06:59 Antiki el telefony! | |
ANTIKI EL TELEFONY!
Geň-taňsy wakalar
2016-njy ýylda Awstriýada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde XIII asyra degişlidigi çak edilen bir närse tapyldy. Daş böleginiñ ýüzüne oýulyp ýazylan şekiller biziñ günlerimizde ulanylýan el telefonlarynyñ ilkinji görnüşlerine bire-bir meñzemegi gyzgyn çekişmeleriñ döremegine sebäp boldy. Daş närsäniñ ýüzünde mese-mälim şekilde görnüp duran ekran we knopkalaryñ üstünde sanlara meñzäp duran on iki sany simwol bar. UFO hünärmeni Daniel Munoz bolsa bu närsäniñ ýüzündäki simwollaryñ şumer ýazgylarydygyny öñe sürdi. Mundan öñ Mesopotamiýanyñ Yrak-Siriýa etraplarynda duş gelnen şumer ýazgylarynyñ Awstriýa nädip düşendigi bolsa häzirlikçe alymlar üçin çözgüdi tapylmadyk tapmaçalygyna galýar. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |