08:04 Artistleriñ degişmeleri | |
■ GANYMYZY SORUP UGRAD-OW
Degişmeler
Baba pahyryň direktor bolup teatrda işe başlan güni, bir aktrisamyz agyr operasiýany başdan geçirýär. Keselhanadan gan gerek diýip Baba jaň edipdirler. Baba pahyram artistleri ýygnap: – Adamlar, ýagdaý şeýle, her kim islegine göre, birki gram gan bersin – diýipdir. Bu ýagdaýy eşiden artistleriň biri: – Öňki direktorymyz ganymyzy duýdurman sorup alýardy weli, täze direktor-a aç-açan alyp başlady – diýipdir. ■ MAŇA ŞOL BOLÝAR Tomaşaçylar bilen bolan duşuşyklaryň birinde Çary aga şeýl-e sorag beripdirler: – Hormatly Sary Garryýew, aýtsaňyzlaň, eşikleriňizi özüňiz ütükleýärsiňizmi ýa-da gelnejemiz? Sary aga: – Hökümet ütükleýär – diýipdir. – Düşünmedim. – Magazinden alanymdaky ütügi, tozýança bolýar. ■ ÝOK, «ŽIGULI» ALJAK Bir gün Oraz Arryk Ýagşymyrat Aka: – Ýagşy jan, 10 manat karz bersene – diýipdir. – Ýok, berjek däl, bersem arak alyp menem pýan edersiň. – Dagy näme, seniň şol 10 manadyňa «Žiguli» alar öýtdüňmi? ■ BELKI, SAŇA BIR ORKESTREM GEREKDIR? Işden boş günleri Orazdyr Ýagşy «Geliň şu gün üçleşeliň» diýip maslahat edip, ýanlaryna ýene birini alyp, üçleşmäge ugrapdyrlar. Üçünji: – Oglanlar, ýene oturjak ýerimiz ýyljajyk ýer bolsun – diýipdir. – Belki, şu bäşligiňe orkestrem buýrarsyň? – diýip, Oraz gaharlanypdyr. ■ BEHIŞDIŇ GARAWULAM ÖZÜMIZDEN EKEN Sakarçäge etrabynyň «Ýalkym» obasyna Täşli Gubanowyň «O dünýe syýahat» diýen oýnuny eltipdirler. Şol obaly artistiň, biri, oýunda behişdiň derwezesini saklaýar eken. Şol obaly Gylyçmyrat aga «Inim nähili oýnaýarka?» diýip, oýun görmege barypdyr. Görse inisi behişdiň derwezesini saklap duranmyş. Oýun gutaransoň Gylyçmyrat aga öýüne gelip hezil edip ýatypdyr. Ertesi irden aýaly: – Turaweri, namazyň geçýär, täret suwuny gyzdyrdym – diýip, Gylyçmyrat agany oýarypdyr weli: – Aý namazam okap azara galyp ýörmesegem boljak. Behişdiň garawulam öz inilerimizden eken. Tanyşlyk bilenem geçirer – diýip, beýlesine agdarylyp ýatyberipdir. ■ MEN SEPELEÝÄNMI? Urşuň yz ýanlary artistler aýlyga garaşyp duran ekenler. Hany, o wagtlar wagtynda berlip duran aýlyk barmy. Şol wagtam gar ýagyp başlaýar. Galpak aga Sary aga ýüzlenip: – Sary, gar haçan goýjak? – diýip, soraýar. Ozalam aýlygynyň boljagynyň-bolmajagynyň belli däldigine jany ýanyp duran Sary aga: – El-aýt, Galpak, sadalygyňam halys gözüni çykaraýýaň, näme, garyň haçan goýjagyny biler ýaly, ony men sepeleýänmi? – diýip, Galpak aganyň ýanyndan turup gidipdir. ■ SAŇA-DA IÇIRIBERERLIGI ÝOK Ýaş tapawudymyzyň esli barlygyna garamazdan men Gylyç aga bilen ham-şamdym. Degişerdik, gülüşerdik. Bir gün Gylyç agalara barsam, naharlanjak bolup otyr eken. Men degişme salyp: – Be, gaýyn enem-ä söýýän eken – diýdim. Gylyç aga çalarak ýylgyryp: – Aý gezýän wagtyň şu bolsa, hemişe söýer-le – diýdi. – Hany, gel geç, Bahana bilen, elli-elli uraly. Aý, menem şu ýaşyma, arakdan ýüz öwrüp görmämsoň ýaşulynyň gapdalyna gondum. Elli-elli uranymyzdan soň Gylyç aga gürleýändir, menem gaty dogrudyr diýip, guýanyny başyma çekip oturandyryn. Soňa baka aragyň humary ýetdimi, nätdimi, Gylyç aganyň garşysyna çykyp ugradym. Bir zady gürrüň berip başlaýar weli, menem: – Juda beýle däldir-le – diýip, aýdanyna garşy çykyp oturandyryn. Gylyç aga halys çydaman: – Görýän weli, ogul, saňa-da içiribererligi ýok eken-ow – diýip, çüýşäni ýygnady. ■ MYHMANÇYLYKDA Bir gün Gylyç aga bilen Büzmeýindäki tanyşlaryna gezmege gitdik. Baran ýerimiz bizi juda gowy hezzetledi. Gylyç aga: – Men rulda – diýip, «akmämmetden» datmady. Göreniň men-dä, öý eýesiniň guýanyny edil keçä siňen ýaly edip oturandyryn. Soň kelle gyzypdyr. Bir görsem, töweregimdäkilere gezek bermän, oýunlardan monolog okap oturan bolsam nätjek. Aý, garaz, sag-aman Gylyç aga bilen ýola duşduk. Men ýolda: – Ýak, şu soňkujany içmeli däldim weli – diýip, Gylyç aganyň ýüzüne seretdim: Gylyç aga: – Bar günä soňkuda däl... – diýip, ýylgyrdy. ■ NAMART GARAMASYN Gylyç Berdiýewiň eli açyk adamdy. Tapanyny ýoldaşlary bilen iýerdi. Gastrola gitse, hiç wagt naharhana barman, myhmanhanada nahar edinerdi. Özem hemişe ýany adamlydyr. Ýoksurun artistleriň biri Gylyç agany darykdyrjak bolup, nahar öňüne aldygy «Salowmaleýkum» diýip barar eken. Bir gün Gylyç aga naharyny öňüne alypdyr-da, gapyny içinden gulplapdyr. Häki ýeksurun artist şu bela gapyny kaksa-da açmandyr. Naharyny iýip bolup, gapyny açypdyr weli, häki ýeksurun artist: – He, Gylyç aga, gapyny gulplap nahar iýýärmiň? – diýýär. – Ýok, ogul, beýle däl, ýene merdiň gapysyndan namart garamasyn diýip ýapyp goýdum. ■ HURUŞLYJA ÇORBA Hruşýowyň häkimlik edýän ýyllary eken. Aman aga, Bazar aga, Gylyç aga Marynyň myhmanhanasynda bile bolýan ekenler. Nahara at dakmak gowy däl welin, naharhanalarda bişýän naharlarda kelem bilen makarondan başga zada ýüzüň düşjek gümany ýok eken. Ak çörekden-ä geçen, «Zabaýkalskiý» diýip çörek çykardylar weli, datsaň saryňy gaýnadyp, alyp barýar. Bu ýagdaýa halys çydamadyk Bazar aga: – Hany, ýörüň Hruşýow çorba iýip geleliň – diýip, çykyp gidýär. Gylyç aga Aman agadan: – Ýaňky Bazar näme diý-de? – diýip, soraýar. Aman aga: – Bazara ýörüň huruşlyja çorba iýip geleliň diýdi – diýipdir. ■ JYNAZASYNY ÖZÜM OKANDYRYN Stalin hakynda gürrüň, gozgalsa, Sary aga goşulman durup biljek gümany ýok eken. Bir gezek Staliniň ölümi hakda gürrüň gozgalypdyr weli, Sary aga: – Men 1953-nji ýylda Tejen etraplarynda kino duşup ýördüm. Bir gün yzymdan Moskwadan döwlet telegrammasy geldi. Açyp görsem, hut Staliniň özünden eken. Telegrammada näme ýazylandyr öýdýärsiňiz? Onda Stalin: «Saryjan, doganym, tiz gel, men näsagladym, ýagdaýym gowy däl, ölmänkäm seniň nurana ýüzüni bir göreýin» I.W.Stalin diýibem gol çekipdir. Hany, onsoň gitmänem bir gör-de! Nädendir öýdýärsiňiz, menem duran ýerimden basdym IL-154-iň biline, asyl salymyny bermän Moskwa eltdi. Aeroport- da «Çaýka» garaşyp duran eken, muňa mündüm-de göni Staliniň ýanyna sür diýdim. Barsam agam jan gözüni süzüp ýatyr eken, meniň girenimi göreninden: – Doganym, Saryjan, geldiňmi? – diýip, gözünden boýur-boýur ýaş döküp başlady. Meniňem Poladyň beýdip ýatyşyna dözmän, gözümden boýur-boýur ýaş akyp başlady. Men oňa: – Polat, sen mertsiň mert bol – diýip, elini gysdym weli: – Saryjan, meniň boljagym boldy, özüň doganlyk hossarlygyny etgin, üçümi, ýedimi, kyrkymy özüň sowarsyň bular o zatlary bilmezler, indem bir imanymy öwür, doganym – diýdi. Menem Kremliň içinde Staliniň başujunda lazm berip agamyň kelemesini öwürdim weli, pahyryň jany ýagdan gyl sogrulan ýaly boldy ötägitdi. Aý, size ýalan, maňa çyn, Kremliň içinde bir orlaşyk bold-ow, heý siz goýaýyň. Ine onsoň Molotow ýanyma gelip: – Sary, bilýän, saňa agyr düşýändir, gaýrat et. Indi agaň etmeli işleri bilen bolaly – diýdi. Menem: – Derrew Türkmenistana samolýot iber, 4 – 5 sany ýaşuly alyp gelsinler – diýdim. – Pah, agzyňdan sözüň çykaryna mähetdel, üç-dert sagadyň içinde eltdiler, ýedi-sekiz sany ýaşulyny. Wah, getiren adamlaryny diýseňizläň, bary azarlap duran tirekkeş bolsa nätjek. Men Molotowa: – Nireden tapsaň tap, tirek tap, ýogsam bulary jynaza duruzyp bolmaz – diýdim. Nädendir öýdýärsiňiz? Hut sary erik ýaly, tüýs Eýranyň men diýen, tirýeginiň kerpiç ýalysyny oklady öňümize, bizem haýdan-haý Kremliň bir burçunda ýakdyk ojar ody, çek-e, çek-e, bir görsem ýaňky baran ýaşulular dyzdan garyň içinde, aýakýalaň täret kylyp ýörler. Aý, doganlar, gepi uzaldyp nädeýin özüm ymam boldum. Staliniň jynazasyny okap jaýladyk. Hawwa, ýaňky jynaza duranymyzda galoşlarymyzyň içine, ak guýruk ýüzlüklerden atypdyrlar. Men Molotowa: – Siz bu däp-dessury nireden bilýärsiňiz? – diýip sorasam, Molotow: – Kalinin aýtdy, ol siziň ýurduňyza baryp gaýdypdyr-a – diýip, jogap berdi. Ine, şeýdip dogan ýaly gowy görýän dostumy jaýladym – diýip, Sary aga sözüni soňlapdyr. ■ GELNEJEME KÄN AÝTDYM Bir gürrüňçilikde iki aktýor Sary agany gürletjek bolup biri: – Stalin ölende aýaly ýokmuş – diýse, beýlekisi: – Bar. Ölende aglap sesem edipdir. – diýip, eňek eden bolupdyr. Sary aga bularyň gürrüňini diňläp köp oturyp bilmändir. – Aý, goýsaňyzlaň bilmeýän zadyňyzyň gürrüňini etmäň – diýip, gürrüňe başlapdyr. – Agamjanyň belli günlerini sowanymyzdan soň, gelnejemiň ýanyna bardym. Staliniň aýalyna men hemişe gelneje diýerdim. Olam ýüwürjim diýip maňa ýüzlenerdi. Men oňa «Gelneje, agamsyz saňa kyn bolar, seni Türkmenistana göçürip äkideýin, gapdalymdan jaý tutup bereýin» – diýdim. O pahyr ýarym ýaş aglap, oturşyna: – Sag bol, ýüwürjim, Sary jan, agaň mertebesini tutup bildiň. Ýöne men nädip agaň ojagyny taşlap gideýin – diýip, gaýtmady. Meniň bilen gaýtmasa-da- gaýtmady weli, soň görgi barynam-a gördi, bende – diýip, gynanmak gynanypdyr. ■ AKYLYNYŇ ÝARYSYNY BERÄÝMELI EKENIŇ Sary aga bir iş etse, aýaly ony eýle etmeli däl ekeniň, eýle etmeli ekeniň diýip, iňirdäp goýmaz eken. Halys jany ýanan Sary aga: – Eý, Hudaýjan, aýalymam, menem horlanyp ýörmez ýaly, aýalymyň akylynyň ýarysyny maňa beräýmeli ekeniň – diýip, Alla arz edipdir. ■ BOLUPDYR DIÝENIŇE DUŞAMOK Sary aga aýaly bir ýumuş buýrsa tersine eder eken. Günlerde bir gün, aýaly Sary aga: – Sary, sen hemişe buýran işimi tersine edýärsiň-le? – diýip, sorapdyr. – Aý, şu ýaşan döwrümde şu işi oňarypsyň diýenine gabat gelemok. Buýran ýumşuňy tersine etsem, seniň buýran işiň bitäýjek ýaly bolup dur – diýip, Sary aga jogap beripmiş. ■ HANY BIR ÇILIM AL-LA! Türkmenistanyň halk artisti Annamyrat Berdiýew hiç çilimini goýup bilenok eken. Bir sapar Çärjew etraplarynda gastrolda gezip ýörkäler, çilimini goýupdyr. Üç-dert gün çilim çekmän mydar edipdir. Ýöne halys keýpi bolmandyr. Hiç kim bilen gürleşmändir. Şol günleriň birinde Myradyň Çärjewde okaýan inisi gelip: – Myrat, gelnejemi operasiýa etdiler – diýip, habar beripdir. Myrat operasiýa gowy geçdimi diýip soramaga derek: – Hany, bir çilim al-la – diýip, çilim çekmege bahana bolanyna gaty begenipdir diýip gürrüň edýärler. ■ KELLESIZLEREM-Ä IŞLÄP ÝÖRLER Meret Atahanow ýaşynyň soňunda bir aýagyny kesdirmeli bolupdyr. Aýagyny kesdirenden esli wagt geçeninden soň bir gün kinostudiýanyň direktorynyň ýanyna baryp: – Ýoldaş direktor, maňa kino ber, meniňem kino goýasym gelýär – diýipdir. Direktor sypaýyçylyk edipdir. – Meret aga, size kyn bolaýmasa. Meret Atahanow: – Kellesi ýoklaram-a kino döredip ýörler ahyry, sen bolsa meniň bir aýagym ýok diýjek bolýaňmy? – diýip direktoryň ýanyndan çykyp gaýdypdyr. ■ ZORA ZOR DIÝMELI Aman Gulmämmedowyň Mollanepes teatryna ýolbaşçylyk edýän wagty, bir aktýor içip işden köp galar eken. Her gezek işden galanda pylan garyndaşym ýogalypdyr diýip bahana eder eken. Bir günem gelip: – Aman aga, enem ýogalypdyr şoňa gitmeli boljak – diýipdir weli, Aman aga: – Elhepus, geçen gezek işden galanda-da enem öldi diýipdiň weli, seniň näçe eneň bar – diýip, soranda ýaňky aktýor: – Geçen saparky ýogalan, kakamyň ejesidi, bu saparky ýogalan meniň enem – diýenden, Aman aga: – Men-ä saňa telpek goýdum, rugsat, gidiber – diýip başyny ýaýkapdyr. ■ YZYM KOMMUNIST BOLUP DUR Stalin ýamanlansa Sary aga ýaramaz eken. Bir oturylyşykda oglanlaryň biri: – Ol jelladyň edeni halkyň ömür ýadyndan çykmaz. Gabrynda dik oturar enşalla – diýipdir weli, Sary aga oturyp bilmän: – Sen nämäni bilýäň Meskewiň bütin halky şol diýip ýykylyp ýatyr. Onuň başujuna goýlan heýkel daty ogşalyp-ogşalyp kiçelip gidipdir. Bir sapar şeýle bir waka bolupdy. Şükür jan ikimiz Meskewe gitdik. Bi Şükür diýýänim, hol «Meleguş meniň dostum» – diýilýän kino bar-a, şonda samolýot sürýän bolup oýnaýandyr. Hawwa, onsoň Şükür bilen Gyzyl meýdançaň ýanyndan geçip barýarkam Şüküre: – Gel, agama bir aýat okap geçeli diýsem, ol gaýtam, «Sary, seniň şol jellat agany soňky döwürde öwüp baranoklar, gowusy gidibereli» diýip, haýdap barýar. Menem göreniň men-de, ýeke gep diýdim, gutardy. Tutdum ýaňkyň çäkmeniniň synyndan-da, «Eger-de agama aýat okamasaň, gaýdyp seniň bilen tirkeşmen» diýdim weli, eýesiz güjük ýaly yzym bilen seňkildäberdi. Menem baryp agamyň mazarynyň başujunda çökendirin. Şükürjan maňa naýynjar garap: «Dogan Sary jan ýene kelterägini beri okaweri» diýip, ýalbaryp duransoň bir sagat töweregi ýaňlandyryp okap, «allow» – diýdim weli, bütin Meskew «allow» – diýen ýaly günlenç ses çykdy. Bä, bi nämekä diýip yzyma seretsem, bi 1917-nji ýylda rewolýusiýa gatnaşan kommunistleriň bary Gyzyl meýdança ýygnanan bolsalar nätjek. Ana şolar «allow» diýen eken. Şunça adam «allow» diýip dursa, heý, ol gabrynda dik oturarmy – diýip, başdaky oglany aldarlaberipdir. ■ BIR SENE-MENEJIK BOLAÝDYMY?! Ellinji ýyllarda Sary aga Tejen etraplarynda gezip ýören eken. Sary aga bir gün keýpi saz wagty Şükür aga garap: – Şükürjan, ýaňky 4-5 ýyllykda Ors bilen Nemis sene-mene edäýdimi? – diýip, sorapdyr. Şükür aga: – Hawwa, diýseň-diýmeseň şolar birki ýyllykda tark-turk edäýdiler öýdýän – diýip, jogap beripdir. ■ ULY ÝAMANLYK Bir gün bir kinorežissýor bir aktýora: – Bilýärmiň näme, ýer titirände seniň aýalyňy ýeriň aşagyndan men çykardym – diýip, öwünenmiş. Aktýor! – Be şu wagta çenli, dünýäde maňa iň uly ýamanlyk eden kimkä diýip ýördüm weli, asyl sen ekeniň-ow – diýip, kinorežissýory alarladyp ugrapdyr. ■ TOWUGA ÖWRÜLEN HORAZ Urşuň yz ýanyndaky ýyllarda artistler Mary etrabyna gastrola gidipdirler. Bir gün Gylyç aga, Bazar aga dagy bazardan hersi bir towuk alypdyrlar. Myhmanhana gelip gazan tapyp, hersi öz towugynyň aýagyna bir sapak daňyp atarypdyrlar gazana. Göreniň Alty aga-da, bir hokga çykarmasa hiç oňmaz eken. Ol towuklar gaýnap bişip barýarka ýoldaşlarynyň gözüne çep atyp, towuklaryň aýagyndaky sapaklary çalşyrypdyr. Gylyç aganyň ullakan horazynyň aýagyndaky ýaşyl sapagy kiçijik mäkiýanyň aýagyna geçiripdir. Towuklar bişen soň hemmeler towugyny almaga gelseler, hiç kimiň daňan sapagy öz towugynyň aýagynda ýokmuş. Bu ýagdaýyň Alty agadan ýetenini bilen Gylyç aga: – Ogul, Alty, gazana aýagy ýaşyl sapakly horaz atypdym weli, ýaşyl sapakly mäkiýan çykypdyr-la, munuň sebäbi nedir? – diýipdir. – Horazyň mäkiýanlar bilen bir gazanda gaýnamany namys edip kiçelendir – diýip, Alty aga öz towugynyň aýagyndaky sapagy aýyrmak bilen bolupdyr. ■ HEMMÄMIZ EDÝÄRIS DIÝÄÝGIN 1942-nji ýylda frontdakylara medeni hyzmat etmek üçin aktýorlaryň bir toparyny urşa ýollapdyrlar. Gidenleriň içinde neşe edýänem barmyş. Her gün ýetdik naharlaryny biri gidip alyp gelýär. Şol giden adama neşe edýänler üçin az-owlak neşe-de berilýär eken. Bir gün aktrisalaryň biri özlerine berilýän zatlary almaga ugrapdyr weli, Garabatyr: – Aýsoltan, şol neşäni hemmemizem edýäris diýäýgin – diýip, yzyndan gygyryp galypdyr. ■ SENI BAŞYMA URAÝYNMY? Sary aga ýokary okuw jaýlarynyň birine girmek üçin dokumentlerini tabşyrypdyr. Soňra tanyş gözlegine çykypmyş. Bir mugallym tanşynyň barlygy ýadyna düşüp, onuň ýanyna barypdyr-da: – Dokumentler-ä tabşyrylandyr. Indi özüň birneme kömek etmeseň bolmaz – diýipdir. Ýaňky tanyş mugallym: – Arkaýyn bolaý, ýoldaş Garryýew. Üç sany ekzamen bardyr. Şolaryň ikisinden bäşlik al, birinden derdem bolsa zyýany ýok, konkursda kömek ederin – diýipdir. – Ýeri ol bahalary alyp bilýän bolsam, seni başyma ýapaýynmy? ■ KULIKOWO SÖWEŞI Sary aga ýokary okuw jaýyna girmek üçin, taryhdan ekzamen berýär eken. Ona Kulikowo söweşi* düşüpdir. Sary aga biledindeki soragy okap, duran ýerinden jogap bermege başlapdyr. – Ine, onsoň şol söweşde okobyň içinde duşmana seredip ýatyrdym. Birden arkamdan Jukow geldi-de: – He, ýoldaş Budýonnyý, ýagdaýlar niçik? – diýip, sorady. Men ýalta yzyma seretsem Jukow üstüme abanyp dur. Ol meni göreninden tanap: – Bagyşla, ýoldaş Sary Garryýew, bi sizmidiňiň, murtuňyzy görüp Budýonnymykaňyz diýipdirin. Siz bu ýerde bolsaňyz men arkaýyn-la – diýip, çest berip yzyna gaýtdy. Mugallym Sary aganyň, sözüni bölüpdir. – Bagyşlaň, Garryýew, siz Kulikowo söweşine-de gatnaşdyňyzmy? – Päheý, munuň aýdýanyny gör-le, ondan aňyrrakdaky Berlin söweşine-de gatnaşdym. ■ MUNDA-DA BAR Sary aga ýazuwdan ekzamen berende bir ýaş gyzyň ýanynda oturanmyş. Ýaňky gyz näme ýazsa sypdyrman harpma-harp göçürip oturanmyş. Gyz ýazuw işiniň daşyna pylanyýewa diýip ýazýar weli, Sary aga-da Garryýewa diýip ýazypdyr. Okuwçylaryň ýazyşyna seredip ýören mugallym, Sary aganyň ýanynda aýak çekip: – A-ny aýyr – diýip, Sary aganyň deňinden geçip gidipdir. Sary aga derrew başky any aýryp, Grryewa edip murtuny sypap otyrmyş. Mugallym ýene aýlanyp gelip: – Ol «a»-ny däl, yzky «a»-ny aýyr – diýýär, weli Sary aga! – Aýyrjak del, ynha munyňkyda-da bar, özüň-ä şu gyz näme ýazsa, sypdyrman göçürgin diýip tabşyrypdyň – diýip, dawa etmege başlapdyr. ■ OLAM PALÇYKLANDY DIÝSENE... Aman Gurbandurdy dagynyň okuwy gutaryp gelen ýyllary eken. Mary etrabynda gastrolda gezip ýören artistler Murgap derýasyna suwa duşupdirler. Hemmelerden öň suwdan çykan Gylyç aga eşigini geýip durka Aman Gurbandurdy suwa çümüp bir penje tara palçyk alyp urýar Gylyç aganyň ýagyrnysyna. Gylyç aga muny Amanyň edenini bilip: – Heý, ogul, görýän weli, senem öwrenişdiriberseň, basym syrtyňy palçyklajaklardan ekeniň – diýip, özüni suwa urupdyr. ■ BU BAŞARMAZ Men Gylyç Berdiýewlere köp barardym. Ondan-mundan gürrüň edip gije çenli oturardyk. Bir gün ondan-mundan gürrüň edip otyrkak, Gylyç aganyň, goňşusy geldi. Ol gaty gürrüňçil adam eken. Ol oturyp-oturman: – Gylyç, diýýen-ä, şu wagtyň kommunistleri nähili bolaýypdyrlar, hut agyzlary ýetse gulaklaryny iýjek bular – diýip, zeýrenmege başlady. Ol wagtlar kommunistleriň sarpasynyň belent tutulýan döwrüdi. Bardy-geldi bir kommunistiň adyna bir ýakymsyz söz aýdaýsaň, «öwlüýä kesek zyňandan» eý görlenokdy. Ine onsoň ýaňky ýaşuly gaýtjak bolanda: – Bi, ýaş oglan, birazajyk kömek edip bilmezmikä, ýaňy medeniýet tehnikumynyň ýanyna tagta düşüripdirler weli, birki sanysy gerekdi – diýip, sözüni soňlamanka, Gylyç aga: – Bi başarmaz, sebäbi bi seniň ýaly kommunist däl – diýip, gaharly jogap berdi. ■ SENI GUTLASAM... SSSR-iň halk artisti Alty Garlyýew Lenin ordeni bilen sylaglanypdyr. Şu mynasybetli Alty aga oturylyşyk gurapdyr. Şol oturylyşyga Allanazar agada çagyrylypdyr. Allanazar aga oturylyşygyň bütin dowamynda, ýagşydan-ýamandan ýekeje söz hem aýtmandyr. Ahyry myhmanyň bolup oturyşyny geň geren Alty aga: – Sen neme meni gutlaňok, şu oturylyşygyň sebäbini beri bilýärmiň? – diýip sorady. Allanazar aga: – Bilýän. Saňa berlen orden şuňa-da berildi dälmi, seni gutlasam, munam gutlamaly bolaryn – diýip, gapdalynda oturany görkezipdir. ■ BIR GÖRÜP BOLSADY Allanazar aga şerebelije sözlerini diňe ile diýmän, öz çagalaryna-da diýer eken. Bir gün ogluny dublýaža getirip bir rol beripdir. Ogly şu bela jan etse-de rol bolmandyr. Halys jany ýanan Allanazar aga: – Eý Alla, seni dogran eneni bir görüp bolsady – diýip, ogluny kowup goýberipdir. ■ TOÝ EDEŇOKMY? – «Aýgytly ädim» filmini surata alyp ýörkäler, Alty toýly ýerini surata düşürmek üçin, birnäçe gazan nahar atardypdyr. Ýöne gün öýläne sapýança surata alyp gutarmandyrlar. Garaşyp garaşmazy çykan Sary aga Alty Garlyýewiň ýanyna baryp: – Hany, Alty jan, toý edeňokmy? – diýip sorapdyr. Alty aga Sary aganyň näme diýjek bolýanlygyna düşünip: – Toý etsegem boljak, ýene Aýnany kime berjegimi bilemok – diýipdir. – Aý, Alty jan, Aýnany kime berseň şoňa ber, ýöne basymrak toý etseň bolýar. ■ GÖZI GÜLLI BOLMALY 1954-nji ýylyň 14-den 24-nji oktýabr aralygynda Moskwada Türkmenistanyň edebiýatynyň we sungatynyň ongünlügi geçirilýär. Ongünlük diýseň üstünlikli geçýär. Aşgabada gaýdyp gelen edebiýat we sungat ussatlaryny ildeşleri gül desseleri bilen garşy alýarlar. Şyhly Agaýew eli gülli bir zenany görüp Sary aga degmek üçin: – Sary aga, eli gülli bir zenan elewräp birini gözleýär weli, gelnejem bolaýmasyn? – diýýär. Sary aga säginmän: – Meni gözleýäniň eli däl, gözi gülli bolmalydyr – diýýär. ■ TÜRKMEN MÝUNHAUZENI Beýik Watançylyk urşundan soň, halkyň çöken göwnüni birneme galkyndyrmak maksady bilen, türkmen kinematografiýasy komediýa köpräk ýüzlenýär. «Uzakdaky gelinlik» filmde halklaryň arasyndaky dostluk hakda söhbet açylýar. Bu filmde Sary aga şadyýan Sarynyň obrazyny döredýär. Filmde Sary köp ýerde görnenok. Ýöne köneje motoryny tarladyp ýören Saryny gören tomaşaçylar ýylgyrmak bilen garşy alýarlar. «Uzakdaky gelinlik» kinofilmi 1949-njy ýylyň Döwlet baýragyna mynasyp bolýar. Bu baýragyň paýlanyşy hakda Sary aga şeýle diýenmiş diýen gürrüň bar. Moskwanyň kinoteatrlarynyň birinde «Uzakdaky gelinlik» filmi görkezilýär. Ony görmege Stalin bilen Molotow hem barýar. Film Staline gaty ýarapdyr. Ylaýta-da Sary Garryýewiň oýnaýşyny gowy görüpdir. Stalin yzynda oturan Molotowa motoryny tarladyp gelýän Sary agany görkezip: «Ine, şuňa Döwlet baýragyny bermeli» diýýär. Molotow jübüsinden bloknotyny çykaryp belleýänçe ekranda Alty Garlyýew peýda bolýar. Şeýdibem Alty Garlyýewiň ady bloknoda ýazylýar. Alty aga bu gürrüňi eşidende, «Aý, zora zor diýmeli. Munuň tapyp ýören zadyny diýsene, tüýs türkmen Mýunhauzeni» diýip, ýylgyryp oňaýypdyr. ■ KELLÄŇI EG Sary aganyň aýdym-sazdan gowy başy çykýar eken. Ýoldaşlaryna aýdym-saz edip hezil beren saparlary köp bolupdyr. Ýöne atly-abraýly bagşylaryň biriniň aýdym aýdyşyny hiç halamaz eken. Şonuň adyny eşitdigi turup gidiberer eken. Günlerde bir gün aýdym-saz edip otyrka oglanlaryň biri, Sary aga degmek üçin halamaýan bagşysynyň adyny tutup öwmäge başlapdyr. Bu ýagdaýa halys gahary gelen Sary aga gitmek üçin ýerinden turýar. Sary aganyň häsiýetine belet Şyhly Agaýew: – Haý zalywat, duraweri. Ýaş oglan bilen deň bolma – diýip, ony gujaklap saklaýar. Sary aga ýerinden turanyndan soň näderini bilmän: – Meni goýber – diýip dyzaýar. Şyhly Agaýew ony sypdyryp goýberýär. Sary aga ýaňky oglana topulyp barşyna: – Kelläňi aşak eg, ýumruk saljakdyryn – diýip, gygyrýar. Ýerine geçip oturanda bolsa: – Wagtynda kellesini egäýdi, ýogsam-a – diýip, Şyhly Agaýewe alarlyp seredýär. Şondan soň Sary aganyň pylanyny urşy ýaly diýen gürrüň ýaýraýar. ■ ÝOLBARS EMEN Sary aga juda gürrüňçil adamdy. Başyndan geçen waka bolsun, isle durmuşda bolup biläýjek zat bolsun, tapawudy ýok, ol şeýle bir ynandyryjykly gürrüň berýär weli, aňňat ýanyňdan turup gidip bilmersiň. Sary aga özüniň dünýä inişi hakda şeýle bir janygyp, çynlakaý gürrüň berýär, hany ynanma-da, ondan soň ynanman bilseň: – Men enemden bolanymda betgelşik ekenim. Biler bolsaňyz, ýüzüm durşy bilen burun bolup dursa nätjek. Ine, ondan soň meniň göbegimi kesmäge gelen göbek eneler, ýüzümi görenden wägirişip gaçyp gidipdirler. Ejem bulara näme bolduka diýip, meniň ýüzüme seredip olam wägirip diň arkan gaýdypdyr, ýüregi ýarylyp öläýipdir. Hawa, ondan soň eşider bolsaňyz, obanyň ýaşululary üýşüp maslahat edipdirler. Bu dogan çaga ýöne adam bolmaz. Dogan güni ejesiniň başyny iýdi. Obamyza betbagtlyk getirer diýip, meni daga taşlap gaýdypdyrlar. Adam ölmejek bolsa, bir zat tapylar eken. Size ýalan, mana çyn, meni taşlap gaýdan ýerlerinde bir güjüklän ýolbars bar eken. Ine, şol ýolbars meni güjükleriniň arasyna eltip, emdirip ulaldypdyr. Ine, şeýdibem ulalyp, oba gaýdyp geldim. Ynanaýyň şu günlerem käte gidip ýolbars ejemjany görüp gaýdýan. Wah, janawer ejemjan, meni gördügi gözünden boýur-boýur ýaş dökýär. Menem ejemjany görüp saklanyp bilmän aglaýan. Doganjyklarym – ýaňky bileje emşen ýolbarsyň çagajyklary ýanyma gelip meniň ýüzümden-gözümden ýalaýarlar. Sary aganyň bu gürrüňine ynanmazlyk eden ýaşlaryň biri: – Sary aga, indiki gezek gideninde, menem özüň bilen alyp git, menem seniň ýolbars ejesi görüp gaýtjak – diýip, gürrüňe goşulypdyr. Sary aga gürrüň berip otyrka gapdalyndan gürrüňe goşulsalar hiç halamaz eken. – Bolar, köşegim, indiki gezek gidenimde senem alyp gidäýerin – diýip, jogap beripdir. – Onsoň Sary aga, seniň ol ýolbars ejeň mana topulyp, meni düýt-müýt etmez-dä hernä? – Aý, sen onuň gaýgysyny etme, inim, üstüňe topulsa burnuňa poh çalaýgyn. – O gyssag arada, seniň o diýýäniňi nireden tapaýyn?! – Ýolbars üstüňe topulan wagty, elini syrtyňa aýlabilseň taparsyň... ■ ÄŇINI DAŇYŇ Bir oturylyşykda, Sary aga biri şeýle sowal beripdir: – Sary aga diýýen-ä, siz hernä Saparly diýen bir dostum bar diýip gürrüň edýärsiň weli, onuň çagalary bilen gatnaşyk edýärmiň? – Gatnaşamok, hiç haçan gatnaşyk ätmenem. – Weý o näme üçin dostuň çagalary bilen gatnaşyk etmeli dälmiş. – Munuň, inim, gürrüňi uzak. Gowusy, men size Saparly bilen bolan iň soňky wakany gürrüň bereýin – diýip, Sary aga gürrüňe başlan. – Ellinji ýyllar töweregi bolsa gerek. Saparly şol etäňet kesele sezewar bolup, gün geldigiçe ýagdaýy peselip gidip oturandyr. Menem onsoň soňky döwürde onuň ýanyndan aýrylýan däldirin. Men diýen dört sanam ogly bar. Hersi bir ýeriň ketdeleri. Onsoň halys haly peselenden soň ogullaryny ýanyna çagyrdy. Dördüsi dört ýerden häzir boldular. Ýaňky Saparly dostum kellesini zordan galdyryp söze başlady: – Ogullarym, Amandan müň manat algym bardyr. Şony alyň – diýendir weli, dördüsi dört ýerden jübülerinden kagyz-galam çykaryp belläp oturandyrlar, Bazardan, Meretden... aý pylanydan diýip bäş-alty algydarynyň adyny aýtdy weli, dört ogly bir-birinden öňürti ýazdylar. Saparly bir az gözüni süzüp ýatdy-da: – Myrat – diýdi weli dördüsi ýene-de ýazdylar. Saparly hykylap-çokulap: – Myrada 50 manat bergim bar – diýdi weli, dört dogan, dördüsem Myradyň adyny çyzdylar. Saparly ýene-de: – Hekime 40 manat, Durda 25 manat, Aşyra 30 manat... aý garaz şeýdip 4-5 adamyň adyny tutdy weli, Saparlynyň uly ogly: – Haý, eňegini daňalyň, doganlar, kakamyz gutardy öýdýän – diýip, gepläp ýatan kakalarynyň eňegini daňdylar. Menem: – O-how, edýäniň näme, ölen adamyň eňegi daňylýandyr, bi diri – diýip, ýapyşandyryn ýaglyga. Men aýyrýan, olar daňýarlar, aý şeýdip birki sagat çekeleşdik. Bir görsem Saparlyň gözi açyk, elini serip jan beripdir. ■ HAÝ EDENIŇ BAR BOL-A Türkmenistanyň belli režissýorlarynyň biri Aman Kömekow bir dosty bilen Moskwa gezelenje gidipmiş Olar Moskwa baranlarynda Aman ýoldaşynyň başyndaky juda gowy tikilen telpegini görüp: – Häzir bolgun, telpegiňi aldyraýmagyn, ahmal bolsaň metro müneňde telpegiňi alýandyrlar – diýip, düşündirip gidipdir. Gündiz hersi öz işleri bilen bolup, agşam myhmanhana gelýärler weli, Amanyň ýoldaşy janygyp gürrüňe başlaýar: – Sagja bol, Amanjan, aýdanyň gowy bolaýdy, ýogsam telpeksiz galjak ekenim. – Ýeri, näme boldy? – Näme bolar öýdýärsiň. Bir görsem metrodan düşüp barýan biri meniň telpegimi duýdurman alyp kellesine geýip haýdap barýar. Menem ýapyşdym telpegime, zordan alyp ýetişdim. Telpegimi aldymam weli, wagonlar şakyrdaşyp gitdi – diýip, joşup gürrüň beripdir. Soňra bir zat aljak bolup sumkasyny açypdyr weli, öz telpegi sumkanyň içinde ýatyrmyş. Bu ýagdaýy gören Amanyň ýoldaşy: – Haý edeniň bar bol-a –diýip, özüni lampa aşak goýberipdir. ■ ÇÜÝRÜK Teatrda agşam «Oba gyzy» spektakly gitmeli eken. Ýöne Gündogdy Hakgyýew ýaramanlygy üçin, «Oba gyzy» spektaklynyň ýerine «Söýgi» spektaklyny belläpdirler. Repetisiýany gutaryp öýüne gaýdyp barýan Bazar aga aktýorlar toparynyň ýolbaşçysy: – Bazar aga, agşam «Oba gyzy» spektaklyna derek «Söýgi» bolýar – diýipdir. – We, o näme üçin? – Gündogdy Hakgyýew ýaranok. – Oňa näme bolupdyr? – Bilmedim weli, üşäpdir öýdýän. – He, olam üstünden kepderi uçup geçse, gark urup ýorgana girýänlerden diýsene. Haý çüýrük... – diýip, Bazar aga içki pikirini daşyna çykarypdyr. ■ GIRDEJI ÇEŞMESI Mollanepes teatry gastrolda gezip ýörkä Türkmenistanyň halk artisti Baýram Sadykow Türkmenistanyň halk artisti Ata Döwletowa: – Ata aga, men çilim çekmeni goýdum. Agşam ýatman hasapladym, bir aýda ep-esli arassa girdeji edýän ekenim – diýipdir weli, Ata aga: – Baýram, bir saparky naharyňy kemeltseň arassa girdejiň has hem artardy – diýip, jogap beripdir. ■ HÖWÜRTGESINI TÄZELÄÝSE GEREK Türkmenistanyň halk artisti Gylyç Berdiýew juda beýik adamdy, ussat aktýordy. Ýöne muňa garamazdan onda çaga häsiýeti bardy. Ol çagajyk ýaly öýünde pul gizläýmesi bardy, Özünem iki ýerde gizlärdi. Ol ýerleriň ikisine-de men beletdim. Gylyç agalaryň howlusynyň ortarasynda juda belent üzüm dalbary bardy. Şol dalbaryň orta gürpräginde gyşyna-ýazyna soldat panamasy asylgy durardy. Bir gün Mama Babaýewa (Türkmenistanyň at gazanan artistkasy, Gylyç aganyň ýanýoldaşy) üzüm dalbaryna düşen düşdüş kerepleri syryp ýörkä atdanlykda sübsesi ýaňky soldat panamasyna degip, ony beýleligine öwürýär weli, howlyň içi 10-lük, 25-lik, 50-lik, ýene pul bolup ýatyr diýýä. Mama eje bu pullar hakda sesini çykarman ýygnap, soldat panamasynam öňküsi ýaly edip, asyp goýýar. Aradan esli wagt geçensoň bir gün Gylyç aga bir panama, bir öýlerine seredip, pul almaga amatly pursat gözleýär. Bu ýagdaýy aňan Mama eje: – Gylyç, men-ä bir salym gyşarjak – diýip, öýüne girip, Gylyç agany garawullap ugraýar. Gylyç aga-da: – Şeýt-şeýt –diýip, pul almaga amatly pursat bolanyna begenip, merdiwany dalbara söýäp, panama elini soksa, panamaň içi boş diýýä. Gylyç aga bu ýagdaýa geň galyp panamadan elini çykarmanka, Mama eje: – Gylyç o ýerde näme işleýä, bir zat gözleýän-ä dälsiň-dä herne? – diýip sorapdyr. – Ýok-la, şu panamany kepderi guzlaýsa diýip asypdym. – Kepderiň guzlapmy onsoň? – Enteg-ä ýok. – Onda garaşyber, ahyry guzlar – diýipdir weli, Gylyç aga-da: – Indi ol kepderi höwürtgesini täzeläýse gerek – diýip, merdiwandan düşüpdir. ■ ÖZÜŇKINI ÇEKÄÝ Teatr gastrolda gezip ýörkä artistleriň biri Ata Durdyýewe bir gap «Kazbek» uzadyp: – Al, Atam, şu çilimi sen alaý, men çilimimi goýdum, indi gaýdyp çekjek däl – diýipdir. Ata aga: – Aý, öz ýanynda durubersin, çilimkeşiň kän bir messebi bolmaz – diýse-de, hälki etmändir. Şeýlelik-de aradan ýigrimi gün dagy geçensoň häki çilim goýan: – Hany Atam ýekeje çilim bersene – diýipdir, weli, Ata aga-da: – Al öz çilimiňden çekäý – diýip, ellenmedik çilimi eýesine gaýtarypdyr. ■ ŞUNDAN LEZZETLI BOLMAZ Ata Döwletow bilen Şyhly Agaýew «gel şu gün boş günümiz keýpi kökläli» diýip magazine barsalar, magaziniň arakesme wagty eken. Ýör wagt geçer diýip, ikisi bazara aýlanmaga başlapdyrlar. Aýlanyp ýörkäler bir gawuna gözleri gidip, şony satyn alyp, iýmäge başlapdyrlar. Ata aga: – Be, Şyhly, haram aragyň derdinden gawunyň tagamy ýadymyzdan çykyp gidipdir, päheý munuň süýjüligini – diýipdir. Şyhly aga: – Çaga gürrüňini tapdyň – diýip, öýkeläp öýüne gaýdypdyr. ■ USSAT AWÇY Bir gürrüňçilikde ondan-mundan gürrüň edilip otyrka biri; – Men bir okda iki keýigi urup bilýän – diýip, öwünipdir. Munuň öwünip oturyşyna halys çydamadyk Sary aga: – Päheý, munuň aýdyp oturan zadyna garaň-a. Elinde tüpeň bolsa kim aw awlap bilmejek. Ine men tüpeňsiz-zatsyz näçe keýik gerek bolsa şonçasynam awlap bilýän. Sary aganyň gürrüňlerini diňläp oturanlar; – O nähili-de, ol nähili? – bolşupdyr. Sary aga: – Onda gulak asyň. Ýanyma bir kilogram un bilen gazet alýanda, daga keýikleriň suwa inýän çeşmesine tarap ýola düşýän. Keýikleriň suwa inýän çeşmesiniň amatly ýerini peýläp alýan-da garaşyberýän. Keýikleriň suwa geler wagty bolýar, menem eşiklerimi çykaryp, ýasky ýanyma alan unumy gazetiň üstüne pytradýan- da, üstünde birki sapar oturyp, çeşmeden suw içýän ýaly bolup duruberýän. Özüsiň bilýärsiňiz, mende tüý bereket-ä bar. Şemalyň ugruna ygşyldap dur. Ine onsoň ýaňky suwsan keýikler gelip suw içmege başlaýarlar. Çeşmäniň gyrasyndan amatly ýer tapmadyklar meni itiberip başlaýarlar. Ol başda men size tüpeňsizem aw tutmak aňsat diýdim weli, juda beýle aňsadam del. Käte janawerler itiberişip aýagymy basýarlar weli, ana şoňa çydamaly bolýar. Onsoň menem şol suw içen bolup durşyma iň semizini saýlap tutýan ýaňkyň şahyndan. Heh, oglanlar, ertir size keýik etinden bişirilen kebap bilen naharlardym weli, arman, bu günler keýikleriň owlaklaýan wagty-da. Birden ýalňyşyp bogaz keýigi tutaýsaň külli günämiş – diýipdir weli, başda bir okda iki keýik urýan diýen adam: – Aý meniň-ä aladam bardy – diýip, turmak bilen bolupdyr. ■ ŞOŇA DUR DIÝ-LE Türkmenistanyň halk artisti Nazar Bekmiýew baran ýerinde hökman bir zadyny ýadyndan çykaryp, ertir şonuň gözlegindedir. Bir saparam şeýle waka boldy. Gastroly gutaran aktýorlar Marydan Aşgabada uçýarlar. Samolýot Aşgabada ugranyndan soň yzky hatarlaryň birinde oturan Nazar aga öňki hatarda oturan Aman Gulmämmedowa: – Haý, Aman, samolýoty saklaweri, meniň telpegim ýaňky nahar iýen naharhanamyzda galypdyr – diýip, oturan ýerinden gygyrýar. Aman aga giňlige salypdyr: – Nazar, samolýoty saklap durmaly, ine häzir naharhana jaň ederin weli, indiki samolýotda telpegisi ibererler. – Şeýt, Aman, telpek ýitse hemmemize-de biabraýçylyk – diýip, Nazar aga arkaýynlaşypdyr. ■ KÜLDEN TAPYLAN SAGAT Urşuň yz ýanlarynda, hany bu wagtky ýaly şaňlap duran myhmanhana barmy diýsene. Artistler gastrola çykanlarynda baran obalarynyň mekdebinde ýa-da klublarynda ýatar ekenler. Bir sapar aktýorlar Lebap etraplarynda gastrolda gezip ýörkäler bir obanyň mekdebinde bolýarlar. Artistleriň bolýan jaýynyň çüňkünde peç bar eken. Birki goltuk gowaça çepem goýupdyrlar gapdalynda. Pejiň ody haýallasa, Nazar aga-da şol ot salyp oturan, Ertesi turup gaýtjak bolsalar, Nazar aga sagadyny tapanok diýýä. Gözlemedik ýeri galmandyr. Oňa çenli jaý süpüriji gelip, jaýy süpürip, pejiň külüni aýyrsa, gara köýük bolup ýatan sagada gözi düşüp: – Siziň gözleýän sagadyňyz şüý-ä däldir-de – diýip, gara köýük bolan sagady görkezýär. Sagady eline alyp, Nazar aga: – Päheý, sagat aldyňmy, onuň bagynam alaýmaly ekenim-dä – diýip, gara köýük bolan sagadyny küle oklap goýberipdir. ■ REPLIKAM BERILDI Bir oýnuň repetisiýasy gidip duran eken. Alty Garlyýew režissýora görünmän Sary Garryýewiň böwrüne gütüledip goýberýär. Awysyna çydamadyk Sary aga-da ýerinden turup Alty aganyň böwrüne gütüledip urýar. Bu ýagdaýy gören režissýor repetisiýany saklap: – Sary, utanaňokmy? Bolşuň nähili, uly adama meňzeş däl – diýip, käýinipdir. Sary aga hiç zat bolmadyk ýaly: – Ol meniň replikamy berdi, menem jogabyny – diýipdir. ■ BIDEREK ZADA PUL SOWMAK Teatr gastrolda gezip ýörkä, köp halatlarda kolhozlar artistleriň çaý-suwuna seredýär. Bir gün agşam oýun görkezmek üçin kolhoza barýarkalar pul hakda gürrüň gozgalypdyr weli, ketde artistleriň biri: – Wah, şu puluň hümmeti ýok, adamlar. Ýogsam men gastrola başlanymyz bäri iýmek-içmek ýaly biderek zada pul sowamogam weli, halys ýetirinip bilemok – diýip, zeýrenipdir, Ata aga: – Altmyşy arka atdym weli, iýmek-içmegiň biderek zatlygyny birinji gezek eşidýän – diýip, hüňürdäp oňmaly bolupdyr. ■ GANJYK «Uzakdaky gelinlik» kinofilmi surata düşürilip ýörkä, surata düşýän aktýorlaryň biri juda köp gepleýär eken. Onuň manysyz gürrüňleri Sary aganyň halys ýüregine düşüpdir. Sary aga durup bilmän: – Aý, inim, sen kimlerden borsuň? – diýip sorapdyr. Ýaňky lakgy ýigit: – Ine, Amandursunam, menem ganjykdyrys, ynanmasaň sorap göräý – diýip, Amandursuny görkezipdir. Sary aga: – Wah Amandursunyň ganjyklygyny öňem bilýärdim weli, seniň ganjyklygyny şu gün bildim – diýipdir weli, töwerekdäkiler wakyrda beräýipdir. ■ SOWUK HOWA Köpçüligiň üýşen ýerinde ondan-mundan gürrüň edilmän bolýarmy näme? Bir gürrüňçilikde biri 1969-njy ýylyň gyşynyň juda sowuk gelşi hakda gürrüň edipdir weli, bu gürrüňi Sary aga uzak diňläp oturyp bilmän söze goşulypdyr: – Päheý, ol 69-yň sowugy neme. 43-de Saparly bilen oduna gitdik. Howa diýseň sowukdy. Odun ýygyp başladyk. Kelleler oduna gyzyp Saparly bilen aramyz ep-esli açylypdyr. Bir zat gerek bolup, Saparly-how diýip gygyrdym weli, agzymdan çykan söz doňup Saparla ýarym gulaç ýaly ýetmän duruberdi. Saparlyň göwni bir ýaly, odun ýygyp ýör. Dagy näme etsin, ses ýetmese. Men bu ýagdaýa derrew göz ýetirdim. Täzeden Sapar-ly-how diýip bir gygyrdym weli, öňki doňup duran sesiň yzyndan bir itiberdi weli, Saparlyň böwrüne güt edip degdi. Saparlam «Näme diýýäň-how» – diýip bir gygyrdy weli, onuňam sesi ýolda doňup, meniň, böwrüme güt edip degdi. Ine, şeýdip biz doňan ses bilen gürleşdik – diýip, Sary aga çyna berimsiz gürläpdir. ■ HUDAÝ DIÝEN ÝERIŇ BAR EKEN Her döwür bir döwür bolýar. Biziň halkymyz dogan-dogandan, dost-dostdan ätiýaçly ýaşamaly döwri az başdan geçirmedi. Durgunlyk ýyllarynda şeýle bir waka boldy. 6-njy noýabr güni arakdan-şerapdan keýpini köklen azgynlar Türkmenistanyň halk artisti Gylyç Berdiýewi bijaý erbet urupdyrlar. Ýüz-gözüni görer ýaly etmändirler. Gylyç agany agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirýärler. Bu ýagdaýy eşiden SSSR-iň halk artisti Muhammet Çerkezow bilen Türkmenistanyň halk artisti Baýram Sadykow Gylyç agany soramaga keselhana barýarlar. Gylyç aganyň ýagdaýyny gören Baýram Sadykow: – Gylyç aga, Şükür et, henizem hudaý diýen ýeriň bar eken – diýipdir weli, Gylyç aga zordan: – Ýok ogul, çöregim bitin eken – diýýär. – Ýok, Gylyç aga, hudaý diýen ýeriň bar eken. – Ýok, ogul, çöregim bitin eken. Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanýar. Näsagy soramaga baranlar otagdan çykansoň: – Dogry-da. Kommunist bolup hudaý diýdi diýip ýygnakda çykyş etjeksiňiz weli, içiňiz-ä ýakan bolsam gerek – diýip, Gylyç aga rahatlanypdyr. ■ MENIŇ ÝADYMDADYR Şyhly Agaýew bir gün daýylaryna gezmäge barýar. Şyhly Agaýewiň daýysynyň aýaly birneme gysyrrak eken. Onsoň daýysy aýalyna görünmän Şyhly aga ýüz manat pul berip, arak getirmegi sargaýar. Şyhly aga derrew arak getirip ortada goýýar. Ondan-mundan gürrüň edip ýaňky ikisi sokga sorýarlar. Haçan-da Şyhly aga turjak bolanda daýysy: – Şyhly, pýançylyga salan bolup, ýüz manadyň gaýtargysyny goýup gitmegi unutmagyn – diýipdir welin, Şyhly aga daýzasyny çagyryp: – Daýza, daýym ýasy arak almak üçin ýüz manat pul berdi. Ine galan gaýtargysy, berenime şaýat bol – diýip, galan puluny uzadypdyr. ■ BU NÄME? Allanazar aga pensiýa çykmazyndan öň opera we balet teatrynda sahna guraýjylaryň ýolbaşçysy bolup işleýär eken. «Kemine – Kazy» operasynda sahna eşek çykýan ýeri barmyş. Allanazar aga şu bela gözlese-de, sahna çykarar ýaly eşek tapmandyr. Moskwanyň teatr institutyny gutaryp gelen ýaş direktor Allanazar agany kabinetine çagyryp: – Indiki spektakla çenli eşek tapmasaň işden gümüňi çekerin – diýip, gygyryp başlaýar. Allanazar aga sesinem çykarman jübüsinden el ýaglygyny çykaryp, direktoryň öňünde goýupdyr. Jany ýanyp duran direktor: – Bi neme? – diýip soraýar. Allanazar aga: – Burnuň pohuny süpür. – Owarra et munyňy. Eger indiki spektakla çenli eşek bolmasa eşitmedim diýme... – Juda tapmasam, gaňňa getirerin. – Eşeksiz gaňňany başyma uraýynmy? – Saňa gerek boljak öýdýän. ■ GEP GÖZLÄP GELDIM Bir gün işi ýogam bolsa Gylyç aga teatra gelipdir. Gylyç aganyň işe gelenini gören Aman aga: – Gylyç, bu gün işiň ýokdur-a, hezil edip öýüňde dynç alsaň bolmaýarmy? Näme üçin geldiň? – diýip sorapdyr. Gylyç aga: – Aý, Aman, gep gözläp geldim. Kimiň işden aýryljagyny, kimiň öňki ýerinde goýuljagyny diňe şu ýerden eşidip bolýar – diýip, jogap beripdir. Toplan: Amanmyrat AGAMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |