20:17 Anadolyda Osman türkmenlerinden ozalky miniatúura | |
ANADOLYDA OSMAN TÜRKMENLERINDEN OZALKY MINIATÝURA
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
Tanymal alym Oktaý Aslanapanyň ýazmagyna görä, Anadoluly türkmenleriniň miniatýura sungatynyň başlangyjyna degişli golýazma eserleri azdyr. Şeýle-de bolsa, ol miniatýuralar Anadolydaky Seljuk türkmenleriniň döwletiniň we Türkmen beglikleriniň döwrüne degişli bolup, özboluşly häsiýeti özlerinde saklaýarlar. Olaryň biri, Parižiň Milli kitaphanasynda saklanylýan (Persan 174), 1271-72 senelerinde Aksaraý we Kaýseride taýýarlanandygy bilinýän, ýazarynyň hem-de nakgaşynyň Siwaslydygy görkezilen, 146 ýaprakly nesih haty bilen ýazylan miniatýuraly golýazmadyr. Üç bölümden ybarat kitabyň birinji bölüminde Ibn el-Sijistany, özüniň musulmanlaryň ýaşaýan ähli ülkesini gezendigini, jady suratlary, ýyldyz pallary, «tilsimdir reml» bilen meşgullanan bir kişidigini tanadypdyr. «Kitab-y dakaýyk al-Hakaýyk» atly ikinji bölüm, hijri 670-nji (milady 1271- nji) ýylda Aksaraýda ýazylypdyr we ýazaryň ady bu ýerde Nasreddin Muhammet ibn Aly el Sijistany diýlip görkezilipdir. «Munis el-Hawarif» atly soňky bölüm h. 671-nji (m. 1272-nji) ýylda Kaýseride Nasyr el-Rammal al Sahaty al-Siwasy atly ýazar tarapyndan ýazylypdyr we bu bölüm Anadoly Seljuk türkmenleriniň soltany Gyýaseddin Keýhusrew III bagyş edipdir. Sijistandan gelip Siwasda ýerleşen ýazar eserine miniatýuralary hem çekipdir. Miniatýuralara, çekiliş usuly boýunça seredeniňde onuň bir elden çykan eserlerdigini görse bolýar. Kompozision sazlaşygy başyndan soňuna çenli üýtgemeýär. Anadolydaky türkmenleriň arasynda nakgaşlyk sungatyna bolan gyzyklanma bu ýeriň topraklarynda Anadolydaky Seljuk türkmenleriniň döwletiniň çagşamagyndan soňraky döwürlerde güýç-kuwwat gazanyp, özleriniň beglik şeklindäki döwletlerini guran beglikleriň hökümdarlarynyň bu sungata hemaýat edip goramagy bilen başlanypdyr. Golýazmalaryň içine çekilen we häzirki döwürde «minianýura» diýlen bu sungat şahasy entek dörän döwürlerinde «surat», «nakyş», «teswir», «resim» şeklinde atlandyrylypdyr we bu sungat bilen meşgullananlara «nakgaş», «ressam», «musawwir» diýlipdir. Ýene bir belläp geçilmeli zat, suratly nusgalar ýogam bolsa, kitap sungatynyň goraýjylygyny XIV asyrda Garamanogullary türkmen begleri we Germiýanogullary türkmen begleri, XV asyrdan başlabam Osman türkmenleriniň patyşalary edipdirler. Anadolydaky Seljuk türkmenlerinden soňraky döwürlere miniatýura sungaty babatda seredilende, ol döwürlere Nusgawy (klassyk) Osman türkmenleriniň miniatýura ýoluna taýýarlyk döwürler atlandyryp bolar. ■ Osman türkmеnlеriniň döwri (1299-1922 ýý.). Osman türkmеnlеriniň döwrünе dеgişli miniatýuralar bolsa, Stambul, Edirnе, Bursa, Amasýa, Konýa, Bagdat, Mosul hеm-dе Müsür ýaly mеrkеzlеrdе çеkilipdir. Bu miniatýuralarda köşki-saraýlaryň durmuşy, soltanlardyr emeldarlar bilen baglanyşykly görnüşler, söweş sahnalary, şäher şekilleri, hünärmentleriň dabaradan geçmeleri we soltanlaryň, asylzadalaryň portretleri ýaly suratlar berlipdir. Osman türkmenlerinde hem, edil Seljuk türkmenlerinde bolşy ýaly, patyşalaryň ýany bilen wezirler, welaýatlaryň walylary, şazadalar, hanym soltanlar, döwlet adamlarydyr emeldarlar sungaty hemaýa edijiler, goraýjylar bolupdyrlar. Osmanlaryň saraý-köşklerinde nakgaşlar ähmiýetli ýeri eýeläpdirler. Osmanlar döwründe hem «nakgaşhana» diýlen köp sanly işhanalar XV asyryň başynda Çelebi soltan Mehmet (Mämmet), soltan Myrat II we olaryň döwlet adamy Umur beg ýaly asylzadalaryň hemaýat etmeginde Bursadan Edirnä geçirilipdir. Miniatýuralaryň ilkinji nusgalary döredilmegi bu geçirilmeden soňky döwürlere gabat gelýär. Şol döwürleriň miniatýuralanan eserleriniň hatarynda: «Dilsuznama», «Kulliýat-i Katibi», Anadoly edebiýatynyň tanymal şahyry Ahmediniň «Iskendernama» eseri, «Hysrow we Şirin», «Hamsa», «Kalile we Dimna», kätip Derwüş Mahmyt bin Abdylla Nakkaş tarapyndan ýazylan «Şaname-i Melik-i Ümmi» ýaly eserlerdir. Osman türkmenleriniň döwletini edara edijileriň hemaýasy bilen XVI asyryň başy, miniatýura sungatynda iň bir önjeýli döwrüň başlangyjy bolupdyr. Aýratyn hem soltan Selimiň döwri Gündogardan getirilen sungat adamlary bu ýeriň nakgaşhanalarynyň belli bir düzgün-kada gelmegine täsirini ýetiripdirler. Bu döwrüň miniatýurlanan eserleriniň hatarynda Attaryň «Mantyk At-Taýr» eseri we beýlekilerdir. Soltan Süleýman Kanunynyň döwründe (1520-1566 ýý.) suratly taryh kitaplary bolan «Süleýmannamalar» ýazylypdyr. Matrakçy Nasuh 1552-nji ýyla çenli bolan Osman türkmenleriniň taryhyny – «Mejmua el-Taryh» eserini ýazypdyr. Eseriň başky bölümine «Tewarih-i Al-i Osman», soňky bölümine-de «Süleýmannama» adyny beripdir. «Tewarih-i soltan Baýezit» hem suratlar bilen bezelen taryhdyr. Osmanlaryň miniatýurlanan edebi eserleriniň hatarynda Firdöwsiniň «Şanama» eseri, Nyzamynyň «Hamsa» eseri, Arifiniň «Süleýmannama» eseri we beýlekiler degişlidir. Soltan Selim I döwrüne degişli «Selimnama» taryhy eseri 1525-nji ýylda suratlar bilen işlenipdir. Osman köşkü-saraýynyň nakgaşhanasynda XVI asyryň ilkinji ýarymyndan soňra öňki döwürleriň kätipleriniň, musawwirleriniň (suratçylar) we müzehhipleriniň (altyn çaýyjylar) täk ýapraklar atlandyrylan kagyzlarda işlemeklerini bir ýere jemleýän murakka (nagyş salma) surat çekilişi ýaýbaňlanypdyr. Murakkanyň meşhur suratkeşi Şaguly (Şah Kuly) nakgaşdyr. Soltan Myrat III döwri (1574-1595 ýý.) özboluşly miniatýuralaryň döredilen döwrüdir. Türk taswir sungatyny beýik derejä ýetiren ussatlar Nakkaş Osman we Seýýid Lokman bolupdyr. Bu suratkeşler Osmanlaryň goşunlarynyň Ýewropany, Afrikanyň we Aziýanyň dürli ýerlerine eden harby saparlaryny suratlar bilen teswirläpdirler. XVII asyr nakgaşhanalaryň örgütlenip ýola goýluşynda durgunlyk döwrüniň başlanan we miniatýura sungatynyň önümçiliginiň pese gaçan asyry bolupdyr. Bu döwrüň tanymal suratkeşleri Talikizade we Nakkaş Hasandyr. «Egri Fetihnama» olaryň eseridir. Galandar (Kalender) Paşa tarapyndan düzülen «Palnama» («Falname») suratlar we hatlardan ybarat murakkadan emele gelipdir. Soltan Osman II Hotine eden saparyny teswir edýän «Şanama» hem nakgaş Nadiriniň we ýene bir nakgaşyň suratlary bilen bezelipdir. XVII asyryň soňunda Hüseýin Musawwir Adam atadan başlap Osmanlaryň soltany Mehmet VI çenli patyşalaryň portret suratlaryny çekipdir we oňa «Silsilenama» adyny beripdir. XVIII asyrda Osman miniatýurasynda Günbatar suratkeşliginiň täsiri güýçlenip, täzeleniş bolup geçipdir. Bu ülkäniň miniatýura sungatynyň çöküşi bolsa XIX asyrda bolup geçipdir. K.BAÝRAMOW, A.ALMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |