21:14 Anna Muhammedow | |
AÝRALYK
Taryhy şahslar
Biziň bu söhbetimiz Anna Muhammedow hakynda. Öňki zamanda garybyň ogly bolan ol ýönekeý işçilikden, Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretarlygyna çenli ösüp ýetişdi. Ilkibaşdan okyjylara düşnükli bolmagy üçin onuň gysga, ýöne uly göreşleriň içinde geçen manyly ömrüniň ýyl ýazgylaryna ser salalyň: 1900-njy ýylda doglan Anna heniz on bäş ýaşyndaka Aşgabat demir ýoluna işe girýär. Ol bu ýerde 1922-nji ýyla çenli işleýär. Şondan soň ol zähmeti goramak boýunça inspektor, soňra içeri işler organlarynda işleýär. 1926-njy ýylda bolsa ony TSPS-iň başlygynyň orunbasarlygyna saýlaýarlar. 1929-njy ýyldan ol TK (b) P Merkezi Kontrol Komissiýasynyň başlygy hem-de işçi-daýhan inspeksiýasynyň halk komissary. Soňra TKP (b) P MK-nyň sekretary wezipesinde işleýär. 1932–33-nji ýyllarda Anna Muhammedow BK (b) P MK-nyň Orta Aziýa Býurosynyň sekretary. Moskwada iki ýyl okandan soň, ol 1935-nji ýylyň martynda TK (b) P MK-nyň III Plenumynda TK (b) P MK-nyň ikinji sekretarlygyna saýlandy. 1937-nji ýylyň başlaryndan A. Muhammedow TK (b) P MK-nyň birinji sekretary bolup işläp başlady. Gowusy, geliň, onuň ömür ýoly hakda – partiýanyň weterany Annaguly Artykowyň ýatlamasyna gulak asalyň. Gürrüňiň gidýän döwri Anna Muhammedowyň TK (b) P Merkezi Kontrol Komissiýasynyň başlyklygyna ýaňy saýlanan wagtydy. A. Artykow bolsa partiýanyň Kerki okrujkomynyň sekretary wezipesinde işleýärdi. ...Kerki okrugynyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gyzgalaňly zähmet joşýardy. Synpy göreşiň kyn şertlerinde ägirt uly hojalyk işleri alnyp barylýardy. Kolhozlar ýaňy gurlup başlapdy. Ekerançylyk işleriniň şeýle gyzgalaňly pursatynda hem daýhan hojalyklarynyň üstüne uly howp abandy. Günorta tarapdan biziň üstümize ägirt uly çekirtge sürüsiniň süýşüp gelýändigini habar berdiler. 1929-njy ýylyň baharynda çekirtge Türkmenistanyň, şol sanda Kerki okrugynyň hem üstüne uly howp bolup indi. Çekirtgäniň gelşi görlüp-eşidilen zat däldi. Olar uçanda gögüň ýüzüni gara bulut gaplap alan ýaly bolýardy. Çekirtge howpunyň öňüni almak üçin uludan-kiçä hemme kişi aýaga galdy. Türkmenistan SSR-iniň hökümeti çekirtgä garşy göreşmek üçin adatdan daşary çäreler kabul etdi. TSSR Halk Komissarlar Soweti ilki bilen çekirtgä garşy göreş boýunça adatdan daşary hukukly komissiýa döretdi. Dynuwsyz göreş gije-gündiz alnyp barylýardy. Okrugymyza komissiýanyň ygtyýarly wekili edilip Anna Muhammedow iberilipdi. Onuň kabineti hemişe köp adamlydy. By ýere okrugyň ähli raýonlarynda işleriň gidişi barada yzygiderli maglumat berlip durulýardy, şoňa görä-de zerur çäreler bellenýärdi. 1929-njy ýylyň 24-nji iýulynda ol ýere okrug ispolkomynyň başlygynyň orunbasary Malyşew gelip: – Okrugdaky ýagdaýy iňňän howply hasap etmeli–diýip habar berdi. Uçýan çekirtgeler okrugyň ähli ýerine aralaşypdyr. Gyzylaýak, Çarşaňňy, Garlyk raýonlaryna bolsa çekirtgeler gumdan uçup gelmeklerini dowam etdirýärler. Anna Muhammedow ondan: – Çekirtgeleriň täze tohum taşlan ýerleri barmy? —Olar tohum taşlamaklaryny häzirem dowam etdirýärler—diýip, Malyşew jogap berdi. Soňra ol birnäçe maglumat getirdi. –Doly däl hasaplamalara görä, çekirtgeleriň täze nesliniň döräp başlan ýerleri 2 müň 500 gektara ýetýär. – Çekirtgeleri ekerançylyk meýdanlaryna gelip ýetmänkä ýok etmek üçin nähili taýýarlyk görüldi? Hemme mümkinçilikleri şu işe gönükdirmek gerek. Iň esasy zat, çekirtge sürüsini medeni zona goýbermän ýok etmekden ybarat. Bu bolsa biziň ullakan iş etdigimiz bolar. Malyşew bu işe ýörite otrýadlaryň iberilendigini, olaryň eýýäm gyzgalaňly iş alyp barýandyklaryny gürrüň berdi. Şol wagt hem kabinete okrug ýer bölüminiň işgäri girdi. Ol bizi soňky alan maglumatlary bilen tanyş etdi: – Çarşaňňydaky upolnomoçennynyň berýän maglumatlaryna görä, raýon boýunça 15 gektar gowaçany çekirtge bütinleý ýok edipdir. 12 gektara bolsa zyýan ýetiripdir. Mundan başga-da, raýon boýunça 15 gektar ýorunja meýdany bütinleý ýok edilipdir. Garlyk raýonynda 300 gektar gowaça meýdanyna, Halaçda bolsa 4 gektara zyýan ýetiripdir. Hemme ýerlerde hem çekirtgä garşy gyzgalaňly göreş alnyp barylýar. Anna Muhammedow maglumaty üns bilen okap çykdy-da: — Şu howply uçastoklara özümiziň gitmegimiz gerek— diýip, bize ýüzlendi. Iň howply diýlip üç uçastok Halaç, Gyzylaýak, Kerki raýonlary saýlanyp alyndy. Ol çekirtgä garşy göreşi güýçlendirmek üçin anyk çäreleri belledi... *** TK (b) P Merkezi Komitetiniň sekretary Anna Muhammedow eli sypyndygy adamlar bilen söhbet etmegi, olaryň iş aladalary bilen ýakyndan tanyşmagy halaýardy. Ine, şol söhbetdeşligiň biri hem şeýle ýagdaýda geçipdi. Ol respublikamyzyň öňdebaryjy çopanlaryny kabul edipdi. Bu gürrüňdeşlige respublikamyzyň dürli ýerlerinden gelen Juma Geldi, Orak Omar, Aýdogdy Gaýyp, Porsy Gurban, Pir Gurban, Sähet Geldi, Meret Myrat ýaly stahanowçy maldarlar gatnaşýardy. Ilki bilen Anna Muhammedow olaryň hal-ýagdanyny soraşdyrdy. Gazanylýan üstünlige begenýändigini emma işiň hemme ýerde gulala-güllük däldigini hem aýtdy. Saragtly çopan Pir Gurban söze goşuldy: — Gaty dogry aýdýaňyz, ýoldaş Anna Muhammedow! Gynansak-da, aramyzda öz işine sowuk-sala garaýan adamlar bar. Ine, arada biziň sowhozymyzda şeýle bir waka boldy. Bir çopanyň sürüsinden 150 goýun gürüm-jürüm boldy. Sürä möjek darandyr diýseňem, ona-da meňzänok. Garaz, çopandan şol goýunlaryň nirededigi soralanda, ol jogap bermeden-ä geçen, gaýtam töweregindäkilere sögünç baryny ýagdyrdy. «Il malyny bendesi gysganar etme» diýip, içýakgyç jogap berdi. Elbetde, ol çopan berk temmisini aldy. Bu wakadan biziň ýolbaşçylarymyz habarly bolmaly. Anna Muhammedow «Türkmengaraköli» trestiniň naçalnigine nazaryny aýlady. Trestiň naçalnigi rus adamsy wakadan habarly bolara çemeli. Ol «Habarym bar. Günäkärlere çäre görüldi» diýen äheňde baş atdy. «Samsonowo» sowhozyndan gelen çopan Juma Geldi Anna Muhammedow bilen ýanaşyk otyrdy. Ol bu çopany öňdenem tanaýardy. Onuň gazanýan üstünlikleri köplere mälimdi. Gepiň gysgasy, ol hakyky stahanowçydy. Kabul edişligiň öň ýanynda Anna Muhammedow bilen Juma Geldi gürrüňdeş bolupdylar. TK (b) P Merkezi Komitetiniň sekrstaryna çöl merdanynyň paýhasly gürrüňleri ýarapdy. – Ýoldaş Anna Muhammedow, biziň sowhozymyza baryp gaýdanyňyz gaty gowy boldy. Indi bize sala salýarlar. Aşgabada-da ýatlap çagyranyňyz üçin köp sag boluň! – Näsini aýdýan, Juma Geldi! Eýsem-de bolsa, indi ähli baýramyň, ähli eşretiň hakyky eýeleri özüniň ahbetin! – Bize goýulýan hormat-sylag biçak galyň. Munuň üçin hökümetden gaty minnetdar. Juma Geldi şeýle diýdi-de, öz obalarynda bolan bir wakany gürrüň bermäge durdy. Waka şeýle bolupdy. Juma Geldi köne çopandy. Ol rewolýusiýadan öňem çopançylyk edip, baýlaryň sürüsiniň yzynda kän entäpdi. Şonuň üçinem ol çöldäki guýularyň hemmesine bäş barmagy ýaly beletdi. Ine, sowhoz ýolbaşçylary sürüleri—17 müň dowary çöldäki guýulara tarap sürmegi tabşyrýarlar. Emma Juma Geldi ol guýulardaky suwuň azalandygyny, munça dowara onuň nemem bolmajakdygyny näler düşündirjek bolýar. Emma onuň diýenini etmän, sürüleri şol diýilýän guýulara tarap kowýarlar. Emma suw ýetmezçilik edýär. Süriniň düşen agyr ýagdaýyna döz gelmän, çopanlaryň suwuň üstünde garpyşmagyna az galýar. Olar guýynyň içine girip, bedreli suw çykarjak bolup synanyşýarlar. Emma olam oňly netije bermeýär. Teý ahyry bolmansoň, sürüleri yzyna sürmäge mejbur bolýarlar. — Eýsem-de bolsa, munuň üçin kim jogap bermelikä? –diýip, Juma Geldi Anna Muhammedowyň ýüzüne seretdi. — Munuň üçin günäkärler öz temmisini alarlar! Şol kabul edişlikde Anna Muhammedowda çopanlaryň gürrüňleri uly täsir galdyrdy. Olar döwletiň, il-halkyň bähbidinden çen tutup, gürrüň edýärdiler. Olar hoşlaşyp çykyp gidenlerinden soň Anna Muhammedow çuňňur pikire batdy. Ony pikire batyran zat hem uly iliň garamaty ynanylan adamlaryň biagyrlygydy. Bu tetelli adamlaryň köre-körlük bilen goýberýän ýalňyşlyklarynyň öwezini dolmak üçin gör, näçe harajat çykarmaly bolýar. Duşmanlar öz göreş usullaryny üýtgedipdiler. Olar indi aç-açan däl-de, assyrynlykda, ýeriň asty bilen iş görýärdiler. Käýerde bolsa olar bilkastlaýyn aç-açan göreşe-de girýärdiler. Halaç raýonynyň Lenin adyndaky kolhozynyň partorgy Japarowy we onuň aýalyny duşmanlar gynap öldürdiler. Olar Japarowy özleri üçin uly howp saýýardylar. Duşman amatly pursat aňtaýardy. Duşmanlaryň pikirini raýkomyň öňki sekretary Ýanguzow aňsa-da, arkaýynçylyga salypdy. Ýa-da bolmasa, Stalin raýonynyň Kalinin adyndaky kolhozynyň başlygy Durdygylyç Pälwanow bilen bolan waka köpleriň ýüregini lerzana getirdi. Kolhoz başlygy ters wagyz ýöredýän adamlara garşy barlyşyksyz göreş alyp barýardy. Duşmanlar kolhozyň başlygyny öldürmek isleýärler. Netijede olar onuň iki ogluny öldürip, kolhozyň kassasyny talaýarlar. Ine, şol döwürde Anna Muhammedowyň ýolbaşçylygynda bu faktlara uly syýasy ähmiýet berildi. Duşmançylykly hereketiň her bir ýüze çykmasynyň halkyň gahar-gazaby bilen utgaşdyrylmalydygyny Anna Muhammedow birsyhly aýdýardy. — Soňky döwürde Daşhowuz okrujkomy we partiýanyň raýkomlary partiýa işine has çynlakaý çemeleşmek bilen ozalky goýberen ýalňyşlyklaryny sapak edinýärler. Emma muňa garamazdan, käbir raýkomlaryň işinde düýpli kemçilikler dowam edýär. Soňra ol Tagta raýkomynyň soňky iki ýylda partiýanyň raýon aktiwiniň ýygnagyny bir gezek hem geçirmändigini, raýkomyň býurosynyň bolsa partkomlaryň sekretarlarynyň biriniň hem hasabyny diňlemändigini berk tankyt edýär. Porsy raýonynda-da işleriň gidişi öwerlik däl. 1934-nji ýylyň bütin dowamynda raýkomyň býurosynyň mejlisiniň protokoly ýöredilmändir. Bu ýerde haýsydyr bir zatlar dogrusynda gürrüň edilipdir-de, hiç ýerde-de ýazylmandyr. Gaty geň ýagdaý. Partiýa dokumentlerini barlamak diýmek, uly bir syýasy ähmiýetli wakadyr. Işiň gidişinde raýkomyň sekretarlarynyň her bir partiýa çleni bilen aç-açan gürrüň etmäge, onuň bütin ömür ýoluny öwrenmäge doly mümkinçiligi bar. Bu olara aýdylýan söz bilen işiň deň gelýändigini ýa-da gelmeýändigini ölçemäge wagt berdi—diýip, Anna Muhammedow aýdýardy. Aşgabadyň partiýa guramasynda Dudkin atly biri uzak wagtlap diýen ýaly işläpdir. Ol hatda Oswaiahimiň Merkezi Sowetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde-de işläpdir. Ýöne onuň partiýa hataryna nirede girenligini we onuň nireden Aşgabada gelenligini hiç kim bilenokdy. Haçan-da partiýa dokumentleri gözden geçirilip ugralanda, ol nirädir bir ýere zut gaçyp gidipdir. Görlüp oturylsa, onuň elindäki bilet başga birine berilmeli dokument ekeni. Ýa-da bolmasa, Baýramaly şäher Sowetiniň başlygynyň orunbasary Iwlew hem şeýle adamlaryň hilinden bolup çykdy. Ony 1932-nji ýylda Daşkendiň partiýa guramasy ýat elementler bilen gatnaşyklary üçin partiýa hataryndan çykarýar. Emma ol aldaw ýoly bilen Baýramala gelýär. Haçan-da partiýa hatarlaryny arassalaýyş işi geçirilende, ol «komandirowka» bahanasy bilen Daşkende gidýär. Emma barybir onuň üsti açylypdy. Türkmenistan Kommunistik bolşewikler partiýasynyň Merkezi Komitetiniň ikinji sekretary respublikanyň medeni frontunda alnyp barylýan işlere-de berk gözegçilik edýärdi. Gazanylýan üstünliklere guwanýardy, nogsanlyklara garşy berk göreşýärdi. 1936-njy ýylyň baharynda Aşgabatda geçirilen birinji lingwistik gurultaý respublikamyzyň medeni durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy. Gurultaýa gatnaşyjylar örän bir wajyp meseläni, ýagny türkmen edebi diliniň esasyny aýdyňlaşdyrmak, ony her hili burjuaz milletçileriň nädogry garaýyşlaryndan halas etmek ýaly möhüm wezipäni çözýärdiler. Aýratynam bu işde TK (b) P Merkezi Komitetiniň ikinji sekretary Anna Muhammedowyň hyzmatyny ýatlaman geçmek bolmaz. Ol gurultaýda uly söz sözledi. Türkmen edebi diliniň kemala geliş döwründe ýüze çykan jedelli meselelere aýdyň partiýa nazaryýetinden adalatly baha berdi. Ol gurultaýda arakesme wagtynda Moskwadan hem-de beýleki respublikalardan gelen uly dilçi alymlar bilen söhbetdeş bolýardy. Akademik Samoýlowiç, professorlar Bertels, Byhowskaýa dagylar Anna Muhammedow tarapyndan uly alada bilen gurşalypdy. Şol gürrüňçilikleriň birinde akademik Samoýlowiç zehinli türkmen dilçi alymlarynyň ýetişýändigini Anna Muhammedowa aýtdy. Olaryň gürrüňi respublikada ylmy spesialistleri nädende has kämilleşdirip boljakdygy, umuman ylmy kadrlary ösdürmek hakdaky meselä ýazdy. Akademik Samoýlowiç şonda türkmen dilçileriniň kurslary guralsa, olaryň has zehinlilerini bir aýlap, gerek bolsa bäş-alty aýlap merkezi ylmy-barlag institutlaryna iberilse gowy boljakdygyny aýtdy. Gurultaý günleri uly alymlar bilen bir hatarda Berdiýew, Baýlyýew, Alyýew, Kerbabaýew ýaly ýaňy adygyp ugran dilçilerdir edebiýatçylar hem çykyş etdiler. Partiýanyň Merkezi Komitetiniň ikinji sekretary Anna Muhammedow olaryň dil babatdaky pikirine diň salyp, ýaş türkmen intelligensiýasynyň barha uly ösüşe eýe boljakdygyna ýüregi bilen ynanypdy. Lingiwistleriň birinji gurultaýynyň öz işini tamamlanyna birnäçe gün geçipdi. Ine-de Anna Muhammedow aeroflotuň stahanowçy işgärleriniň arasynda. Aeroflotuň Aşgabat hem-de Çärjew awiakärhanalarynyň öňdebaryjy işgärleri bolan pilotlardyr bortmehanikler, inženerleriň ençemesi Anna Muhammedowyň daşyny gallap durlar. «Türkmenskaýa iskra» hem-de «Sowet Türkmenistany» agiteskadrilýasynyň piloty Amanowyň çykyşy köpleriň ünsüni özüne çekdi. Ol ilkinji türkmen lýotçigidi. Anna Muhammedow şol duşuşykda bir zada ünsi gönükdirdi. Ol hem ýerli milletden bolan adamlary aeroflotuň işine batyrgaýlyk bilen çekmelidigini, aýratynam häzirki döwürde munuň zerurdygyny aýtdy. Iki sagada çeken bu duşuşykda köp zatlar barada içginden-içgin gürrüň edildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureaty, ýazyjy, görnükli türkmen publisisti Seýitnyýaz Ataýew «Gazap» romanyny Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda gahrymançylyk görkezen türkmen gerçekleriniň söweş ýoluna bagyşlady. Romanyň birinji kitabyny okyjylar höwes bilen garşylady. Romanda obrazy döredilen Haýytguly hem urşuň ilkinji günlerinde meýletinlik bilen Watan goragyna gidýär. Ol urşuň öň ýanynda respublikada ýolbaşçy wezipä çekilipdi. Haýytgulynyň uly guramaçylyk başarjaňlygyna ilkinji syny oturanlaryň biri hem Anna Muhammedowdy. • PERZENT ÝATLAMASY Anna Muhammedowyň ogly Serdar Annaýewiç Muhammedowyň käri wraç, Özem Pirogow adyndaky respublikan kliniki keselhanasynda indi köp ýyldan bäri işleýär. Ol kakasy ýogalanda bary-ýogy üç-dört aýlyjak çagady. Onuň ejesi türkmen aýal-gyzlarynyň arasynda ilkinji alym—medisina ylymlarynyň kandidaty, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan Nyýazgül Kulyýewa. Ene Kulyýewanyň gyzy Nyýazgül Kiýewde aradan çykdy. Ol Türkmenistanda-da, şeýle hem Kiýewde-de iň gowy diagnost wraç hökmünde tanalýardy. Ol kakasy hakda ogluna köp gürrüň berýärdi. Onuň belent adamkärçiligi, zähmetkeş adamlara bolan sylag-hormaty hakda gürrüň berýärdi. Anna Muhammedow özi ýönekeý işçilikden ýetişensoň zähmet adamynyň ýagdaýyna gaty beletdi. Şonuň üçin bolsa gerek, onuň ýanyna gelýän adamlar uly kanagatlanmak duýgusy bilenem yzyna dolanýardy. Onuň giň kabinetiniň bir dulunda uly haly ýazylgydy. Ol obadan gelen adamlary hormat bilen kabul edip, şol halynyň üstünde oturdýardy. Bir çäýnek çaýyň başynda edilen söhbetden soň, Anna Muhammedow üçin hemme zat aýdyňdy. Ol öz söhbetdeşiniň aladasynyň, ony biynjalyk edýän gümürtük ýagdaýyň bulut ýaly syrylmagyna hemaýat berýärdi. Serdar Muhammedow bir gezek Moskwada bolanda ýaşy birçene baran, nurana ýüzli, ak saçly rus aýalyna gabat geldi. Ol özüniň Kseniýa Wasilewna Terbinadygyny aýtdy. Kseniýa Wasilewna ençeme wagt Aşgabatda ýaşapdy. Ol TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýewiň sekretar-maşinistkasy bolup hem birnäçe ýyl işläpdi. Serdar Muhammedow Kseniýa Wasilewnadan öz kakasy hakynda köp-köp zatlar eşitdi. Bir gezek Anna Muhammedow ýolbaşçy wezipäni eýeläp oturan bir adamyň awa gidende, gulany atyp öldürendigini eşidýär. Ol muňa gaty gynanýar hem-de aw eden şol adamyň mazaly suwuna degýär. Bu waka beýleki «awçylara-da» gowy sapak bolupdy. Anna Muhammedow respublika ýolbaşçylyk etmek üçin çuňňur bilimiň zerurdygyna oňat düşünýärdi. Şonuň üçinem gijelerine onuň öýüniň çyrasynyň sönük wagtyna az duşulýardy. Ol irginsiz okaýardy, irginsiz işleýärdi. Belki-de, şonuň üçindir, ony tanaýanlaryň hemmesi partiýanyň wepaly esgeri hakda mähribanlyk bilen ýatlaýar. «Il-günüň bagty üçin dörän gerçekdi. Arman, ömri gysga eken-dä!» — diýip, başyny ýaýkaýar. A.Muhammedow hem şahsyýet kültünyň pidasy bolupdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |