21:21 Günäsiz gyzjagaz | |
GÜNÄSIZ GYZJAGAZ
Goşgular
![]() Liwanyň köçeleriniň biri okkupantlar tarapyndan bombalanan wagty goşa garaçygyndan mahrum bolan arap gyzjagazy Mawiýa bilen söhbet - Aýtsana, jigim, näm üçin Feýruz Öňküleri ýaly aýdym aýdanok? - Feýruzyny diňläp bilenok Beýrut, Onuň sesin bogýar şuwlap gaýdan ok. - Uýajygym, köp külpetli külbede, Dynman aglaýar-la gyzlar, ejeler?! - Feýruzyň sesini bogýan gülleden Ölýär bärde ulular hem kiçiler. - Aýtsana mähribanym, Mawiýa, Gözjagazlaň garadymy, mawy ýa? - Mawudy ol, asman ýaly mawudy... Görüpdim, ölensoň, zaryn ses bile Ýapypdylar ejem janyň üstüne, Meň gözüm dek mawudy. Ol juda juwandy, ýokdy keseli, Onuň ömrün kesdi şuwlap gelen ok. - Aýt, jigim, näm üçin atdylar seni? - Bilemok. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |