05:22 Dowam bolsun! | |
DOWAM BOLSUN!
Goşgular
Ýyllaryň hatar kerweni, Goja dünýäň hakydasy. Durmuş bir kitap ýalydyr, Her ýyl täze sahypasy. Ýyldyrym deý ýüwrük atyň Badynda gördüm ýyllary! Ak bagtyň ak ýollaryna Badalga gördüm ýyllary! Asman-Zemin arasy, Giň dünýämiz parahat. Güller açsyn gül Watan, Köňüller bolsun rahat. Doýma ýok ynsan ogluna, Durmuşyň şirin dadyndan. Bezeýär uly dünýäni Ýaz ýaly ýagşy adamlar. Giň jahanda dostluk berkäp, Şatlyk-gülki, owaz bolsun! Türkmeniň döwletli ýoly Ak geljege dowam bolsun! | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |