21:03 Ärsarybabanyñ guburyndan çykan ses | |
ÄRSARYBABANYÑ GUBURYNDAN ÇYKAN SES
Goşgular
Başymy dirikä alyp bilmedi, Duşmanlar hernäçe bolsa-da zalym. Ölemsoñ, ýüzlerçe ýyllar geçensoñ, Ap-añsatja alyp gitdi bir alym. Şeýle ylym barmyş, Öwrenmekçimiş, Ondan bäri gör ençeme ýyl ötdi, Indi nirdedigin anyk bilýän ýok, Kelleçanagym ýitdi. Hiç kimiñ piñne däl başsyz ýatanym, Her kimse öz bähbitjigin arap ýör. Döwrüñiz şeýleräk... Ýiten başymy Sizden-ä soran ýok, Ruhum sorap ýör. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |