeri (ýerinden turýar). Gadyrdan jenap, eýjejik näzeninleri kejikdirmegem, elbetde, yrymyna ýagşy däl. Men sizden tagam bişirilýän ýerden şerbet getirip bermegiňizi haýyş edip bilerinmi? Mosart. Belki, barymyzyň şo ýerik gitmegimiz gerekdir? Konstansiýa. Ýok, jenap Salýeri mamla. Goý, bu seň jezaň bolsun. Şerbedi bärik getir. Mosart. Stansi! Salýeri. Dagy näme, ötägidiň. Menem bärde maşgalaňyzyň ýanynda galaýyn. Gelniňize alma şerbedini hödürlemekden gowy ýaraşyk usuly bolup bilmez. Konstansiýa. Men mandarin şerbedini halaýan. Salýeri. Ýagşy, onda, goý, mandarin şerbedi bolsun (Nebsewürlik bilen.) Eger meň üçinem birje pyýala alma şerbedini alyp gaýtsaňyz, sizden juda minnetdar borun... Böwşeňlik. Mosart ýaýdanýar, ýöne soňra baş egýär. Mosart. Jenap, sizden göwnüm bitdi. Elbetde, getirerin. Soňra ikimiz bilýard oýnarys. Niçik, meýliňiz barmy? Salýeri. Gynansak-da, bu başa barjak zat däl. Men bilýard oýnamok. Mosart (geň galyp). Oýnaňzokmy eýsem? Konstansiýa. Wolferl ähli oýundan bilýardy gowy görýä. Özem juda ýeser oýnaýa. Mosart. Hawa, bilýarda gezek gelende dünýäde maňa taý geljek ýokdur! Käwagt kompozisiýaň başynda irkiläýmejigim bar, ýöne bilýardyň başynda welin ― hiç haçan! Ol eli bilen bolgusyz hereket edýär hem-de gopbamlyk bilen sahnanyň aňyrsyna ýöreýär. Konstansiýa. Ol hakykatdanam janjagaz! Salýeri. Siz ýaly perizady barlygynda bolsa, ol tüýs bagty çüwenem. Beýewbar aýtmaga ejaza berseňiz, siz hudaýyň ýaradan eýjejik bir jenany. Konstansiýa. Menmi?.. Siz meň ýüregimden aýakýalaňaç ýörediňiz. Salýeri. Ýöne, göwnüme bolmasa, adamyňyz beýle bir gadyryňyzy bilmeýänem ýaly?! Konstansiýa (pursatdan peýdalanyp). Jenap, biziň-ä, dogrusy, halymyz harap! Salýeri. Näme üçin beýle? Konstansiýa. Biz harçsyz galdyk. Öňde-soňda pullanarys öýdüp hiç hili umydam galmady. Bu ajy hakykat. Salýeri. Men-ä düşünýän däldirin. Adamyňyz konsert berip ýör-ä. Konstansiýa. Olardan girdeji ýok. Şägirtler gerek. Ýokary derejeli, barjamly. Onuň kakasy bize jalataýlar diýýä, ýöne nähak ýere şeý diýýä. Hojalygy ilden kem dolamok. Biziň güzeranymyz aýlananok. Haýyş edýän, şuny adamyma beri aýdaýmaweriň! Salýeri (syrdaşlyk bilen). Gürrüň diňe ikimiziň aramyzda galýar. Men size näme kömek edip bilerin? Konstansiýa. Günamamyzy aýlamak üçin adamyma nähilidir bir serişde zerur. Jenap, eger ol hemişelik iş tapynyp bilse, onda barysy gülala-güllük bordy. Belki, oňa köşkde laýyk iş tapdyr. Salýeri. Häzir-ä hiç hili iş ýok. Konstansiýa (erjellik bilen). Şa gyzy Ýelizaweta saz mugallymy gerek. Salýeri. Şeýlemi? Men-ä muny eşitmändirin. Konstansiýa. Siz aýtdygyňyz ― tamam, onsoň, şo ýer Mosarta düşer. Şonda üstüne şägirt kökem ýagar. Salýeri (gapdala seredýär). Adamyňyz gelýän ýaly. Konstansiýa. Haýyş edýän... Siziň alyjenabyňyz, size ýalbarýan! Muň bize nähili tekge berjegini göz öňüne beri getirip görüň. Salýeri. Häzir bärde bu gürrüňiň ýeri däl. Konstansiýa. Onda haçan? Size ýalbarýan! Salýeri. Belki-de, ertir ýanyma gelersiňiz? Konstansiýa. Muny başaryp biljek däl. Salýeri. Boldy-boldy, men öýli-işikli adam ahyry. Konstansiýa. Şonda-da däl-dä. Salýeri. Ol haçan işläp başlaýa? Konstansiýa. Öýlän salkynda. Salýeri. Onda sagat üçlere geläýiň. Konstansiýa. Ýok, gelip biljek däl. Salýeri. Belli jogabyny beriň? Bolýamy ýa-da ýok? Adamyňyz üçin. Adamyňyzyň bähbidi üçin! Böwşeňlik. Gelin ikirjiňlenýär ― nämedir bir zat diýjek bolup, agzyny açýar, soňra ýylgyrýar hem-de duýdansyz ýerden ylgap, garasyny saýlaýar. Hyzmatkärler baronessa Waldştateniň kitaphanasyndan mebelleri getirýärler hem-de ortada iki sany kiçijik zerli oturgyçlary goýýarlar, şonuň ýaly-da SALÝERINIŇ ozal, üçünji görnüşe çenli geýen köne haladyny duýdurman fortepiýanonyň üstüne atýarlar. 11. Salýeriniň öýi. Perdäniň ýüzüne ýene uzyn penjireler çekilýär. Salýeri. Bardy-geldi geläýenliginde ― özümi nähili alyp barmaly? Men muny hiç hili göz öňüne getirip bilmeýädim... Şol günüň ertesi küýümi-köçämi şoňa dikip garaşýadym! Eýsem, hakykatdanam, toýdan iki aý geçenden soň ýaş gelniň gözüni-başyny aýlamagy niýetime düwäýdimmikäm?.. Halys ölüp-öçüp barýadym. Bu zatlar aldajy ýaly gysyp-gowurýady! Gysyp-gowurýady! Hawa, başgaça aýdar ýalam däl!.. Sagat üçüň zaňyny kakýar. Birinji gezek zaň kakanda daşky gapynyň jyňňyrdysy eşidilýär. Ol aljyraňňy ýerinden gopýar. Bü şol! Dogry sagat üçde özem! Gelipdir! Gelipdir! Sag tarapdan AŞPEZ girýär, ol ozalkysy ýaly ýognas, ýöne kyrk ýaş kiçi. Ol özüne göwnüýetijilik bilen şekerli şerbet goşulan kaştanly mejmäni göterip gelýär. Darygýany bildirip duran Salýeri mejmäni onuň elinden alýar, makullaýan terzde baş atyp, yşarat edýär hem-de mejmäni stoluň üstünde goýýar. AŞPEZ SALÝERÄ baş egýär hem-de kinaýaly gülümjiremesini ýaşyrjagam bolman çykyp gidýär. Çep tarapdan HYZMATKÄR peýda bolýar ― olam kyrk ýaş kiçi, onuň yzy bilen gelşiklije başgaply, notaly papkany elinde saklap KONSTANSIÝA gelýär. Signora! Konstansiýa (çalarak oturýar). Siziň alyjenabyňyz! Salýeri. Hoş gördük. (Hyzmatkäre gidiber diýen yşarat edýär.) Grazie. HYZMATKÄR gidýär. Näme, geläýdiňizmi? Konstansiýa. Gelmelem däldim. Eger adamym bilen bolsa, dälilik hetdine ýeterdi. Ol ýaman gabanjaň. Salýeri. Sizem gabanjaňmy? Konstansiýa. Muny näme sebäpden soraýaňyz? Salýeri. Mende-hä beýle duýgy ýok... Eger aýtmaly bolsa, indi siz düýnkiňizdenem has eýjejik. Konstansiýa. Sag boluň! Men Wolfgangyň ýazan eserleriniň birnäçesini ýanym bilen getirdim. Olara seredip göreňizsoňyz, onuň köşkdäki wezipä mynasypdygyna göz ýetirersiňiz. Belki-de, häzir seredersiňiz, menem garaşaryn? Salýeri. Siz häziriň özünde görmeli diýjek bolýaňyzmy? Konstansiýa. Dagy näme. Olary goýup gidip bilmen. Adamym olary derrew ýoklar, sebäbi başga nusgasy ýok. Bü asyl nusgasy... Salýeri. Hany oturyň. Size gaty üýtgeşik bir zat teklip etmäge ejaza beriň. Konstansiýa (oturýar). Üýtgeşik diýýän zadyňyz näme? Salýeri (oňa kemput hödürleýär). Şeker-şerbetli kaştanlar. Konstansiýa. Şu wagt işdäm alanok, taňryýalkasyn. Salýeri. Dadyp görüň. Aşpezim olary ýörite siziň üçin taýýarlady. Konstansiýa. Meň üçinmi? Salýeri. Hawa. Bü juda del şirin zat. Konstansiýa. Be, onda, birjigini dadyp göräýsemmikäm? Diňe ýekejesini. Juda minnetdar. Oh-ooo!.. Bal ýaly! Salýeri (onuň hereketlerini ýüregini gopduryp yzarlaýar). Dagy näme. Konstansiýa. M-mmmm! Salýeri. Ýene birjigini iýäýiň! Konstansiýa (iki sanysyny alýar). Dogrusy, azara galyp durmaň. Salýeri gelniň ýeňsesinden ogrynça gelýär hem-de gapdalyndaky oturgyçda çökýär. Salýeri. Göwnüme bolsa, siz dünýädäki iň şepagatly ýaradylan närse. Konstansiýa. Şepagatly diýýäňizmi? Salýeri. Bu sözi ýörite siz üçin oýlap tapdym. Düýn öz ýanymdan şeýle netijä geldim: Konstansiýa ― bu at size bütinleý ýaraşanok. Onsoň, size başga at beresim geldi. Şepagatly. Siziň şanyňyza romans ýazyp, adyna-da şony goýaryn. Onam diňe meň üçin aýdyp bermegiňizi özüňizden haýyş ederin. Konstansiýa (ýylgyrýar). Men indi köpden bäri aýdym aýdamok-da. Aýalyňyz nirede? Onuň bilen tanşasym gelýä. Salýeri. Haýp, ol öýde däl. Ejesiniňkä Werona gitdi. KONSTANSIÝA oturgyçdan turmakçy bolup gozganýar. SALÝERI ony sägindirýär. Bäriňize gulak goýuň, Konstansiýa. Ertir agşam hökümdaryňkyda garbanýan. Adamyňyzyň peýdasyna ýeke söz aýtdygym bes, ol şa gyzy Ýelizawetaň saz mugallymy bolýa. Ynanaýyň, onuň alyhezretleri bilen saz bilen bagly işler barada gürrüň edemde, hiç kes gaňryşyma gaýdyp bilenok. Konstansiýa. Men muňa ynanýan. Salýeri. Ýagşy. (Ol elýaglygy bilen salykatlylyk bilen onuň dodagyny süpürýär.) Şeýleräk görnüşdäki hyzmatyň özüniň kiçeňräjik bahajygam barmyka öýdýän. Konstansiýa. Siz näme diýjek bolýaňyz? Salýeri. Näme, size düşnükli dälmi? Konstansiýa. Ýok. Bütinleý düşnükli däl. Salýeri. Haýp. Juda, juda haýp... Halys nebsim-janym agyrýa. Böwşeňlik. Konstansiýa. Hiç ynanamok... Men muňa teý ynanyp bilemok! Salýeri. Nämä ynanyp bileňzok? Konstansiýa. Ýap-ýaňy aýdan zatlaňňyza. Salýeri (howlukmaç). Ýöne men hiç zat aýtmadym-a. Näme aýdypdyryn men? KONSTANSIÝA ör turýar, SALÝEREM dowla düşüp, ýerinden galýar. Konstansiýa. Ýok, men gitjek!.. Siz bilen bile hiç hili şärikli zat meýlim ýok. Salýeri. Konstansiýa... Konstansiýa. Haýyş edýän! Maňa gitmäge ygtyýar beriň. Salýeri. Bäriňize gulak goýuň, Konstansiýa! Meni diňläň! Özüm bir ugur-utgasyzrak adam. Siz maňa hilegärdir öýdýäňiz, ýöne asla beýle däl. Gowuja synlaň meni. Men ýönekeý, sada kişi. Syýa baryny harçlaýan, şirin-şeker-süýji nygmatlaňňam ölemeni. Aslynda siz, zenanlar gözüme-de görneňzok... Öten agşam size duşamda Mosarta çynym bilen gözüm gitdi. Şeýle bahylçylyk duýgusyndanam samsyklaç pikirler oýandy. Birdenem öz ýanymdan hyýal ýüwürtmäge het etdim. Konstansiýa. Mosart mamla eken. Siz ahlaksyz kişi. Salýeri. Ol, hakykatdanam, şeý diýdimi? Konstansiýa. Hawa. Şondan seresap bolgun!» diýip, meni habardar edipdi. Oýun edipdi, elbetde. Salýeri. Şeýledir-le. (Ondan hyrra öwrülýär.) Konstansiýa. Siz düşünjesi çäkli, emma siňek ýaly mekir!.. (Mylaýym ýaňsy bilen.) W-ää-ä! Eýýäm öýkeläýdiňizmi? Aý, ýog-a!.. Mosartyň göwni galan mahaly hywa tarapyna şarpyldadaýýan. Bu oňa hoş ýakýa. Belki, size-de käýýemek hem-de biraz hywa tarapyňyza hütületmek gerekdir? (Ol notaly papka bilen ony çalarak urýar.) Salýeri guduz açana dönüp yzyna öwrülýär. Salýeri. Gurrumsak! Sammyk gyzjagaz! Nämeleri gaýryp oturanyňy beri bilýäňmi? Aýylganç ümsümlik aralaşýar. (Sowuk-sala.) Meni bagyşlaň. Geliň, adamyňyzyň işlerinden ünsi sowmalyň. Ol, gürrüňsiz, ajaýyp sazanda. Ýöne şa gyzy Ýelizaweta diňe bir pianinoçy däl, eýsem, aýdym mugallymam gerek. Adamyňyzyň ikisiniňem eminden gelip biljegine ynamym ýok. Siz onuň saz eserleriniň notasyny getiripsiňiz, ilki şolary barlap göresim, soňam onuň kämillige gol beren ussatdygyny ýa-da däldigini anyklasym gelýä. Men olary şu gijäň dowamynda barlap ýetişerin. Siz bolsa, meň teklibim barada oýlanyp görüň. Özüňizem hiç hili ikirjiňlenmäň ― meň baham şeýleräk. (Ol papka tarap elini uzadýar, gelin ony berýär.) Hoş wagtyňyz. (Ol yzyna öwrülýär hem-de papkany oturgyjyň üstünde goýýar.) KONSTANSIÝA haýalçyraýar, nämedir bir zat aýtmak isleýär, ýöne näme diýjegini bilmän, çakganlyk bilen gidýär. 12. Şol öňki ýer. Salýeri öte gozgalaň tapyp jemagata tarap öwrülýär. Salýeri (tomaşaçylara). Şowsuzlyk!.. Başabarmazlyk!.. Nähili gabahatlyk! Men durşum bilen gara der! Bassyr-ýussursyz, göz-görtele nejislik!.. Binamyslygyň aňry başyna çykmak! Şeýle işi etmeg-ä beýlede dursun, hatda şoň pikirini etmegiň özem aýyp!.. Şuň ýaly günä çörňeşmek, üstesine, gülki ýassygyna öwrülmek!.. Öz-özümi aklamaga delil tapamokdym. Beýewbar indi Penakärim sazymy ömürlik ret etse ― onda muňa özüm ýazykly. Özüm, özümden başga hiç kimem däl. Konstansiýa ertir gara berermikä? Megerem, hiç haçan gelmese gerek. Bardy-geldi geläýenliginde ― ana, şonda näme? Özümi nähili alyp bararkam?.. Masgara bolup ötünç soramalymy ýa-da... ýene dyrjaşyp görmelimi?.. (Gygyryp ynjalýar.) Menmikäm şü özi! Atly-abraýly Salýeri bolaýşyňy!.. Mosart seni nädip taşlaýdy how?! Ol gelmäkä şeýledimmi eýsem? Biwepalyk oýnuny oýnamak! Zenanlara al-hile gurmak! Rehimsizlik etmek! Bigaýratlygyň gözüni çykarmak! Boýuň bilen hapa çümmek! Durkuň bilen çüýremek! Barysy-da şo sebäpli! Ol galagoply görnüşde sahnanyň düýbüne ýönelýär, oturgyjyň gapdalyndan geçip barýarka, papka elini uzadyp, ony aljak bolýar, ýöne içindäki zady görmäge gorkup, elini yza çekip oturýar. Böwşeňlik. Papka şirin-şeker nygmat hökmünde ― ondan dadasy gelýän, ýöne oňa elini batyrmaga het edip bilmeýän kişi hökmünde ymsynmak bilen äňedýär. Soňra, birden, papkany garbap alýar hem-de onuň zülpüni üzüp, bat bilen açýar. Açansoň bolsa, düýrmegi bilen golýazma berilýär. Şu ýerde-de ýuwaşjadan saz ýaňlanyp başlaýar. Ol gözüni notadan aýyrman, sazyň sesiniň astynda gürleýär. Ol şu ― asyl nusgasy diýdi. Garalamasy, onuň golýazmalarynyň ýeke-täk çyrşamasy diýdi. Ýöne olar bütinleý ap-arassaja ahyry, ýekeje-de düzediş edilen ýeri ýok! Ol notadan ünsüni sowup, jemagata seredýär. Şobada-da sazyň arasy üzülýär. Munuň özi gaty geňdi... Şu ýerde sere haýran galdyryjy çaklama geldi! Mosart, görnüşi ýaly, sazy ýöne... Ol gaýtadan nota dümtünýär, ýene-de ýuwaşjadan skripka hem-de alt üçin konçerto ýaňlanýar. ... gös-göni kellesinden ýazýan borly! Eýýäm gutarylan, birkemsiz görnüşinde! Muň ýaly zehin başga hiç kime berlen däldir?! Golýazmadan ünsüni sowýar. Sazyň sesi kesilýär. Ýekeje notany aýyrdygyň ― saz ýom-ýok bolýa. Ýekeje frazany üýtgetdigiň ― bina çagşaýa. Ol okamagyny dowam edýär, ýene-de saz ― fleýta hem-de arfa üçin konsertiň haýal bölüminden ajaýyp fraza ýaňlanýar. Şu ýerde ýene-de... ýöne ägirt köp möçberde ― şol sesler, men olary ozal kitaphanada eşidipdim. Bölek-bölek sazlaşykly hatarlar! Kalbyňy heýjana getirýän aldym-berdimli gapma-garşylyklar! Notadan ünsüni sowýar. Sazyň sesi kesilýär. Serenadaň tötänleýin üstünlik däldigi ― doly aýdyňdy! Deňiz tolkunlarynyň güwwüldisini ýatladýan gögüň gürrüldisi ýaly owazyň sesi ilki ýuwaşja, soňra barha güýçlenýär. Gözenegiň arasyndan şeýle tertipli geçirilen notalaň arasyndan men ― Kämilligiň Çür Depesini gördüm! SALÝERI büdräp, bize tarap ýöreýär. Möwç urýan, köşeşerli görünmeýän däli derýada gapyl galyp, üstüni basdyran adam deýinem ellerinde golýazmalary saklap dur. Ahyry nirededir bir aşakda deprekler gübürdeýär. SALÝERI notaly papkany gaçyrýar hem-de huşundan gidip, ýere ýykylýar. Saz zarply çykýar, aýylganç bir weýrançylygy alamatlandyryp, ýaň sesini gaýtalaýan ýaly-da, uzak, üzlem-saplam ýaňlanýar. Bu owaz serlip ýatan kişiniň üstünde haýykdyryjy ses çykaryp, doňup galýar hem-de saz labzyny ýitirýär. Soňam sem bolýar. Sahnanyň yşyklandyrylyşy peselýär. Uzak wagtlyk böwşeňlik. SALÝERI gymyldy-hereketsiz ýatyr ― onuň kellesi notalara gömlen. Sagat dokuzyň zaňyny kakýar, ol ýerinden gozganjyraýar, haýallyk bilen başyny galdyryp, depesine seredýär. Indem, başda ýuwaşja, özüniň penakärine ýüzlenýär. Indi men öz ykbalyma düşünýän. Häzir ömrümde ilkinji gezek özümiň Adam ata deýin ýagty jahana gelemdäki ýalaňaçlygymy, boşap galanlygymy syzdym. (Haýaljakdan aýaklaryna dikelýär.) Şu gün nirededir bir ýerde, haýsydyr bir Wena traktirinde gülümsiräpjik bir oglanjyk dur, ol hatda bilýard taýagyny elinden aýyrmazdan, adaty notalary kagyza geçirip bilýä, şol notalaram iň meşhur sazandarlaňňam ýüzüne gara çekip bilýä hem-de olaň sazyny hiç zada ― kagyzyň ýüzünde galan guşuň dyrnagynyň yzy deýin çyr-çyrşaga öwrüp bilýä. Eý, Hudaýjan! Siz maňa Özüňiziň adyňyzy arşa götermek islegini peşgeş berdiňiz ― köp kişi babatda şuny aýdyp bolmaz ― ýöne hut Özüňizem meni lal açmaga mejbur etdiňiz. Meň aňymda Özüňiziň deňsiz-taýsyzdygyňyzy guýmagy başardyňyz ― Soň bolsa Siz zehinimiň jöwher kimin däldigini hemişe özümiň duýup durarym ýaly gamyny iýdiňiz. (Onuň sesi gatalýar.) Näme üçin? Sebäbi näme?.. Nähili ýazygym bar?.. Şu güne çenli sogap işlere ymtyldym. Daş-töweregimdäkileň kysmatyny ýeňilleşdirmekde janymy gaýgyrmadym. Siziň maňa beren zehiniňize görä yhlas bilen zähmet çekdim. (Depesine garap gygyrýar.) Nähili hupbat ýamanyny görüp, zähmet çekenimi Sen bilýäň! Bulaň barysy-da iň soňunda meň üçin tutuş dünýäň manysy bolan şol sungatda Seň sesiňi eşitmegiň hatyrasyna! Häzir şony eşidip durun, olam diňe Mosart diýip ýekeje ady öwran-öwran gaýtalap, gulaklammy gazalaýa!.. Melgun, kinaýaçyl, gopbamja, ulalyp-oňalmadyk Mosart! Ine, hut şony-da Sen öz erk-islegiňi berjaý kylyjy edip saýlaýaň. Meň welin, ýeke-täk sylagym, iň aňrybaş ýeňilligim diňe bir zatda jemlenýä: häzir men Seň ondaky beýanyňy aç-açan görmegi başaran dünýädäki ýalňyz adam! Böwşeňlik. Owarram, goý, şeýle bolsun! Ýöne, bilip goý, indiden beýläk ikimiz duşman! Seň bilen men! Eşidýäňmi ― men Senden beýle ýagdaýy kabul edip bilmen! Penakär bilen oýun-henek etmek mümkin däl diýýäler. Emma meň başgaçarak aýdasym gelýä. Ynsan bilen oýun-henek edip bolmaýa!.. Men gülki ýassygy däldirin!.. Penakäriň ruhy islän ýerine ornaşyp bilýä diýýäler. Men muňa garşy. Men ýok diýýän! Ol ahlak päkizeligi bolan ýerde mesgen tutmalydyr! Ýogsa-da bütinleý peýda bolmaly däldir! Indiden beýläk Sen meň Duşmanym! Ant içýän, tä iň soňky demim sogrulynça bir ýerde janym bar bolsa, bar gara güýjüm bilen Seň bilen darkaş guraryn! BIRINJI PERDÄNIŇ SOŇY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |