08:54 Dilli tüýdük | |
DILLI TÜÝDÜK
Goşgular
"Gelsin-eý Aýjemal, Gel-eý Aýjemal", Zaryn owazyny dilli tüýdügiň, Äkitmeýär häzir ötegçi şemal, Sarsdyrmaga gyz öýüniň tüýnügin. Aý ýüz Aýjemal ýok, Şemal ýok, ýel ýok, Bu wagt juda tukat ýalazy meýdan. Meýdanda heserli mukamdan ýer ýok, Heseri hesel deý ýalady meýdan. Bu ümmülmez sähra baş egdi şo hal, Çalýan zaryn owazyna tüýdügiň. "Gelsin-eý Aýjemal, Öwüs-eý şemal", Barýar ýürek ýumak deýin tüýdülip. "Gelsin-eý Aýjemal Eý, şemal çagyr", Tüýdügiň agysy ganatyn gerýär. Ýüzi solgun sähra gussaly häzir, Ne Aýjemal gelýär, Ne şemal gelýär. Gylyçmyrat KAKABAÝEW. | |
|
√ Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygyna / Goşgular - 16.06.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Ylym kelamda / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Ilim ajap / Goşgular - 31.05.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Wagtydyr / Goşgular - 12.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |