22:15 Şahyr | |
ŞAHYR
Goşgular
Gözleriňde wyždan odun ýakar ol, Ynsap odun lowladar ol ýürekde. Şonuň üçin, adam! Seresap sözle, Söhbet açjak bolsaň sen şahyr hakda. Duwlanyp bilmersiň ýasama perdä, Ýoýulan, harlanan bolsa ahlagyň. Şahyr ol perdäni ýyrtyp taşlar-da, Gözlerňe görkezer, tapyp ahmalyň. Şondan soňam gaty görseň şahyrdan, Öz-özüňi sylamaýan bedibagtsyň, Ömür ýolun düzetmejek akmaksyň, Doňy çözülmejek Arktikasyň sen, Hiç wagt uçgun köremejek çakmaksyň. Munda özüň Aly, şahyram Ahmet, Sen Ahmetden ar çykarsaň aýyp bor. Howa-da, adamyň gurluşy şeýle, Öz-özüňi kim bolsaňam söýüp bor. Şahyry ýekirip, Watandan kowup, Diriligne dabanyndan soýup bor. Ýöne şahyr sözi başyn dik tutup Bu jahanda gezip ýör. Dertli bolsa, lorsuldaýan yzasyn, Wagtal-wagtal öz teniňde duýup bor. Şahyr zamananyň hem-de halkynyň Öz ýüzüni görüp bilýän aýnasy. Şahyr öz halkynyň syrly kalbynyň, Täsin tebigaty hem-de ýaýlasy. Ýetim görüp, gözýaş dökseň bir katra, Şahyr kalby ýazyň çabgasy-ýagşy. Köňüllere rehim bolup iner-de, Olaň topragyny ýumşadar ýagşy. Sen gyzyň görküne maýyl bolansyň, Oň üçin bar zada kaýyl bolansyň. Tylladan bezärsiň onuň boýuny, Belki-de, awlarsyň şeýdip göwnüni. Ýöne şahyr ýaly aýy-ýyldyzy, Ýar boýnuna dakyp bilermiň, eýse? Oýun däl, şahyryň gaty çynydyr, Eger şeýle kalby bir gözel söýse, Onda oňa bu söýgüden sypma ýok! Sebäbi tyllanyň bahasy bardyr, Aý-ýyldyzyň bahasyna ýetme ýok. Şahyr döküp öz kalbynyň baýlygyn, Eýeleýär köňülleriň şalygyn. Kalp eýesi, il söýesi Eýesi bor dünýäde bakylygyň. Baýram AKATOW | |
|
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Görüp göçmeli dünýedir / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Baýar bagşa / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |