21:57 Anton Çehow: Diñe akmaklar we şarlatanlar hemme zady bilýär | |
ANTON ÇEHOW: DIÑE AKMAKLAR we ŞARLATANLAR HEMME ZADY BILÝÄR
Sözler
Anton Çehow (1860-1944) / Fotosurat: Britannica Dostoýewskiniñ "Русский вестник" žurnalyndan pul karz alyp "Jenaýat we jeza" romanyny ýazmagy bilen Fridrih Nişsäniñ aýdyşy ýaly, "ahyrsoñunda Russiýadanam dünýä edebiýatyna roman gelipdi". 1861-nji ýyla çenli Patyşa Russiýasynda resmi taýdan güýjüni ýitirmedik we Wladimir Iliç Leniniñ "masgaraçylyk" diýip atlandyran "Gulçulyk hukugy" kanunyny XIX asyryñ kyrkynjy ýyllaryndan bäri žurnallarda adam şahsyýeti we azatlygy boýunça alnyp barylan gyzgyn jedeller ýatyrypdy. XIX asyryñ altmyşynjy ýyllarynyñ başynda edebiýat dünýäsinde öñe çykan çekişmelerde Dostoýewskiý we beýlekiler "Puşkinçi milli ýörelgä" wekilçilik eden bolsa, Iwan Turgenewiñ başyny çekýän "Günbatarçy topar" bolsa garşydaş tarapa köplenç äsgermezçilikli göz bilen ýokardan seredýärdi. Beýik rus ýazyjysy Anton Çehowyñam edebiýat dünýäsine gadam basmagy Dostoýewski bilen Turgenewiñ ömrüniñ soñky ýyllaryna gabat geldi. Bularyñ ikisindenem tapawutlylykda Çehow rus adamynyñ obrazyny ýazdy. Türk edebiýatynda muny başaran ýazyjy Eziz Nesin bolsa, azerbaýjan edebiýatynda Jelil Mämmetgulyzadadyr. 1879-njy ýylda başlan we 25 ýyllap dowam eden döredijilik karýerasynda 500-e golaý eseri döreden Anton Çehow (1860-1944) dünýä edebiýatynda eserleri ýüzden gowrak dile terjime edilen seýrek ýazyjylaryñ biridir. Aradan çykmagynyñ 120-nji ýylynda Anton Çehowyñ eserlerinden toplan käbir jümlelerimi siziñ bilen paýlaşasym gelýär: Şu gün nähili ajaýyp gün. Çaýam içip bilersiñ, özüñi-de asyp bilersiñ. Adamyñ hemme zady owadan bolmaly: keşbi-de, egin-eşigi-de, ýüregi-de, pikir-düşünjeleri-de. Wagtyñ geçmegi bilen her dürli söýginiñ geçip gidýändigi dogry däl. Ýok, wagtyñ geçmegi bilen hakyky söýgi geçip gidenok, gaýtam gelýär. Söýýän zenanyña ýakynlaşmagyñ şatlygyny şobada däl, wagtyñ geçmegi bilen edinýärsiñ. Bu edil gowy we köne şerap mysaly. Gowudygyny bilmek üçin oña öwrenişmeli, uzak wagtlap içmeli. Söýginiñ üsti bilen wagt bildirmän geçýär, wagtyñ üsti bilenem söýgi bildirmän geçýär. Islendik adamyñ ýaşlygy geçip gidýär, söýgi bolsa düýbünden üýtgeşik zat. Söýgi geçip gitmeýär. Geçmişe duýulýan söýgi hemme zatdan ötri häzirki zada duýulýan ýigrençdir. Peterburgda ýylyñ dört pasyly bar, ýöne hemmesi bir günüñ içinde. Hakyky söýginiñ alamaty onuñ wagtlaýynlygynda. Wagtlaýyn däl söýgi diñe söýginiñ illýuziýasydyr. Hemme zat geçip gidýär, emma hemme zatdan soñ söýgi galýar. Erkegiñ ýok ýerinde aýallaryñ reñki solýar, aýallaryñ ýok ýerinde erkekler akmaklaşýar. Akylly adam öwrenmegi, akmak bolsa öwretmegi halaýar. Ahyrsoñunda hakykatyñ ýeñiş gazanjagyny aýdýarlar, emma bu hakykat däl. Adamlardan daşlaşmak öz-özüñe kast etmekdir. Söýgüde ýalan sözläp bolar, medisinada hem adamlary aldap bilersiñiz. Emma sungatda aldap bilmersiñiz. Adamlar biri-birlerini gowy görenlerinde dawalaşman ümsümje meselelerini çözýärler. Adamlar diñe çaý içýär, emma olaryñ ýüreginde tragediýa bolup geçýär. Terbiýe görenler adam şahsyýetini sylaýarlar, şonuñ üçin hemişe pesgöwünli, sypaýy, sylag-sarpaly we oñşukly bolýarlar. Wagtyñ az bolaryny isleseñ, hiç zat etme. Gep pessimizmde ýa optimizmde däl, ýüz adamdan togsan dokuzynyñ aklynyñ ýoklugynda. Gowy adam hatda itdenem haýa edýär. Men arman-irmän iýip-içesim, uklasym we edebiýat hakda pikir alyşasym gelýär. Ýagny hiç zat etmezlik we şol bir wagtyñ özünde özüñi tertipli adam hökmünde duýmak. Özüñe "Iş bilenmi ýa bolmasa boş zatlar bilen meşgullanýaryn?" diýen soragy bermek hiç haçanam giç däl. Diñe akmaklar we şarlatanlar hemme zady bilýär we düşünýär. Deregne aýlary we ýyllary berip bileriñ ýaly minutlar bolýar. Belki-de, aşyk bolýan wagtymyzda duýýan zatlarymyz adaty ýagdaýdyr. Aşyk bolmak adama nähili bolmalydygyny görkezýär. Ikilik eden aýal eliñizi degirmek islemeýän ullakan kotlet mysaly, sebäbi indi ony başga biri elinde saklap dur. Diwanda gymyldaman ýatyp, otagyñda ýeke-ýalñyzdygyñy duýmak nähili ýakymly. Ýalñyzlyk bolmasa hakyky bagtlylyk bolmaýar. Maýis ALIZADE. Ýekşenbe, 25.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |