21:33 Ata Watan, Mähriban halkymyz we mukaddes ýurt hakynda | |
Türkmenistanyñ Prezidenti,
Sözler
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW ■ Ilkinji nobatda meniñ ähli aladam halkym bolar. ■ Dostluk, doganlyk, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýoly bilen ýöräp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany kuwwatly, beýik döwlete öwürmekde mähriban halkyma bil baglaýaryn. ■ Men Siziñ her biriñiziñ ata Watanymyzy gülledip ösdürmek ugrunda gujur-gaýratyñyzy gaýgyrmajakdygyñyza ynanýaryn. ■ Häzirki wagtda jebisligiñ ýokary derejesi bilen tapawutlanýan türkmen jemgyýeti öz geljegini ynamly gurýar. ■ Türkmenler taryhyñ bütin dowamynda hormat goýujylygy we ylalaşyklylygy bilen tapawutlanyp gelýär. ■ Ynsanperwerlik, açyklyk, din erkinligi, beýleki halklaryñ medeniýetine sarpa goýmak, agressiýany ýek ýigrenmek ýaly ýörelgeler türkmen häsiýetiniñ esasyny düzýär. ■ Parahatçylygyñ we dürli halklaryñ medeniýetiniñ goşulyşmagynyñ ýoly bolan Beýik Ýüpek ýoly bir ýarym müñ ýylyñ dowamynda Türkmenistanyñ üstünden geçdi. ■ Biz bu gün ata-babalarymyzyñ arzuwlan bagtly zamanasynda ýaşaýarys. Täze galkynyşy başdan geçirýän günlerimizde biziñ her birimiziñ baş maksadymyz Watanymyza, halkymyza hyzmat etmekden ybaratdyr. ■ Men öz durmuşymda gazanan zatlarymy kimiñdir biriniñ howandarlygynda ýa-da garyndaşlyk goldawynda däl-de, özümiñ ukyplarym, maksada okgunlylygym we zähmetsöýerligim bilen gazandym. ■ Adam hemişe-de Alla bilen göni söhbetdeş bolýar. Şu söhbetdeşlikde ýalançylyga we mekirlige orun ýokdur. Eger sen Allanyñ öñünde ikilik edýän bolsañ, ol muny görýändir. Diñe Alla bilen däl, eýsem adamlar bilen hem hakyky, çyn ýürekden gürleşmegi başarýan adam bagtlydyr. Men bütin ömrümde şeýle bolmaga, adamlar bilen gatnaşyklarda ynsanperwer we ak ýürekli bolmaga çalyşýaryn. ■ Türkmenlere özleriniñ beýik taryhy köklerini ýada salmak, özlerini dünýä jemgyýetçiliginiñ doly hukukly we hormatly agzalary hökmünde ykrar etdirmek üçin örän az wagt gerek boldy. ■ Haýsydyr bir sosial, syýasy ýa-da ykdysady meseläni bir gezekde we hemişelik çözmek synanyşyklary diñe bulam-bujarlyga hem-de durnuksyzlyga getirýär. ■ Demokratiýa barada aýdylanda bolsa, bu näzik substansiýany taýýar daşary ýurt modellerini ulanyp ornaşdyryp bolmaýar. Ony diñe parasatly milli tejribäni hem-de ozalky nesilleriñ däplerini ulanyp, aýawlu ýetişdirip bolýar. ■ Bu gün türkmen döwletiniñ şan-şöhraty dünýä ýaýylyp, halkymyzyñ merrebesi has ýokary göterilýär. ■ Ýurdumyz özüniñ taryhy ösüşinde yzygiderli belent sepgitlere ýetýär. Şunuñ bilen baglylykda biziñ demokratiýamyz hem öser we pugtalanar. ■ Ajaýyp halylarymuz ata Watanymyzyñ merdana halkymyzyñ abraýy-mertebesidir, dünýä ýaýylan şöhrat-şanydyr. ■ Men ata-babalarymyzyñ şan-şöhratyna mynasyp işleri bitirip, Garaşsyz Watanymyzyñ taryhyna ajaýyp sahypalary ýazjakdygymyza berk ynanýaryn. ■ Özüñe ynanylan işde anyk netijäni gazanmagyñ begenjinden uly duýgy ýokdur. ■ Meniñ iñ esasy we iñ ygtybarly daýanjym halkym bolar. ■ Biparhlyk ýolbaşçy üçin in ýowuz duşmandyr. "GARAŞSYZLYGA GUWANMAK, WATANY, HALKY SÖÝMEK BAGTDYR" kitabyndan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |