15:44 Amadeý / pýesa | |
AMADEÝ
Teatr we kino sungaty
IKI PERDELI SAHNA ESERI Oýna gatnaşýanlar: Antonio Salýeri Wolfgang Amadeý Mosart Konstansiýa Weber, Mosartyň aýaly Iosif II, Awstriýa imperatory ― hökümdary Graf Iogan Kilian Fon Ştrek, köşk emeldary Graf Frans Orsini-Rozenberg, köşk opera teatrynyň ýolbaçysy Baron Godfrid Wan Switen ― köşk kitaphanasynyň dolandyryjysy Baş hyzmatkär Iki sany Wentiçelli (Birinji we Ikinji) ― «Iki ýana öwsüp duran şemaljagazlar», myş-myşlaryň, gybatlaryň hem-de habardyr gep-gürrüňleriň jarçylary, şonuň ýaly-da olar birinji perdedäki köpçülikleýin tans mahaly iki sany erkek kişiniň keşbini ýerine ýetirýärler. Üm hereketi bilen ýerine ýetirilýän keşpler: Kapelmeýster Bonno Salýeriniň hyzmatkäri Salýeriniň aşpezi Katarina Kawalýeri, Salýeriniň şägirdi Ruhany Wenanyň ýaşaýjylary, şonuň ýaly-da olar mebeli eýläk-beýläk süýşürýän hem-de geýim-gejimdir şoňa meňzeş zatlary getirýän hyzmatkärleriň keşplerini ýerine ýetirýärler. Waka 1823-nji ýylyň noýabrynda Wenada hem-de 1781―1791-nji onýyllygyň aralygyndaky döwrüň ýatlamalary görnüşinde bolup geçýär. BIRINJI PERDE I. WENA Sahnanyň öňünde bize tarap ýeňsesini öwrüp, maýybyň kürsüsinde bir goja otyr. Bize onuň diňe göwşüldän telpejikli kellesi görünýär, egnine atylan şalynyň-a bardygy-ýokdugy zordan saýgardýar. Şol döwrüň uzyn plaşlaryny geýnen hem-de başlary silindrli ― zömmek başgaply iki sany ýaşy durugşan erkek kişiniň her haýsysy sahnanyň aňyrsyndan ― dürli tarapdan bize garşy görünýär. Bular WENTIÇELLILER ― myş-myşlaryň, gybatlaryň hem-de habardyr gep-gürrüňleriň jarçylary, ikisi sahna eserinde başdanaýak hereket edýär. Olar aýratynam sahna ilkinji gezek çykan mahallary çalt gürleýärler, munuň özi howsalaly başlanýan sazyň depginini güýçlendirýär. Aram-aram olar birek-birege ýüzlenýärler, aram-aramam ― bize, ýöne mydama gep-gürrüňleri ilkinji eşiden gybatçylar ýaly, haýran galýan şekilde ýüzlenýärler. Birinji. Men muňa ynanamok! Ikinji. Menem muňa ynanamok! Birinji. Men muňa ynanamok! Ikinji. Menem muňa ynanamok! Birinji we Ikinji. Men-ä şuňa ynanamok! Pyşyrdy. Şol-a Salýeri! Birinji. Tutuş şäheriň dilinde şol-a. Ikinji. Ähli ýerde, nirä barsaň ― şo gürrüň. Ikinji. Hatda onuň köpi gören şägirdi Bethowenem şony gaýtalaýa diýýäler. Birinji.Ýöne näme üçin ala-böle häzir şoňa yňdylar? Ikinji. Onda-da şunça ýyl geçen mahaly? Birinji.Üstünden otuz iki ýyl geçensoň! Birinji we Ikinji. Men-ä şuňa ynanamok! Pyşyrdy. Şol-a Salýeri! Biri arryk, beýlekisi ýognas iki goja mähelläniň arasyndan sogrulyp, hersi bir tarapdan sahnanyň öňüne çykýar. Bular Salýeriniň HYZMATKÄRI hem-de AŞPEZI. Birinji (olaryň birine ümläp). Büý-ä Salýeriň hyzmatkäri! Ikinji (beýlekä tarap ümläp). Olam oň aşpezi! WENTIÇELLILER çakganlyk bilen sahnanyň düýbüniň dürli tarapyna ýöreýärler, her haýsysy-da sessiz-üýnsüz gojalaryň biriniň golundan tutýar. BIRINJI çakganlyk bilen HYZMATKÄRI sahnanyň öňüne alyp gidýär. IKINJEM ― AŞPEZI. Birinji (hyzmatkäre). Seň hojaýynyň nämeleri gür berýä? Ikinji (aşpeze). Kapelmeýster nämä ah çekýä? Birinji. Öýde bir özümi. Ikinji. Güni bilen, gijesi bilen şeýlemi. Birinji. Haýsy günäleri üçin toba kylýa? Ikinji. Bu goja... Birinji. Bu terkidünýä... Ikinji. Siz nähili bela-beterleri eşitdiňiz? Birinji we Ikinji. Şony bize aýdyň! Şony bize aýdyň! Derhal gürrüň beriň! Ol nämä bagyrýa? Nämä nalaýa? Kimi ýatlaýa? HYZMATKÄR bilen AŞPEZ ses-selemsiz SALÝERÄ tarap ümleýärler. Salýeri(sesine bat berip gygyrýar). Mosarty çagyryň! Böwşeňlik. Birinji (pyşyrdap). Mosarty çagyryň! Ikinji (pyşyrdap). Mosarty çagyryň! Salýeri. Bagyşla, Mosart. Öz ganhoryňy bagyşla. Birinji (ör-gökden gelip). Bagyşla, Mosart diýýämaý? Ikinji (bulam ör-gökden gelip). Öz ganhoryňy bagyşla diýýämaý? Birinji we Ikinji. Eý, Taňrym! Günämizi öteweri! Salýeri. Rehim et, Mosart! HYZMATKÄR bilen AŞPEZIŇ hersi bir tarapa gidýär hem-de sahnadan çykylaýan ýerde säginýär. Böwşeňlik. Bütünleý elden-aýakdan çykan WENTIÇELLILER çokunýarlar. Böwşeňlik. Ikisi onuň ýüzüne garaýar, soňam birek-biregiň ýüzüne seredýär. Birinji. Sen nähili pikir edýäň? Ikinji. Özüň nähili pikir edýäň? Birinji. Men muňa ynanamok! Ikinji. Menem şoňa ynanamok! Birinji. Ýogsa-da, änigine-şänigine ýeten barmaý?.. Pyşyrdy. Şol-a Salýeri! WENTIÇELLILER gidýär. HYZMATKÄR bilen AŞPEZIŇ her haýsysy sahnanyň aýry tarapynda galýar. Salýeri kürsini birden hyrra bärligine öwürýär. Tomaşaçylara ýaşy ýetmişe ser uran, kir-kimir siňen köne halatly bir adam görünýär. Ol ör turýar, misli, märekäniň içinden kimdir birini seljerjek bolýan ýaly, ýüz-gözüni çytýar. 2. Salýeriniň giň, kaşaň jaýy, 1823-nji ýylyň noýabry. Daň atmazynyň öňüsyrasyndaky gije. Salýeri (tomaşaçylara ýüzlenýär). Köçedäki sagat üçüň jaňyny kakýar. Hernäçe kyn bolsa-da, sizi esasan, saýgaryberdim... Jemende bary ýygnany bilipdir! Haýyş edýän! Özüňizi saýgarmaga maňa maý beriň! Bir müň sekiz ýüz ýigrimi üçünji ýylyň garaňky noýabr gününiň daňdan uçurlarynyň irki çagynda häzir şu çaň-kirşenli köne otagyma giriň-de... meň tobamyň diňleýjileri boluň! Töre geçiň-de, şapak gyzarýança ýanymda galyň. Diňe şapak gyzarýança. Yşarat bilen hyzmatkärlerine ümleýär. Şu taýyk göçüp gelelim indi elli ýylyň içidir, şondan bärem olar meň öýümde hyzmat edýäler. Biri ― päkiň eýesi, beýlekisiniň eli süýji. Biri daş keşbimiň aladasyny etse, beýlekisi aşgazanymyň gamyny iýýä! Hyzmatkärlerine ýüzlenýär. Ikiňizem ötägidiň!Bu gün men bütinleý çirim etmen! Hyzmatkärler baş egip, aljyraňňy, aladaly ýagdaýda çykyp gidýärler. Ol kürsüden turýar hem-de fortepianonyň üstüne eglip, belent, üzük-ýoluk ses bilen aýdyma başlaýar, her bendiň soňunda-da Recitativo Secco usulynda öz-özüne sazandarlyk edýär. Zalda ýuwaş-ýuwaşdan yşyk güýçlenýär. (Aýdym aýdýar). Geljegiň gol bulaýan salgymlary! Eý, geljek zamanlar bize ýat! Dynmak geçmişiň garabasmalaryndan Sizden gutulmakdan has aňsat! Perwerdigär tarapyndan indirilen Duýgudaşlyga bürenip peýda boluň! Peýda boluň edil şu pille... Heniz dogulmadyklar! Heniz ýigrenjiň ajysyny datmadyklar! Heniz hiç kimiň ganyna galmadyklar! Bakylykdan sogrulyň-da, maňa aýan boluň! Böwşeňlik. Gadyrdan dostlar, hakykat şundan ybarat: dogup-dörän ýerim Demirgazyk Italiýa, hernäçe çytraşsam-da, şo ýeriniň süýji-köke önümlerine bolan islegimi teý basyp ýatyryp bilmedim. (Lezzet bilen gürleýär.) Milanyň şekernanlaryny diýsene! Hozdur ýumurtgaly şekernan! Ejemdir kakam ― Awstriýa imperiýasynyň raýatlary ― ikisiniňem aňyrsy Lombardiýadan. Kakam biziň ýaşaýan ýerimizdäki çaklaňja Lenýago şäherjiginde täjirdi. Kakam bilen ejemiň dünýäni göz öňüne getirişleri şäherjigiň çäginden çykmaýady. Men welin diňe ony terk etmegiň arzuw-hyýalyndadym. Böwşeňlik. Şöhrat gerekdi maňa. Ýaşyryp oturmaýyn, lowlap duran kometa deýin tutuş Ýewropaň üsti bilen şaglap geçesim geldi! Ýöne diňe saz arkaly arşa göterilmek isledim! Deňi-taýy bolmadyk ýeke-täk saz bilen. ! Eýýäm on ýaşymda mukamyň sazlaşygy hakyt meň başymy aýlap bilýädi.. Eýýäm on iki ýaşymda bolsa, öz aýdymlamma hiňlenip hem-de Biribara hamdy-salawat aýdyp, tokaýdyr jülgelerde ygar ýörerdim. Lenýagony ömürlik terk etmek hyýalyna münen gijäm Hudaýa ýalbardym şeýle şertleşige geldim. Eýýäm on alty ýaşym dolupdy. Tekepbirligim lapykeçlik, umytsyzlyk bilen serhetleşýädi. (Ol dyza çökýär. Zaldaky yşyk ýuwaş-ýuwaş öçüp ugraýar.) «Maňa kompozitor bolmaga medet beriň! Isledigimçe ganarym ýaly şöhrat beriň. Menem, öz gezegimde, din ýoluny tutaýyn. Päk ahlaklylygyň nusgasy bolaýyn. Daş-töweregimdäkileň takdyryny ýeňilleşdirmäge ymtylaýyn. Tä demim sogrulynça siziň adyňyzy saz bilen şöhratlandyraryn!» Men «Ämin» diýen mahalym ondan, Allanyň adyndan razylyk alamatyny duýdum. Allanyň adyndan. «Ýagşy ― Bar, ötägit Antonio. Maňa hem-de il-güne gulluk et, indiden beýläk ýoluň hak bolsun». «Grazie!» ― diýip, menem öz gezeginde gygyrdym. «Bütin ömrüme saňa gulluk ederin!» (Ol aýaklaryna dikelýär.) Şol günüň ertesi oslagsyz ýerden maşgalamyzyň dosty geldi, ol meni Wena alyp gitdi hem-de saz sapagymyň muzduny töledi. Basym meni imperator ― hökümdar bilen tanyşdyrdylar, ol maňa hoşamaýlyk etdi. Şu ýerde-de meni Taňryň ýalkandygy belli boldy. Böwşeňlik. Ýöne şol ýyl, Italiýany terk eden mahalym Ýewropada sazyň uçursyz zehini, bary-ýogy on ýaşly ussat sazanda ― Wolfgang Amadeý Mosart döredi. Böwşeňlik. (Ol tomaşaçylara bakyp ýylgyrýar) Ynha, indem başlabersek öýdýän! Ol köneje haladynyň iliklerini ýazdyryp, hormat bilen tagzym edýär. Köne eginbaşyny hem-de telpejigini gaçyryp, gönelen wagty ― biziň öňümizde dogumyna bäs gelip bilmeýän gujur-gaýratly ýaş ýigit peýda bolýar. Egninde-de on sekizinji asyryň segseninji ýyllarynda meşhur kompozitorlaryň geýýän mawy jiltgesi hem-de kaşaň lybasy. 3. On sekizinji asyra dolanyp gelnişi. Ýuwaşjadan saz ýaňlanýar. Sahna hyzmatkärler girýär. Olaryň biri köne halady hem-de telpejigi alyp gidýär, beýlekisi diregiň üstündäki pudralanan ýasama saçy ― parigi stola getirip goýýar, üçünji biri oturgyç getirýär hem-de ony sahnanyň düýbüniň çep tarapynda goýup gidýär. Kiçi sahnada mawy perde ýokaryk göterilýär hem-de süýşýär. Öňi açyk äpet tylla pejiň hem-de tylla gözginiň (ýüz görülýän aýna) maňlaý tarapynda altyna çümen emeldarlar bilen birlikde hökümdary ― IMPERATOR IOSIF II görýäris. Onuň alyhezretleri tagta çykyp otyr, düýrlengi kagyzy elinde saklap durşuna saz diňleýär. Köşge ýakyn durýan adamlar ― GRAF FON ŞTREK, GRAF ORSINI-ROZENBERG, BARON WAN SWITEN dagam saz diňleýär. Ýasama saçly ― parikli aşa gartaşan köşk adamy sahna gelýär hem-de klawişleriň başynda oturýar. Ol kapelmeýster BONNO. SALÝERI diregiň üstünden ýasama saçy ― parigi alýar. Salýeri(juwanlarça dogumly ses bilen). Wakaň geçýän ýeri ― Wena. Başlaýan ýylymyzam ― 1781. Meň otuz bir ýaşym bar. Eýýäm Gabsburglaň köşgünde ykrar edilen kompozitor. Mynasyp öýüm, Tereza atly mynasyp maşgalam bar. Ýene-de meň Katarina Kawalýeri diýen ajaýyp şägirdim bardy. Ol gözleri gülüp duran dogumly, maýyl ediji gyzdy. Katarinany halys ýürekden söýýädim ― herhal özüne-hä imrindirýädi. Emma aýalyma wepalydym, çünki Biribaryň öňünde äht edipdim. Katarina hatda barmajygymam batyran däldirin. Meň şöhratparazlygym welin, öçmez oda öwrülip, barha örç alýady, gursagymda besleýän iň pynhan arzuwym Baş patyşa kapelmeýsteri diýen wezipäni almakdy. Şo döwürde bu wezipäni Žuzeppe Bonno eýeleýädi. (Oňa tarap baş atýar.) HÖKÜMDAR ― IMPERATOR düýrlengi kagyzy ŞTREGE berýär we çykyp gidýär. Kiçi sahnada ulumsy ORSINI-ROZENBERG, elli bäş ýaşly tekepbirden asylly FON ŞTREK, elli ýaşly ylymly-bilimli, salykatly WAN SWITEN galýar. Sahnanyň yşygy biraz peselýär. 4. Şýonbrun köşgi. Kiçi sahnada üç sany doňup galan gedem gabaranyň ― ROZENBERGIŇ, ŞTREGIŇ we WAN SWITENIŇ keşpleri yşyklandyrylýar. GOFMEÝSTER ýap-ýaňy IMPERATORDAN ― HÖKÜMDARDAN alan hatyny OPERANYŇ ÝOLBAŞÇYSYNA gowşurýar. SALÝERI sahnanyň öňünde dur. Ştrek Mosart gelipdir. (Rozenberge). Size jenap Mosarta nemes dilinde komiki ― gülküli opera ýazdyrmak tabşyryldy. Rozenberg (ulumsylyk bilen). Näme üçin nemes dilinde? Operalar diňe italýan dilinde ýerine ýetirilýä. Salýeri. Bulam graf Frans Orsini-Rozenberg. Operaň baştutany. Italýanlaň ähli zadyna aşyk. Aýratynam maňa syny oturýa. Ştrek(dartgynly ýagdaýda). Onuň alyhezretleri milli operany döretmegiň yşkynda. Ol eseri arassa nemes dilinde diňlemäge höwes edýä. Wan Switen. Şeýlemi, ýöne näme üçin ala-böle komiki ― gülküli? Saz gülküli bolup bilmez ahyry. Salýeri. Bu baron Wan Switen. Imperatoryň ― hökümdaryň kitaphanasyny dolandyryjy. Wan Switen. Geçen hepdede men Mosartyň «Idomeneý, Kritiň şasy» diýen üýtgeşik, maňyzly operasyny diňledim. Rozenberg. Menem diňledim. Heniz juda ýaş ýigit, emma gerdeniniň göterip bilmejek zadyna baş goşupdyr. Çakdanaşa ýiti! Çakdanaşa nota köp! Ştrek (Rozenberge pugta sargaýar). Herhal, gaýrat ediň-de, tabşyrygy oňa şu gün gowşuryň. Rozenberg (şertnamany göwünli-göwünsiz alýar). Görýän welin, bu ýaş ýigit başa gelen musallat bolaýmasa. Rozenberg kiçi sahnadan gidýär hem-de Salýeriniň ýanyna gelýär. Çaga döwründe ol üýtgeşik zehinli bolupdyr. Muň özi hiç haçan gowulygyň alamaty däl. Onuň kakasy Leopold Mosart, Zalsburgda tanymal sazanda, ýepiskopyňkyda gulluk edýä, özem ýüregedüşdi derejesindäki öte talapkärmiş diýýäler. Ol ogluny aldygyna Ýewropa aýlapdyr. Keýpi çag halda çykyp gidýär. ŞTREGEM, WAN SWITENEM onuň yzyna eýerýär. Salýeri (Tomaşaçylara.) Boýun alaýyn, Mosardyň bärik gelmegi meni ynjalykdan gaçyrdy. Çendenaşa tarypyny ýetirýäler oň. Öwüp-öwüp, asmandan asdylar. WENTIÇELLILER dürli tarapdan görünýär hem-de çakganlyk bilen gelýär. Salýeri (wentiçellilere ýüzlenýär). Ýogsa-da, ol nirede düşläpdir? Birinji. Peter-plasda. Ikinji. On birinji öý. Birinji. Myhmanhanaň eýesi hanym Weber. Onuň birgiden ýetişen gyzy bar. Ikinji. Mosartam şolaň birine adaglanan. Birinji. Konstansiýa! Ejes-ä toýuň sähedini bellemäge gaty howlugýa. Ikinji. Kakasy-ha howlugarly däl. Birinji. Kakasy başagaý bolup ýör. Ikinji. Kakasy ogluna her gün Zalsburgdan hat ýazýa. Salýeri (ikisine-de). Mosart bilen görşesim gelýä. Birinji. Ol ertir baronessa Waldştateniňkä barýa. Salýeri. Grazie. Ikinji. Şo taýda onuň döreden sazy ýerine ýetiriljek. Salýeri (ikisine-de) Onda meň bilenem habarlaşyp duraweriň. Birinji we Ikinji. Elbetde, Sinore. Gidýärler. Salýeri(tomaşaçylara). Menem, onsoň, baronessa Waldştateniňkä ýola düşdüm. Şol agşam meň durmuşymy bütünleý çepbesine çöwürdi. 5. Baronessa Waldştateniň öýündäki kitaphana. Kiçi sahnanyň arka ýüzünde känbir göze ilip durmaýan owadan, daşyna jähek çekilen iki sany kaşaň tutuly penjire görünýär. Iki sany hyzmatkär üsti tortly, şirinnanly hem-de beýleki şirin-şeker nygmatdan doly stoly getirýär. Beýleki iki hyzmatkär ýaplanýan arka tarapy uzyn, çuňňurdan ullakan kürsini göterip, ony dabara bilen çep tarapda goýýar. Salýeri (tomaşaçylara ýüzlenýär). Tagamlardan dadyp görmek üçin kitaphana girdim. Ak göwünli öý bikesi, hamala, meň geljegimi bilen ýaly, bärde iň datly şirin-şeker süýji nygmatlary goýupdyr. Sorbetti-caramelli ― şerbetli krem-brýule! Aýratynam crema al mascarpone üýtgeşik bir zezzet ― ýönekeý dilde aýdaňda ol bir şerbet garylan süýji peýnir ― iýeňde gulagyňy kesselerem duýjak gümanyň ýok! (Ol süýji nygmatly gapdan doly tabajygy alýar hem-de ýüzi jemagata tarap duran çuň kürsüde oturýar. Sahnanyň düýbünde peýda bolýanlara ol görünmeýär.) Özümi hiç kim duýmaz diýen niýet bilen şirin-şeker nygmatlaň lezzetini göreýin diýip ýaňybir ýaplanýan tarapy belent çuňňur kürsüde ornaşandyrynam welin, ynha, birdenkä... Sahnanyň aňyrsynda gykylyk eşidilýär. Konstansiýa (sahnanyň aňyrsynda).Jyk! Jyk! Jyk! Sahnanyň düýbünden KONSTANSIÝA ylgaşlap çykýar. Ol bezemen köýnekli, şähdaçyk, şadyýan ýagdaýdaky ýigrimi ýaşlaryndaky görmegeýje gyz. Häzir ol syçan bolansyrap, çakganlyk bilen tutuş sahnadan ylgap geçip, fortepianonyň aşagynda gizlenýär. Onuň yzyndan duýdansyz ýerden pesräk boýly, kaşaň ýasama saçly ― parikli, açyk reňkdäki gymmatbaha eşikli, juda solgun ýüzli, ýaş ýigit kowalap gelýär hem-de sahnanyň ortasynda säginýär, syçany tutjak mahaly onuň üstüne bökmezden öň pişigiň busurylyşy ýaly duran ýerinde doňup galýar. Bu WOLFGANG AMADEÝ MOSART. Mosart. Mýaw! Konstansiýa (özüniň sepini bildirýär). Jyk! Mosart. Mýaw! Mýaw! Mýaw! Mýaw! Ol dört aýak bolup oturýar, eýmenç keşbe girýär, awyny burça gabap, hyşşyldap hem-de tyssyldap başlaýar. «Syçanjyk» heziller edinip jykyrdap gülýär we jygyldaýar, «pişikden» sypybam, tutuş sahna bilen gaçýar. Gyz Salýeriniň bukulyp oturan kürsüsiniň ýanynda indi özüni nirä urjagyny bilmän yzyna gaňrylýar. «Pişik» oňa tarap golaýlaýar, has alkymlap gelýär. Ynha, towsup goýbererin-dä weli! Syçanjyk-pyçanjygy tutaryn-da weli! Soňam ― lak-luk ataryn ― sammyjak syçanjygym nirede?! Men ony tüýt-müýt edip, iň soňuna çenli ýalmap ýuwudaryn! Konstansiýa. Ýok, iýmäweri, degmäweri! Mosart. Tutdum-ýuwutdygym! Pers-ala ederin! Şu aýylganç dyrnaklam bilen! Ine, şeýle! Ony tutýar hem-de ýere ýazýar. KONSTANSIÝA çirkin gygyrýar. Salýeri (tomaşaçylara). Ýerimden galyp ýetişmedim, indi welin, turjak gümanyň barmy! Mosart. Häzir alagetdin seni ap-ak gyýaklam, dyrnaklam bilen tüýtmelärin... Özümiň kindiwanjamy. Turdum, bardym, tutdum! Gyz heziller edip gülýär. Ol oňa gysmyljyraýar. Sen sandyrap dursuň-la!.. Görýän welin, özüňiň oýunçyja pişigiňden gorkaýan ýaly-la!.. Dogrudanam, ýüregiňi ýarara getiräýipdirinmi?! Konstansiýa. Çüş-ş-ş! Gep-gürrüňňi kimdir biri eşidäýmesin! Bes edäý-dä, Wolferl! Çüş-ş-ş! Mosart. Bäriňe gulak goý, Trasom näme bolýa? Konstansiýa. Näme-näme? Mosart. Trasom. Näme bolýa şo? Konstansiýa. Nirden bileýin men ony? Mosart. Päheý, akyllyja-şekillije, ol-atersleýin okaňda Mosart bolýa! Eger haçanam bolsa bir mahal maňa durmuşa çykaňda sen Konstansiýa Trasom borsuň! Konstansiýa. Ýok, bolmaryn. Mosart. Ýok, bolarsyň. Sebäbi öýlenen mahalym biziň ähli zadymyz terslikgän bolar. Konstansiýa. Kakaň hiç haçan toýa razylyk bermez. Onuň bada-bat bar keýpine sogan dogralýar. Mosart. Oň razylygy kime gerek? Konstansiýa. Saňa gerek. Şol ejaza bermese, sen mydyrtdam edip bilmersiň. Mosart. Mydyrtdam edip bilmenmi? Konstansiýa. Dagy näme. Çünki kakaňdan öler ýaly gorkýaň. Oň men barada näme gürrüň edýäninem bilýän. (Dabaraly.) «Beýewbar sen şol aýjyn gyza öýlenseň, bela-beterlere sataşarsyň! Çagalaňňam gapy-gapy aýlanyp, el serer». Mosart (göçgünlilik bilen). Maňa durmuşa çykaý! Konstansiýa. Sammyk zatlary diliňe çolama. Mosart. Durmuşa çykaý maňa! Konstansiýa. Aý, oglan, bolşuň nähili? Çynyňmy? Mosart (joşup gürleýär). Hawa, çynym!.. Jogabam şu pilläň özünde ber ― bolýa diý ýa-da ýok diý! «Bolýa» diý, menem, şonda bokurdagyma sygdygyndan «Ahyry başa bard-ow!» diýip zowladaryn. (Ol üznüksiz gaty gülki bilen begenjine onuň üstüne topulýar.) Sahnanyň düýbünde salyhatly BAŞ HYZMATKÄR peýda bolýar. Baş hyzmatkär(parahatlyk bilen).Onuň alyhezretleri konsertiň başlanmagyna taýýar. Mosart. Hä, hawa!.. Elbetde!.. Ýagşy! Ol aljyraňňy ýagdaýda ýerinden dikelýär hem-de KONSTANSIÝA tekge berip, oňa galmaga ýardam edýär. Öz mertebesini saklamaga çalşyp, oňa ýüzlenýär. Baş üstüne, ezizim. Saz diňläliň. Konstansiýa (gülküsini basyp). Hökman, hökman... Jenap Trasom! Ol gyzyň goltugyndan tutýar. Ikisi tans edibräk ýöreýär. Ýaşlaryň bolşuna känbir pisindi oturmadyk BAŞ HYZMÄTKÄREM olaryň yzy bilen gidýär. Salýeri (haýran galyp, zaldaky jemagata ýüzlenýär). Dessine konsertem başlandy. Men gapyň aňyrsyndan diňledim ― nähilidir bir yşky-söýgi sazy. Saz uzakdan eşidilýädi, birbada hiç hili ünsi çekmeýädi. Çakdanaşa haýrana galamsoň, oňa diň salaýynam diýemokdym. Ýöne basym owaz güýçlenip başlady. Hemem dabaraly adažio ýaňlanyp ugrady. SALÝERI arka tarapy uzyn kürsüde oturyşyna sazyň owazynyň astynda ýuwaşjadan hem-de haýaljakdan gürleýär. Başy bütinleý ýönekeýdi: Birdenem parran içimden geçip, howada doňan mysalydy. Men tas demigipdim. Haýran galmakdan ýaňa depe saçym düýrügip gitdi. Men owazlaň deňzine düşdüm, ol jigerimi dilim-dilim etdi. Beýlede bir agyry-ynjy bor oguşýa! Bu bir mundan ozal görlüp-eşidilmedik jebir-jepa! Men özümiň gadymkyja ýeser penakärime ýüz tutdum, çünki muň näjüre zatdygyny bilesim geldi. Nireden düşüp ýör? Meň jebir-jepalam durdugyça çuňlaşýady, durdugyça süňňüme aralaşýady, çişen beýnime ornaşýady, şu ýerde-de çydamadym, sabyr käsäm doldy, tarsa ýerimden turup, ylgap gitdim... SALÝERI kürsüden laňňa gopýar, samrap tutuş sahnadan ylgap geçýär hem-de sag tarapdaky iň çetki burçda ornaşýar. Kitaphana, köçedäki gijeki sahna öwrülip, ýitip gidýär: bölek-bölek bulutlaryň astynda kiçijik öýleriň sudurlary peýda bolýar. Saz dowam edýär, ýöne indi pes ýaňlanýar. (Jany karkara gelen ýaly bagyrýar.) Bu näme? Nireden düşüp ýör? Jenabym, meň Sinýorym, aýdyň ahyr maňa! Nireden döredi bu agyry? Saza beýle maýyl bolmak nireden geldi? Ony gandyrmak mümkin däl, ýöne ol kalbyňy lerzana getirýä! Belki-de, bu maýyl edijilik Senden gaýdýandyr? Belki-de, Seň özüň ony bize gönderensiň? 6. Salýeriniň giň, kaşaň jaýy. Sahna garaňkyladylan ýagdaýda galýar. Salýeri. Men öýüme eňdim hem-de gorky-wehimden ýaňa düýrmegim bilen işe berildim. Şägirt baryny ýygnadym, olaň sany eýýäm otuz ýa-da kyrk dagy bolandyr. Haýyr-sahawat guramalarynda sagatlap ýygnanyşyklara gatnaşýadym... Penakäriň adyny arşa göterip, ozalkydanam köp kilise motetlerini hem-de senalaryny ýazdym. Gijelerine bolsa diňe bir zadyň doga-dilegini etdim. (Ol umytsyz halda dyza çökýär.) Eý, Penakärim! Öz sesiňi meň kalbyma guý... Seni şöhratlandyrmagyň hatyrasyna meni Özüňe gulluk etmäge ygtyýar ber!.. Meň arzy-halymy kabul kylgaý! (Böwşeňlik. Ýerinden turýar.) Mosarta gezek galanda onuň bilen gabatlaşmazlyga çalyşýadym. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |