12:53 Aşgabadyñ taryhynda ilkinjiler | |
MUNY BILMEK GYZYKLY
Taryhy makalalar
▶ AŞGABADYÑ TARYHYNDAN ILKINJILER ☆ 1881-nji ýylda Aşgabatda ilkinji poçta bölümi açylyar. ◆ ◆ ◆ ☆ Uýezd naçalniginiñ 1882-nji ýylyñ 15-nji oktýabryndaky raportyndan: "Köçelerde 25 sany çyra oturdylmagyny uçursyz zerur hasaplayaryn". ◆ ◆ ◆ ☆ 1884-nji ýylda bir hojaýyn şäherde ilkinji dermanhanany açýar. 1886-njy ýylyñ ýazgysyndan: wokzaldan şähere çenli aralyk bir kilometr yol! ◆ ◆ ◆ ☆ 1904-nji ýylyñ 13-nji maýynda "Ashabad" gazeti "Aşgabatda awtomobilleriñ sany 12-ä yetdi. Hereket düzgünini girizmeli" diyp ýazýar. ◆ ◆ ◆ ☆ 1910-njy ýylda Asgabadyñ kärhanalarynda bary-ýogy 210 adam işlapdir. Şäherde 11 mekdep, 12 ybadathana bolupdyr. ◆ ◆ ◆ ☆ 1927-nji ýylyñ 3-nji ýanwarynda türkmen ýazyjylarynyñ ilkinji agsamy üstünlikli geçýär. ◆ ◆ ◆ ☆ 1928-nji ýylda Çärjew-Daşoguz aralygynda ilkinji howa yoly acylyar. Türkmenleriñ arasynda ilkinji lýotçik bolsa Anjan Amanowdyr. ◆ ◆ ◆ ☆ 1937-nji ýylyñ 27-nji iýulynda Aşgabatda, Krasnowodskide, Maryda, Bayramalyda, Çärjewde, Kerkide, Daşhowuzda sazçylyk mekdeplerini döretmek barada karar kabul edildi. ◆ ◆ ◆ ☆ 1934-nji ýylyñ 14-nji maýynda radio alyp eşitdirmek komiteti Türkmenistanda ilkinji türkmen sazlarynyñ orkestrini döredýär. Taze orkestr tükmen aýdym sazlaryny ýerine ýetiripdi. ◆ ◆ ◆ ☆ 1938-nji ýylyñ 2-nji aprelinde öñden bar bolan sazçylyk kollektiwleriniñ bazasynda türkmen döwlet filarmoniýasy döredilýär. ◆ ◆ ◆ ☆ 1938-nji ýylyñ 17-nji maýynda türkmen teatrynda Turkmenistanyñ bagşylarynyñ we şahyrlarynyñ birinji slýoty geçirilyar. Toplan: © Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |