20:10 Jeñ | |
JEÑ
Goşgular
Men jeñ, Ýenjen Ençäñ garabaşyny, Jenjel ýok ýerinde görkezýän ýeñsäm. Şowhunly şäherleñ galabasynyñ Gabarasyn etdim ýer bilen ýegsan. Men jeñ. Meñ dilime dünýä düşünýä, Men näçe gowgany başdan geçirdim. "Ganly ýekşenbäni" getirdim dünýä, Ganly ýekşenbäni dünýä getirdim. Men ne ula, ne-de çaga dözerin, Bir derýa men, gark ederin kenarym. Şöhraty men şadyr şazadalaryñ, Hasraty men şahyr bilen enäniñ. Gojalara ýer astyndan ýer berdim, Juwanlary geljeginden aýyrdym. Aýyrdym men atasyndan perzendin, Gelinleri gerçeginden aýyrdym. Hatar-hatar tabytlardan, ölümden Ýadap ýatardym men, Ýöne nökerler Göre girsem çekerdiler golumdan, Göge galsam aýagymdan çekerler. Soramazlar meñ meýlimem, islegmem, Derläp söweşleriñ gyzgyn deminden. Bir gün Nedir çapar, bir gün Isgender, Bir gün Bismark, Hatda agsak Temirleñ Zarbyndan titredip halaýyk baryn, Har heder, hak-hundan heder etmeýen. Soñra çalşar bütin adam ykbalyn Buhar bazarynda bir çelek meýe. Köp gördüm men şeýle elhenç etmişi, Indi berin degmäñ meniñ degnama. Meñ geljegim - ynsanýetiñ geçmişi, Meñ geçmişim - tükeniksiz jeñnama. Gylyçmyrat KAKABAÝEW. | |
|
√ Saňa bolan yşkymdan / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Peýda ýokdur, eý, köňül, yşky-peri ruýdan saňa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Öýlenmek / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Söýgime ynanyň / Goşgular - 16.11.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Sary gyz / Goşgular - 20.11.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Balerina / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Dert / Goşgular - 06.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||