23:42 Keýmir serdaryň gelinligi | |
KEÝMIR SERDARYŇ GELINLIGI
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Keýmir körüň akyly gelip-gitmeliräk ogly bolupdyr. Keýmir ogluny dana, edepli, akyl-paýhasly bir maşgala öýlendirmek isläpdir. Ol şeýle maşgalanyň gözlegine çykýar. Bir gezek meýdanda bir topar gyz odun ýygyp, gaýtjak bolup duran ekenler welin, ýagyş ýagmaga başlapdyr. Şol wagt Keýmir gyzlary synlap duran ekeni. Görse, ähli gyzlar ezilmejek bolup, donlaryny geýipdir, emma bir gyz welin, ýygan odunyna ýagyş damdyrmajak bolup, üstüne donuny ýapypdyr. Keýmir gyzdan: - Ýeri keýgim, sen näme üçin odunyňa donuňy ýapdyň?-diýip sorapdyr. Gyz: - Aý, agam, meniň bir garryja, gözi kemliräk enem bar. Öl odun birbada tutaşmaýar, tüssesi köp bolýar. Enemiň gözüni tüsse gapsa, has hem erbet boljak, eşigim öl bolsa zyýany ýok. Eşiklerimi oduň ýanynda sersem, basym gurar-diýipdir. Keýmir: «Megerem, bir zat çyksa, şu gyzdan çykar» diýen umyt bilen gyzdan öýlerini sorapdyr. Gyz öýlerini salgy beripdir. Soň bir gün Keýmir serdar ony synamak hem synlamak üçin ýöriteläp barypdyr. Gyz çaý gaýnatjak bolup, ojaga ot ýakanda, Keýmir aga onuň bir gözüniň beýlekisinden gytagrakdygyny görüpdir. - Öýüň kemi ýok welin, azajyk çagarygy (tüsseçykary) gyşygrak ekeni-diýip, gyzyň näme jogap bererine garaşyp oturypdyr. Gyz onuň näme diýmekçi bolýandygyna bada-bat düşünip: - Çagarygy gyşyk hem bolsa, tüssesi dogry çykýandyr-diýip jogap beripdir. Keýmir aganyň gyza göwni ýetip, ony gelin edinipdir. Gelin serdaryň oglunyň daşyny gallapdyr. Keýmir serdar gelnine guwanar ekeni. Bir gezek Keýmir serdar ýesir düşüpdir. Şonda ol öz öýüne adam ugratmagy haýyş edipdir. - Han aga, meniň öýüme iki sany adam iberseň, saňa ýüz ak goýun, ýüz ala goýun, ýüz gyzyl goýun bereýin. Olar baryp meniň gelnime: «Seniň gaýynyň şunça zat bersin we gapyda iki sany baggoýun bardyr, olaryň birini söwüş etsin, birini ýol hurşy» diýip aýtsalar, ol düşüner, olaryň işlerini düzedip, derrerw ýola salar» diýipdir. Aýdylyşy ýaly bolýar. Hanyň ugradan adamlary oba gelipdirler. Oba adamlary serdaryň diýen dowarlaryny jemlemekçi bolupdyrlar. Keýmir serdaryň gelni gaýyn atasynyň göçme manydaky pikirini derrew aňypdyr. Obadaşlarynyň onuň aýdanyna ýalňyş düşünendiklerine gahary gelipdir. Ýöne gelni halyna gürrüňe goşulmaga-da ejap edipdir. Ol: «Ili biliksiz, iti gylyksyz» diýip, ýatan itiň böwrüne depipdir. Diňe şondan soň adamlar onuň pikirini sorapdyrlar. «Keýmir agaňyz bendilikde, ol: «Meniň daşym gaty berk, eger ýüz sany men diýen aksakgal, ýüz gyrçuw, ýüz gara sakgal, ýüz ýigit atly bolup gelmeseler, aldyr ýaly däl» diýipdir. Iki baggoýun diýeni «Bu gelen adamlaryň birini alyp galyň, gümläň, birinem ýol salgy üçin alyp gaýdyň, galany görkezenden soň, onuňam geregi ýok!» diýipdir». Oba adamlary gelniň paýhasy bilen Keýmiri halas edipdirler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |