13:04 Argyşçylar / hekaýa | |
ARGYŞÇYLAR
Hekaýalar
Geçmişiň gahatlyk ýyllarynyň gamgyn wakalary halkymyzyň kalbyna bitmez ýara saldy. Olary ýatlamak kyn, emma hakydaňa getirmezlik bolsa asla mümkin däl. Şol galagoply wakalary nesillerimiziň unutmazlygy we olardan netije çykarmagy gerek. Awtor * * * Ýurtda azyk gytçylygy mese-mälim duýlup başlandy. Üstüne-de gurakçylyk bolup, oba adamlarynyň ýagdaýy has hem kynlaşdy. Duz, egin-eşik ýükli Hywa, Tejene we beýleki ýerlere argyşa gidýän kerwenleriň sany köpelip başlandy. Obadaky düýeleriň uzak ýol geçip ýük çekmekden ýaňa örküjiniň gapdallary ýara bolupdy. Kerwenbaşy bu sapar has tapdan düşen düýeleriň ikisini argyşdan galdyrmaly boldy. Yssy günlerde argyşçylara ýol külterlemek hupbatly iş. Balkandan Hywa gatnalyp, torç edilen ýoluň ugrynda gündizlerine tamdyr ýaly gyzyp ýatan takyrlyklar, läbik şorluklar köp. Alaňlyklardan, ürgün çägeliklerden geçmeli bolanda agyr ýükli düýeler hasam lakytak bolýarlar. Talaňça sataşmak gorkusy bolansoň argyşçylar at-alaşa kişňemez , düýeler bozlamaz ýaly olaryň agyzlaryny mäkäm daňmaga mejburdylar. Onuň üçin kerwenbaşy Gulnyýaz aga ýyldyzlardan ugur alyp ýoly gije geçmegi karar etdi. Argyşçylar Hywa gelenlerinde kerwensaraýda düşläp, az wagt dem-dynç alanlaryndan soň ur-tut söwdä işlerine girişmek bilen boldular. Emma hywaly aşnalary bilen gürleşip, ýagdaý bilen tanşan Gulnyýaz aga lapykeşlik bilen hyrçyny dişlemeli boldy: -- Päheý, tiz gelenimize begenip durdym welin, bu argyşymyz uzaga çekjek oguşýa. Galla bu ýerde hem bol-elin däl ekeni. Ony öýme-öý aýlanyp ýygnamaly bolarys. Garaz, şeýdip bir hepde çemesi wagtyň dowamynda bugdaýdan, mäşden, jöwenden ýüküni ýetiren argyşçylar tizden-tiz oba dolanmagyň aladasy bilen boldylar. Öňler argyşa gidenler oba has basym dolanýardylar. Bu sapar welin kerweniň çakylykçysy eglendi. Oba ilatynyň howsalasy bolsa günbe-günden artýardy. Öýlerdäki çuwallar boşap, kendiriklerde urbalyk un galmandy. - Ajygýaryn, çörek iýesim gelýär -- diýip, bäş-alty ýaşlaryndaky oglan jaýyň kölegesinde çagasyny emdirip oturan gelnejesine ýüzlendi. Bu kyn soragyň jogabyny gelin gaýyn enesinden eşitmek isleleýän ýaly onuň ýüzüne garady. Onuň soragly hazarynda: “Haçan agzymyz aşa ýetip, gowy günler gelerkä? Gelermikä eýsem şol günler, ene?! “diýen sowal duýulýardy. Durmuşynda kynçylyklaryň köp çarşenbesini başdan geçiren ene: -- Sabyrly, gaýratly bolýandyr zenanlarymyz. Geçmejek günler bolýan däldir,gyzym -- diýende, gelin gözlerindäki düwme ýaşlary görkemejek bolup, gujagyndaky çagasyny bagryna basdy. Çuwallary silkeläp gaýyn enesi bir owuç bugdaý dänesini ýygnady. Gowurga edensoň pagsa jaýyň kölegesinde ýazylan, gyralary kertilip başlan içmegiň tüýli tarapyna sepdi. Gowrulan bugdaý dänelerini çöplemäge çagalary çagyrdy. Munuň çagalary güýmemek üçin gaýyn enesi tarapyndan tapylan nysakdygyna gelin şoň düşünip galdy. Ir säherden tä giç agşama deneç obanyň oglanlaryň biri köneje dürbisi, käte bolsa oňa ynanmaýan ýaly ýönekeý göz bilen azykly kerweniň ýoluna garaýardy.Umydy çykmansoň ol lapykeç halda öýe gaýtdy. Torç edilen ýollarda argyşa barýanlar bardy. Ýöne gelýän kerwen görünmeýärdi. Ine, bir nurly gijede bir tanyş owaz oba adamlaryny ukudan oýardy. Obamyzyň uly-kiçisi şatlykly sesler bilen gaýraky ýola tarap ýüwürdi. Dolan aýyň şöhlesine golaýdaky gum depeleriniň arasyndan argyşa giden kerwen göründi. Öňdäki ner düýäniň boýnundaky dünküň sesi daňyň ümüş-tamyşlygynda uzaklara ýaýrap gidýärdi. Gulnyýaz aga satanlak dor alaşasy bilen agyr ýükli düýeleriň hataryny çekip gelýärdi. Şahymerdan Sary ogly. | |
|
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |