18:09 Watançylyk senasy | |
WATANÇYLYK SENASY
Goşgular
▶ TÜRKMEN SEN Sensiñ Oguz hanyñ mirasdar ogly, Agzybir, abadan illi türkmen sen. Bu dünýäñ töründen tutupsyñ orny, Sylagly, sarpaly, synly türkmen sen. Ýagşydan ýagşysyñ, ýagşyzadasyñ, Ejizlere hossar, güýçli agasyñ. Dine berimsizdir urp-u-adatyñ, Pygamberli, din-imanly türkmen sen. Sen ulusyñ, sen ulugdan ulyñ bar, Sygynmaga keramatly weliñ bar, Dünýä ýaly dana Magtymgulyñ bar, Belent derejeli-deñli türkmen sen. Döwran sürdüñ oguz bolup, hun bolup, Döwlet gurduñ, beýik Bilge han bolup, Ýaşadyñ jahana şirin jan bolup, Soltan-şaly, hanly-begli türkmen sen. Gyz-gelinleñ halylaryn uçurmyş, Seýisleñ bedewin ýelden geçirmiş, Göwni galkyp, ýyldyrymlap göçermiş, Sahawatly desterhanly türkmen sen. Türkmen şir ogludyr, gaýtmaz garadan, Arslandan ärdemli, gaýym gaýadan. Türkmen ilin aýar, janyn aýamaz, Söweş güni demir donly türkmen sen. Arslan kimin azym urup darkaşda, Döwüş gurduñ gadym Wasda, Arkaçda, Aýlawlarda baýrak aldyñ sarç atda, Amul, Maru-şahu-jahanly türkmen sen. Müñ bir şahyr ýazybilmez tarypyñ, Müñ bir alym açabilmez taryhyñ, Bardyr Kubra, Mäne ýaly aryfyñ, Beýik Biribardan ýolly türkmen sen. Garagum ~ rysgally desterhanyñdyr, Ulug Diýar ~ göwräñ, Watan ~ janyñdyr, Bu toprakdan kimiñ mähri ganypdyr? Hudadan halatly-hally türkmen sen. Arşdan rysgal seçer Burkut atasy, Ýersen nurlar saçar Gorkut atasy, Keramatdyr, mukaddesdir Watany, Diýar dinli, Watan janly türkmen sen. ▶ ÝÜREKLEÑ BUÝSANJY WATAN Şuny mydam ýatda saklañ, dostlarym, Ýürekleñ buýsanjy Watandyr, Watan! Watana sežd etmek hökman, dostlarym, Pederleñ daýjanjy Watandyr, Watan! Okuwda mydama bäşlik okalyñ, Işläliñ! Ýap çekip, ekin ekeliñ. Bu durmuşda taplanalyñ, bekäliñ, Ýürekleñ söýenji Watandyr, Watan! Köp işläliñ, ýadawlygy duýmalyñ, Şu sähralañ hiç mährinden doýmalyñ, "Watan" sözün dillermizden goýmalyñ! Dünýäñ baýlyk-genji Watandyr, Watan! ▶ ÝÜREK MYDAM MÄHRIBANLYK KÜÝSEÝÄR "Watan" diýip urşa gitdi pederim, Ýürek onuñ didaryna suwsaýar. "Ene" sözi meniñ beýik eserim, Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär. Gudrat bardyr eneleriñ sözünde, Mähir bardyr eneleriñ gözünde, Enem ýaşap ýörsün dünýäñ ýüzünde, Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär. Eneler şat bolsun dünýäñ ýüzünde, Uruşlar ýat bolsun dünýäñ ýüzünde, Göwün şu Watanyñ sähra-düzünde, Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär. Geçer gider kyn günleriñ barysy, Diñer ene ýürekleriñ agysy, Ýakyn bolsun ynsanlaryñ arasy, Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär. © Hormatly Prezidentimiziñ "Döwlet guşy" kitabyndan. | |
|
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Garyşmaz / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||