18:06 Ärsary babañ kyrk düýe berip ýazdyran kitaby | |
ÄRSARY BABAÑ KYRK DÜÝE BERIP ÝAZDYRAN KITABY
Edebiýaty öwreniş
Garaşsyzlygymyza eýe bolan ilkinji günümizden başlap, köpugurly medeniýetimizi, milli däp-dessurlarymyzy, dinimizi hem-de edebiýatymyzy öwrenmeklige we olar baradaky gymmatly eserleri halka ýetirmekde uly işler bitirildi. Türkmen taryhçylary, dilçi alymlary zähmet siňdiren eserleriniň üsti bilen gizlenip ýatan hakykatlary ýüze çykardylar. Ata-Watanymyzyň geçmişde hem şu günki ýaly ylmynyň, medeniýetiniň ösüşiň jümmüşindedigini açyk subut etdiler. Ol subutnamalaryň bir-de Araplaryň Merkezi Aziýa aralaşmagy bilen bu ýerlere yslam dini we elipbiýiniň ornaşyp başlan döwrüdir. Bu aralaşmanyň netijesinde ähli kitaplaryň arap dilinde bolmagyna getiripdir. Arap dilinde ýazylan kitaplary bolsa, okap bilýänler “o” diýen kän bolmandyr. Bu ýazuwda ýazylýan eserleri türki dile terjime etmeklik zerurlygy ýüze çykypdyr. Şol döwürde ýaşan, Salyr Gazan atly türkmeniň üç ogly bolup, olaryň biri Saryhan eken. Agyr söweşlerde är işini bitireni üçin halk Sary hana “Ärsary” lakamy dakypdyrlar. Ärsary baba musulmançylygyň ähli adatlaryny aýaga galdyrmak niýeti bilen ýörite Ürgenje gidipdir. Ol ýere baryp şyhlara dine degişli käbir arap kitaplaryny türki diline terjime edip bermeklerini sorapdyr. Oňa Şerif Hojany salgy beripdirler. Baý, ylymhon adamlaryň biri bolan Ärsary baý diýen adamyň haýyşy boýunça Köneürgeçde ýaşan molla Şyh Yslam Şeref Hoja Horezmi ençe dini meseleleri türki dile terjime edip, bir kitap döretmeklik aýdylýar. 1313-nji ýylda tamamlanan bu esere Şyh Şerep baba arapça “Muinil-murit” (“Muridiň ýardamçysy”) diýip, at goýupdyr we Ärsary baýa gowşurypdyr. Şol döwürden bäri ol kitap yzygider elde göçürilip gelinipdir. Şyh Şerep babaň bu eseri üçin Ärsary baý oňa kyrk düýe sowgat beripdir. Kitabyň ýazylmagy türki halklaryň arasynda ilkinji synanyşyk bolupdyr. Bu kitap barada XVII asyryň Hywa hany Abulgazy (1603-1664) özüniň “Türkmenleriň nesil daragty” atly kitabynda hem maglumatlar beripdir. Türkmenleriň giçki orta asyrlar döwründäki medeni we edebi durmuşyny öwrenmekde bu kitabyň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Şol döwürde türkmen jemgyýetinde yslam dininiň tutýan ornuny we ähmiýetini kesgitlemekde bolsa, bu kitap uly hazyna bolup hyzmat edýär. Bu gymmatly hazynanyň ady wagtyň geçmegi bilen her alymyň we dilçiniň işi boýunça üýtgedilipdir. Kitabyň adyny arap dilinden rus we türkmen dillerinde transliterasiýa edenlerinde dürli awtorlar, dürli hili ýazypdyrlar. Mysal üçin: A.N.Kononow ony “Mu’in al-murid,” N. Halymow we J. Gökleňow “Muinul-murid,” Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň neşirinde bolsa, “Muinil-murit” diýip belläpdirler. Biz hem bu makalada soňky neşirdäki ýaly ulanmagy makul bildik. Bu kitabyň şu günlere çenli saklanyp gelipdir. Bahasyna ýetip bolmajak golýazmasynyň ýeke-täk nusgasy Türkiýede eken. Bu kitaby gözlemek we ylmy taýdan derňemek bilen ýörite meşgullanan taryhçy N. Halimow bu barada şeýle diýip ýazypdyr:”Biz 20 ýyldan-da gowrak “Muini-l-muridiň” gözleginde bolduk. Netijede, kitabyň öňki, SSSR-iň çäklerinde ýokdugyna göz ýetirdik. Elbetde, bu eser bilen Türkiýä gidip tanyşyp boljakdy, ýöne şol döwürde bu örän çetin meseledi. Türkiýä iş sapary ýa-da şol ýerde işläp gulluk wezipesini ýerine ýetirmäge gidýän kärdeşlerimizden onuň nusgasyny alyp gelmeklerini haýyş edip, köplere ýüzlenip geldik, ahyrsoňy, biziň islegimizi filologiýa ylymlarynyň kandidaty Japarmämmet Gökleňow kanagatlandyrdy. Biz oňa bu bitiren asylly işi üçin özümiziň minnetdarlygymyzy bildirýäris.” Şondan biraz wagt geçenden soň, N.Halimow we J.Göklenow bu kitabyň ilkinji neşirini hem goýberipdirler. Emma olar bu kitabyň golýazmasynyň nusgasyny haýsydyr bir jemgyýetçilik edarasyna tabşyrmagy we şeýdibem ony köplere elýeter etmegi unudypdyrlar. Soňra, ýurdumyzyň garaşsyzlygyny alandan az wagt soňra, ýagny 1992-nji ýylyň iýul aýynda kitabyň mikrofilmini we kseronusgasy Türkiýeden Aşgabada getirildi. Bu kitaby Türkiýäniň Milli kitaphanasynyň işgärlerinden ýörite haýyş edilmegi boýunça nusgalary bize getirildi. Soňra ony Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Milli golýazmalar institutyna tabşyrylýar. Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň alymlary “Muinil muridiň” täze we has kämil neşirleri 1995-nji ýylda okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu kitabyň neşir edilmegi bilen öňki bar bolan gollanmalaryň üsti has-da baýlaşdy. Taryhda ýaşap geçen ençeme şahslarymyzyň we ata-babalarymyzyň atlary ölmez müdimileşdirilip, täzeden jan berildi. Şeýlelikde, öz ýurdunyň geçmiş taryhyny her bir türkmenistanlylaryň öwrenmekligine ýardam berdi.. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşler bilen öňe sary barýan gül Diýarymyzda bu işlere giň ýol açyldy. Munuň üçin bolsa, ýurt Liderimize alkyşlar aýdýarys. AHALLY Ulanylan edebiýatlar: Şyh Yslam Şeref Hoja Horezmi:”Muinil-murid” ýa-da Ärsary babaň kyrk düýe berip ýazdyran kitaby, Aşgabat – 1995ý. Almaz Ýazberdiýew:”Türkmenistan dünýä medeniýetiniň gadymy ojagydyr”, TDNG, Aşgabat – 2011ý. Gumanitar taýýarlygy (II kitap) Aşgabat - 2013ý | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |