17:32 Artykmaç adam | |
ARTYKMAÇ ADAM
Goşgular
![]() Bu hereketli şarda, Hereketsiz adam bar. Ol ne zähmet bilen öñe bat alýar, Ne aç-açan zyýan edýär döwrüme. Ne zyýanyn berýär, ne-de peýdasyn, Ýöne şolam sanjy bolýar böwrüñe, Göýä tegmili dek gözel peýzažyñ. Ol bilegin çermäp barýan adamdan, Yzyndan ylgaûar balagyn çermäp. Ýyknaklarda gürlemän öz adyndan, Özgäniñ sözlerin gaýtalar derläp. Ol ne gowularyñ yzyna düşýär, Ne-de düşýär erbetleriñ yzyna. Illere gulagyn gabardyp hüşgär, Gaýyp ýör peşmek deý ýeliñ ygyna. Olam işe gidýär il giden wagty, Ne derläp işleýär, ne-de bir sowap. Ol ne-hä gumanist, ne-de bir wagşy, Ne günä gazanýar, ne-de bir sogap. Il ugruna ünsün berenem bolýar, Bu dünýäde bolýan begenç, gynanja, Il begenen wagty begenen bolýar, Ýa gynanan bolýar iller gynansa. Ýöne bulañ birem ýürekden däl-de, Bolmak üçin diñe ile göräräk. Oñ boýunam ýoldaş edip police, Ýaradypdyr dünýä ine göräräk. Onuñ ýakasyndan tutup bolanok, Synyp gidýär elden onuñ ýakasy. "Menem iliñ ýörelgesin bozamok, Illegal okan gazetlernem okadym". Ýeri, onsoñ nädip, edip bellisin, Süprüp zyñjak ony demir sübseli, Ne öz ýeñişi bar, ne öz ýeñlişi, Öz söýgüsi bardygy hem şübheli. Köklerinden salyp ullakan ary, Guran agaçdanam zyýat kesmeli; Biz şeýle peýdaly peýdasyzlary, Biz şeýle zyýansyz zyýankeşleri. Gylyçmyrat KAKABAÝEW. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |