20:51 Ýol başynda | |
ÝOL BAŞYNDA
Edebi tankyt
Gijäniň ýary elektron poçta howsalaly hat geldi. Gysga manysy şeýleräk: ýaşaýşyň manysy näme; bu dünýä ýaşanyňa degýärmi; durmuşda adamyň orny nirede; adam jemgyýete täsir edip bilýärmi ýa ýok bolmak üçin bar boldukmy? Şeýle manyly soraglar böwrüme ünji bolan döwürlerim — ýaşlygym ýadyma düşdi. Adam ýaşlykda al howada dartylan ýüpüň üstünde eli leňňer atyp duran uzyn taýakly ýöreýän darbaza çalymdaş. Leňňeriň bir tarapyna agdarylyp gaýtman, deňagramlylygy saklap, sag-aman o çete aşmakda iş bar. Haýdan haý hatyň eýesine jaň etdim: «Dünýä gözeldir, inim, ähli artygy – kemi bilen gözeldir, ony söýmek, ruhuňy belent tutmak lazym, «Gelen geçer, gonan göçer adamzat, Ýöri, sen hem bir menzile ýeter sen» (Magtymguly)... Edebiýatçy bolsaň, bir sorag mydama alnyňda. Kim hakynda ýazmaly? Käbiri beýikler hakda ýazsaň, beýgelersiň diýse, käbiri aga ak, gara gara diýip, birbaşdan ýazmaly diýýär, käbiri ýol başyndaky ýaşlara üns bermegi ündeýär. Näme-de bolsa, ähli ylmyň, ähli adamyň mydama nämedir bir zadyň gözleginde bolýandygy sebäpli, hemmeler tarapyndan öwrenilýän, täzeligi könelige öwrülip giden şahsyýetler hakynda däl-de, ýol başyndaky ýaşlara ýüzlenip, täze bir dünýäni açmaga ymtylýaň köplenç. Olara badalga, tutalga zerur. Jemgyýet olary ýitiribem biler ýat ýerlerde. Üstesine, olar entäk butlaşmadyk, olar bilen dostana gürleşýän ýaly raz aýdyşyp bolýar. Hak üç güni: doguljak, öýlenjek, gaýtjak günleriňi takdyra öňünden ýazyp goýman, hut şo pursat gaýypdan iberermiş. Bular adam başyna bir gezekden gelýän bolsa, ylham guşy saýlan serweriniň başyna nijeme gezek ýazgytsyz parlap gonýar. Bu kalbyňy heýjana salýan howsalaly hem ajap pursat. Ine, şeýle pursatlarda şahyrlarbaşymyz «ýel bolup, ýeriň damarna, Arşyň kemerne ýüwürýär», «pikir derýasynda akyl gämisini batyrýar» (Magtymguly). Biziň ýaş şahyrymyz hem «her gezek ylham guşy gelip başlanda, pelege guş bolup siňip gidýär, galamy oýnadyp, ýazyp başlanda, pikir ummanyna çümüp gidýär». (Ýene-de, özüme «beýikleriň adyny ýönekeýleriň ýanynda ulanýaň» diýlen bellikden netije çykarmak islemedim: adamyň hakyky beýgi iň kiçilerdenem aşakda, iň ululardanam ýokarda bolup bilýändigi, her pursatda nusgalykdygy üçin beýikdir). Ylham melegine aşyk bolan ýaş ýigidimiziň oňa yhlasyny, ykbalyny baglasy gelýär. Ýöne ýalňyz ylhamyň özi kalbyňda gizlenen magdanlary ýüze çykarmak üçin asla ýeterlik däldir: okamaly, ylym-bilim goruňy artdyrmaly. Bir goşgyny okan badyňa onuň eýesiniň ylym-bilim gorunyň näderejededigini aňyp bolýar. Goşgyny gözel etjek bolup näçe çabalanybersin onsoň, ýerine düşmez hiç. Biziň ýigidimiz muňa gaty gowy düşünýäne meňzeş, ol «on sekiz ýaşasa-da, sopbaş bir zada — gat-gat sahaplara erişipdir; başga zähmet bilen baýaýyn diýmän, öýüň keşgi bilen oňşupdyr; mal üçin hem dilden geçmändir; hatda Hakam pygambere ilki bilen «Oka!» diýipdir ahyry; ol soňky «duralgadada» kitap bilen galmak isleýär...».Ýigit ylham guşunyň özüne peşgeş beren sowgadyny eý görýär, aýaýar, ýerliksiz tankytdan goramak isleýär. Has dogrusy, jemgyýetde hemmämize hemişe ýetmeýän ýaly görünýän zady — dünýäsine dogry düşünilmegini isleýär. Hamana, pelsepe ylymlaryny okap çykan ýaly, ýaş ýigit eýýäm forma bilen mazmunyň birligi ýa başgalygy hakynda pikir ýöredip, onam goşgularyna siňdirip bilýär: Durmuşym hakda-da diňläp geňlemäň, Mysalamy görgeç, diýmäň: «Şekilsiz». Depilmedik, dyrmalmadyk ýerlerem Hasyl bermeýär-ä, bolýar ekinsiz. «Goşgy okamda» atly goşgynyň soňky bendi has-da begendirdi. Käbir şahyrlar öz sesine aşyk bolan bir saýrak guş ýaly, daşky pikirleri kabul etmän, diňe şowhunly el çarpyşmalary, öwgüli sözleri küýsäp başlaýarlar. Şahyrlaryň geň ykbaly bar: hem aňrybaş derejede özüňe göwnüň ýetmeli, hem aňrybaş derejede özüňden göwnüň geçmeli. Şularyň biri bolmasa, çyn şahyr bolmak mümkin däl. Arman, käbir şahyrlar bu hakykatyň ikinji bölegini unudýarlar. Soňky bendi okap, iň bolmanda, häzirlikçe, bu ýaş awtorymyzyň özüne artyk aşyk bolup, şöhrada kowalaşmajakdygyna ynam döreýär: Ýene bir närsäni terhos edýärin: Men goşgy okamsoň eliňiz çarpmaň! Çünki kowahada sygmajak zada Melaýyklar ürküp, uçmagy ahmal. Arman, goşgulary okap barýarkak, ýokarky umydymyzyň üstüne kölge aralaşdy. «Men şahyr däl, ýönekeý bir goşguçy... Uruň meni! Lekin goşgyma degmäň!» Urarlaram, käýärlerem... Adyň tutulyp, aýakda däl-de, agyzda bolmagy arzuw edersiň käte. Çagamyz ýetişensoň, hakyky bahasyny iliň berşi ýaly, goşgynyň ady seniňki, özi iliňki,ilkinji bahasynam il berýär. Goşgyňy ile goşup bilseň, eliňi, diliňi çekmeli. Başga alajyňam ýok. Il agzyny ýygyp bolmaz. Baş bahany mugallymyň däl-de, durmuşyň, halkyň goýýandygyny «Baha» atly goşguda özem nygtapdyr awtoryň. Bu logiki bulaşyklygy ýaşlygyň boýnuna atan bolalyň. Ýöne durmuş, il-gün, okyjy poeziýa babatynda geçirimliligi halamaýar. Olaryň bir karary has agyr: barlygyňy duýmazlyk, biperwaýlyk, pisindi oturmazlyk. Her ýaşyň öz temasy bar, bir tema welin her ýaşada mahsus. Ýöne ol ýaşlykda has gözel. Adam özüni bilip başlandan ilkinji synag bolup gelýän söýgi her şahyryň döredijilik ýolunyň ilkinji ezmaýyşydyr — synagydyr. Bu ezmaýyşdan geçebilse, beýleki temalara erk etmek başartsa gerek. Şu meselede, umuman, ähli meseledede, ýürekdeşlik zerur. Bolýan zatlary, başyňdan, hyýalyňdan geçen zatlary ýazmaly. Beýleki yşky meseleden ýazylan goşgulardan umumylyklara gabat gelsem-de, aşakdaky bent ýürekdeşligi, öz-özüni keseden synlap bilýändigi bilen nagt ýatda galdy. Kyn zatlar: ýola çykaňsoň — ulaga; eliňi ýuwaňsoň – nahara; duşuşyga geleňsoň — ýaryňa garaşmak... Mejnun Leýliň itin eý gören bolsa, Men gatnaýan ýodaňyzy halardym. Garaşmakdan halys bez bolan bolsam, Howlyňyzyň kerpiçlerni sanardym. Logika, ýagny, mantyk juda hötjet närse: her bir zadyň başy, ortasy, ahyry bolmaly — başdaky ahyrda ýa ortada, ahyrdaky başda ýa ortada, ortadaky başda ýa ahyrda gelmeli däl; aýdyp duran pikiriň öňki aýdanyňy, indiki aýtjagyňy inkär etmeli däl we ş.m. Aşaky setirlerde logikanyň bozulmagynyň aýdyň nusgalaryny görýäris: Hol aňyrda oturgyçda-saýada, Otyr ýarym, alyslardan garap dur. Diýipdirler: «Goşgy tankytsyz bolmaz, Diňe poeziýa bolar belliksiz». Ýigit öz goşgularynda könelişen (arhaizmler), täze (neologizmler), alynma, halky, şiwe sözleriniň kän ulanylmagynyň oňlanmaýandygyny aýtdy. Bu birneme ikirjiňlendirdi. Eger şeýle sözler diňe dile baýlygyňy mahabatlandyrmak üçin ýerliksiz ulanylýan bolsa, her bir okyjynyň islendik bir ýasamalygy intuisiýasy bilen duýýandygy, inkär edýändigi üçin ýaramaz ýagdaý; eger olar aňyrdan gelýän joşgunyň badyna erkin goşulyp, ýerlikli ulanylýan bolsa, gutlanmaly pursat. Göwnümize bolmasa, ýigidiň goşgularynda bu sözler ýerlikli ulanylana meňzeş: Ora bilen synlaýaryn geçemde, Arymsy, ajarly, sepit bedenňi... Aprior aňymyň diýenni etmän... Durun öňki zynç ýaly ýerimde... Göhüm gelip, gök magraja uçardym... Melallarmy kesgin kör edip bilmän... Men hem garaşýaryn dört dam arada... Bir azym şahyryň aýdyşy ýaly... Isle hyrsyz boluň, isle-de hursant, Meň gözümde hergäh ýylgyrýansyňyz... Bagtyň özi najyratdyr öýtdüler... Boýumam çüpe däl, osal galarça... Mal üçin hemdilden geçip bilmerin... Goşgularda işlik kapiýalary köp ulanylypdyr. Olar şygyrlaryň galyp gözelligini peseldýärler, awtoryň çeperçiligine şübhe döredýärler. Ýöne ýene-de ýerliklilik diýen sözi ýatdan çykarmaly däl. Nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde ussatlyk bilen yzygiderli ulanylan işlik kapiýalary hem many gözelliginiň hormatyna ýeňillik bilen bagyşlanylýar. Şu ýerde «o ýigit ýa gyz ynamy ödärmi, ünse mynasyp bolarmy?» ýaly soraglar keserýär. Şonuň üçin «şahyr» sözüni ulanmakdan saklandyk. Bu sözi halkyň özi adyňa goşar mynasyp bolsaň. Halkyň köňlüne gökdenem, ýerdenem barýan ýol ýok, diňe köňülden köňle barýan köpri bar. Aslynda-da, şahyrlyk hünär, kär, wezipe däl diploma ýazylyp, peýda görülýän. Ol ylahdan berilýän, halk tarapyndan tassyklanylýan bir dert, yşk, bagt, betbagtçylyk. Özüňe hyzmat etdirjek bolsaň, öçer, il-günüňe hyzmat etdirseň, joşar. Baýramberdi Geldimyradowa dert hem yşk dileýäs. Baýram AKATOW, edebiýatçy. | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |