11:16 Düýş | |
DÜÝŞ
Goşgular
Kim aglaýa, kim gülýä, Kimler ekýär "bolsady". Derdi ýetik bu dünýä, Düýşe meñzeş bolsady. Gamhorlar şada ýeter, Işler bolar oñuna. Mätäç myrada ýeter, Ogulsyzlar - ogula. Mañlaýy gasyn-gasyn, Çal çokully eneler, Ýyllañ gözüne basyp, Gelinligne dolanar. Ýer ýüzüne ýaýarlar, Atparazlar adyny. Badyhowa baýarlar, Alar üç-dört hatyny. Söýlenmedik söýlener, Öýlenmedik öýlener. Geçer durar düýş bolup, Dañdanlar hem öýleler. Kimse aglar, kim güler, Kimler ýöne güýmener. Gije gören düýşünden Adam irden eýmener. Gudratymy güýçleriñ, Hupbatmy ýa hemaýat? Syrly-syrly düýşleriñ Düýbi nedir, jemagat? Düýşler seniñ düýnüñmi, Şu günüñmi, ertiriñ? Maksadyñmy, müýnüñmi, Takdyryñmy, tertibiñ? Gelmekmi, ýa gitmekmi, Ýa melekler meýdany? Hakdan ýeten hikmetim, Şeýtanymy, şeýtany? Düýş ähliniñ binýady, Peri bile jynmy ýa? Düýşler ýaly, dünýäde - Oýun bile çynmy ýa? Gylyçmyrat KAKABAÝEW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |