MURGABYÑ KENARYNDAKY GOWAK ŞÄHERLERI
Hyratdan Merwe barýan kerwen ýollary köpsanly obalar we uly bolmadyk şäherler ýerleşen Murgap derýasynyň çep kenary boýunça geçipdir. Keýf şäherçesi Türkmenistanyň çägine girilýän serhetýakada ýerleşipdir. Bu barada orta asyr geografiýaçysy al-Istahry şeýle ýazýar:
«Şäherçäniň akar suwly ýaplary, bol miwe getirýän baglary we üzümleri bar».
Häzirki wagtda şäherçäniň galyndylary ýerli ilatyň arasynda Garadepe ýadygärligi ady bilen bellidir.
Orta asyr ýol görkezijilerinde ýazylyşy ýaly, Keýf şäherçesinden günbatara bir günlük ýol geçilensoň, Bagşur şäherine barylýar. Onuň harabalyklary Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň Kalaýmor demir ýol menziliniň golaýynda ýerleşýär. Orta asyr çeşmelerinde bu şäher barada şeýle ýatlamalar saklanyp galypdyr:
«Onuň ýaşaýjylary, esasan, ekerançylar, bu şäheriň mes topragy we tämiz howasy bar».
Daşköprüden gaty bir daş bolmadyk ýerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugry ikä bölünipdir. Onuň bir şahasy: Merwerrudyň üsti bilen Balha rowana bolupdyr, beýlekisi Guşgy derýajygynyň akymynyň ugry bilen Keýf hem-de Bagşur şäherçelerinden geçip, Hyrada gidipdir.
Murgabyň çep kenary bilen demirgazyga hereket eden kerwenler Daşköpriniň we Tagtabazaryň töwereginde täsin gowaklar toplumynyň gabadyndan geçipdirler. Gowaklar orta asyrlarda ýaşap geçen başarjaň ussalar tarapyndan derýanyň sag kert kenarynyň ugruna uzalyp gidýän baýyrlygyň galyň gumdaşlary oýulyp gurlupdyr. Ýekegowak diýlip atlandyrylýan köpgatly gowak şolaryň biridir. Häzirki döwürde bu gowak syýahatçylaryň köp gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Uzynlygy 37 metre çenli, däliz görnüşinde gönüligine uzalyp gidýän gowagyň ýokarsy gümmez görnüşinde gazylypdyr. Däliziň çepinde hem-de sagynda otaglar ýerleşýär, olaryň käbirinde tegelek çuň guýular gazylypdyr. Gowaklar toplumynyň ýokarky gatyna çykar ýaly daşlar çapylyp, aýlawly basgançaklar ýasalypdyr.
Alymlaryň pikirine görä, gadymy döwürde şu sebitde şeýle gowaklar toplumynyň binagärçiligi örän giňden ýaýrapdyr. Orta asyr аrар geografiýaçysy Kudama Murgabyň obalarynyň biri baradaky ýatlamalarynda şeýle ýazýar:
«... Bu kiçi oba, ýaşaýjylaryň öýleri dagasty gowaklarda ýerleşýär».
Dörtgowak toplumy-da adaty ýerzemine meňzeş däl. Alymlaryň pikiriçe, ol II-IV asyrlara degişlidir, belki-de, ol has gadymydyr. Mahlasy, orta asyrlarda Murgabyň kenarynda şeýle görnüşde gurnalan gowak jaýlary giňden ýaýrapdyr.
Bir günlük ýoldan soňra kerwenleriň indiki duralgasy orta asyr şäheri Barkdiz ýa-da şol döwrüň golýazmalarynda atlandyrylyşyna görä, Karineýn bolupdyr. Ýerli ilat onuň ýumrulan harabalyklaryny Akdepe diýip atlandyrýar. Murgap derýasynyň iki tarapyndan çägeli sähralyklar bilen gurşalan arnanyň üstünde ýerleşen bu şäher geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşip, kerwenler oňa sowulman geçip bilmändirler. Orta asyr alymlarynyň tassyklamaklaryna görä, onuň ýaşaýjylary argyşçylar tarapyndan uly islege eýe bolan çydamly, agyr ýüki çekmäge ukyply gatyrlary kireýine berip, uly girdejileri gazanypdyrlar. Sebäbi ýeke toýnakly gatyrlar düýelerden tapawutlylykda, baýyrlyk we daglyk ýerlerden geçmekde esasy ýükçi ulaglar hökmünde ulanylypdyr.
Hünärmenleriň belleýşi ýaly, baryp, XIX asyryň ahyrlarynda hem Barkdiziň – Karineýniň gadymy şäher harabaçylygynda bişen kerpiçden gurlan uly orta asyr kerwensaraýlaryň galyndylaryna duş gelnipdir.
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabyndan.
Taryhy makalalar