00:46 Amadeý -4/ pýesanyñ soñy | |
8. Wena hem-de Şýonbrun köşgi.
Teatr we kino sungaty
Mosart garnyny tutup, dyzyndan ýokaryk galýar. Salýeri (Mosarta ýüzlenýär). Indi siziň hal-ahwalyňyz niçik? Mosart. Erbet. Pulum ýok. Nireden aljagymam bilemok. Mosart birden bükülip iňňildeýär. Salýeri. Wolfgang, size näme boldy? Mosart. Üýtgeşik zat ýok... Içimden tutdy. Häli-şindi bolup dur. Salýeri.Haýp. Gaty gynanýan. Mosart. Bagyşlaň... häzir geçer gider. Salýeri. Ýene görüşýänçäk, onda. Mosart. Hökman görşeris. Salýeri. Ýagdaý tapsaňyz, öýe myhmançylyga geliň! Mosart. Hökman... Söz berýän! Salýeri. Dostum! Meň täze dostum! Hoş. Mosart gidýär. (Tomaşaçylara.) Penakäre meň bilen bellisini etmäge ýagdaý döredi. Hatda şoňa garaşýadymam. Ýöne bütinleý başga ýagdaý ýüz berdi. Mosartyň köşkdäki ýoluny baglap-baglamakam, Penakär sylagymy ýetirdi. Dilimiň senasyna öwrülen arzuwyma ýetdim! WENTIÇELLILERIŇ hersi bir tarapdan ylgaşlap girýär. Birinji. Kapelmeýster Bonno... Ikinji. Kapelmeýster Bonno... Birinji we Ikinji. Kapelmeýster Bonno amanadyny tabşyrdy! Salýeri haýran galmakdan ýaňa agzyny öweldip galýar. Birinji (Salýerä ýüzlenip). Siz bellenýäňiz... Ikinji. Patyşalyk permany bilen... Birinji. Onuň ýerine eýe bolýaňyz! Yşyk birden ýalpyldap gidýär hem-de kiçi sahnadaky Hökümdary ýagtyldýar. Onuň her tarapynda, hemişekileri ýaly, edil heýkel mysaly ŞTREK bilen ORSINI-ROZENBERG dur. Iosif (resmi äheňde Salýerä ýüzlenýär, ol oňa tarap öwrülýär hem-de baş egýär). Biziň köşgümiziň baş imperatorçylyk patyşalyk kapelmeýsteri! WENTIÇELLILER çapak çalýar. Rozenberg. Berekella, Salýeri! Ştrek. Aperin, Salýeri! Iosif (söýünç bilen). Gadyrdanym, Salýeri! Umuman, ynha, şeýleräk! Şýonbrun köşgünde yşyk öçýär. HÖKÜMDAR hem-de onuň köşk adamlary garaňkyda sahnadan gidýär. Birinji we Ikinji. Jenap, biz sizi gutlaýas! Birinji. Mosartyň-a haly harap. Ikinji. Öthaltasy işlänok öýdýän. Birinji. Derman köküni ulanýa diýip gürrüň edýäler. Salýeri. Näme derdi bar oň? Ikinji. Göriplik derdi bolaýmasa. Birinji. Maşgalalarynyň sanam artaýjak ýaly... Ikinji. Dagy näme! Indi ýaşyrar ýaly däl. Allowarradan bildirip dur! 9. Prater seýilgähinde. Sahnanyň syrtky dekorasiýasynda gök öwsüp ugran agaçlar peýda bolýar. Yşygyň sarymtyl şöhleleri dekorasiýanyň gögümtil reňklerini açyk ýaşyl reňke öwürýär. MOSARTDYR KONSTANSIÝA gol tutuşyp girýär. Gelin agyr aýak. Onuň egninde sary giden possun hem-de kapor. Mosartam pukara geýnüwli. SALÝERI WENTIÇELLILER bilen gezim edýär. Salýeri. Soňky sapar men oňa Praterde gabat geldim. Mosart (Salýerä ýüzlenip). Jenap, sizi gutlaýan! Salýeri. Minnetdar. Ikiňize-de minnetdar. Dost jan, saglygyňyzyň ugry ýok diýip eşitdim-le. (Ol Konstansiýa baş atýar, gelin çalarak oturyp-turup, oňa hormat goýýar.) Mosart. Hawa, ugrum ýok. Agyrylam aýrylarly däl. Salýeri. Gör-ä, muny. Nireden döräp ýör olar? Mosart. Ukymyňam mazasy gaçdy... Murdar-murdar düýşleri görýän. Konstansiýa (duýduryjy äheňde). Wolferl! Salýeri. Düýş diýdiňizmi? Mosart. Hemişe şol bir düýş girýä. Çal ýapynjaly alamat meni ýanyna çagyrýa. (Ol haýaljakdan ýanyna çagyrylýan yşarat edýär.) Ýüzi görnenok. Ýüzünde nähilidir bir çal nykap bar. (Gaharlyrak çalaja gülýär.) Siz nähili pikir edýäňiz ― bü nämäň nyşany bolup biler? Salýeri. Düýşe-püýşe ynanyp ýören dälsiňiz diýip pikir edýän. Mosart. Elbetde, ynanyp baramok. Salýeri baş egýär. Mosart. Oý-hyýallaň edýän oýnudyr-da, elbetde. Konstansiýa (sowuk-sala). Baş kapelmeýster, egerki Wolfgangyň amatly wezipesi bolsady, onda ol düýşürgäp ýörmezdi... Mosart (aljyraňňy ýagdaýda onuň goltugyndan tutýar). Stansi, haýyş edýän. ...Jenap, bizi bagyşlaň... Ezizim, ýör, gideli. Hudaýa şükür, biz sag-salamat. Är-aýal gidýär. Birinji. Onuň hüý-häsiýetleri üýtgäp ugrapdyr. Ikinji. Hut şeýle. Birinji. Ýüz keşbi görünmeýän alamatlar! Salýeri (onuň yzyndan seredip durşuna). Görýän welin, ol kakasyny aşa köp ýatlaýa. Dogrusy, öz işlerem öwerlik däl. Birinji. Olar ýene göçdüler. Ikinji. Öte horaşaja jaýda ýaşaýalar. Salýeri. Onuň, näme, aýlykdan başga gazanjy ýokmy? Birinji. Bütinleý gazanjy ýok. Ikinji. Men ol dilegçilik edip ugrapdyr diýibem eşitdim. Salýeri. Dogrudanam, şeýlemi??? 11. Mosartyň horaşaja öýi. Mosart ýorgana bürenip stoluň başynda oturyşyna saz düzýär. Onuň gabat garşysynda, oturgyçda başy ýaglykly Konstansiýa ýygrylyp otyr. Konstansiýa. Men üşeýän... Tutuş günümi sandyraklap geçirýän... Näme etmeli? Odundan-a ýekeje taraşa-da ýok. Mosart. Kakam pahyr gaty dogry aýdan eken. Biz şoň aýdan gününe düşüberdik. Halys tozduk. Konstansiýa. Aslynda barysyna-da şoň özi günäkär. Mosart. Kakammy? Konstansiýa. Ol senden çaga ýasady. Ulaldyp bilmedi. Mosart. Hiç düşünemok... Sen kakamy mydama gowy görýädiň-ä. Konstansiýa. Menmi? Kakaňy gowy görýädimmi? Mosart. Sen ony sylaýadyň ahyry. Şony ýygy-ýygydan gaýtalaýadyňam. Az-owlak böwşeňlik. Konstansiýa (gödeksi). Men ony ýigrenýädim. Mosart. Näme?! Konstansiýa. Olam meni ýigrenýädi. Mosart. Galat! Ol ikimizem ýaman gowy görýädi. Samsyk gürrüň etme. Konstansiýa. Diýmek, men onda samsyk gürleýän boldummy? Mosart (ylalaşyjylyk äheňinde). Elbetde, gözelim, gelin janym! Konstansiýa. Ýadyňa düşýämi, düýn öňi açyk pejimiz güýçli ýanypdy! Şeýlebir sowukdy, hatda sen syýany-da gyzdyryp bilmändiň. Sen şonda: «Bä, lowlap ýanaýşyny!» diýipdiň. Ýadyňdamy? «Beýle lowlap ýanaýşyny!» diýeniň? Şonda köne kagyzlar ýanypdy. Ynhalykga, şeýle mähribanym. Şolar ikimiziň durmuş guralymyz bäri kakaňyň saňa ýazan hatlarydy. Mosart (gygyrýar). Näme?! Konstansiýa. Ýekejesinem goýmadym! Şol hatlaň barysy meň nähili başy çaşgyn, ederini bilmeýän öý bikesidigim barada! Ählisiniň mazmuny şoň ýaly! Mosart (gygyrýar). Stansi! Konstansiýa. Ony gara şaýa-da alamok!.. Eşidýäňmi, gara şaýa-da! Mosart. Ah sen, pis açan! Konstansiýa (entegem gahary köşeşmän). Azajygam bolsa ýylyndyk! Dagy başga nädip ýylynjak! Belki, tans oýnamalydyr? Wolferl, sen tansy halaýaň ahyry. Gel, tans edeli! (Dabaraly.) Mosart, meň üçin kontrdans ― oba tansyny ýazsana! Tans ýazmaga gezek gelende sen gaty ökde ahyry! (Kakyny tutan gelin stoluň üstündäki golýazmalary garbaýar hem-de olary ýere zyňyşdyrýar. Köýneginiň etegini çekibem, misli, akylyndan azaşan daýhan aýaly ýaly, «Figaronyň toýundaky» «Dogumly, buýra saçly aşyk ýigit» heňine aýaklaryny goşup başlaýar. Jynssyz ses bilen aýdyma zowladýar. Non pui andral, farfallone amoroso, Notte e giorno dintorno girando! Mosart (çirkin gygyrýar). Bessir! Bessir diýýän! (Ol gelnini tutaklaýar.) Stanzi-marini! Marini-bini! Haýyş edýän, beýtme! Haýyş edýän, haýyş edýän, ýalbarýan! Goýaý indi!.. Hany diňle ― honha, posa gelýä! Nirededigini bilýäňmi? Hol burçdan süýrenip gelýä. Ýene biri ― çyglyja, süýjümtikden öljümegi-de gös-göni saňa baka gelýä ― hop! Şap-şap-şap! Gelin ony gödeklik bilen itiberip, tans oýnamagyny dowam etdirýär. Mosart ony tutýar, ýöne gelin ony ýene itekleýär. Konstansiýa. Aýryl! Azaryň ýetmesin! Böwşeňlik. Mosart. Stansi, men gorkýan. Maňa nähilidir bir bela-beterler-ä bolýa. Konstansiýa. Ýok, bu çekip-çydardan çökder. Halys sabyr käsäm doldy! Mosart. Alamat, hanha, ho taýda dur, özem baş atýar... (Onuň özi-de dowla düşen ýaly, aldygyna baş atýar.) Ýüz keşbi görnenok, nykap çekilen! Hemişe ýüzüni gizleýä! Konstansiýa. Allaň hatyrasyna, bes et!.. Bes et!.. Men gorkýan!.. Gorkýan!.. Sen ýüregime wehim salýaň... Bardy-geldi beýle ýagdaý dowam etjek bolsa, onda men başymy alyp giderin... Duz bar, başymy alyp giderin! Mosart (howsalaly). Stansi! Konstansiýa. Şeýtmez öýtme... beterem ederin... (Gelin elini garnyna ýetirýär. Burgusy tutan ýaly görünýär.) Mosart. Bagyşla, meni! Eý, taňrym! Bagyşla! Men günäkär, günäkär, günäkär! Gelinjigim, janjagazym, hany, gel ýanyma!.. Geläý-dä!.. Gelsene! Mosart dyza çökýär hem-de Konstansiýa ýalbaryp ugraýar. Gelin onuň ýanyna göwünli-göwünsiz, zordan gelýär. Men kim?.. Derrewjik şony aýt maňa. Gujakla-da, şony aýt. Men kim? Konstansiýa. Oýunçyja pişijek. Mosart. Ýene näme? Konstansiýa. Pişijek-mişijek. Mosart. A sen bolsaň, sammyjak syçanjyk. Hemem Stanzi-manzi. И bini-gini. Gelniň öýkesi ýazylýar. Konstansiýa. Wolfi-polfi. Mosart. Pupi-pipi! Ikisi-de jykyr-jykyr gülýär. Konstansiýa. Ýöne aýnamagyn! Mosart (çaga ýaly erjellik bilen). Bol!.. Bol!.. Bol!.. Hany, dyzyňy ýere goý! Oýna! Ýeri. Bolsana! Kim çalasyn? Ikisi dyzlarynda durup, özleriniň ýörite oýunlaryny oýnaýar; oýnuň depgini ýuwaş-ýuwaş güýçlenýär. Konstansiýa. Poppi. Mosart (sözi üýtgedýär). Peppi. Konstansiýa (onuň agzyna öýkünýär). Peppi. Mosart. Pappa. Konstansiýa. Pappa. Mosart. Pappa-pappa! Konstansiýa. Pappa-pappa! Mosart. Pappa-pappa-pappa-pappa! Konstansiýa. Pappa-pappa-pappa-pappa! Olar burunlaryny süýkeşýärler. Ikisi bilelikde: Pappa-pappa-pappa-pappa-pappa! Pappa-pappa-pappa-pappa-pappa! Konstansiýa. W-äää-ooo! (Ol birden gygyrýar hem-de garnyna ýapyşýar.) Mosart. Stansi!.. Stansi, saňa näme bolýa? WENTIÇELLILER ylgaşlap gelýär. Birinji. Üýtgeşik täzelik! Ikinji. Gelin ýeňledi! Birinji. Özem duýdansyz! Ikinji. Wagtyndan öň! Birinji. Ogul bäbegi boldy! Ikinji. Wah, görgüsi ýaman körpejik! Birinji. Şuň ýaly maşgalada dünýä inmek! Ikinji. Şuň ýaly tünekde diýsene! Birinji. Gutaran pukaraçylykda! Ikinji. Kakasam çaga ýaly öýde diýsene. Şu ikiçäk gürrüňçiligiň barşynda Konstansiýa haýaljakdan ör turýar hem-de özüniň çekilen öňlügini aýyrýar. Indi onuň hamyla däldigi görnüp dur. Ol yzyna öwrülýär, tukat görnüşde ýuwaşlyk bilen sahnanyň düýbüne tarap ýöreýär hem-de bütinleý gidýär. Mosart onuň yzyndan birnäçe ädim ädýär hem-de howsalaly ýagdaýda säginýär. Mosart eline çüýşe alyp, çalasynlyk bilen Salýeriniň kaşaň öýüne ýöreýär. Mosart (telbelik hetdine ýetip). Aýalym meni taşlap gitdi! Salýeri. Aýdýanyňyz näme how? Wentiçelliler gözden gaýyp bolýar. Eli çüýşeli Mosart Salýeriniň kaşaň öýündäki zerli oturgyçlaryň birine çökýär. Mosart. Hawa, gitdi. Wagtlaýyn diýdi. Bäbegem alyp gitdi. Salýeri. Näme üçin beýle boldy? Mosart. Aýalym mamla.. Özüm günäkär... Onuň pikiriçe, men akylymdan azaşypdyryn. Salýeri. Şeýle bolaýdymy? Mosart. Belki, şeýledirem... Göwnüme bolmasa, men... Hawa... Salýeri. Wolfgang... Mosart (aşa tolgunyp). Häzir size gürrüň berjek! Geçen gije ýene alamat göründi... şol düýşümdäki ýaly! Ýöne men bu sapar oýadym! (Öňküdenem beter tolgunýar.) Ol stolumyň ýanynda nähilidir çal ýapynjaly, ýüzem görnenokdy, sebäbi nykaplydy. Özem meň bilen gürleşdem. «Wolfgang Mosart ― diýip, ol adymy tutdy. ― Sen ybadat üçin Rekwiýem ýazmaly. Eliňe galamyňy al-da, başla!» Salýeri. Rekwiýem diýdiňmi? Mosart. Men ondan: «Rekwiýemi kim üçin ýazmaly? Kim ölüpdir?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Indiki sapar gelýänçäm iş taýýar bolmalydyr». Soňam yzyna öwrüldi-de, gidiberdi. Salýeri. Dostum! Nähili ýürekgopduryjy toslama! Mosart. Dur entek, dur entek... şuň özi edil huşumdaky ýalydy... Ýöne, dogrymy aýtsam, şoň çyndygyny-da bilmedim! Belki-de, ýöne gözüme görnendir?.. Stansiň başyny alyp gidenini geňläp oturmaly däl. Ony gorkuzdym... Aý, hawa... Saz ýazmak aňsat. Aýalyň bilen oňuşmak has kyn. Mosart gidýär. Mosart ýorgan alýar, şoňa dolanýar, işlemek üçin stoluň başyna geçýär hem-de jemagata dykgat bilen äňedýär. Ýorgan sebäpli ýüzi görnenok diýen ýaly. Salýeri. Wewtiçelliler gelýär. Soňam ol dymma öwrüldi. Agzyndan ýeke söz alyp bolar ýaly däldi. Näme üçinkä?.. Her gün ondan muň düşündirişine garaşýadym. Ýöne teýim-takyrdy. Näme üçin beýlekä?.. (Birdenem Wentiçellilere ýüzlenýär.) Ol näme bilen meşgullanýa? Mosart ýazyp otyr. Birinji. Penjiräň öňünde otyr. Ikinji. Gündizem otyr, gije-de. Birinji. Ýazýa. Ikinji. Serden geçip saz düzýä. Mosart ýerinden böküp turýar hem-de doňup galýar. Birinji. Zol-zol ýerinden böküp turýa. Ikinji. Bir zat ýitiren ýaly parhsyz gözlerini köçä dikip otyr. Birinji. Nämedir bir zada garaşýan ýaly. Ikinji. Ýa-da kimdir birine garaşýan ýaly... Birinji we Ikinji. Kime garaşýanyny bilmek mümkin däl! Salýeri (tomaşaçylara). Ýöne kime garaşýanyny men-ä bilýädim! Olam aljyraňňy ýagdaýda böküp turýar hem-de Wentiçellileri ýanyndan ugradýar. Ikisi-de ― Mosartam, SALÝERI-DE ― sahnanyň öňünde durup, dykgat bilen alyslara seredýär. Kime garaşýanyny bilesiňiz gelýämi? Gam-gussadan doly çal ýapynjaly, ýüzi nykaply gabara garaşýa. Yzyndan geljek alamata. Men onuň egni gysyk otagda näme bilen meşgullanýanyny bilýän! Ol öz-özüne Rekwiem ýazýady! Böwşeňlik. ...Indi bolsa, özümiň aýylganç pirimimi boýun almagyma çen boldy. Hyzmatkär çal ýapynja, üçburç başgap hem-de nykap getirýär. Salýeri ýapynjany geýýär hemem tomaşaçylardan öwrülip, üçburç başgaby, nykaby geýýär. Dostlar!.. Meňki ýaly göreş alyp barýan adam halys Hudaýdan daş düşäýmese, şeýle karara gelip bilmez! Bir ýerlerden çal ýapynja tapdym!.. Hawa, çal başgabam edindim! Hawa. Hawa. Nykabam tapdym. (Ol bärsine öwrülýär ― ýüzünde nykap bar.) Ine, onsoň, men däli-diwana dönen saz ussadynyň gaşynda.. hut Penakäriň özüniň yşaratçysy hökmünde peýda boldum!.. Şeýlelikde, boýun alýan, bir müň ýedi ýüz togsan birinji ýylyň noýabrynda, şo mahalam, häzirem imperiýaň baş kapelmeýsteri bolan men, Antoniýo Salýeri, aldajy sowukda hem-de Aý aýdyňlykda bassyr ýedi gün Wenaň çola köçeleri bilen ýöräp geçdim! Şäheriň sagatlary gije biriň zaňyny kakanda Mosartyň ölüm pellesiniň ýakynlap gelenini özüne buşlamak üçin onuň penjireleriniň öňünde säginýädim. Sagat gije biriň zaňyny kakýar. Salýeri çep tarapda butnaman dur, ellerini galdyrýar hem-de ýedi barmagyny görkezýär ― her gün üçin birini. Mosart ör turýar. Ol gabaradan elheder alyp, jadylanan ýaly oňa tiňkesini dikýär. Salýeri ýaly dartgynly ýagdaýda dur, ýöne sahnanyň sag tarapynda, özem penjireden garaýar. Men oňa her gije bir barmagymy kemip görkezýädim... soňam gözden gaýyp bolýadym. Her gije aýnaň aňyrsyndan görýän ýüzüm gitdigiçe telbäňkä meňzäp, şol beterleşip barýady, beterleşip barýady. Ahyry günleň sany gutardy ― indi özümem durkum bilen gorka gaplanypdym ― ýöne, şonda-da, öňkülem ýaly geldim. Sägindim, onuň düýşlerindäki alamat kimin, oňa ýalbarýan şekilindäki ellerimi gerdim! (Çagyrýar.) «Ýör! Ýör, gideli-dä bile! Saňa garaşýan!» (Yşarat edip, Mosarty erjellik bilen çagyrýar.) Ol yraň atyp durdy, dili tutulyp, özünden gidäýjege meňzeýädi. Mosart zarp bilen penjiräni serpýär. Salýeri. Şeýdibem, gaty uzak wagtyň dowamynda, birek-birege tiňkämizi dikdik, ikimizi-de gorky gaplap alypdy. Ynanar dagy eder ýalam däl, emma men onuň operasyndaky heýkel Komandor mysaly, tutuksylyk bilen baş atyp ugradym. Şeýdibem, köçeden geçdim! «Don Juan» operasyna uwertýuradan iň bir eýmenç bölümi haýaljakdan, ýöne ýuwaş-ýuwaş möwjeýän haýbat bilen ýaňlanýar. Şu güýçlenýän sazyň astynda Salýeri haýallyk bilen sahnanyň düýbüne gidýär. Men gapyň sürme kiltini syrdym, aýaklammy, misli daşdan ýaly, gaty-gaty tarpyldadyp, basgançak boýunça galdym. Saklanyp bilemokdym. Kysmatyň özi alyp gidip barýady. Men onuň hopukdyryjy düýşleriniň ýesirine öwrüldim! Gorky-ürküden ýaňa başy çaşan Mosart stoluň başynda dur. Salýeri göze görünmeýän gapyny açýar. Yşyk çalt üýtgeýär. Ol sahnanyň öňüne göreçlerini dikip, sessiz-üýnsüz dur. (Tomaşaçylara.) Ähli ýerde kagyzlar, notalar, hasaplaşyk resminamalary çaşyşyp ýatyrdy. Hasap-hesip sanlarynyň möçber belgileri çyrşalan nota belgileri ýaly köpdi. Içeri sowukdy. Diwar peji ýananokdy. Ýüzi merhumyňka dönüpdi, onuň uzak gitmejegine bada-bat göz ýetirdim. Salýeri nykabyň astyndan sahnanyň düýbüne seredýär. Mosart ýalandan batyrsyrap, çüýşäni göterýär. Mosart. Meýliňiz barmy?.. Gowy şerbet! Kimdir biri her gün gapymyň agzynda üç çüýşe goýup gidýä. Kimdigini bilemok. Şuň özi geň-taň zat dälmidir? Söýünç bilen peşgeş berlen mugt şerbet. Özem şu şäherde! Ol Salýerä hödür edýär, emma ol muňa pitiwa kylman ses-selemsiz dur. (Öňküdenem beter ganygyzgynlylyk bilen.) Sizden birjigem heder edemok! Size, ynha, şunam aýdaýyn. Beýewbar kakam jan bärde bolan bolsady, onda ol size meni süýräp äkitdiräýmezdi! Gös-göni şeýle diýerdi: «Gümüňizi çekiň!» Onsoň, biz özümiziň posalar hakdaky aýdymymyzy aýdardyk, sizem gümüňizi dartardyňyz!.. Ol birnäçe gezek howany öpýär hem-de birden janhowluna ýene bükülýär. Wah, içim awap alyp barýa, awap alyp barýa! Salýeri serpmeden gaýdana dönüp, yzyna öwrülýär. Mosart Salýerä beýleki tarapdan okdurylýar. Eý, Penakär, bäriňe gulak goý! Iki perzendim bar! Rekwiemi gutarmak üçin puryja gerek. Şonda, bardy-geldi maňlaýymdan janymdan jyda düşmek nesibesi çyksa, onda maşgalada az-owlak pul galýa! Saňa ýalbarýan! Olar halys çül çaga!.. Rehim-şepagat eýläp, ýene bir aý eçil! Şeýle möhleti peşgeş bermeziň ýaly, üýşüp ýatan günäm ýok! Öte aljyraňňylyga düşen Salýeri ýene-de ondan yzyna öwrülýär. Onuň ýüregi agzyndan çykara gelipdir, Mosart muňa boýun gaçyrma diýip düşünip, beýleki tarapdan ýanyna barýar. Eger sen maňa şo möhleti bermeseň, onda men joşgunly, hyjuwly saz ýazaryn! Bilýän, bilýän ― ozal ýüzlerçe ajap saz eserini ýazdym diýip, döşüme kakýadym, ýöne bu galat. Men hiç bir babatda kämillige ýetmedim! Salýeri ýene o tarapa öwrüljek bolýar, ýöne Mosart onuň aýaklaryna ýykylýar. (Ýalbaryjy äheňde.) Senden haýyş, ýene bir aý! Ana, şonda özüm yzyňa düşüp giderin! Gepsiz-gürrüňsiz boýun borun! Salýeriniň aýaklaryny gujaklaýar. Eý, Taňrym, diňe birje aý gereg-ä! Ýekeje! Ýekeje aý! Diňe bir aý! Bir aý! Bir aý! Salýeri dartgynly ýagdaýa uzak çydap bilmeýär hem-de ýoňsuz wagt çirkin gygyrýar. Salýeri. A-aaa! O-ooo! Mosart bir gapdala okdurylýar hem-de dyzanaklap çykyp gidýär. Salýeri nykabyny, başgabyny sypyrýar, ýapynjasyny çykaryp taşlaýar. Ýowuz böwşeňlik aralaşýar. Mosart basyp ýatyryp bolmajak gorky kakyny bilen çakyr gülküsine tutdurýar. Salýeri ondan nazaryny sowup bilmeýär. Mosart. Düşünýän däldirin... Bu nähili ― ozallaram bu sizmidiňiz?.. Ýöne beýle bolmaga haky ýok!... Bu näme ― oýunmy?.. Siz alamatly wekil barada bilýädiňiz, ynha, indem henek etjek bolduňyzmy?.. Özem her gije?.. Ýöne näme üçin? Näme üçin? Nämesine gerekdi? Bu gaty aýylgançlyk ahyry... Näme üçin muny beýtdiňiz?.. Siz meň dostum ahyry. Salýeri gymyldy-hereketsiz sesini-üýnüni çykarman dur. Aý, ýok!.. Ýok!.. Bu siz ekeniňiz-ä! (Garnyna ýapyşýar.) Siz! Siz, şol... şol... (Aýaklaryna galýar.) Stansi mamla eken!.. Boldy. Başymda nämeler gopan bolsa ― barysy siziň işiňiz! Dogrumy? Dogry aýdýan gerek? Salýeri (gygyrýar). Hawa! Aýylganç dymyşlyk aralaşýar. Soňra ol çalt-çalt gaýtalaýar. Hawa! Hawa! Soňra şeýdenimi boýun alybam, ahy-nala, sojama, dady-perýada geçip, muny tutuş dünýä üçin gaýtalaýar. Hawa! Hawa! Hawa! Hawa! Hawa! Hawa! Mosart (ýuwaş, düşünmeýän terzde). Eýsem, näme üçin? Böwşeňlik. Salýeri (ellerini ikiýana gerip). Sebäbi seň ganhoruň şeýle. Sen zerarly men dowzaha düşmeli! Mosart. Ýöne şeýtmek nämä gerek boldy? Salýeri sahnanyň düýbüne gidýär, Mosartam ellerini serip, onuň yzy bilen ýöreýär. Näme üçin?.. Näme üçin ahyry? Salýeri elini göterip, yşarat bilen ony sägindirýär. Ol Mosartyň ýüzüne alarylyp seredýär hem-de içýakgyç süýjüdillilik bilen gürleýär. Salýeri. Indi aýdaýyn: Sen meň pidam! Alla ýaryňyz bolsun... jenap! Ol dabara bilen Mosarta baş egýär hem-de duýdansyz ýerden çykyp gidiberýär. Gorky damary tirpildän Mosart dyzyna çöküp waýkyrýar. Mosart. Stansi! Stansi! Salýeri sahnanyň öňüne çykýar. Salýeri (tomaşaçylara). Ynha, şuň özi, şeýle bolupdy. Men gaty aňsatja ýalan sözledim!.. Ýalanyň özi agzymdan atylyp çykypdy!.. Näme üçin şeýle bolduka? Üçini şeýle ― säbäbi bu çyndy! Hakykatdanam, men oňa zäher berdim. Ýok, awy bilen däl. Siziň şu ýerde gören zatlaňňyzyň barysy bilen! Salýeri gidýär. Sahnanyň düýbünden eli kaporly KONSTANSIÝA peýda bolýar. Ol Badenden dolanyp gelipdir. Gelin sahnanyň öňüne tarap ýöreýär hem-de ellerini ýüzüne tutup ýerde ýatan adamsynyň üstünden barýar. Konstansiýa. Wolfi! Mosart (janyna jaý tapyp). Stansi! Konstansiýa (mähir-muhabbet bilen). Wolfi! Söýgilim! Mähriban ärjagazym! Kalbymyň soltany! Ol onuň gujagyna ýykylaňkyrlaýar. Mosart. Wah! Ol galpyldyly ýeňillik bilen Konstansiýa gysmyljyraýar. Gelin oňa usullyk bilen ýerden galmaga, stoluň daşyndan geçmäge hem-de kürsiniň ýanyna gelip, tomaşaçylara tarap öwrülmäge tekge berýär. Konstansiýa. Ezizim, ýör, ýanym bilen! Ine, ine, bärik gel... Ynha, şu taýyk... Halys tapdan düşen Mosart zordan oturýar. Mosart (çaga ýaly halys ýürekden gürleýär). Salýeri... Meni Salýeri öldürdi. Konstansiýa. Şeýle, ezizim. Şeýle. (Ol stoluň üstündäki şemleri, çüýşeleri, syýadany ýygnaýar.) Mosart. Hakyt ganyma galdy!.. Hut özem şony elin boýun aldy! Konstansiýa. Hawa, hawa. Elbetde, şol. (Ol iki sany ýassyk tapyp, olary stoluň çep gyrasyna goýýar.) Mosart (ynjyklyk bilen). Şonam maňa aýtdy... Şeýdenini maňa özi aýtdy!.. Konstansiýa. Ezizim, azajyk gürlemän otur. (Ol eňek atyp barýan adamsyna stoluň üstüne çykmaga goltgy berýär, häzir stol onuň krowatyna öwrülýär. Ol gyşarýar. Gelin onuň üstüne özüniň şalyny atýar.) Men ýanyňda. Men seň ýanyňa dolanyp geldim. Näme üçin ýanyňdan aýrylyp gitdimkäm? Zeleli ýok, indi mydama ýanyňda borun! Mosart. Salýeri... Salýeri... Salýeri... Salýeri... (Ol aglap başlaýar.) Konstansiýa. Rahatlan, ezizim. Hiç kim göwnüňe degmez. Seň ýanyňda ant içýän, basym gutularsyň. Sen meni eşidýäňmi? Hany, göreli. Wolferl, gaýrat et... hany-hany! Wolfi-polfi, ýalbarýan! Ýekeje pursatjyk! Rekwiýemden Lakrimoza ýuwaşja ýaňlanýar. Mosart ýeňsesini aýalynyň egnine goýup, sazy gowy diňlemek üçin azajyk garysyna galýar. Ol ysgynsyzlyk bilen elini sazyň owazyna goşup başlaýar. Konstansiýanyň oňa ýüzlenýän mahaly, biz onuň hyýalynda ybadat aýdymyny düzýändigini, ýöne onuň sözlerini eşitmeýändigini görýäris. Eger ýüregiňe düşen bolsam, pul meselesinde igämi sürten bolsam ― seň şuny bilip goýmagyňy isleýän, bulaň barysy boş gürrüňlerdi. Özüm bir lälijek gyz-da. Ezizim, özüňem meni läliksiredip bildiň-dä... Wolfi, sen gutulaýmaly... çünki sen bize ― maňa-da, Karla-da gerek, körpeje Fransa-da gerek. Ezizim, biz bary-ýogy üç sany, arkamyzda direnip duranymyzam ýok. Bizi ýalňyz goýmaweri. Sensiz ömrümiz küle döner. Özüňe-de o taýda, behiştde hezillik ýokdur. Sen bir çagajyk ýaly ahyry! Mensiz özüňi oňarmarsyň. Hatda özüňe etem dograp bilmersiň!.. Kalbymyň soltany, men bir akylyň öýjügi däl. Meň ýaly jikjiki bilen ýaşamagam saňa aňsat düşen däldir. Ýöne men pahyram aladaňy edipdim ahyry ― şuny boýun almalysyň. Şunam bilýänsiň; saňa şatlyk baryny-da getirendirin... Eşidýäňmi, meni? Depregiň sesi haýallaýr hem-de kesilýär. Seň bir zady bilmegiňi isleýän. Maňa öýlenen mahalyň durmuşymdaky iň gowy gündi. Demim gelip-gidip durka-da dünýädäki iň hormatly zenan borun!.. Sen meni eşidýäňmi? Ol birden Mosartyň amanadyny tabşyrandygyna düşünýär. Depe saçyňy düýrükdiriji aýylganç çirkin ses bilen gygyrýar, elleri biygtyýar ýokaryk göterilýär hem-de alaçsyz lapykeçlik yşaraty bilen doňup galýar. «Aweniň» belent akkordy gutarylman galýar hem-de dartgynly ýaňlanyp, jorta üzülýär. *** Sag tarapdan gara geýnüwli WENANYŇ ÝAŞAÝJYLARY girýär. KONSTANSIÝA dyza çökýär hem-de ses-selemsiz, gussaly görnüşde doňup galýar. Hyzmatkärler stoluň dört burçunda durýarlar, şo taýda MOSARTYŇ jesedi ýatyr. WAN SWITEN gelýär. Salýeri (sowuk-sala). Ölümi baradaky resminama laýyklykda, onuň böwrekleri işlemesini goýupdyr, şolam bedeniň çalt sowamagyna getiripdir. Ýüregi ýuka Lord Fuga gaty pes derejeli jaýlamak dessury üçin pul töläpdir. Ýigrimi sany merhum bilen birlikde umumy mazarda. Hatda mazar daşynam goýmandyrlar. Jesedi çukura gapgarypdyrlar, wessalam bolany. Wan Switen Konstansiýanyň ýanyna barýar. Wan Switen. Az-owlak haýyr-sahawat edip biljek pulumy size hem-de çagalaňňyza bererler. Bolgusyz zatlara harçlajak bolup ýörmäň. Hyzmatkärler stoly göterýärler hem-de ony usullyk bilen sahnanyň düýbüne alyp gidýärler. Wenanyň ýaşaýjylary-da olaryň yzyna eýerýärler. Salýeri. Şonda nähili duýgulary başdan geçirenimi bilýäňizmi? Elbetde, süňňüme rahatlyk aralaşdy. Şuny size boýun alaýyn. Ýöne, walla, nebsim agyrdy, ýogsa, şu jandary ýok etmäge hut özüm kömek etdim. Men nebsini agyrdyp bilýän kişi. Diňe Penakär nebsini agyrtmany bilenok. Olam Penakäriň dahanynda onuň şöhrata bolan doýmaz-dolmaz gysyklygy bilen jorta çat açdy. Wenanyň ýaşaýjylary dyza çökýärler, hyzmatkärler bolsa, Mosartyň jesedini bütinleý ses-selemsiz sahnanyň düýbündäki çukura oklaýarlar. Salýeri bilen Konstansiýadan başga barysy gidýär. Zenan herekete girýär hem-de ýerde dagap ýatan notalary yhlas bilen ýygnaşdyrýar. Salýeri ýene-de goja kişiniň sesi bilen gürleýär, onuň sesi durdugyça gaýgy-hasrata ýugrulýar. ... Konstansiýa barada aýdaňda bolsa, ol wagtyň geçmegi bilen ýene durmuşa çykdy, ýüzünde nur-bereket görünmeýän bir tutuksy diplomata bardy. Özem Mosartyň ähli mirasynyň şek-şübhesiz saklaýjysy hökmünde Zalsburgda, beýik kompozitoryň watanynda mekan tutdy. Konstansiýa ör turýar, şaly döşüne gatyrak çekýär hem-de soňra Mosartyň partituralaryny kükregine gysýar. Konstansiýa (yzzat bilen). Dünýäde şondan mähriban, gepi-sözi ýerlikli başga adam ýokdy! Süýjülikde ýaşaşan on ýylymyzyň içinde ondan ýekeje-de gödek, hondanbärsi ýa-da gaty-gaýrym söz eşitmedim. Onuň päkize durmuşy durşy bilen nura ýugrulan dury sazynda aýdyň şöhlelenýä!.. (Öz aýdýanlarynyň hakykatdygyna birjik-de şübhelenmän, sahnadan göwnühoş terzde çykyp gidýär.) Salýeri. Men henizem sazandalaň şäherinde ― Wenada ýaşaýadym hem-de il-günüň arasynda hormat-sylagdan ýüküm ýetikdi. Şeýle ýagdaý tutuş otuz iki ýyllap dowam etdi!.. Diňe köp ýyl geçenden soň Penakäriň maňa nähili jeza iberenine düşünip başladym. (Tomaşaçylara ýüzlenýär.) Jahyl mahalym kilisede men ondan nämäni haýyş edipdim? Şan-şöhraty haýyş etmanmidim näme? Şolam häzir artygy bilen bardy! Men Ýewropadaky iň meşhur sazanda öwrüldim!.. Şöhratyň bendisine baglandym! Onuň tyllaýy ummanynda gulaçlap ýüzdüm. Kekirdekden gark boldum! Barysy-da ýazan sazlammyň hormatyna, ýöne men şolaň gara şaýa degmeýänini bilýädim!.. Ynha, şu-da maňa arşdan gönderilen jezady! Sazyň näjüre zatdygyna düşünmäge ukyby bolmadyk adamlar ajaýyp kompozitor diýip meni götergileýädiler, menem muňa otuz ýylyň dowamynda sabyr-takatlylyk bilen çydap gezmäge höküm edilipdim. Şu aralykda Wenanyň ýaşaýjylary onuň öňünde dyza çöküp, sessiz hem-de aldygyna çapak çalýarlar, ellerini ýokaryk, has ýokaryk göteribem, onuň daşyny doly gurşap alýarlar. Ine, men ahyry şöhratdan gerk-gäbe ganamsoň, ondan ýaňa aňrym-bärik gelip, ýüregim bulanyp başlady ― ol özüniň iň soňky zarbasyny çotgasy bilen ussatlarça maňlaýyndan aýlap saldy! Daş-töweregimi-de ümsümlik diwary bilen gurşady! Wenanyň ýaşaýjylary doňup galýarlar. Şol şan-şöhratymy-da düýbi-teýkary bilen elimden aldy. Wenanyň ýaşaýjylary ondan ýüzüni öwürýärler hemde biparh görnüşde sahnadan gidýärler. Mosartyň sazy gitdigiçe güýjäp gidip otyrdy, güýjäp gidip otyrdy, meňkem doly ýatdan çykyp otyrdy, ýatdan çykyp otyrdy!.. Duşmanyňam duşmany! Rehimşepagatsyz Penakär! Perde goýberilýär. Hyzmatkärleriň biri maýyplaryň kürsüsini getirýär. Başga biri Salýerä onuň köne haladyny hemde telpejigini berýär. Ol oturtma saçyny aýyrýar hemde ýene goja öwrülýär. Yşyk üýtgeýär, sagat altynyň zaňyny urýar. Biz on dokuzynjy asyra gaýdyp gelýäris. 13. Salýeriniň giň, kaşaň öýi. Hyzmatkärler çykyp gidýär. Salýeri. Inede, şapak gyzardy. Indi size ejaza bermegiň wagty geldi. Hany, bir dakyka tagapyl kylyp çydaň bakaly, şonda bary gutarýa. Düşünýäňizmi, men beýle höküm bilen ylalaşasym gelenok. Adymsorum tutulmazdan, ýele sowrulyp gidip biljek däl! Aý ýok! Penakäriň ömürlik gynapörtäp, masgaralamak gezmegi üçin ýagty jahana gelmedim ahyry! Meň başgada bir artykmaç emelim bardyr. Ana, göreris şonda onuň näme etjegini. (Tomaşaçylara ýaşyrynlyk bilen.) Soňky hepdäň tutuş dowamynda şol ölüm barada sesime bat berip gygyrýan. Şony siziň özüňizem eşidensiňiz. Ýadyňyza düşýämi? «Mozart, Mosart! Ganhoruňy bagyşla!» (Sahna eseriniň başyndaky ýaly, pyşyrdy eşidilýär, ilki ýuwaş, soňra gaty ýaňlanýar. Ol opera kontrapunktunyň kadalaryna pugta laýyklykda, Salýeriniň berýän gürrüňlerini utgaşykly alyp gitmek bilen güýjeýär.). Pyşyrdy (ýuwaşja). Şola Salýeri! Salýeri (ýeňijiniň begenji bilen). Men muny bilgeşleýinden etdim!.. Hyzmatkärlemmem myşmyş gybaty şähere ýaýratdy! Pyşyrdy (gatyrak). Şola Salýeri! Salýeri. Täzelik köçeden-köçä uçupgonup kebelekleýädi! Pyşyrdy (gatyrak). Şola Salýeri!.. Şola Salýeri!.. Salýeri. Ynha, indem meň adym ähli kişiň dilinde! Wena bir gepgybatyň şäheri, ahyry özüne laýyk töhmete eýe boldy! Pyşyrdy. Şola Salýeri!.. GANHOR!.. GANHOR!.. SALÝERI GANHOR!.. Salýeri. Ynha, dostlam, indi olar muňa ynansalar gerek! Meň aýylganç ölümimiň habaryny eşiden mahallary, olar bu toslama hemişelik ynanarlar! Mundan beýläk barysy başgaça bolar ― çepbesine çöwrüler. Mosartyha ýagşylykda ýatlarlar ― şonda menem ýigrenç bilen ýatlarlar! Onuň şanşöhraty gümmürdedigi saýy, meni näletlejekler hasam köpeler. Barybir, adym ömürlik galar!.. Penakär muňa böwet bolup bilmez!.. (Içýakgyç gülýär). Şondan ötri, Signore, adamy şeýdip wejera edip bolýanynybolmaýanyny entejik görübiris! (Jübüsinden päkisini alyp, onuň dilini çykarýar hemde tomaşaçylara mylakatlydan sadalaç ýüzlenýär) Gadyrdan dostlar. Dünýä inen mahalym maňa iki sany gulakdan başga hiç zat peşgeş berilmändi. Diňe saz diňläp, ylahylygyň bardygyny bilipdim. Diňe saz ýazmak arkaly oňa tagzym kylyp biljekdim. Daştöweregimdäkiler ynsan haklary barada göwün ýüwürdýädi. Men bolsam, diňe mukamyň sazlaşmagynyň arzuwyny edýädim. Daştöweregimdäkiler adamzadyň erkinliginiň teşnesidi. Men bolsam, sadyklygyň küýsegindedim. Diňe sazyň Pirine boýun bolasym, şoňa gutarnykly degişli bolasym, tutuş durkum bilen berlesim gelýädi! Ýöne haýyşym alga alynmady, ret edildi. Indi özüm alamata öwrülmek üçin gidýän. Siziň ýaşamak döwrüňiz gelen mahaly men bärde, kölegede bolaryn. Bardygeldi nämedir bir zatda paltaňyz daşa degip, şowsuzlyga uçrasaňyz hemde ýeňip bolmajak, özüňizi ret eden Penakäriň içýakgyç gülküsini eşitseňiz, onda men, ortatap, ýönekeý adamlaň Keremli Howandary, siziň gulagyňyza Salýeri diýip öz adymy pyşyrdaryn. Şonda özüňiziň gussa çöken ýüregiňiziň töründen menden günäňiziň ötülmegini haýyş edip bilersiňiz, menem sizi bagyşlaryn. Hoş galyň! Ol özüniň damagyny çalýar hem-de kürsä ýykylýar. Ertirlik üçin bulkajyk bilen tabagy getirýän AŞPEZ muny görüp, çirkin gygyrýar. HYZMATKÄR beýleki tarapdan ýüwrüp gelýär. Ikisi bilelikde bükülen, demsizdüýtsüz gabarany sahnanyň düýbüne eltýär hemde orruk ortarada goýýar. Ýenede WENTIÇELLILER peýda bolýar. Birinji. Bir müň sekiz ýüz ýigrimi üçünji ýylyň noýabrynda Bethowen bilen edilen gürrüňçiligiň depderinden. Gelipgidýänler ker kompozitora şäheriň ähli täzelikleri barada ýazyp berýäler. Ikinji (okaýar). «Salýeri öz damagyny çalypdyr, ýöne entegem demi gelipgidip dur!». Salýeri gozganjyraýar, direlýär hemde eýmenmek bilen daştöweregine ýaltaklaýar. Aşpezdir Hyzmatkär gidýär. Ol tomaşaçylara aňalyp seredýär. Salýeri. Ähli döwürleň hem-de halklaň ortatap, ýönekeý adamlary! Siziň günäleňňizi hemişelik bagyşlaýan. Ämin! Ol ellerini ýokaryk gerýär, soňam misli, ýygnanan märekäni bagryna basmak hem-de olara ak pata bermek isleýän ýaly, her elini bir tarapa uzadýar. Şundan soň bolsa, ellerini döşüne goýýar. Yşyk doly öçýär, zalda-da Mosartyň ýas marşynyň iň soňky dört takty batly ýaňlanýar. PERDE. Terjime eden: Çary GELDIMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |