01:02 Artistleriñ degişmeleri | |
■ BIR KÖPÜGI KEMEM BOLSA GEREK DÄL
Degişmeler
Teatrda A.Wampilowyň «Oba anekdotlary» atly spektakly gidip duran eken. Şol oýunda baş rolda oýnaýan aktýoryň şeýle sözi bar eken: – Eý, adamlar, gaýrat edip mala ýüz manat karz pul berseňizläň. Bar pulumy agşam içip gutaraýypdyryn, hut kelläm ýarylyp barýar. – Aktýor bu sözleri şeýle bir özelenip aýdypdyr welin, tomaşa zalyndan biri sahna çykyp: – Wah, dogan, ýüz manad-a ýok, elli manadym bar, me, şuny alaý, oýundan soň kelle düzetmege ýeter – diýip, elli manadyny somlap dur diýýä. Aktýor bu ýagdaýdan aljyraman çykalga tapypdyr: – Maňa dine ýüz manat gerek, ýüz manatdan bir köpügi kem bolsa-da gerek däl. ■ HEMME ZADY OŇARÝAR Bir gün gazetde «tertip-düzgüni berkitmek» barada Staliniň permany çykypdyr. Muny okan Garabatyr: – Be, şun-a oňarypdyr – diýip, gazeti Şyhly Agaýewe görkezipdir. Şyhly Agaýew çalarak ýylgyryp: – Näme, munuň oňarmaýan zadam barmy? – diýip, gazeti yzyna uzadypdyr. Ozal gözüniň ody alnan Garabatyr: – Ýok, ýok, hemme zady oňarýar. Heý öňden görüji Serdaryňam bir oňarmaýan zady barmy – diýip, Şyhly Aga naýynjar garap ýanyndan sumat bolupdyr. ■ GELERIN DIÝDI GELJEKDIR-DÄ Aman Gulmämmedowyň teatra direktorlyk edýän wagty jaýdan kösenýän ýaş oglanlaryň biri günde jaý diýip baryp halys ýüregine düşýär eken. Bir gün jaýdan kösenýän oglan Aman aganyň ýanyna girýär weli, Aman aga telefon trubkasyny göterip: – Alo, Salam. Balyş Öwezowiç, siziň özüňizmi? Men-ä ýene şol düýnki mesele boýunça. Oglanlar jaýsyz gaty horlanýarlar. Kömek etmeseň boljak däl. He... neme diýdiň? Sagat üçemi? Bolýar. Bararyn. Aman aga trubkany goýup: – Ine, gördüňmi? Menem siziň aladaňyzda. Balyş Öwezow meni jaý meselesi boýunça ýene bir sagatdan, sagat üçde kabul etjek. Jaý diýip gelen oglan: – Aman aga, Balyş Öwezow häzir Moskwada plenumda otyr ahyry... – diýipdir. Aman aga ol oglanyň sözüni kesip: – Otursa oturypdyr-da, samolýotyň ýanynda ýol gaýgymy, üçe diýdimi, üçde kabul etjekdir-de – diýip, oglany çykaryp goýberipdir. ■ KÖP SATMAZDY Suraý Myradowa hakda kärdeşleriniň biri bir makala ýazypdyr. Ilki ol makalany gazet-žurnallarda goýberdýär. Soň radio-telewideniýede-de berýär. Bir gün Suraý Myradowa şol makala ýazan kärdeşine gabat geleninde? – Jigim, ejem jan diri gezip ýörenem bolsa, meni senden köp satmazdy – diýip, ýylgyryp oňaýypdyr. ■ SEREDILMEDIK GURAJAK BOLSA... Bir gün artistler Gurbandurdy Atamyradowyň başlyklyk edýän kolhozyna oýun eltipdirler. Gurbandurdy aga artistleri hormatlap bagyň aşagyna düşek ýazyp gowy hezzet edipdir. Şol bagyň içinde bir agaç gurapdyr. Ony gören betgelşigräk aktrisalaryň biri Gurbandurdy aga degmek üçin: – Gurbandurdy aga, ol agaç näme üçin guradyka? – diýip, sorapdyr. Gurbandurdy aga sypaýyçylyk bilen: – Aý, ýaşamak wagty dolandyr, şonuň üçin gurandyr – diýipdir. Ýaňky aktrisa: – Ýok, Gurbandurdy aga, oňa seredilmändir, şonuň üçinem gurapdyr – diýen. Gurbandurdy aga ýene sypaýyçylyk bilen: – Aý, keýgim, ýüzüne seredilmedik gurajak bolsa, ikimiz bir wagt guraýmaly – diýipmiş. ■ AGAÇDAN TAMDYR OLAR Gylyç Berdiýew teatr studiýasynda okaýarka aýdymdan azerbaýjan mugallymy bolupdyr. Gylyç aga aýdymyň heňini tutmaga duran ýeri eken. Halys jany ýanan mugallymy: – Gylyç, senden bagşy olsa, agaçdan tamdyr olar – diýipdir. ■ ÜÝRME Kemine teatrynyň belli aktýory Alty Kulyýewiň bir aktrisa bilen sözleri azaşypdyr. Aktrisa Alty Kulyýewe: – Alty aga, it ýaly, üýrüp durmasana – diýipdir. Aradan birki hepde geçensoň, ýaňky aktrisa: – Alty aga, agşam haýsy oýun boljak? – diýip sorapdyr. Üýrme diýilmesini gaty gÖren Alty aga it bolup çyňsapdyr-da, gaýdyberipdir. ■ DEŇŇENE Artistleriň üýşüp käte deňňene edäýmesi bar eken. Bir gün Baýram Sadyk, Ata Döwlet, Aman Gurbandurdy üçüsi ýumurtgadan deňňene edipdirler. Adama bäş ýumurtgadan alyp Baýram agalarda bişirmekçi bolupdyrlar. Baýram aga heýgenek taýýarlap getiripdir. Aman Gurbandurdy heýgenekden aljak bolýar welin, Ata aga ony saklaýar: – Baýram, ýumurtgalar kem. Hany, ýene üçüsi? – Wah, aşhanada bulam-delem edip gelen bolsam-a hiç zadam bilmezdiňiz – diýip, Baýram aga ýalňyşyna ökünip, hyrçyny dişläpdir. ■ ÝAKYŇ DIÝMÄNDIM Belli režissýor Çary Myradow köp ýyllap Kemine teatrynda baş režissýor bolup işläp, soň Aşgabada işe geçýär. Çary aga gaýdandan soň Kemine teatry ot alýar. Muny eşiden Çary aga Kemine teatrynyň artistlerine duşanda: – Size men gaýdamsoň teatry ýakyň diýmändim, ýykyň diýipdim – diýip, käýinipdir. ■ HUDAÝ ORAZ DÄLDIR Çary Myradowyň münüp barýan maşyny agdarylyp aýagyny agyrdypdyr. Bir gün Oraz diýen dosty ony eşidip soramaga baranda, Çary aga: – Oraz jan, hudaý ýoluna bir janly aýtdym, pomidor dagy ýetişdigi şony berjek – diýipdir. Pomidor ýetişensoň, Oraz baryp: – Hany, Çary, hudaý ýoluna aýdan janlyňy bereňokmy? – diýip, sorapdyr, – Aý, siňek-zat ýatyşsyn, şondan soň bererin-de. Esli wagt geçeninden soň, birden Çary aganyň agzy gyşaryp gulagyna ýetip duran bolaýypdyr. Muny eşiden Oraz Çary agany soramaga baranda: – Ine, Çary, hudaý Oraz däldir aldap ýörer ýaly – diýip, kineli ýylgyrypdyr. ■ AÝ GÜLÄÝSEŇIZLÄŇ Soň bir gün Çary aganyň agzynyň gyşaranyny eşidip ýoldaşlary ony soramaga barypdyrlar. Çary aganyň ýüzüne gözleri düşen ýoldaşlary pyňkda-pyňk bolup zordan saklanjak bolýar ekenler. Bu ýagdaýy aňan Çary aga: – Aý gülüp goýberseňizläň – diýip, özem hezil edip gülüpdir. ■ SAGAT NÄÇEKÄ? Mollanepes teatrynyň aktýorlary Tejende gastrolda gezip ýören ekenler. Gylyç Berdiýew bir golça düýe çalyny alyp agşam oýundan soň içerin diýip holodilnikde goýupdyr. Agşam oýun görkezmäge gidenlerinde kimdir biri Gylyç aganyň çalyny içip gabyny taňkyradyp goýupdyr. Bu ýagdaýy eşiden Annamyrat Berdiýew Gylyç aganyň ýanyna baryp: – Gylyç aga, halys ganym gatap barýar, bir owurtjyk çal bersene – diýýär. – Ogul, çaly içenden sora – diýip, Gylyç aga Myrada köp manyly seredýär. Şol gije Myrat Berdi sagadyny äpişgäniň öňünde goýup ýatyp galypdyr. Onuň sagadynam kimdir biri alyp gidipdir, bu ýagdaýy derrew Gylyç aga buşlapdyrlar. – Ogul, Myratjan, sagat näçe bolduka, he-he-he... Ozalam jany ýanyp duran Myrat: – Sagady nätjekdiň? – diýip sorapdyr. – Aý, radiomy sagadyňa düzäýjekdim. – Aý, ýaşuly, radio sagada düzülenok, sagat radio düzülýär. Meniň sagadymam seniň çalyňa döndi. Gylyç Berdiýew çal içençe hezil edip gülüpdir. ■ ŞÜKÜR ET Aktýorlaryň biri Kakajan Aşyrowyň ýanyna baryp: – Şu gün wraça özümi görkezdim, içiňde çäge bar diýdi – diýip, zeýrenipdir. Kakajan ara wagt salman: – Ýak, senem-ä, iç seniňki bolsa, içiňden altyn-kümüş çykar öýtdüňmi, henizem garagurum çykmandyr, şoňa şükür et – diýip, ýylgyrypdyr. ■ NÄÇE GÜN DYMJAGY BELLI DÄL Sary Garryýewiň käte ýoldaşlarynyň ýanynda teatryň ýolbaşçylaryny tankytlaýmasy bar eken. Bu habar teatryň ýolbaşçylarynyň gulagyna ýetip, Sary agany ýanlaryna çagyryp, diline berk bolmagyny tabşyrýarlar. Şol gün aktýorlaryň biri Sary aganyň ýanyna gelip, ondan-mundan gürletjek bolýar. Sary aga: – Sen özüňi iberen adama Sary şu gün-ä geplenok, ýene näçe gün diline berk boljagyny bilemok diýäý – diýipdir. ■ GÜLKÜJIGIM BARDYR Mollanepes teatry Baýramalyda gastrolda eken. Baýramalynyň bir obasyna oýun görkezmäge barýarlar weli, geldiňmi-gitdiňmi diýýän ýok eken. Gylyç Berdiýew idäp-sorap kolhoz başlygyny tapypdyr. Görse, ullakan saýaly agajyň aşagynda keýp çekip oturan eken. Ol Gylyç agany göreninden ýaňsylap başlaýar. – He, ýeri, Gylyç jan, oýunjyk getirdiňmi? Ä, şeýlemi, oýunjyk getirdim diýsene. Meniň käbir gülküjiklerim bardyr weli, käbir adamlara ýaramazlygam mümkin, he-he-he... Onsoň agşam oýunjyk oýnap hezil berjek-dä, he-he-he... gülkimiň käbir adamlara ýaramaýan bolmagam mümkin he-he-he... Bu wakadan 5 – 6 ýyl geçeninden soň, bir gün Gylyç aga Baýramalynyň bazaryna aýlanyp ýörkä, häki başlyk öňüne 3 – 4 sany gawun goýup satyp oturan eken. Gylyç aga ony göreninden tanap: – He, gawunjyk satýarmyň, näçeden satýan... meniň bolgusyzja gülkim bardyr weli, käbir adamlara ýaramazlygam mümkin... he-he-he... Onsoň gawunjygyň geçýärmi? Tozanly bazarda gawun satmak gowumy ýa saýaly agajyň aşagynda, aýagyny sowuk suwa sokup, keýp çekip adamlaryň üstünden gülmek. Meniň bolgusyzja gülkim bardyr weli, käbir adamlara ýaramazlygam mümkin he-he-he... – diýip, Gylyç aga onuň ýanyndan gidipdir. ■ SESIM ÝETERMIKÄ? Aragyň başyna agyr kysmatyň düşen günleri – aragyň gadagan edilen günleri käbir toýlarda aragy çäýnege salyp berýärdiler. Keýpiň çag wagty boş çüýşäni «dutar» edinip, kiçiräk mähelläni güýmemegi endik edinen Myrat Berdiniň günem kynlaşypdyr: boş çüýşe bolmasa nädip aýdym aýtjak?! Toýa boş çüýşe göterip barmagam gelşiksiz. Bir toýda Kakajan Aşyr öý eýesine Myrat Berdiniň oturan mähellä hezil bermek sapasynyň bardygyny, onuň üçinem bary-ýogy ýekeje boş çüýşeniň gerekdigini aýdypdyr. Çäýnekde arak berendigi üçin öňem galpyldap oturan wezipeli öý eýesi ör-gökden gelipdir. Oturanlar öý eýesine «Çüýşe tap-da, çüýşe tap» bolşupdyrlar. – Eline zat bermeseň, aýtmajak bolsa, ine şunuň bilen gygyrybersin – diýip, öý eýesi üç litrlik banka getiripdir: Kakajan: – Guralynda-ha kem galmady. Hünäriň bolsa görkez – diýipdir. Myrat Berdi bankany siňe synlap, Kakajana ýüzlenipdir: – Be, Kakajan, muňa meniň sesim ýetermikä? ■ ENDIK GURSUN! Men ir bilen Berdi Bäşime jaň etdim: – Kärdeş, düýn siziňkide köpräjik içäýipdirin. Öýe nädip gelenimi bilemok. Çagalaryň ejesi-hä aýakýalanaç geldiň diýýär. Köwşümi kime berdimkäm, ýadyň- da ýokmy? – Yzyňdan gygyryp galdym. Taksa köwşüňi çykaryp münen ekeniň... ■ «WOLGA» GEREK DIÝSENE Teatryň belli aktrisalarynyň biri her sapar hökümet ýolbaşçysy çalşanda täze «Wolga» diläp alyp satar eken. Ýanky aktrisa Sary aganyň ýanynda hökümet ýolbaşçysyndan zeýrenipdir. Täze hökümet ýolbaşçysy bellense, hemme zadyň gowulaşjakdygyny aýdypdyr. Sary aga onuň myş-myşyna düşünipdir: –Wah, keýgim, «Wolga» gerek diýäýsene. ■ AGZYŇY SOWUK ALANDYR Allanazar aga kinoda işleýän döwri türkmen diline geçirilen kinolary ýokary edaralara tabşyrylar eken. Her sapar kino tabşyrylanda, türkmen dilini bilşi ýabygorlyrak bir ýolbaşçysumak o ýeri bolanok, bu ýeri bolanok, şu ýerde şeýle gürlemeli eken diýip gün berenok eken. Günlerde bir gün ýaňky adamy, eýdip-beýdip dublýaža geler ýaly edýär. Galyň garyn içinden ylgap gelýän bir adamyň iki agyz aýtmaly sözüni oňa tabşyrýar. Ol şu bela jan etse-de, oňaranok diýýä. Halys gepläp bilmän dili çolaşyp duran eken. Allanazar aga ýylgyryp: – Ýeri bolýa-da, görenokmy, ýer gar, agzyny sowuk alandyr-da, sen gaýdyber – diýip, ony ugradypdyr. Gaýdyp ol ýolbaşçysumak tankyt edäýse nädersiň. ■ LAL ETDIM Başga bir gün ol ogluny dublýaža getiripdir. Ogly aljyrap ýekeje agyz söz hem aýdyp bilmän dur diýýä. Her näçe gepletjek bolsa-da, bolanok eken. Halys sabyr kesesi dolan Allanazar aga, kybla bakyp çöküne düşüpdir-de: – Eý, Alla, çagany-ha lal etdim. Indi munuň, ejesine näme jogap bersemkäm – diýipdir. ■ SENIŇKI NÄME? Ýer titrenden soň kinostudiýanyň dublýaž bölüminiň jaýy kepbäniň öňüni dolan ýaramazja jaýda ýerleşýär eken. Daşarda sähelçe ses bolsa, içinde eşidilip duran eken. Bir gün Allanazar aga ýaňy ses ýazmaga girişýär weli, daşarda it üýrüp başlaýar. Eline ýarty kerpiç alyp iti kowup gelýär. Täzeden ýazyp ugraýarlar weli, gök gürläp başlaýar. Ýazgyny ýene saklaýarlar. Gök gürläp bolansoň, täzeden başlaýarlar. Ýazgyň ýarsyna ýetiberende güýçli jala gelýär. Bu ýagdaýa halys çydamadyk Allanazar aga: – Baý, gurbany boldugym Alla, it-ä it weli, seniň-ki näme? – diýip, özüni lampa ýere goýberýär. ■ ULY DILEG Şyhly Agaýew ýaşynyň altmyşdan geçenligine garamazdan, hemişe ýaşlar bilen tirkeşer eken. Oglanlar bir gün ony gürrüňe güýmäp, münmeli maşynyna mündürmän, başga bir maşyna mündüripdirler. Esli ýol geçen soňlar oglanlar ýaşula degip başlapdyrlar: – Ýaşuly, ýoluňy üýtgedipsiň weli, bize täze gelneje tapaýan-a dälsiň-dä? Şyhly Agaýew gara çyny bilen: – Eý gudraty güýçli Alla! Şularam men ýaly garrap, öz agtyklary ýalylara üstünden güldürsin-de hernä – diýip, maşyndan düşmek bilen bolupdyr. ■ KÄRDEŞLERIŇKINI DÖKDÜŇ Sary Garryýewiň ýanynda ýaşy ýetmişden geçen kärdeşleriniň biri: – Sary, meniň ýaşym ýetmişden geçenem bolsa ýekeje dişim hem gaçanok – diýip, öwnüpdir. Sary aga: – Aý, onuň üçin magtanma, oňa derek ähli kärdeşleriň dişi döküldi – diýipdir. ■ DUR Uruş ýyllarynyň yz ýanlary eken. Kinostudiýanyň dublýaž bölümi uzynly gije işler eken. «Işden soň paýlaşyp içeris» diýip, Ata aga bilen Şyhly aga bir çüýşe arak alypdyrlar. Gijäniň bir wagty dublýaž gutarypdyr. Ata aga bilen Şyhly aga kinostudiýanyň garaňky çüňkünde arak paýlaşmaga başlapdyrlar. Ilki Ata aga Şyhly aga arak guýup berýär. Soň özüne guýup başlaýar weli, Şyhly aga: – Dur, boldy – diýýär. Ata aga geň galyp: – Bi garaňkyň içinde bolanyny nireden bilýäň? – Lykyrdysyny sanadym, şu wagtam sana bir lykyrdy artyk gitdi. ■ GABAMALY Balyş Öwezow sungat hem edebiýat işgärleri bilen duşuşyk geçiripdir. – Soňky wagtda ogurlyk köpeldi. Şony nähili ýol bilen azaltsa bolar? – diýip, oturanlara maslahat salypdyr. Hemme kişi dymyp otyrlarmyş. – Eger meniň diýenimi etseň ýekeje-de ogurlyk bolmaz, ýoldaş Balyş Öwezow – diýip, Sary aga ýerinden turupdyr. – Aýdyň, Sary aga, ogurlyk bolmajagyny bilsek, seniň diýenini gaty ederis. Sary aga: – Onda näme diýsene Balyş, şäherdäki ähli egni pagonlylary, ýaňky milisiýalary, hojaýynlary bilen bir howla gabap sakla, soň ýekeje ogurlyk bolsa meniň ýanyma geläý – diýipdir. ■ ELIŇI ÇEK Bir gün Sary aga kinostudiýa baryp elini arkasyna tutup duranmyş. Kim baryp Sary aga «Salowmaleýkum» diýip elini uzatsa, Sary aga: – Eliňi çek – diýip, elini ýygnaýarmyş. Sary aganyň häsiýetine belet Şyhly Agaýew: – Be, Sary kakam-a bir döwletli kişi bilen salamlaşypdyr. Bize-de şonuň, döwletinden azajyk dadyraý – diýip, elini uzadypdyr. Sary aga: – Ýeri, sen bolansoň bolýa-da. Ýaňy men hut Balyş Öwezowyň özi bilen salamlaşdym. Çalaja elini degräý – diýip, elini uzadyp, derrew yzyna çekipdir. ■ ÝOKARY BOLANY GOWY-DA – Sary aga sowuklap lukmana ýüz tutupdyr. Sary agany barlap, lukman: – Sary aga, siziň gan basyşyňyz ýokary – diýipdir. – Ýokary bolany gowy-da, aşaklaýança ýene üç-dört ýyl arkaýyn ýaşaryn – diýip, Sary aga lukmanyň ýanyndan hoş bolup gaýdypdyr. ■ MAŇLAÝYŇY ELLÄN-Ä DÄLSIŇ? Kakajan Aşyrowyň ýanyna ýoldaşlarynyň biri baryp durmuşynyň agyrlygyndan, maňlaýynyň garalygyndan nalynypdyr. Birdenem eline gözi düşüp: – Be, elim nireden gara bolduka? Men gara zadam-a ellämok – diýipdir. Kakajan ýylgyryp, ýoldaşynyň soragyna göre sorag beripdir: – Maňlaýyňy ellän-ä dälsiň? ■ INDI MENEM HAKLY Oraz Arrykowa Ýagşy Akyýewden öň Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen at dakylypdyr. Ýagşy ýygnakda ýa-da köpçülik ýerinde geplejek bolsa, Oraz: – Sen otur, entek atly-abraýly adamlar geplese-de bor – diýip, gün berenok eken. Soň Ýagşy Akyýewe-de at berlipdir. Bir ýygnakda Ýagşy geplejek bolup ýerinden turýar weli, Oraz öňki endigi boýunça: – Ýagşy... – diýýär weli: – Indi meniňem hakym bar, seniň bilen deňleşdim – diýip, arkaýyn çykyş edipdir. ■ TERJIMEÇI Sary Garryýew bilen Şükür Kulyýew Moskwa kino düşmege barypmyşlar. Ajyganlarynda Moskwaň bir naharhanasyna giripdirler. Hyzmat edýän gyz gelip, näme iýjeklerini soranynda, Sary aga sesini çykarman menýunyň bir ýerine barmagyny basypdyr. Nahar gelipdir. Şükür aga nahara ýiti-ýiti seredip: – Sary, sen bularyň diline düşünýänsiň, sorasana naharyň eti gaty ak görünýär weli, doňzuň eti bolaýmasyn? Sary aga derrew nahar getirýän gyzy ýanyna çagyryp: – Eto swinýa? – diýip, sorapdyr. Nahar getirýän gyz: – Net, net eto porosýonok – diýipdir. – Sary, bi parsonok diýdigi neme bolýar munuň? Sary aga: – Parsonok diýdigi, sugunyň bir görnüşi bolmaly, arkaýyn iýiber, doňuz däl – diýip, özem haýdadyp naharyny iýipdir. ■ MYHMANÇYLYKDA Sary aga bilen Şükür aga ikisi tirkeşip moskwaly dostunyň öýüne myhmançylyga barypdyrlar. Öý eýesi olary gadyrly garşy alyp, aýalyny tanyşdyrýar. – Moýa supruga. Bu söze düşünmedik Şükür aga gözüni elek-çelek edip, Sary aga ýüzlenýär: – Sary, supruga diýdigi neme bolýar? Sary aga pikirlenip, Şükür aga düşündirýär: – Eger aýaly bolsa ženam diýerdi, dogany bolsa sestram diýerdi, gyzy bolsa doçkam diýerdi, suprugasy çykany bolsa gerek – diýipdir. Şükür aga Sary aganyň düşündirişine minnetdarlyk bildirip başyny atypdyr. ■ GYRP-ÇYRPAM BARDYR-A Sary aga bir gün irden käýinip ýör eken. Marydan gezmege gelen Şükür aga: – Ýeri-how, Sary, irden beýle näme käýinýäň? – diýip sorapdyr. Sary aga janygyp: – O-how, Şükürjan, bir seretsene – diýip, Şükür agany samanhana eltipdir. Şükür aga samanhana boýnuny uzatsa, dokuz güjükli ganjyk bilen ullakan köpek ýatan eken. – Ýeri, dokuz güjüklini başyňa ýapjakmy, senem illeriňki ýaly gyrp-çyrp edip oňaýmazlarmy – diýip, Sary aga itine käýinipdir. ■ KIM GITMELI? Kakajan Aşyrow bir gün artistleri ýygnap şeýle diýipdir: – Adamlar, biziň birimize Mekge zyýarata gitmek bagty gabat geldi. Özüňiz kimi ibermekçi bolsasyz, tutuň adyny – diýipmiş. Artistleriň hemmesi men gitjek-de, men gitjek diýip gygyryşyp başlapdyrlar. Kakajan näderini bilmän durka, bir artist: – Mende bir sowal bar – diýip, ýerinden turupdyr. – Aýt sowalyňy. – Mekgä näme üçin gitmeli? Kakajan soraga düşünip çalaja ýylgyryp: – Näme üçin gitmeli bolar. Eden günäleriňden saplanyp, toba gelmek üçin gitmeli bolar-da – diýipdir. Ýaňky men gitjek-de, men gitjek diýip gygyryşyp oturan artistleriň birindenem ses çykmandyr. Bu ýagdaýy gören häki aktýor: – Onda gül ýaly putýowkasy köýdi hasaplaý – diýipdir. ■ ŞÜKÜR ET Aman Gulmämmediň teatra ýolbaşçylyk edýän döwründe iki sany aktýoryň sözi azaşyp Aman aganyň ýanyna barypdyr. Olaryň biri ilki söze başlap: – Aman aga, şu maňa pohyňy iýme diýdi – diýip, arzyny aýdypdyr. Aman aga: – Päheý, şonuň üçinem bir gaharlanarlarmy. Eger o şony iý diýen bolsa näderdiň – diýip, ikisinem aralaşdyryp goýberipdir. ■ DÜZEDIP BOLMAJAK ÝALŇYŞLYK 1948-nji ýylda ýer titirän gijesiniň ertesi irden Meret Atahanow teatra ylgap barýarka jaýyň aşagynda bir iňňildi eşidipdir. Meret aga haýdan-haý ony gazyp ýeriň aşagyndan çykaryp görse, öz artistleriniň birimiş. Meret aganyň halas eden şol aktýory hemişe Meret aga bilen enjewi bolupdyr. Wagt tapsa Meret agany ýamanlar eken, tankyt eder eken. Bir sapar tomaşaçylar bilen duşuşyk bolanda tomaşaçylaryň biri: – Meret aga, siziň durmuşdaky iň uly ýalňyşlygyňyz näme? – diýip, sorapdyr. Meret aga: – Ýer titirände pylanyny ýeris aşagyndan gazyp alyp, ölümden halas etdim, üstüne ýene-de bir kerpiç oklada gidiber-de – diýip, agzyndan syndyranyny özem duýman galypdyr. ■ ÝUWUBAM GÖR Alty Garlyýewiň ýanynda aktýorlaryň biri aýagynyň porsaýanlygyndan zeýrendi: – Meniň muňa etmedik emim ýok, Alty aga, hatda daşary ýurtlardan derman getirdibem çalýan – diýip, zeýrenipdir. Alty aga: – Inim, sen aýagyňy günde bir gezek ýuwubam bir gör – diýip, maslahat beripdir. ■ ODY GÜÝÇLENDIRIBER-DÄ Ýaş aktýoryň ýaşuly aktrisalaryň biri bilen sözi azaşypdyr. Tä oýun gutarýança gepleşmändirler. Ýolda ýaňky aktrisa özüniň çaga wagty hudaý ýoly üçin gaýnadylyp duran bir gazan çorba gaçanlygyny, ony biriniň derrew gazandan çykaranlygyny gürrüň beripdir. Ýaş aktýor: – Asyl bi çagaka-da bütin halkyň ýüregini bulap bilýär eken-ow – diýipdir. Muny eşiden ýaňky aktrisa: – Näme diýdiň? – diýip, sorapdyr. – Dünýäde akmak adamlar bar-ow, ýeri şol wagt gazanyň gapagyny ýapda, odyny güýçlendiriber-dä. ■ MEN KESEL Baba Annanow, Artyk Jallyýew, Hommat Müllük dagyny toýa çagyrypdyrlar. Ýöne olaryň şol gün kinostudiýada işleri bar eken. Onsoň olar maslahat edip, režissýoryň geljek ugrunyň hersi bir ýerräginde durupdyrlar. Ilki Baba Annanow režissýor bilen salamlaşyp: – Be, ýaşuly, ýüzüňiz gyzyl weli, janysyz beri sagmy? – diýip, soraýar. – Şükür, saglygym gowy – diýip, desinden geçip gidýär. Soňra Artyk Jallyýew režissýoryň gapdalyndan çykyp salamlaşyp: – Eliňiz ýaman gyzgyn weli, janysyz beri sagmy? – diýip, soraýar. – Ýany Baba-da şeýle diýdi, görýän weli, saglygymyň ugry ýok öýdýän – diýip, režissýor onuňam deňinden geçip gidiberipdir. Soňra Hommat Müllük salamlaşyp: – Ýaşuly, ýüzüňiz ak tam-la, janysyz beri sagmy – diýipdir. – Men kesel, özünem şu gün işe ýarajak däl, gitjek ýeriňize arkaýyn gidiberiň – diýip, režissýor yzyna dolanypdyr. ■ ZAÝOMA ÝAZYLYŞYK Uruş ýyllarynyň yz ýanlarynda teatr işgerleriniň aýlyk haklarynyň belli bir bölegini zaýoma ýazar ekenler. Bir gün Şyhly Agaýew ýoldaşlarynyň ýanynda: – Zaýoma her kim islegi boýunça ýazylmalymyş, bizem öz islegimiz boýunça ýazylalyň – diýip, gürrüň edipdir. Muny eşiden teatr ýolbaşçylary Şyhly agany ýanlaryna çagyryp, gowuja «düşündiriş» geçiripdirler. Şol gün teatrda ýygnak bolupdyr weli, Şyhly Agaýew ilki söz alyp: – Ýoldaşlar, zaýoma ýazylmak döwlet ähmiýetli iş, men şu saparky aýlygymyň baryna ýazylaryn. Siziňem ýazylmagyňyzy towakga edýärin – diýipdir. Şyhly Agaýewiň çykyşyny geň gören Myrat Seýitnyýazow: – Be, Şyhly, ýarym sagat mundan öň başgaça saýraýardyň-la? – diýip, sorapdyr. Şyhly Agaýew: – Mugallymym duşdy, düşünjämi artdyrdy – diýipdir. ■ AMAN AGA AÝT Mollanepes teatrynyň sahnasynda Güseýin Muhtarowyň «30-njy ýyllar» spektakly gidip duran eken. Aman Gulmämmedow Küýki baýyň roluny oýnaýar. Ýaş aktýorlaryň biriniň: – Baý aga, üstümize çozýarlar – diýen sözi bar eken. Ýaş aktýor ylgap sahna çykýar. Aman aga gözi düşenden: – Aman aga, Aman aga, Aman aga... – diýip, sözüni tapman aljyrap duranmyş. Aman aga ýaş aktýoryň aljyranyny görüp: – Aman aga aýt, ýigitleri alyp, duşmanyň üstüne eňsin, baý aga şeýle diýdi diýip aýdarsyň. Özüňem ugra çaltrak – diýip, ýaş aktýory sahnadan çykaryp goýbýeripdir. ■ ŞU WAGTDAN BAŞLABER Bir gün Gylyç Berdiýew elini ýuwupdyr-da, Baýram Sadykowa: – Ogul kisede ýaglyk bar, şony alyp ber-le – diýipdir. Baýram Sadykow: – Şu ýaşyma çenli, iliň kisesine elimi sokmandym, indem sokman – diýipdir. Gylyç aga: – Aý, ogul iru-giç etjek işiňdir, şu wagtdan öwreniber – diýip ýylgyrypdyr. ■ SAŇA MASLAHAT SALYNAÝÝAR Aman Gulmämmedowyň teatra ýolbaşçylyk edýän ýyllary ony ýokary edaralara çagyryp, planyny dolanok diýip igenipdirler. Aman aga bu ýagdaýa jany ýanyp, Ata Durdyýewe: – Atam, planyny dolanok diýip, iki aýagymy bir gonja sokýarlar. O-how, bi sungat diýilýän zat ekin del ahyry, köpräk ekip, köp hasyl alar ýaly – diýip zeýrenipdir. Aman aganyň zeýrenjini üns bilen diňlän Ata aga: – Haý, Aman, senem-ä, näme, olaryň igenjini çeki ýörüp, taşlarlar direktorlygy – diýipdir. Aman aga: – Saňa-da akylly diýip maslahat salynaýýar weli, direktorlygy taşlamakdan başga çäre ýokmy? – diýip, ýanyndan turup gaýdypdyr. ■ URUŞDYRAÝJAKLARMY?! 60-70-nji ýyllarda gazetlerde daşary ýurtlardan gelen myhmanlaryň hormatyna nahar berilenligini, naharyň parahat, dostlukly ýagdaýda iýilenligini habar berýän materiallar köp çap edilerdi. Gazetleri gözden geçirip oturan Allanazar Gurbanow: – Be, indi nahar başynda-da gyrlyşaýjaklarmy-ka?! – diýip, gazeti beýläk oklap goýberipdir. ■ ÝYGNAKDA Aman Gulmämmedowyň teatryň direktory wagty ýygnak bolupdyr. Entek Aman aga çykyş etmänkä aktýorlaryň biri söz alyp: – Ýoldaşlar, ýaňy Aman aga gaty dogry aýtdy. Biz tertip-düzgünimizi berkitmeli. Ýoldaşlar, ýaňky Aman aganyň aýdyşy ýaly, oýunlarymyzyňam hilini ýokarlandyrmaly. Aý, garaz, her sözüniň öňüne Aman aganyň aýdyşy ýaly diýip uly söz sözläpdir. Soňra ýygnagy alyp baryjy Aman aga söz beripdir. Aman aga: – Ýoldaşlar, ýaňky Aman aganyň aýdan sözlerini ýerine ýetirseňiz bolar – diýip, çykyş etmän ýerinde oturyberipdir. ■ YSLY Türkmenistanyň halk artisti Galpak Herräýewiň adamyň adyny ýadynda saklamaga duran ýeri eken. Onsoň ol hemişe adyny tapmadyk adamyna «nemeguly» diýip ýüzlener eken. Bir sapar Tejende gastrolda gezip ýörkäler, Aman Gurbandurdyýew bilen Galpak aga «GAZ – 51» maşynyň kabinasyna münüp obalaryň birine gidipdirler. Sürüjiniň ady Porsy eken. Barýan ýollaram juda ýaramaz eken. Porsy maşynyň tizligini üýtgetmek üçin zol tizlik üýtgedýän ryçagy ellemeli bolýar. Aman Gurbandurdyýew, Galpak aganyň gulagyna pyşyrdap: – Galpak aga, sürüji şu somalyp duran demri köp elleýär weli, döwüleýmesin – diýýär. – Eý, neme, nemeguly, ah, içigara galan. Ysly, sen şony köp elleme, döwersiň – diýip, Galpak aga tizlik çalyşýan ryçagy görkezýär. Oňa çenli sürüji tizligi çalyşjak bolup ryçagy elleýär weli, eline geleýýär. – Aý, Porsy, men saňa, şony elleme diýip näçe aýtdym. Sürüji: – Baý, adym basym ýaňyna düşer-ä – diýip, maşynyny oňarmaga durupdyr. ■ POMPASY IŞLÄNOK Galpak aganyň maşyndan başynyň çykmaýanlygyny Porsy aňypdyr. Bir gün bir obanyň magazinine barypdyrlar, magazine aýlanyp, gaýtjak bolsa maşyny ýöränok diýýär. Porsy maşynyň ol ýerine, bu ýerine sereden bolup güýmenip durmuş. Galpak aga: – Nemeguly, munuň nemesi işlenok? – diýip, sorapdyr. – Pompasy. – Ony nädip bejermeli? – Pompa spirt guýmaly. – Ýeri, men spirdi nireden tapaýyn, arak guýsaň bolmazmyka? Porsy: – Aý birneme pat-putyrak işlär weli, bolar-la – diýýär. Galpak aga magazinden bir çüýşe arak alyp gelýär. Porsy maşynyň beýlesine geçip goýberýär bir kese aragy, maşyn gul ýaly işläp dur diýýär. Şondan soň Porsyň maşyny magazin görse pat-put edip ýatyberýär. Galpak aga-da: – Ýene pompasy işlenokmy? – diýip, magazine tarap ýumlugaýýarmyş. ■ EŞEK-LAÝ Galpak aga dagy gastrolda gezip ýörkäler maşynlary günde döwlüp gaty heläk edýärmiş. Bir gün Galpak aga Aman Gurbandurdynam ýanyna alyp, Aşgabada teatryň direktoryna telefon edipdirler. Galpak aga direktora: – Aý, nemeguly, maşynymyz işlänok, günde döwülýär. Eger başga maşyn ibermeseňiz işi ýatyrmasak ýagdaý ýok. – Galpak, iş ýatyrmak bolmaz, her edip-hesip edip, ugruny tapyp maşyny oňardyň-da işläň. – Wah, döwlen şaýlaryny tapyp bolanok. – Gaýrat et, nireden tapsaň tap. Galpak aga telefon trubkasyny gulagyndan aýryp, agzynyň ýanyna eltip: – Amanjan, bi haýwan, eşek-laý, muňa asyl gep düşündirip bolanok, me özüň gürleş-le – diýip, töweregine seretse, jaýyň içinde özünden başga adama gözi düşmändir. ■ GÖRIP Teatrlaryň birinde şeýle bir waka bolupdyr diýip eşitdim. Dogrusy, bu wakanyň bolanlygyna-bolmanlygyna güwä geçip biljek däl. Ýöne eşiden zadymy size gürrüň bermegi weli dogry bildim. Artistler gastrolda gezip ýörkäler, bir artistiň doglan güni bolýar. Ol artist ýoldaşlaryna: – Wah, agşam iş bar-da, ýogsam-a doglan günümi siz bilen gowuja bellerdim – diýýär. Ýoldaşlarynyň biri oňa: – Bellejegiň çynyň bolsa, oýundan soň belläý – diýýär. Doglan gününi bellejek artist: – Oýundan soň ertire sanýar – diýip, oňa razy bolmaýar. Bu gürrüňleri diňläp oturan ýaşuly artistleriň biri: – Oglanlar, ertir iki oýnamaga söz berseňiz, men şu gije oýuny ýatyrmagyň ýoluny salgy bereýin – diýýär. Ýaşulynyň bu sözüni eşiden ýaşlar ertir iki oýun oýnamaga söz berýärler. Ýaşuly ýanyndaky oturan oglanlaryň birine: – Häzir sen baş roly oýnaýan aktrisanyň ýanyna bar-da, «Buşluk, oglum bolupdyr» diý-de gaýdyber. Sen bolsa, inimi öýlendirýärler, ýaňy öý bilen gepleşdim diý – diýip, ikinji oglana tabşyrýar. Gapdalyňdaky oturan ýaş oglana: – Sen bolsa, ýaňy öýden jan etdiler, kakamyň lotoreýasy maşyn utupdyr diý. Oglanlar ýaşulynyň diýşi ýaly edipdirler. Ýaňky maslahat beren ýaşuly oglanlara: – Indi daşaryk göz-gulak boluberiň – diýip tabşyrypdyr. Ýarym sagat geçip-geçmänkä bir oglan ylgap gelip: – Eý, oglanlar, tiz kömek maşyny geldi – diýip, buşlaýar. Ýaşuly doglan gününi bellejek aktýora: – Indi arkaýyn taýýarlygyňy görüber – diýipdir. ■ HOŞ HABAR EŞITJEK GÜMANYŇ ÝOK Teatrlaryň birinde şeýle waka bolupmyş diýip gürrüň edýärler. Teatryň direktory agyr sarkawlap keselhana düşüpmiş. Direktorlykdan hantama aktýorlaryň biri işe gelende: – Direktorymyzyň ýagdaýy nähilikä? – diýip, sorapdyr. Aktýorlaryň biri: – Düýn ýanyna baryp gaýtdym, ýagdaýy gowy däl – diýipdir. Direktorlykdan hantama: – Aý basymrak ahyry gelewersin – diýip, çalarak ýylgyryp, onuň ýanyndan gidipdir. Ertesi ýene-de direktorlykdan hantama ýanky aktýora duşup: – Ýeri? direktoryň ýagdaýy nähili? – diýip, sorapdyr. Aktýor: – Tüweleme, bäri bakýar, ýagdaý gaty oňatlaşypdyr – diýipdir. Bu sözi eşiden direktorlykdan hantama: – Ertir bilen adamlardan hoş habar eşitjek gümanny ýokdur – diýip, onuň ýanyndan hüňürdäp sumat bolupdyr. ■ SAPARLY AGADAN SORAÝYŇ Bir oturlyşykda Sary aganyň ýanynda biri: – Men suwa çümüp, suwuň aşagynda ýarym sagat ýatyp bilýän – diýip, öwnüpdir. Sary aganyň munuň öwnüp oturşyna gahary gelip: – Päheý, munuň aýtýanyna bak-a. Gulak asyň, bir sapar şeýle waka boldy – diýip, gürrüňe başlaýar. – Eşider bolsaňyz, men Saragtyň ýanynda kino düşüp ýördüm. Bir gün maňa Aşgabada örän gyssagly gelmeli diýip habar bardy. Hawwa-da, o wagtlar döwlet ähmiýetli maslahat bolsa, hemişe meni çagyryp durardylar. Hany, münüp Gaýdar ýaly, taýýar maşynyň barmy? Onsoň nädendir öýdýärsiňiz. Tejen derýasynyň gözbaşy Saragtyň ýanyndan gaýdýar eken. Aý, hiç kime azar bermäýin diýip, Allany çagyryp, urdum özümi suwa, derýanyň düýbi bilen akymyň ugruna 4 – 5 sagat çemesi kellämi suwdan çykarman ýüzdüm. Şol ýüzüp gelşime bir gürrüldi eşitdim, bi nämekä diýip kellämi suwdan çykarsam, Tejen derýasynyň köprüsi bolsa nätjek. Şol otlynyň geçenem gowy bolaýypdyr. Ýogsam Tejen derýasynyň aýak ujuna çenli ýüzjek ekenim: Şu hakyky bolan zat. Eger ynanmasaňyz, Saparly agadan sorap göreýiň – diýip Sary aga 20-30 ýyl mundan öň ölüp giden birini şaýat tutupdyr. ■ HER ZAT ETMELI WELI... Bir gün artistleriň biri: – Aý, şu artistlik käri kyn – diýip, zeýrenipdir. Söýün Amangeldiýew: – Aňsad-a diýjek däl, iki gulak piliň sapy hemi¬şe tapdyrýar weli, şoňa gitmezlik üçin maýmyna öwrülmäge-de biz taýyn... – diýipdir. ■ AW GANLY BOLSUN Gylyç Berdiýew awçy adam bolupdyr. Dynç alyş günleri daga ýatymlyk aw etmege gidäýmesem bar eken. Bir sapar daga ýatymlyk awa gidýär. Dagyň eteginde tanyş goýun çopanyna duşýar. Olar hal-ahwal soraşyp esli oturýarlar. Ýaňky çopan: – Gylyç jan, arada şu dagyň kemerinde bir ýolbarsyň sesini eşitdim – diýip, gürrüňe başlaýar. Gylyç aga-da öz gezeginde: –Ýak, senem-ä, ýolbars galan däldir-le indi bu daglarda. – Eger ýalňyşmaýan bolsam, Gylyç jan gyzyl ikindilerdi, dagy sarsdyryp bir arlady-da, janawer dagyň öwrüminde gözümden ýitip gitdi – diýip, çopanam öz eňegine tutýar. Soňra bolsa: – Saňa bi goş-golamlaryň bilen daga çykmak aňsat düşmez, meniň eşegimi alyp gidäý – diýip, Gylyç aganyň goş-golamlaryny eşegine ýükläp: – Bar aw ganly bolsun – diýip, ýola salyp goýberýär. Gylyç aga dagyň içinden gidýän inçejik pyýada ýoly yzarlap, dagyň belent ýerine çykyp, agşam ýatmaga ýer peýläp, ýük ýazdyrýar. Eşeginiň aýagyny duşap goýberýär. Ýany bilen alyp gelen garpyzyny iýip, paçagyny gapdalyna zyňyp goýberýär. Allany çagyryp goýýar kelläni, ýene halys ukusy tutanok diýýä. Häki çopanyň ýolbars hakdaky aýdan sözleri ýadyna düşüp, ymyzganýar weli, tisginip turanyny özem duýmaýar. Ahyry daňa ýakyn ymyzganypdyr. Şol wagtam eşek garpyz pellelerini waçjyladyp iýip başlaýar. Ýaňy ymyzganan Gylyç aga ýalpa gözüni açýar weli, üstüne bir gara abanyp ýetip gelýär eken. Wagty elden bermän Gylyç aga baş ujunda oklap goýan goşa tüpeňiniň iki gözünem şol garadan çenäp boşadýar. Eşek janawer «hyk» edýär-de dagdan aşak togalanyp gaýdýar. Gylyç aga togalanyp barýan eşege garap: – Haý janawer seresabrak – diýip, gygyryp galýar. Görse, beýleräkde häki çopan dur diýýä: – Gylyç jan, aw ganly bolsun! ■ YZYNA BER Alty Garlyýew ogul öýlendirip, toý etdi. Biz Gylyç aga bilen Alty aganyň toýunda ýary gijä çenli bolduk. Soň Alty aga bilen hoşlaşyp öýe gaýtdyk. Men öýüme gaýtmak üçin Gylyç agalaryň öýüniň üstünden geçmelidim. Gylyç agalaryň öýleriniň deňine geldik weli, Gylyç aga: – Hany, ogul, azajyk aýak çek – diýip, öýlerine girip gitdi. Kän eglenmänem çykyp: – Me, ogul, bilip bolmaz, ne wagt ne zamana, gerek bolaýmasyn – diýip, bir gezligi elime tutduryp, öýüne ugrady. Esli arany açanymam şoldy weli: – Haý ogul, duraweri – diýip, Gylyç aga yzymdan ýetdi. – Ýeri, näme habar, Gylyç aga. – Hany, ýaňky gezligi bäri al. – He, näme boldy? – Aý eliňden gaňryp alyp böwrüňden sokaýmasynlar – diýip, gezligi alyp öýlerine tarap ýöneldi. ■ ÝEGENINE BAKA Tomsuň yssy günleriniň birinde artistler oýun görkezmek üçin bir oba ugraýarlar. Olaryn ýollary obanyň bugdaýçylygynyň üstünden geçýär. Bugdaýy synlap, Bazar aga: – Baý, baý, tüweleme, bugdaýa bitip bilipdir. Bugdaýyny göreniňde, döwletli obadygy görnüp dur – diýip, öwüp başlaýar. Göreniň Durdy Magtym-da, olam: – Şu obanyň başlygy meniň daýym bolmaly – diýýär. Bazar aga-da: – Wah ony aýtmanyňda-da bilýäris, Durdy jan, heý, sen ýaly ýegeni bolan oba-da kem rysgal bolarmy – diýip, öwgüsini batlandyrýar. Artistler oba baryp başlygy tapýarlar. Başlyk artistlere çaý-suw bermän, bu gün oýun alyp bilmejegi ni aýdyp yzlaryna ugradýar. Yssynyň içinde artistler agyzlaryny kepedip, ýene-de yzlaryna gaýdýarlar. Heki bugdaýlyk ýere geleninde, Bazar aga: – Heý, mundanam bir bugdaý bolarmy? Seret, ýykylyp ýatyşyna bary garabaş bolandyr – diýip, hüňürdäp oturşyna, birden gözi Durdy Magtyma düşýär: – Haý, kişide daýa bar eken-ow, aý ýegenini göreniňde, ol obada bereket bolmajagyny şol wagtam bilýärdim-le – diýipdir. Toplan: Amanmyrat AGAMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |