09:12 Ata kesbiniñ dowamaty / hekaýa | |
Ata kesbiniň dowamaty
Hekaýalar
Hazar deňziniň kenaryndaky küren obanyň gaýra çetinde bir azaphon balykçy gol doly maşgalasy bilen agzybirlikde ýaşapdyr. Maşgalada bikär adam bolmansoň öýüniň gün-güzerany hiç neneň däl eken. Öýde keýwanysy we gyzlary ýüň darapdyrlar, keçe basyp, haly-palas dokapdyrlar. Balykçynyň ekabyr ogullary mal-garanyň aladasy bilen bolup, deňizde aw etmäge ýaşlykdan taýýarlanypdyrlar. Nowbahar ogly Myrat kemala gelende balykçy renjiniň biderek gitmändigine guwanypdyr. Myrat akylly we başarjaň ýigit eken. Atasynyň köne gaýygy bilen bilelikde deňze gidenlerinde aw şowuna bolýar eken. Soňabaka “Düýe garrasa köşegine eýerer” eden atasy ogluny deňze awa iberip, özi öýde güýmeniberipdir. Günleriň birinde Myrat awlaga çykanda deňizde güýçli ýel turupdyr. Ylla asman bilen zemin sepleşene meňzäpdir. Hatda balykdan dolan torlaryny ýygnamaga-da ýetişmädik balykçy ýigit öz başyny zordan aman gutarypdyr. Deñiziň saý ýerindäki daşlara degen gaýyk kül-uşak bolupdyr. Bu pajyga maşgalany endişä goýupdyr. Sol ýekeje gaýyk olar üçin güzeran çeşmesidi ahyryn! Özüni günäli duýýan Myrat her gün ýassyn kenardan deňiz alyslyklaryna bialaç garap, gussa batar eken. Şol gün hem ýaş balykçy hemişeki endigine görä çola kenara gelip, ýalňyz otyrdy. Deňiz tolkunlarynyň bir mejalsyz bedeni gyra çykyryp gelýändigini görüp, Myrat haýdan-haý suwa girip, ony eline alypdyr. Onuň ýaraty bir guwdugyny görüp: -- Wah, görgüli, seni kim beýle hala düşürdi? Gorkma, men seni halas ederin! – diýip, ony emaý bilen gujaklap, öýe alyp gaýdypdyr. Ýarasyna em edip, bakyp-bejeripdir. Güýç-kuwwatyna gelen guwy Myrat bir ajaýyp gün deňiz kenaryna getirip: - Eý, gözel guşum, görkana guşum! Uç islän ýeriňe erkana, guşum! Men hem indi öz iş-aladalarym bilen bolaýyn, maşgalamyň gününi düzetmegiň alajyny gözläýin -- diýipdir. Gar ýaly päkize guw ak ganatlaryny pelpelledip, mawy asmana göterilipdir-de, halasgäriniň depesinden birnäçe gezek aýlaw edip, ony alkyşlap gidipdir. Balykçy guwuň bu hereketinden “Ýagşylyklaryňy hiç haçan unutmaryn!” diýen manyny okapdyr. Guwy ýola salandan soň Myradyň kalbyny ýene-de ünji gaplap alypdyr. Ol heläk bolan gaýygyň deregine öýüň rysgyny gaýtaryp getirjek bir enjamy edinmegiň aladasy bilen ýaşapdyr. Zemine ýyly girip başlan bahar günleriniň birinde Myradyň ýaşaýan jaýynyň öňünde mundan birnäçe wagt öň uçup giden guw peýda bolupdyr. Çüňki bilen getiren gawun çigdini Myradyň öňünde goýan guw bu ýerde kän eglenmändir. - Ajaýyp guwum, gawun çigidi bizde ýeterlik ahyryn. -- diýen Myrat guwuň göwni üçin çigidi alyp, ony enesine beripdir. Ol hem ony, mellekde ekipdir. Myradyň özi bolsa şaýyny tutup, ýola düşüpdir. Ol oba-şäherleri gezip, gazanç edipdir, soňam gaýyk ýasaýan ussalaryň ýanyna gidip, olardan hünär öwrenipdir. Garaz, ýarym ýylyň içinde gaýyk ýasamagyň emelini alan ýigit öz göwnüne laýyk owadan we ykjam gaýyk ýasapdyr-da, halypalary bilen hoşlaşyp, deňiz ýoluna rowana bolupdyr. Çigit barada aýdylanda bolsa, ol tiz gögerip, altmyş günüň içinde waharman pisint gawun emele getiripdir. Şol wagta çenli deňze awa çykyp bilmän ýören garry balykçy: - Indi-hä wagtyň ýeten bolsa gerek. Deňziň rysgyndan mahrum bolduk, gawun bir iýeli - diýip, agyr gawuny sapagyndan ýolup, zordan öýe getiripdir. Pyçagyň degmegine mähetdel gawun iki bölünipdir. Çigidine derek onuň içi gymmat bahaly daşlardan dolumyş. Uly bir hazyna nesip eden maşgalanyň oňşygy şondan soň has gowulanypdyr. Myradyň ejesi: - Oglumyň guwa eden ýagşylygy hazyna bolup gögerdi. Emma mundan bihabar balamyň özi nirelerde gezip ýörkän? – diýip janserek bolupdyr. Olar täze, alty ganat ak öýde eşret we rahat içinde ýaşapdyrlar. Myratdan bolsa derek bolmandyr. Şeýdip aradan üç-dört aý geçipdir. Bir gün Myradyň ejesiniň ýüregi bir zat duýan ýaly tutuş maşgalany jemläp deňiz kenaryna gelipdir. Uzak deňiz giňişliginde bir gara nokat peýda bolup, kem-kemden owadan bir gaýyga öwrülipdir. Gaýygy kürekläp gelýän Myrady ene-atasy, doganlary gujak ýaýyp garşylapdyrlar. Barly maşgala il-güne sahylyk bilen el açyp, toý-baýram edipdir. - Sen indi deňze gitme! – diýip, ejesi Myrada töwella edipdir – Janyňy howp-hatara salmasaňam, indi günümizi göreris, balam! - Deňziň oýny-da, synagy-da kändir. Sebäbi ol merdanlary söýýändir! – diýip, ýaş balykçy düşündiripdir – Emma zähmet soňy rehnetdir. Aslynda bize bu hazynany eçilen mawy deňiz ahyryn, mähriban käbäm.! Men ata kesbini dowam etdirmesem bolmaz. Şeýlelik bilen ata kesbi dowamat dowam bolupdyr. | |
|
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |