09:56 Aşygyň howsalasy | |
AŞYGYŇ HOWSALASY
Goşgular
Arzuwlarmy ogurladyp tümlüge, Garaşyp durun. Gelermiň, gelmezmiň – syrly deňleme, Garaşyp durun. Her sabryň soňunda bir şatlyk barmyş, Şeýle bolsa, hany habar, hany yş?! Telefonam öçük, içigargalmyş, Garaşyp durun. Surnukdyryp barýar gijäň çigregem, Atygsap dur bu kararsyz ýüregem. Yşka düşmek şumyka ýa, geregim?! Garaşyp durun. Takatymdan bilgeşleýin ýeňilip, Gaýtjak weli okdurylyp, zyňylyp, Ujypsyzja umydyma daňylyp, Garaşyp durun. Şu söýgä ulaşyp ilkinji gezek Nirä urunjagyn bilenok ýürek. Habaryň bir barmy, boýlary derek, Garaşyp durun. Jemalyňy görmän gitsem armanda, Görsemem armanda. Nädeýin onda? Penjireden jyklaýsana bolmanda, Garaşyp durun... 2009-njy ýyl. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |