13:11 Arzuw | |
ARZUW
Goşgular
Umytly günlere nazarmy salyp, Seretmän maňlaýmyň şordur, pesine. Hyýal mellegimde arzuw ekerin Äwmän ykbalymyň "bolmaz" sesine. Ýöne arzuwlaram bolsa-da soňsuz, Bolmaly olarňam öňi-ahyry. Guş kimin arzuwlaň uçanda näme, Guşlaram birgüni ölýär ahyry...! Meniňem arzuwym guş kimin uçar, Duýdansyz günde-de berer amanat. "Armanymdy" diýe başym sallaryn, Ol ne hakykatdyr, ne-de bir galat. Soňra ýas bolar... ...Bolar ol, aý-ýyllap. Ykbal ýagdaýyma hyrçyny dişlär. Emma, bu kiçijik ynamly gursak Ölse-de täzesin döreder gursak, ...Arzuwsyz ýaşamak gelişmez güýçlä! Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Mollanepes / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |