23:15

Watan we Watan söýgüsi hakynda

WATAN WE WATAN SÖÝGÜSI HAKYNDA

- Milli däp-dessurlara, öz ata-eneleriñe çuññur hormat-sarpa goýmak, üstünlikler gazanmakda yhlaslylyk görkezmek, tutanýerli zähmet, ýokary watançylyk we öz Watanyñy hem-de halkyñy söýmek ýaşlaryñ mukaddes borjudyr.

- Ata-babalarymyzyñ arzuwlan, ýürekden söýen, döş gerip goran mukaddes ata Watany - Garaşsyz Türkmenistan her birimiz üçin ezizdir, onuñ şan-şöhratyny belende götermek uly borçdur. Beýik Galkynyş eýýamynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan biziñ söýgümize beslenmelidir, watançylyk duýgymyz bilen mäkäm goralmalydyr.

- Watansöýüjilik, mertlik, edermenlik türkmen halkynyñ buýsanjydyr.

- Taryhyñ dürli eýýamlarynda türkmen halky Watanyny döş gerip goramagy başarypdyr.

- Ata Watany goramak, halkymyza wepaly gulluk etmek ähli zatdan belentde durýan borçlardyr.

- Türkmen halky Watanyna ygrarly, ynsanperwer, adalatly, sahawatly, sabyr-kanagatly hem-de dostuna wepaly halkdyr. Türkmenler bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, göbek gany daman topragyny janyndan ileri tutýan milletdir.

- Men ata-babalarymyzyñ şan-şöhratyna mynasyp işleri bitirip, Garaşsyz Watanymyzyñ taryhyna ajaýyp sahypalary ýazjakdygymyza berk ynanýaryn.

- Harby gulluk tamamlansa hem Watana gulluk tamamlanmaýar. Şonuñ üçin-de esger hakyky Watan ogly bolmalydyr.

- Adatça, mertler Watany beýgeldýändir, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir.

- Mähriban topragymyzda parahatçylygy we rahatlygy gözüñ göreji ýaly gorap saklamaly.

- Goý, Watan ogullarynyñ gahrymançylygy nesillerden nesile geçip, ebedilik ýaşasyn!

- Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr.

- Watan goragynda är işini bitiren serdarlaryñ, gerçekleriñ, batyrlaryñ, gahrymanlaryñ ömri, söweş ýoly, edermenligi bilen baglanşykly taryhy maglumatlary içgin öwreniñ, olardan görelde alyñ, Watanymyzyñ, Ýaragly Güýçlerimiziñ gahrymançylykly taryhyny baýlaşdyryñ!

- Biz merdana ata-babalarymyzyñ watansöýüjilik, gahrymançylyk, ynsanperwerlik däplerini her bir tutumlarymyzda dowam etdirmelidiris.

Türkmenistanyñ Prezidenti,
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Категория: Sözler | Просмотров: 524 | Добавил: Нawеran | Теги: Gurbanguly Berdimuhamedow | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]