Enweriniň ömri hakynda söhbet açylanda ynsan göwünleriniň şasynyň ykbalyna näme üçin ýygy-ýygydan ýüzlenilendigi belli bolýar. Şahyryň gyzykly ömri hakykatdanam rowaýata öwrülip gidipdir. Onuň durmuş ýolunyň her bir pursatyny parasatly tymsallaryň üsti bilen öwrense bolýar. Ol tymsallara halkyň goşandynyňam bar bolmagy mümkin. Ýöne olaryň döremegi üçin şahyryň paýhasly çeper aňy esas bolup durýar.
Umuman, beýleki köşk hem serkerde-şahyrlar bilen bolşy ýaly, yşky hem sopy şahyrlaryň tersine Enweriniň ömri hakynda ýeterlik maglumat bar. Ol baradaky maglumatlary tymsallary, habarlary yzygiderli ýerleşdirip çeper eser döretmegem bolar.
Enweriniň asly Abywertden, Abu Sagydyň dogduk obasy bolan Mänäniň golaýyndaky Bedene obasyndan. Onuň doly ady Auhadedin Aly ibn Muhammet ibn Yshak Enweridir. Şahyryň dogduk sährasyna bolsa Deşti-Haweran, ýagny Haweran sährasy diýlipdir. Şonuň üçin şahyr ilki Haweri tahallusyny alýar, soňra dosty Ammarynyň islegi bilen Enweri tanallusyna geçýär.
Enweri Tusuň Mansuriýe medresesinde bilim alýar. Onuň şahyrçylyga baş goşmagam talyplyk döwri bilen baglanyşykly. Enweri hem maddy we ruhy kynçylyklary çekip okapdyr. Şeýle kynçylykdan ony tötänlik we seljuk soltanlarynyň sungata sarpasy halas edýär. Güzeranyň gaýgylaryndan ýadan Enweri bir gezek medresäniň gapysynda otyrka bir adamyň dabara bilen daşyna adamlary toplap geçip barýandygyny görýär. Onuň kimdigi bilen gyzyklanyp, şahyrdygyny bilip galýar. Şondan soň şahyr bolmagy maksat edinip şol gijäniň özünde bir kasyda düzüp, Soltan Sanjaryň huzuryna äkidýär. Nesibesine soltan şol günler Tusuň golaýyndaky Radkan diýen ýerde düşleýän eken.
Eger ýürek demir, el bolsa magdan,
Şol iki gudratyň eýesi soltan.
Şeýle matlag bilen başlanýan kasyda şygryýetden oňat baş çykarýan, özem şahyr bolan Sanjaryň göwnünden turýar we ol Enwerä ýanynda galmagy teklip edýär.
Bu dünýäde seň gapyňdan ýok meniň başga penam,
Başga ýer ýok, bagtym bolar, başym goýsam bosagaň.
Ýüzugra düzülen şeýle owadan jogap Enweriniň geljekdäki köşk şahyry hökmündäki ykbalyny kesgitleýär. Şol syýahatyň özünde eýýäm şahyr soltana bagyşlap birnäçe kasyda düzüpdir. Ýöne Enweriniň Soltan Sanjaryň köşgüne barşyny başga görnüşde beýan edýän maglumatlaram bar. Esasy zat taryhy maglumatlaryň barşynda Enweriniň köşkde ýaşanlygyny, Soltanyň ençeme ýörişlerine gatnaşandygyny subut edýär.
Emma uzak wagtlap köşküň eşretiniň tagamyny datmak Enwerä nesip etmändir. Muňa onuň şahyrçylykdan soň esasy üns beren hünäri bolan münejjimçilik (astrolog) päsgel beripdir. Habarlara görä bir gezek (1, ) Enweri mizan aýynda aýylganç tupanyň boljakdygyny ýyldyzlara seredip, öňünden duýdurýar. Adamlar aýdylan gije tupandan gorkup ýerzeminlere girip oturýarlar. Ýöne ol gije tupan-a beýle-de dursun, hat-da tötänden minaralaryň biriniň üstünde galan şemem sönmeýär. Soltan Sanjar şahyry çagyryp käýeýär. Enweri gaýry çykalga tapman aýdýan hadysasynyň kem-kemden boljakdygyny aýdýar. Emma şol ýylyň dowamynda güýçliräk şemalam öwüsmeýär. Harmanlar sowrulman, meýdanda galýar. Garaz, şeýdip şahyr Enweri Marydan Nyşapura gaýdýar.
Enweri Soltan Sanjaryň ýörişlerine hem gatnaşypdyr. 1141-nji ýylyň Iýul aýynyň ortalarynda horezmşa Atsyz bilen Soltan Sanjaryň arasynda Hazarasp galasy ugrunda söweş bolýar. Horezm şa Atsyz galanyň içinde, Soltan Sanjar bolsa galany gabap goýupdyr. Bir gün Gün dogup naýza boýy galanda galadan atylan ýaýyň oky Soltan Sanjaryň galasynyň ýanyna düşüpdir. Onuň ujunda horezmli şahyr Watwatyň Enwerä niýetläp ýazylan goşgy görnüşli ýüzlenmesi bar ekeni. Bu hata Eneweri hem jogap ýazyp iberipdir. Goşgy hatlaryň ikisi-de saklanyp galypdyr.
Watwat:
Zehin lerzan urup, harasat gopup,
Gelse leşger, bermen Azarys seni.
Jeýhun terse akyp, ýa galsa gurap,
Şonda-da bermerin Azarys seni.
Serimiz teninden jyda bolsa-da,
Gyzyl ganlar akyp zemin dolsa-da,
Bary ölüp, ýeke ýigit galsa-da,
Müýn etmen, goraryn Azarys seni.
Adym Watwat, bilseň, Enweri, meniň,
Jogabyňa garaşýaryn men seniň,
Goşunyn dargadyp, Soltan Sanjaryň,
Gabawdan gutarmen Azarys seni.
Enweri:
Suýup ýatan gara dagyň garasy,
Bolsaňam alarmen Azarys seni.
Giden giň jahanyň deňje ýarysy,
Bolsaňam alarmen Azarys seni.
Aždarha dek agzyň açyp ot saçsaň,
Jeýhun dek joş urup, ülkäni bassaň,
Ýuwha kimin, haýwan-ynsan ýuwutsaň,
Şonda-da alarmen Azarys seni.
Watwat kemsitmegin soltan güýjüni,
Her gadamda daglar, daşlar endirär.
Jem kylanda soltan ähli güýjüni,
Gök gürleýip, zemin-asman sandyrar.
Netijede Soltan Sanjaryň goşuny gala näçe zabt etse-de, ony alyp bilmeýär.
Enweriniň ömri başdan geçirmelerden doly. Ruhy mirasymyzdaky şahyryň betbagtçylykdan nalap ýazan rubagysy ýöne ýere döremedik bolara çemeli. Şahyr astronomiýa ylmy bilen ymykly meşgullanmak üçin Balhda ýaşap ýörkä-de başga bir maryly şahyr Abulhasan Feruhynyn dilinden ejir çekip, halkyň gözünden düşýär. Feuhy Enweriniň adyndan Balh şäherini masgaralap kasyda düzýär we ony şähere ýaýradýar.
Enweriniň doglan ýyly anyk belli däl. Esasy çeşmeleriň berýän maglumatyna görä ol 1189/1190-njy ýyllarda aradan çykypdyr.
Enweriniň döredijiligi Muezziniňkä garanyňda has erkinligi, dünýagaraýşynyň giňligi bilen tapawutlanýar. Şahyrda dürli temalara degişli goşgulara, setirlere, öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlara duşmak bolýar. Munuň birinji sebäbi, elbetde, şahyryň özboluşlylygyna ymtylýan erkin aňydyr. Ähmiýeti birinjiden kem bolmadyk ikinji sebäp bolsa şahyryň logika, astronomiýa, pelsepe, matematika… ýaly ylymlardan oňat baş çykarýanlygydyr.
Pelsepede Lukman bilen Eflatundan kem däl men,
Eger ynanmaýan bolsaň, men taýýar ýaryşa gel.
Içki ynamdan doly bolan şeýle setirleriň döremegi, elbetde, ýöne ýere däl.
Hakykatyň hatyrasyna belläp geçmeli. Käbir halatda Enweriniň ynam-ygrary ýagdaý bilen baglanyşyklylykda üýtgäp durupdyr. Mysal üçin, ol diri wagtynda Togrul begi kasydaçylyk däbiniň joşgunly setirleri bilen öwüp arşa çykarypdyr. Emma soltan aradan çykandan soň şeýle setirler onuň salgysyna aýdylypdyr.
Emir Togrul ölende şeýle sözler diýdim men,
Eý, ajal perişdesi, är işini etdiň sen,
Halky ondan dyndyryp etdiň ynsaply bir iş,
Iýmedi öz nanyny altmyş ýaşly bu ograş.
Elbetde, soltan ýalňyşanam bolsa onuň kemçiligini dirikä köşkde aýdyp bolmazdy. Şunuň özi köşk şygryýetine häsiýetli taraplaryň biridir. Bir tarapdan hökümdarlardan maddy hantamaçylyk, ikinji tarapdan şygyr gahrymanlarynyň prototipleriniň hökmirowanlygy şahyrlary köplenç adama nädogry baha bermäge iteripdir. Şonuň üçin kasydalaryň haçan şahyryň içki ynamyndan döränligini, haçan zerurlyk zerarly döränligini anyklamak kyn bolup galýar. Bu ýerde tankydy goşgularyň esasynda il-gün, haýyr, adyllyk bilen baglanyşykly bähbidiň däl-de, şahyryň şahsy kiçijik bähbidiniň ýatan bolmagynyňam mümkinçiligini göz öňünde tutmak gerek.
Umuman, alanyňda, Enweriniň döredijiliginden öňe çykýan şahyrana şahsyýet agras, agramly däl. Onuň pikirleri howsala bilen çar tarapa alakjap, bir ondan çykýar, bir mundan. Belki hut şu ýagdaýyň özem onuň aýratyn şahsyýet hökmünde tanalmagyna getirendir. Sebäbi her bir adam şahsyýet boljak bolsa ikinji birinden hökman tapawutlanmalydyr. Biz tymsala görä Enweriniň şahyrçylyga abraýyň, baýlygyň, şöhratyň yzyna düşüp gelendigini bilýäris. Özüniň şahyrçylyga bolan tebigy talantynyň barlygyna (şeýle bolmasa Enweriniňki ýaly derejä ýetmek mümkin däl) garamazdan şu kärden tutýan maksadynyň özi şahyra agyr degipdir. Eger Enweri çöregini başga käre baglap, gapdalyndan şygyr sungaty bilen meşgullanan bolsa bu sungata şeýle bir kembaha garaýan aşakdaky setirler, belki döremese-de döremezdi;
―Eý, gardaşym şygyr we şahyrçylygyň syry hakda bir söz diňle, bizi, bir topar gedaýy adam hasap etme. Bil, dünýäde näkes kennasyň (hapa ýygnaýjy) bolmagy zerurdyr, Hudaýdan ant içýän - bu sözleri geldi geçer hasap etme. Çünki eger hapa zadyňy taşlamaly bolsa, şony äkidýän bir adam gerek, sen özüň äkidip bilmersiň. Emma eger şahyr bolmasa dünýäniň düzgün-nyzamynda, heý, bir nogsan emele gelermidi? Eger akyl nukdaýnazaryndan seretseň, adamzat üçin bilelikde ýaşamagyň şerti birek-birege kömek etmek bolany sebäpli kennaslyk edip nan iýmek şahyrçylykdan gowurakdyr. Enweri, tä şahyrkaň bendelikden halas dälsiň. Şu hatany düzetmeseň, howpdan dynyp bilmersiň (3-454-456).
Görşümiz ýaly, hapa ýygnaýan jemgyýete peýdaly, şahyryň jemgyýete geregi ýok. Bu ynam - ygrar däl-de, haýsydyr bir sebäplere görä kemsinen şahyryň ýüreginiň çirkin sesidir. Şeýle ýagdaý serkerde-şahyrlarda, sopy şahyrlarda, halk bilen bile ýaşan şahyrlarda az gabat gelýär. Sopy şahyrlardan diňe Fuzuly öz döwründe, umuman şahyrlara hormatyň ýoklugyndan zeýrenipdir. Muezzide, Enweride, beýleki köşk şahyrlarynyň döredijiliginde şahyrçylyk kärinden zeýrenmek äheňiniň ýüze çykmagynyň öz sebäpleri bar. Ynsanyň aňy, aýratynam şahyryň aňy erkinligi küýseýär. Aýtjak sölerini oýlanyp aýtmaly bolsa, şahyr däli sil bolup tolkunyp gelýän ylham joşgunyny böwetlemeli bolýar. Dil azatlygyndan peýdalanyp bilmeýär. Şahyryň ruhy özüni näsag duýýar. Ýogsam köşk şahyrlarynyň maddy ýagdaýynyň serkerde-şahyrlaryňkyça bolmasa-da, sopy we beýleki şahyrlaryňkyça bolandygyny çaklamak kyn däl. Onsoňam, hantamaçylygyň özem adamyň ruhyny pese düşürýär:
Bu zamanda her kim goşgy äkitse,
Umyt bilen öwgüliniň ýanyna,
Oň ýanynda dört ýaragy bolmasa,
Ýürek agrap batar gam azabyna.
Gerek Hyzyr bilimi, Karun baýlygy,
Gerek Eýýup sabry, Nuhuň saglygy.
Enweri köşk şahyry bolsa-da onuň meşhurlygy diňe kasydalary bilen bagly däl. Dürli nogsanly adamlary, jemgyýetiň dürli kemçiliklerini tankyt astyna alýan kytgalary, W.A.Žukowskiniň dogry nygtaýşy ýaly, şahyr hökmünde Enwerä hakyky hormaty getirýär. Enweri taryhda belli hem näbelli Nash, Sems, Şeýteddin, Sefiýeddin Muhammet Tahyry, Meždeddin ýaly adamlary kytgalarynda tankytlapdyr. Muhammetogly Müderris Rezewi şahyryň tankytlan we taryplan adamlarynyň sanyny altmyş üçe ýetirýär we olaryň hersi barada gysgajyk maglumat berýär. Şygryýetiň uly wezipeleriniň biri jemgyýetiň kemçiliklerini açyp görkezmekdir, olary gülkiniň, tankydyň, öwüt-ündewiň kömegi bilen düzetmäge çalyşmakdyr. Şu babatda Enweri agzalan wezipäni umumylykdan anyklyga geçirýär.
Bir adamy ýagşylyga çagyrmak sogap. Enweri bolsa satiranyň dili bilen şonça adama gowy bolmagy ündäpdir.
Enweriniň döredijiliginiň ýene bir zatda ähmiýeti uludyr. Öwülen we döwülen adamlaryň hemmesiniň umumy jeminden (olar ýöne adamlar däl welaýat häkimleri, kazylar, mollalar, şahyrlar) ilki bilen şol döwrüň taryhyny, soňra bolsa şol döwürde jemgyýetiň ahlak keşbini dikeltse bolýar.
Şahyryň döredijiliginde öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlaryň uly orny bar. Olarda Enweri adamlary ylymly-bilimli bolmaga, azat ýaşamaga, kanagat etmäge, ýagşylyk etmäge çagyrýar. Enweri adama, puluna, zadyna görä däl-de bilimine we hünärine görä baha berýär. Ol bilim ylym almagyň aňsat zat däldigini bilýär. Ýöne şeýle-de bolsa kynçylykdan gorkup maksadyňdan dänmeli däl. Sebäbi:
Her kim üns berip bir zat okanda,
Onda bir zat galar her dürli halda,
Ahyr şol arkaly bir zada ýeter,
Kim hiç zat bilmese, zat çykmaz ondan.
Enweriniň yşka, söýgä, gelne, gyza garaýşy hem serkerde, sopy, yşky şahyrlaryňkydan tapawutly. Ol gelin-gyzlara kembaha garapdyr. Iň erbet erkekde iň gowy aýala haýpdyr diýip nygtapdyr. Erkeklere öýlenmezligi maslahat beripdir. Türkmen edebiýatynyň taryhynda öýlenmek meselesine şeýle garaýan şahyr diňe bir Enweri däl. Gelin gyza gaty hormat goýýan, Meňlisini şygryýetinde we ýüreginde arşa göteren Magtymgulam bu babatda Enweri bilen pikirdeş:
Ýigitlik bir gyzyl güldür,
Solaýyn diýseň öýlengin.
Ýüke werziş bir boz eşek
Bolaýyn diýseň öýlengin.
Ýöne Magtymguly bu ýerde öýlenmedik erkekleriň erkinligine höwes edip, maşgalanyň aladalaryny, süýji duşmanlaryň (aýal, çaga, agtyk) dertlerini oňlamaýar. Enweri bolsa umuman aýal jynsyny inkär edýär. Näme-de bolsa şahyr öýlenmän oňmandyr. Ýöne gelin-gyza şeýle garaýşyň netijesinde onuň döredijiliginde yşk-söýgi meselesi az orun tutýar. Şu ýerde her näme-de bolsa Enweriniňem öýlenmän oňmanlygyny belläp geçmeli.
Ençeme gazallaryň, kasydalaryň, kytgalaryň, rubagylaryň, mersiýeleriň ýazary bolan Enweriniň goşgulary pars dilinde, halky gepleşige ýakyn edilip ýazylýar. Onuň döredijiliginde arap hem pars dilleriniň ussatlyk bilen utgaşdyrylan ýerleri bar. Şygyrlaryň halka düşnükli dilde ýazylmagynyň özi edebiýatyň ösüşindäki uly ädimleriň biridir.
Enweriniň döredijiliginiň düşnükli dilde ýazylmagy onuň meşhurlygynyň tiz artmagyna getirýär. Entek şahyr aýatdaka, onuň goşgulary halkyň arasyna ýaýrapdyr. Bir gezek Enwerä bazarda öz goşgularyny adamlary daşyna üýşürip okap berýän bir adama gabat gelýär. Şonda Enweri bilen okaýanyň arasynda şeýle gepleşik bolýar. Enweri: Şygyrlar kimiňki? Şygyr okaýan: Enweriniňki. Enweri: Sen Enwerini tanaýarmyň? Şygyr okaýan: Aýdýanyň näme? Men Enweriniň özi ahyryn… Enweri: Şygyr ogrusy bar diýip eşidipdik welin, şahyr ogrusy bar diýip eşitmändim. (gülýär). Şu tymsalyň özi Enweriniň şygyrlarynyň meşhurdygyndan habar berýär. Şahyrçylykda üç pygamberiň biri hasaplanan Enweriniň döredijiligi hem, ömri hem türkmen edebiýaty üçin gymmatlydyr. Bu özboluşly döredijiligiň içgin öwrenilmegi türkmen edebiýatyna dogry düşünmäge kömek eder.
Bayram Akatow. Gadymy türkmen edebiýaty. Orta asyrlar (X - XVII). Ýokary okuw jaýlary üçin okuw kitaby. Türkmenabat 2010 ýyl.
Taýýarlan Gurban Geldiýew.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly