12:10 Andreý Platonow: Siz az söýýäñiz, az görýäñiz | |
ANDREÝ PLATONOW: SIZ AZ SÖÝÝÄÑIZ, AZ GÖRÝÄÑIZ
Sözler
Rus ýazyjysy Andreý Platonow (1899-1951) Sosialistik rewolýusiýanyñ ideologiýasyny taýýarlamak üçin Çernyşewskiden Gorkä çenli ussat ýazyjylaryñ eserlerini, Maýakowskiniñ rewolýusion şygyrlaryny, Repiniñ surat eserlerini ulanan teoretikleriñ we praktikantlaryñ rewolýusiýadan soñ edebiýata gelen nesillere garşy ulanan ýaraglarynyñ birem ýene Maksim Gorkiý bolupdy. Otuzynjy ýyllaryñ başynda bularyñ barsyna düşünen Maksim Gorkiý üçin indi hemme zat gijem bolsa, 1937-nji ýylda dürli milletlerden bolan ýüz müñlerçe intelligentiñ azat pikirleri sebäpli ölüm jezasyna höküm edilmegi üçin bir süri lýumpen ýetişipdi. Ine, iñ gynançly ýeri-de, XX asyr rus edebiýatynyñ iñ zehinli ýazyjylaryndan bolan Andreý Platonowyñ (1899-1951) otuz ýaşynda ýazan deñsiz-taýsyz powestiniñ çap edilmegine garşy çykanam Maksim Gorkidi. Emma edebiýata çemeleşmede tebigy taýdan ideologiýany bir ýana goýup, sa:p dogruçyllygy, esere sarp edilen zähmeti, bildirilýän ynamy hasaba goşanyñyzda, hemmetaraplaýyn kriteriýalara kybap diñe Russiýada däl, dünýä derejesinde-de Platonowa Gorkiden has köp üns berilýändigine şaýat bolarsyñyz. 28-nji awgustda 125 ýaşyny dolduran Andreý Platonowyñ ady 17 ýaşyndaka döredijilin işine başlan Woronež şäheri bilen manydaş söze öwrüldi. 2011-nji ýyldan bäri berlip gelinýän Platonow adyndaky baýragyñ eýeleri Russiýanyñ dürli ugurlardaky iñ saýlama döredijilikki adamlarydyr. Munuñ iñ geñ ýeri-de, Moskwadaky M.Gorkiý adyndaky Dünýä edebiýaty institutynda açylan A.Platonow bölüminiñ Russiýada bolşy ýaly, dünýäde-de M.Gorkiden has köp gyzyklanma bildirilýänligi. Edil 1920-1950-nji ýyllaryñ SSSR-iniñ gol-aýaklaryna gandal urlan edebiýatçysy Mihail Bahtiniñ adyny göterýän institutyñ Parižde açylyşy ýaly. Döwrüniñ azat pikirli döredijilik adamlarynyñ ýoluny baglan diktatorlaryñ iñ uly goldawçysy şol ýazyjy-şahyrlaryñ şahsy bähbidinden başga hiç zadyñ pikirini etmedik galamdaşlarydyr. Şonuñ üçin ilkinji nobatda şolary näletlemek gerek. Stalin SSSR-iniñ 1937-nji ýylda başdan geçiren ýüz müñlerçe ölüm permanynyñ biziñ günlerimizde Putiniñ Russiýasynda başgarak formada gaýtlanýandygyny görýäris. Azerbaýjanda hem günde-günaşa görýänlerimiziñ 37-ni küýsetmeýändigine ynanaýyñ! Ýagdaý şular ýaly dowam etjek bolsa, şu soraglary ýene bir gezek orta atmaly bolýar: Intelligensiýanyñ ýüz müñlerçe wekilini ölüm jezasyna höküm eden Staliniñ ady bu gün nälet okamak bilen ýatlanýan bolsa, siz näme üçjn gargyşiñen mahlugyñ ýörän ýolundan ýöreýärsiñiz, eý diktatorlar? Her döredijilik adamsynyñ üstünde guran basyş we ýok ediş maşynyñyzyñ aýlanyp-dolanyp öz başyñyzdan towkynälet bolup asylýandygyny göreñzokmy? Hamana her jümlesinde "wyždan" diýlen Andreý Platonowa rowa görlen şonça horluklar siziñ wyždanyñyzy oýandyranokmy heý? Oýandyrmaýan bolsa, onda boýnuñyzdan asylan şol "towkynälet" bilen keýpi-sapaly durmuşda döwran sürüberiñ. Noş bolsun... Ynha, Andreý Platonowyñ galamyndan dökülen biri-birinden gymmatly jümleleriñ käbiri: * * * Men ýaşaýaryn, düşünmeýärin. Siz bolsa pikir edip ýaşamaýarsyñyz we hiç zady görmeýärsiñiz. Hatda adamy uýa ýaly, adagly ýaly aýrylmaz we wepaly söýübem bileñzok. Siz az söýýäñiz, az görýäñiz. Sungat iñ ýönekeýinden iñ çylşyrymlysyny beýan etmekdir. Sungat suratlandyrmagyñ iñ ýokarky formasydyr. Kämahal meniñ jemgyýetçilik geljegimiñ bolmadyk, diñe özüm üçin gymmatly geljegim bar. Näme bolanda-da manysyz derejede agyr - hiç hili gözýetim ýok, diñe gury agyr iş, uzyn we sessiz "tambow" (A.Platonowyñ inžener bolup gidip, ýazyjy bolup ýetişen rus şäheri. Platonow hatynda şäheriñ adynyñ baş harpyny kiç ýazyp, özünem goşadyrnaga alypdyr. -M.A.) "Hekaýa ugrat, ony ugrat, muny ugrat" diýip ýazýarsyñyz. Meniñ ýeke kellämiñ we ýeke ýüregimiñ bardygyny bilýänsiñiz-ä? Men motor ýaly işläp bilemok. Adamlar pikirleriñ hemmesini öñden toslap tapypdyr. Pikirlerimiziñ hemmesi köne, emma duýgular hemişe täze. Durmuş meni ýigitlikden mahrum edip, göni çagalykdan garratdy. Adamlar ýeke özi keselleýändigi sebäpli ölýär, olary söýmäge adam bolmaýar. Meniñ şahsy pessimizmim bar, optimizm bolsa doly sosial häsiýetde. Ýazýan her bir setirim kalbymda parçalanan närseden iýmitlenýär. Umuman alanda hakyky ýazyjy şol bir şahsyýetde özüni gurban eden we synaglar geçiren adamdyr. Emma bu bilgeşleýin edilýän zat däl, öz-özünden ýüze çykýar. Ýöne bu ýagdaý ýazyjynyñ şahsy takdyryny zerre ýaljagam ýeñletmeýär. Ýazyjy gutulgysyz görnüşde gan ýitirýär. Men iñ gowy durmuşyñ bosagasynda durun. Çeper döredijilik ösüşde. Meni hemme ýerde öwýärler. Täze dünýä gitdim, aýratyn üns berdiler. "Librettodyr", "Ýepofan geçelgeleriniñem" üsti gyzyl el. Muny nämüçin ýazýaryn? Ine, şundan. Munuñ maña gerek däldigine düşündim. Içimde bir zatlar berk we yza beriji görnüşde üýtgedi. Görýänimden we duýýanymdan başga hili ýazyp bilmerin. Emma meniñ gatlagymyñ talap edýän zadyny ýazmalymyş. Men beýle bolmagyny islemeýändigime garamazdan, peýdaly maslahatlar bilen däl-de, "gulagyma pyşyrdap" öwredýärler. Emma horluklara döz gelip we mugallymsyzam öwrenip bolýar. Men Makara simpatiýa duýup ýazýaryn. Simpatiýa duýmak döredijilikde wyždanly bolmagyñ ýoludyr. Bütin bu zatlaryñ netijesinde iñ agyr döwürler meniñ üstümi basdy. Hiç mahalam meniñ üçin bular ýaly agyr bolmandy. Hem men doly ýalñyz. Tanyş-bilişlerimiñ barsy galp bolup çykdy, men olara gerek däl ekenim. Toşa ölüp barýarka-da: "Möhüm, möhüm, iñ möhümi" diýýärdi. Ol iñ möhüm zady aýtman õlüp gitdi. Şeýdibem iñ möhüm zatlar mazara gidýär. Maýis ALIZADE. Ýekşenbe, 08.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |