18:48 Mynajat | |
MYNAJAT
Goşgular
Eý, Allam, eý, Gudrat, görkez bir nyşan, Kalplar garalmanka şübhe posundan. Bolmasa bir pursat zemine düşäý, Şeýtan sumat bolsun aýak sesiňden. Betgüman adamlaň tut ýakasyndan, Päk päliler barlygyňa guwansyn. Köňüler päklensin bar hapasyndan, Umytsyzlaň umyt çyragy ýansyn. Eý, Taňrym, seň peşgeş beren paýhasyň, Meň özüme duşman bolýar kem-kemden. Nämüçinleň azabyn bir duýsadyň, Ýa jogap ber ýa paýhasyň al menden. Bilýän, bütin barlyk seniň eliňde, Sende adamlardan başga-da iş kän. Onda dowzah diýme ýalňyşsa bende, Dälmi näme şeýtan seniň perişdäň? Aldanmak islämok seniň dünýäňe, Ýok, bar bolsaň özüň aýan eýle sen. Öz bendäňi aldap bähbidiň näme, Öňem köpler razy däl-ä dünýeden. Nädip razy bolsun, eşret saçagna biri münüp otyr, onusy bipaý. Ýüzüsi nobata durlar daşarda, Müňüsi köçede el serýän gedaý. On müňüniň bu käre-de gurby ýok, Ýüz müňüniň bu dünýede durmy ýok. Özüň kämil, ýöne guran dünýäniň, Nämüçindir ah, ugry ýok, ugry ýok. Boldy, öte geçýän, tentek men, Hudaý, Hak sen, hak söz üçin gynap durmarsyň. Ýöne sen şonda-da, ýöne sen şonda-da bir görnüp gidäý, Sygynaýyn, däli köňlüm ynjalsyn. 1990-njy ýyllar. Baýram AKATOW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |