04:21 Altynjan -Togrul beg | |
ALTYNJAN-TOGRUL BEG
Powestler
I bölüm Geliň, täze dessan diňläliň! Türkmen halkynyň şöhratly gadymy taryhy bar. Bu günki gün “Döwlet adam üçindir!” diýýän Gahryman Arkadagymyz, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýýän Arkadagly Serdarymyz bu şöhratly ýoly dowam edýärler. Hormatly ýazyjy, edebiýatçy, publisist, jemgyýetçilik işgäri, il ýaşulusy Osman Ödäýew özüniň “Altynjan hatyn” atly kämil romanynda bu taryhyň bir dabaraly döwrüni janlandyrmagy başarypdyr. Roman halka hödürlenen döwründen başlap okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Romany okan her bir okyjynyň öz milletine, taryhyna bolan ynamy, buýsanjy artdy. Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýram Akatow bu romanyň uz gözelliklerini, nepisligini, gymmatlygyny halka has çuňňur wagyz etmek maksady bilen eseri özi ýaly gadymy dessan žanryna geçiripdir. Uzak asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň ruhy hemrasy bolan dessanlar Mollanepesiň döwründen bäri ösüşini bes edipdi diýsek ýalňyşmarys. Şonuň üçin, dessan žanrynyň täzeden galkynmagyna ýardam edip biljek bu täze synanyşygy halka ýetirmegi müwessa bildik. Meşhur Gurt Ýakubyň ogly, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Çary Ýakubow bu dessany ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Geliň, täze dessan diňläliň! • “Altynjan-Togrulbeg” Bissimillahy rahman-u rahym! Bu dessan häki bir gep-gürrüňem, birewiň oýlap tapanam däl, barypýatan hakykat. Ynanmasaňyz, Reýhan Birunynyň, Ibn Esiriň, Faruk Sümeriň... kitaplaryny açyp yzarlaberiň. Bularyň hemmejesini rehmetli il ýaşulymyz Osman Öde pahyr öwrene-öwrene bir gözel roman etdi, bizem ony dessan kylmaga çalyşdyk. • Elkyssa Oguz hanyň asmany ogly Gün hanyň neberesinden eprikogullary Horezminde ýedi asyrlap soltanlyk etdiler. Horezm-ä “Günüň ýurdy” diýmek, eprikogullaram taryhdaky afrigidlerdir. Eprikogullarynyň soltanlygy dargap başlan döwürlerinde Mahmyt Gaznalynyň serdarlygynda ýene bir türkmen soltanlygy döredi, Oguz hanyň zemini ogly Deňiz hanyň neberelerinden saltyklar nesli kuwwatlandy. Bu gürrüň berjek kyssamyz şo-ol üç sany kuwwatly türkmen soltanlyklarynyň biriniň dargan, ikinjisiniň dowam eden, üçünjisiniň dörän zamanasynda bolup geçdi. Gürgenje hut özleri tarapyndan häkim bellenen Abu Aly Mamun iýen duzuny depip, goşun sürüp, eprikogullaryny gyrgyna berdi. Olaryň paýtagty Käti ýakyp-ýandyryp, Ürgenji paýtagt edindi. Ýöne Horezm şanyň inisi Bugrajyk Abdalyň üç ogluny öldürse-de, özüne degmedi, gaýta, Zamahşar galasyna häkim belledi. Sebäbi birzamanlar, köşkde sözüniň ýöreýän döwürleri Bugrajyk Alp şu zalym Mamunyň Ürgenje häkim bellenmegine ýardam edipdi. Günä-ahmyrlardan ýaňa, Bugrajyk Alpyň derdi içine urdy, üç aýlap galman ýatansoň, boz bedewini alyp Jeýhun kenaryna gezelenje çykarman boldy. Boz bedew edaly ýöräp, hojaýynyny kenara aýlap yzyna dolandy. Bugrajyk Alp atdan düşmän doňup otyr. Pahyr oturan ýerinde amanadyny tabşyraýan ekeni, asyl. Bugrajyk Alpdan ýedi ýaşly ogly Abdylmälik galdy. Ähli gala, 750 hojalyk, nökerlerdir hyzmatkärlerem şoňky boldy. Bugrajyk Alpyň köne dosty, Arsahüsmişen şäheriniň häkimi Tahyr Afrasyýab oglanjyga eýe çykdy: ir adam bolsun diýip, gyzy Hajary nikalap berdi, Mansur atly doganoglanyna gapydan derejesini berip, galanyň işlerini ýöretmegi üçin Zamahşarda goýdy. • Altynjanyň dogluşy. Köne hanedanyň täze dowamy... Abdylmälik bir syratly, edenli ýigit bolup ýetişdi. Ýöne silsilatyň umydy bolan Abdylmälikdenem hiç ogul-gyz bäbekler önüşip-örňeşibermedi. Ilkinji iki bäbejik jansyz doguldy, indiki bäbejigem myllyk, keselbent boldy. Oňa Sadylla diýip at goýdular. Ulalyp başlansoň, Abdylmäligiň gökdäki arzuwy ýerde gowuşdy. Onuň ata-baba gandary Mamunyň başyna towky bolup inen türkmeniň täze soltany Mahmyt Gaznaly 1017-de Horezmini boýun egdirdi. Abdylmälik düýp gandarlaryna gulluk etmekden halas bolup, garahanylaryň hyzmatyna geçdi. Bir gezegem soltan Mahmydyň hut özi Zamahşara geldi. Soltan täjini güne lowurdadyp, altyn-kümüş bezegli haladyny galgadyp, dal bedewini kişňedip, wezir-wekillerini, nöker-gulamlaryny, gapydanlaryny daşyna toplap, Abdylmälik hanyň howlusyna giräýen badyna içki jaýlaryň birinden täzeje doglan bäbejigiň çyrlap çykýan sesi eşidildi. Oguz hanyň ogly Gün handan gaýdan inçe tary yzarlaý-yzarlaý, ýitjek-ýitjekde Alla bir Gün ýaly nurly gyz perzent berdi. Soltanam, Abdylmäligem muny ýagşa ýordular. Abdylmälik tolguna-tolguna bäbejigi Mahmyt Gaznalynyň eline berdi. Soltan Hakyň gudratyny ýüze sylyp, soltanlyga ýaňyja birikdiren ýerinde öňünden bir keramaty çykaranlaryna joşup, bäbejigiň gulagyna azan aýdyp, “Gyzyňyzyň ady Altynjan bolsun” diýip bir söz aýdar boldy: Köne hanedanyň täze dowamy, Balaňyzyň ady Altynjan bolsun! Gyz baladyr How enäniň owazy, Gyzyňyzyň ady Altynjan bolsun! Adyny biz berdik, badyny Alla, Geýinjegi ýüpek, dakjagy tylla, Ýa, Biribar, Arşdan özüň nur ýolla, Gyzyňyzyň ady Altynjan bolsun! Ata mähir bersin, enäge söýgi, Jeýhunyň balygy, Köýteniň keýgi, Ýanýoldaşy bolsun türkmeniň beýgi, Gyzyňyzyň ady Altynjan bolsun! Sözi ýerde galmaz soltan Mahmydyň, Dowamaty bolsun gadym aslynyň, Perwerdigär, hormatyna Ahmediň, Gyzyňyzyň ady Altynjan bolsun! Bu pursatlary soltanyň ýakynlarynyň arasynda duran, maňlaýyna şöhratly gelejek ýazylan bir görmegeý ýigit Muhammet Togrulam synlap durdy. Elkyssa, soltan Mahmyt ähli goşuny, emeldarlary bilen Yzmykşirden gaýtdy. • Altyjanyň ýaşlygy Oýun diýenlerim çyn bolup barýar... Abdylmäligiň soňam Abyl-Kabyl atly ekiz ogly boldy. Han ogullaryna, şolar bilen des-deň Altynjana-da, bilim-terbiýe bermek üçin alada baryny etdi. Üç sany atabeg bulara hat-ýazuwy, pelsepäni, mantygy, jugrafiýany, müneçjimligi, arap, pars, ýunan dillerini, söweş sungatyny, aýdym-sazy öwrederdi. Altynjan bulardan gudumanlygy bilen göz-görtele saýlanardy. Öňki doganjyklaryna berilmedik ömür, Sadylla, Abyla, Kabyla berilmedik gaýrat bir şu gyza berlen ýalydy. Asyl, aga-inileriniň bileni-biteni okuw. Uruş-dawa, oýun-tomaşa bilen gyzygy ýok. Altynjan welin özüni bilenden, Mahmyt Gaznalyny sorap başlady. Onsoň, o maňa at goýdumy? Onsoň, o meni sorap gelermi? Haçan gelýär indi Mahmyt Gaznaly? Soraglardan ýaňa bizar-peteňi çykan Abdylmälik ahyr: How, gyzym, o bir soltan, işi-aladasy kän, eli boşasa, geler – diýip, zordan sypajaklaýardy. Baş atabeg Omar ilkibaşda gyzsyradyp, oňa kän üns bermejek boldy. Muňa çydap ýörjek Altynjan barmy nä? Ejesine, Mansur pola ýamanlap gördi – bolmady. Aý, soň başlandy bir başagaýlyk: gijäniň ýary atabegiň düşegine bir küýze suw dökülmemi, köwşi bitaý galmamy, naharyna galampyr, zäk taşlanmamy; daşardaky bulam-bujarlyklaryň hemmejesini atabeg edenmiş: teblehanadan atlary boşadanam, bagyň nowçalaryny sypyryp, elguşlara dökenem, hanyň halaýan hytaý çäýneklerini döwenem... hut şonuň özi. Altynjan kenizlerini, Habyly, Kabyly şaýat tutunyp, atabeg pahyry puşeýmana getiräýdi ýöne. Sadylladyr Habyl-Kabylam, kenizlerem “Altynjanyňky dogry” diýşip durlar gorkusyna. Boýy-ini ýetip başlandanam, agasy Sadyllanyň erkek eşiklerini geýip, galanyň ýetginjekleriniň kyrkysyny urup-urup, “çiltenler” edinip, olara baş bolup, ýakyndaky Buruntak obasynyň ýaş-ýeleňlerinem duşman tutunyp, güni bir bolsa, urşy iki bolaýdy. Çiltenlerem onuň sözünden çykmadylar. Sebäbi şonuň gatnaşan uruşlarynyň hemmesinde zamahşarlylar ýeňerdi. Altynjan ýakalaşyp, gylyçlaşyp, at çapyşyp gün geçirdi. Oňa gorky-ürki diýen zat ýatdy. Ýöne durmuş iň bir gaýratlydanam gaýratly-da. Ol ýaşlykda iki gezek ýaman gorkmaly boldy. Bir gezeg-ä, inisi Kabyl bilen gylyçlaşjak boldy. Olam islemedi. Altynjanam oýun edip, gylyjyny gödegrägetdin galgatdy welin, inisiniň bir gözi bäbenegi, göz almasy bilen eline geläýdi. Dur, how, gorkak! Aglama, häzir ýerine goýjak – diýip ýaňky bäbenegi ýerine goýjak boldy. Bolmady. Şonda gorkusyna nije günläp ejesine gysmyljyrap, müýnli ýaşady. Ikinji gezegem, kenizegi Gülýüzli bilen galanyň eteginde aýlanyp ýörkä, Buruntak obasynyň raisi Janahyr Geçdeki-Halwaçynyň ogly Imana gabat geldi. Olam, näme, oglan adam, salam bermän geçiberdi. Altynjanyň talaby şudy: buruntaklylar zamahşarlylary görende üç epilip salam bermeli. Altynjan salam sorady, olam bermedi salamy, ýene sorady, ýene bermedi. Aý, ahyr bolmady, Altynjan peýkamyny oklap, sypdyryp goýberdi welin, ok onuň eddil kebzesiniň ortaarasyna sünjüldi. Ýöne Iman ok ýarasyndan ölmedi, kimdir biri onuň ýarasyna awyly ýapgy ýapypdyr. Bu ýerden zut gaçan gyzlar bu syry hiç kime aýtman ýaşadylar. Ol bu dünýä bilen oýnajak bolýa welin, dünýäniň gara çyn-aý. Altynjan ýene-de enesi Hajara sygynyp, oňa ýüregini açyp, bir söz diýdi: Enejan dünýäniň bolşy ne beýle, Oýun diýenlerim-ow çyn bolup barýar. Jan kenizim bilen çykypdyk seýle, Adam diýenlerim-ow jyn bolup barýar. Ýara bar, ölüm bar, nije zulum bar, Bir ýamanlyk bolsa bary telim bar, Enejan şu işde meniň elim bar, Günäniň derdinden-ow güň bolup barýan. Köne hanedanyň gany tenimde, Imany köýdürdim ýaş bedenimde, Ganyň yzy bardyr gök ketenimde, Enejan dünýäde-how kim bolup barýan. Altynjanyň altyn jany mis olar, Günäniň astynda göwni pis olar, Eprikleriň nesli mensiz nist olar, Saýragan dillerim-ow lal bolup barýar. Paýlaşaýynçaň, derdiň diňe seňki. Emma indi bu derdi pakyr enesem götermeli boldy. Naçar ene eziz perzendiniň derdini deňje, gizlinje çekişdi ýördi. “Kasas kyýamata galmaz” diýenleri-dä, günleriň bir güni agşamyň alagaraňkysynda Altynjan çiltenlerden aýrylyp, alaňlyklaryň arasynda galanda, bir tört sany gara gelip muny öldir ýaly ýenjip, zut gitdiler. Ahyrsoňy, Altynjanyň özem ten awusyny çekmeli boldy. Imany ýaralanda öz imany hem ýaralanyp, soňky ömründe çekmeli tendir, ýürek awulary bularyň-da çaky bolmady. • Tümen daýy Haýbatlymdyň, halypamdyň, halymdyň... Altynjan babasy Tahyr Afrasyýabyň üç gyzdan soň bolan ýalňyz ogly, enesi Hajar hatynyň inisi Tümen daýysy bilen juda ýakyndy. Onuň bilen ýygy-ýygydan hyşy-wyşylaşardylar. Tümen daýysy oňa gylyç-naýza tutmany, at çapmany, harby oýunlary öwredipdi. Üstesine-de, her sözünde: “Merdi-merdana bolgun, ýegençim. Agaň-inileriňden-ä tamam ýok. Gördüň-ä, dünýä kime galdy. Gorky-ürkiň bolmasyn hiç zatdan” diýip gop bererdi. Bir gezegem Tümen daýysy Altynjan bilen bir syrly iş etdi. Ýegençim, men saňa ynanýan. Hä, dogry edýäň daýy. Onda diliňe gaty berk bol. Bizde eprikogullary hanedanlygyndan galan ummasyz baýlyk, altyn-kümüş bar. Şolary hut seniň otagyňyň töründe gizlin gömeli. Ýöne ejeňem, ataňam bilmesin, başgalar hakda-ha hijem gep ýok. Daýy size “ää” diýen gezegim boldumy? Bul-a ýöne birneme gorkuly ekeni. Onça zady nädip bildirmän gömeris?! Bular iki bolup dilleşip, gapydan Mansur polanyň gözüne çöp atyp, hyzmatkärleri, garawullary, öýdeniçerleri, aşpezleri oňa-muňa ugradyşdyryp, bir zatlaryň bolýanyny aňşyranlaryň käbirlerini ýitirim edip, gizlinlik bilen törde bir uly çukur gazyp, tokkuz düýe hazynany garaňkyda gömdüler. Bu syr bu ýerde galybersin entäk... Elkyssa, günleriň bir güni Altynjan ata-enesi bilen ýarawsyz, garry babasy Tahyr Afrasyýapdan habar almaga Arsahüşmisen şäherine gidermen boldy. Saglyk-amanlyk soraşyp, iýip-içip, bu ýerde birnäçe gün boldular. Bir gün “Mülke Togrul saltykly çozdy, olar biziň raýatlary öldürip, mülkdäki jaýlary otladylar” diýen ýowuz habar geldi. Tümen daýy hem, Altynjanam nökerleri bilen eňdiler. Barsalar, jaýlar lowlap ýanýar, adam bary öldürilipdir, läş läşe çaknyşýar. Bu ahwaly görüp, gany depesine uran Tümen beg bir çeti Garagumuň sährasy, bir çeti Amyderýanyň gürjümme tokaýlygy bolan meýdanda at oýnadyp, duşmanlary gözläp ugrady. Birden, garaňky tokaýdan bir zalym ok şuwlap gelip, Tümen daýynyň göwsünden parran geçdi-de, dag ýaly ýigit gaýdyberdi atdan agdarylyp. Iki-üç sany kenizi, bäş-üç sany çilteni bilen duran Altynjanyň ýüzi ak tam boldy. Şol barmana tokaýdan çykan ýigrimi-otuz atlynyň ýüzi çeşbentli öňbaşçysy atyň üzeňňisine galyp, haýbatly gygyrdy: Men Gaýa hanyň nesli Dükagyň ogly Mikaýylyň ogly Togrul men! Şeý diýip bir ýowuz ses edensoňlar, haýran-serasyma bolup, doňup galan Altynjan dagyny taşlap, ýitirim bolaýdylar. Altynjan bedewinden towsup düşüp, ylgap baryp, çalajan daýysyny gujaklap, kellesini bagryna basyp, hünübirýan aglady. Tümen daýy çalaja pyşyrdap: “Beg ýegençim, dag ýegençim, zarlama. Merdimsiň meniň. Syrymyza berk bol, Anuşirwan daýyjygyňy saňa tabşyrdym. Özüň howandar bol!” diýdi. Aýaklarynyň barmaklarynyň uçlaryndan gaýdan sowuklyk süýşe-süýşe Tümen daýynyň kekirdegine gelensoň, “Hak” diýip bir ses çykdy bogazdan, şulam soňky ses boldy. Daýysyndan, dostundan, ýürekdeşinden, syrdaşyndan, halypasyndan, arkadagyndan aýrylan Altynjan şol oturan ýerinde kasam içdi: “Ýa, Biribar Perwerdigär-ä! Şu ganhor, zalym, adalatsyz, başyna giden Togrul meniň gan duşmanymdyr. Tä ganymy damja-damja edip hasaplaşynçam, bu ýalançynyň ähli eşreti maňa haram bolsun!”. Altynjan gyz naçarlygyny edip, zar-zar aglap, daýysynyň gana boýalan başyny bagryna basyp, jansyz jesedine garap, bir söz aýdar boldy: Haýbatlymdyň, halypamdyň, halymdyň, Duşman aldy şirin janyň daýym jan! Kyn günlerde ýalňyz arkadagymdyň, Nähak akdy gyzyl ganyň, daýym jan! Atam bilmez, dogan bilmez derdimi, Ýalňyz sensiň syran ýürek gerdimi, Ne döw çaldy oguzlaryň merdini, Kepen oldy gyrmyz donuň, daýym jan! Bolduň namart, gizlin okuň pidasy, Ýer bagyrtlap, çykman ýatyr sedasy, Jan ýegençiň boldy mähriň gedasy, Tümlük oldy bakan ýanym, daýym jan! Altyn gyzyň ýeke-ýalňyz jany bar, Mes Togrulda daýysynyň gany bar, Gan almasam, erur maňa pany dar, Girew bolsun şirin janym, daýym jan! Şondan soň Altynjanyň serinde gije-gündiz daýysynyň ary boldy. Ýüregini gurçuklar iýip barýana döndi. Enesiniň höre-köşesem, atasynyň abyr-zabyram täsir etmedi. Hatda bir gezek gizliginlik bilen çiltenlerini, doganlaryny yzyna düşürip, saltyklaryň mekanyna aralaşanda, bu mekirlikleri öňünden aňlan Omar atabeg yzlaryndan baryp alyp gaýtdy. • Altynjanyň aşyklary Kime nesip eder seniň gülden näzik ýaňaklaryň?!. Altynjan şeýle bir owadan gyz bolup ýetişdi welin, bakany büdredip, göreni guduradyp barýardy. Bu jelegaýda oňa aşyk bolmadyk, ony düýşünde görmedik ýigit galmady. Ýöne enesi hamylaka şiriň ýüregini iýen bolaýmasa, oňa her kim, her kim ýakynlaşyberer ýaly däldi. Görklüdiginden beter gorkulydy, gorkulydygyndan beter görklüdi. Allatarapyn soň birleş diýlip, bir-birinden aýrylan iki parçasynyň birleşmek höwesem juda artyk-da. Ahyr bir gün Altynjany arzuwlap ýadan ýigitleriň är gaýratlylarynyň birnäçesi üýşüp maslahat etdiler: Mundan-a, ýagdaý bolmaz, beýdip ýörşümize muny ýadyň ýigitleri kakar gider. Agzymyzdaky awumyzy aldyryp, aglap ýörmeli bolarys. Üýşeliň, baralyň, haýsam bolsa birimizi saýlasyn şo gyz! Şeý diýşip, Altynjanyň kenizleri bilen galadan daşary seýle çykaýjak wagtyny çemläp, bir-birini ruhlandyryp, sürrekleşip ugradylar baş derwezä tarap: “Şolam-a, adam balasydyr, elime düşäýse, ediberjegim bardyr-la ojagazy, nädersiň toýuň ertesi hemme kakabaşlygyny aýlap urup, gabagyny galdyrmaga ýaýdanyp, sülmüräp ýören gelin bolagaýsa...”. Köpüň haý-haýyna kellesi göçüp: “Edil häziriň özünde bagyrdadyyyp, bagryma basyyp, halan ýerimden posa alyp görkezeýinmi?!” diýiberýänlerem bar arasynda. Geldiler galanyň düýbüne. Bulardan bihabar sähra çykyp bürgüt bilen gepleşmäge barýan Altynjanam kenizleri bilen baş derwezeden lowurdap çykdy. Çykyp bir ýaňky mähellä nazar saldy welin, seslere suw sepiläýdi. Durlar doňňaradaş bolup. Altynjan Gülýüzli kenizine ümledi. Gülýüzli öňe çykdy: Hawa, ýigitler, arzyňyz nä? Durlar indi bular dym-dyrs bolup. Ahyr, gaýratlyrak biri dillendi: How, Altynjan, şi biziň iliň ýigitleriniň boýy-başy gyşykmy, gözi-gaşy çaşymy, aýagy gowkymy, arkasy küýkimi?.. Biri size at dagyn dakaýdymy?.. Kemiňiz ýok. Bir ilde ýigit bolsa sizden artyk däldir! Gepiň ýürekdenmi! Çypbakaý çynym! Ondan saýla biziň birimizi?! Ýigitler özlerini dürseşip, üst-başlaryna serenjam berişip, biri-birlerine göriplik edişip öňe-öňe omzaşyberdiler. Altynjan bir haýbatly nazar bilen seretdi-de: Meniň iki şertim bar – diýdi. “Aýt şertiňi-de, aýt şertiňi” boluşdylar millet. Altynjan uçlaryna gurşun guýlan düýrme gamçysyny ortara taşlap goýberdi. Maňa är boljak kişi şuny alyp meni öldir ýaly ýençsin. Ýene-de ýigitleriň gaýratyna gaýt diýlen ýaly bolagaýdy. Her kim dur mäzerip, kim Altyn gyzyň depesinden gamçy inderip biljek. Aý, munyň-a bolmady, han gyzy. Senäm bir urup bormy. Häzir-ä sen kişi maşgalasy, beýläme geçirsemem, barmagymy batyrman – diýip ýaranjaňlyk edýän syýasatçyraklaram bar arasynda. – Sen gowusy ikinji şertiňi aýt. Ikinji şertim, kim maňa Togrulyň kellesini getirip berse, şoňa emgenmän aýal boljak – diýip, ýene-de, daýysyny ýatlap hapa bolup, bäş keleme söz aýdar boldy: Tümen begim, dogan daýym, halypam, Togrulyň elinden har bolup gitdi. Ýere siňdi gymmatbaha hazynam, Dünýäniň yşkyna zar bolup gitdi. Namarda ýol açan zalym zamana, Dertlerime gülüp oýnar hamana, Ýagşy geçer, dünýe galar ýamana, Mazar üsti ýagyş, gar bolup gitdi. Arym köýse, toýum maňa haramdyr, Daýym derdi asyl bitmez ýaramdyr, Gije-gündiz gussa meniň joramdyr, Ýagty jahan maňa dar bolup gitdi. Tenim gurban arym aljak ýigide, Per düşekde goýna saljak ýigide, Togrul başyn orta goýjak ýigide, Hyýalymda göwnüm ýar bolup gitdi. Ograş Togrul däl ekeni merdana, Mertler göni geler däli meýdana, Altyn käsäm dökülipdir meýhana, Datly şeraplarym şor bolup gitdi. Ýigitleriň arasyna gowurdy düşdi. Bulam-a aňsat şert däl welin, derhal şu ýerde çözülmänsoň, her kim bir hyýala mündi. Togruly ele salmagyň mekir meýlini çyzyp ýatan haýsy, özüni onuň bilen darkaşda görüp ýatan haýsy. • Aly şa ogly Şamälik Erkek başdyr, aýal boýun, Baş mydam aýala boýun... Altynjanam kenizlerini daşyna üýşürip bularyň duşundan ala meýdanlara awa-şikara gidiberdi. Ýöne gyz göwni awda, ýigit göwni gyzda. Altynjan dagy ýaňy bir elguşlaryny salyp, bedewlerini çapdyryp, towşany kowalap ýetiberenlerinde, beýik Oguz döwletiniň iň soňky patyşasy Aly şanyň ogly Şamälik deýýus öňlerinde dikilgazyk bolup dur nökerleri bilen. Bular saltyklaryň ganym duşmanydy. Duşmançylygyň başy aýaldan başlandy. Saltyk beg Aly patyşanyň subaşysydy. Saltyk beg Aly patyşanyň aýaly Karkara hatynyň gyzyna öýlenmän, grek gyzyna öýlendi. Muňa jyny atlanan Karkara hatynam “Şu Saltygy ýok et!” diýip adamsynyň gulak etini guratdy. Adamsy ölensoňam, bu ýigrenji ýaş patyşa ogly Şamälige geçirdi, özi öljek-öljekde-de iň soňky sargydy şu boldy. Şol aýalyň ýigrenjäm tutuş şalygy dargatdy soňrak. Bu gep bu ýerde garaşsyn, Altynjandan habar alalyň. Şamälik Altynjany ilkinji gezek gördi, gören badyna-da aşyk boldy. Eý, gözel gyz, kim bolarsyň, perimi sen, peýkermi sen? Men kim bolamda bitiň biynjalyk bolýamy seň?! Ýoluň bilen boluber. Men saňa aşyk boldum. Diliňi andak-mundak uruberme, Abdylmälik hanyň gyzydyryn men. Abdylmälik hanyň hormaty beýik. Ýöne sen meňki bolmaly. Başgaça bolsa toýuňa gan çaýkaryn. Bir şeýtseň-ä maňa-da gowy bordy. Bigünä adamlara azar berip ýörüpdirin. Bahana bolardy. Arman, han gyzy bolaýýaň-da – diýip, Şamälik Altynjany aňyrsyna geçirmegi berk göwnüne düwüp, öz ýoluna gidiberdi. Togrulyň kellesiniň dawasy Eý, ýaranlar, mert ýigidi mert tanar... Indi habary Oguz hanyň zemini ogly Deňiz hanyň neberesinden alalyň. Deňiz hanyň ogly Dukak, onuň ogly Saltyk, onuň ogly Mikaýyl, onuň ogly Muhammet Togrul. Mikaýyly hile bilen öldürdiler. Çagry bilen Togrul iki dogany babalary Saltyk terbiýeledi. 1025-nji ýylda Mahmyt Gaznaly aldaw bilen saltyklaryň serdary Arslan Ýabguny ele salyp, Hindistanyň Kelejar galasyna gabandan soň, (o pahyram şo ýerlerde ölüp gitdi, ogly Gutulmyşyň, saltyklaryň yhlas etmegine seretmezden) Togrul saltyklara serdar boldy. Togrul ýetginjek döwri Gökdaş begiň gyzy Mahyma aşyk boldy. Ýöne ony garyndaşlykdan peýda görjek bolup, afrasiýaplylara durmuşa çykardylar. Iki aýdan soň Mahym gyz dünýeden ötdi. Üç ýyldan soň Togrul Nur welaýatynyň walysy Isgender ibn Nurjanyň Altyn atly gyzyna öýlendi. Ýöne aýy-güni dolan hamyla halynda sanjylama tutup olam dünýeden ötdi. Şo halda gezip ýören Togrul bir gün özüniň ak öýünde otyrka, bir zeberdest ýigit gapydan girip: Sen Togrulmy? – diýdi. Hawa, men Togrul. Onda men ýekme-ýek darkaşda seniň kelläňi aljak. Haý berekella! Ýör bäri kelle gerek bolsa! Şeýdip, ikisi kynyk obasynyň kenaryndaky ala meýdana çykdylar. Şeýlebir döwüşdiler, biri beýlekisinden belent geldi. Ahyrsoňy, Togrul ýat ýigidi ýere ýykyp, bogazna gamasyny diredi. Şonda bir pursat oýa batdy: “Beh, bu mert ýigit gelegelmäşe kellämi aljak diýdi. Janyny orta goýup söweşdi. Munuň bir hikmeti bar bolsa gerek. Gel, özünden soraýyn”: Eý, ýigit, meniň gara başymy neýlärsen, içalymy, görip, yzçymy, kim sen? Men nä seniň kerweniňi taladymmy, naçaryňy zorladymmy?! Maňa kazynyň soragyny berme-de, öldür öldürjek bolsaň, kim bolamda saňa näme?! Seni mert gördüm ýigit. Ejizläniňe kemsinme. Bu dünýäde biri ýeňmeli, biri ýeňilmelidir. Gel, gowusy ikimiz dogan okaşaly. Gel, okaşsaň – diýip, Gökhun galkyp galdy. – Dogan senden zyýat bolmaz. Şeýdip, ikisi aýaga galyp, aýalaryny dilip, gan garyp elleşip, gujaklaşdylar. Şundan soň, Gökhun näme üçin kelle küýsäp gelenini Togrula aýan etdi. • Ilkinji duşuşyk Şuňkar guş men, haky saýrar dillerim... Şo pursat Togrul mähetdel etmän, Zamahşar galasyna düşünişmäge ugrady ýigitleri bilen. O günler Abdylmälik han saparda gezip ýördi. Altynjan gala seňňerinden daşary baksa, aşakda bir degenek ýigitler derwezeden girjek bolup gelýärler. “Öz-ä boluşlaryňyz saltyklara meňzeş, arzuwlan arym – awum alnyma geldi öýdýän?!” diýip, Altynjan eňdi aşak. Serbazlary, kenizleri bilen derwezäni gaýym ýapyp, iki elini bykynyna tutup duruberdi. – Biz talaňçylyk üçin gelmedik. Biz Abdylmälik han bilen düşünişmäge geldik. Näme derwezäni ýapýaňyz? – Abdylmälik han häzir ýok. Siz oňa galanyň daşynda garaşyň. – Derwezäni aç! – diýip, bir deşlek kişi elindäki ýatagany bilen Altynjana hemle atdy. – Içerik goýberjek däl! – Goýberersiň! – Goýbermen! – Biz gowy niýet bilen geldik. – Kim siz?! – Biz kynyklar. – Togrul saltyklymy? – Hawa, hawa, Togrul saltykly. – Senmi şol?! – Kim bolamda saňa näme?! Aç derwezäni! – Sen Togrulmy? – Togruly näme etjek? Derwezäni aç! – Ýok, ýok! – «Derwezäni aç!» diýýän men saňa! – Howla goýberjek däl! – Goýberersiň! Ýatagany böwrüňden geçirerin – diýip, deşlek kişi gaty arkaýyn süründi. Elindäki ýataganyny Altynjanyň döşüne diredi. “Özüň-ä bir daýanykly ýigit ekeniň, Togrulam sen bolsaň gerek” diýip, Altynjan hanjaryny çykaryp, çep eli bilen aýlap bir goýberdi welin, bokurdagyndan gan pöwdürlip çykan Batman atly ýigit şo ýerde jan berdi ýatyberdi. Yzdaky haşym Tahyr Batmany ýykmajak bolup, goltuklaberjek wagty Altynjan onuňam böwründen ýaňkynyň elinden gaňryp alan ýataganyny sokup çykardy. Bulam hyrkyldaý-hyrkyldaý jan tabşyrdy şo ýerde. Bu bolanlary uzakdan synlan Togrul derwezäniň ýakynyna gelip haýran galdy. A gyz, taşla eliňdäki hanjary. Taşlamaýan. Erkek bolsaň, ýaragly wagtym gel garşyma. E-eý, byradarlar, eşidýäňizmi bu tulanyň diýýän sözlerini!?! Durşy bilen dogum-a bu. Birinji gezek görýärin men beýle dogumly urkaçyny. Biziň Tahyrymyz bilen Batmanymyzy öldürdi bu! Bu tula meniň kellämi almak islän gyz bolmaly! Şo gyzdyr! – Bularyň içinde Togrul ýokmy? – Hä, Altyn gyz, saňa Muhammet Togrulyň kellesi gerekmi? – Gerek! – Ynha, seniň ideglän kelläňi men elin getirdim. Al, şu gara kelle seniňki! Aýt, sen meniň kellämi alyp näme etmekçi? Ýassyk edinjekmi? – Tepük etjek! – Näme, näme?.. Tepük? – Seniň küýze kelläň tepüge-de, güýe-de ýarar öýdemok men. – Hasan, Nasyr, eşidýärsiňizmi, meniň kelläm tepüge-de, güýe-de ýarajak dälmiş – diýip, Togrul şyg-şyg edip güldi. – Iliň halal gazanjyny talap ýaşandan ölen ýagşydyr. Entek siz päliňizden taparsyňyz. Ili agladyp, gan gusduryp, elindäki iň soňky tötegini zorluk bilen alyp, pälinden tapmadyk ýokdur. Alamanyň soňy sakar dowzahdyr. Erkek bolsaň gel döwüşeli – diýdi. Altynjan hanjaryny serkerdä urjak boldy welin, o bir tilsim ulanyp, gyzy başyndan aýlap-aýlap, honda zyňyp goýberdi. Altynjanyň jany bokurdagyna geldi. Herniçik bir dyz galyp özüni dürsänden soň birden towsup, gamasyny salyp iberdi, Togrulyň döşi gyltyzrakgetdin dilnip gitdi. Altynjan bu beg häli ýykylar, şindi ýykylar diýip, ýere seredip garaşdy. Soň başyny galdyrsa, ýigit ganyny sarkdyryp dim-dik dur. Nökerler Altynjana topuldylar welin, Togrul eli bilen degmäň diýip ümledi. Bu gyzda özüne ýakynlyk duýdy. Ol uzyn gamçysyny başujunda aýlap-aýlap sypdyryp goýberdi welin, Altynjan gamça dolanyp, Togrulyň gujagyna dolaýdy. Biz gepleşmäge gelipdik ahyry, gideli – diýip, nökerler howsala düşdi. Togrul olara rugsat berensoň, ýigitler jesetleri ýygnap gitdiler. Togrul Altynjany honda zyňyp goýberdi-de, depesinden gamçyny inderip başlady. Altynjan sesini çykarman çydady. Aýt gyz, mende näme aryň köýdi? Altynjan “Ine, şunuň üçin” diýip bäş keleme söz aýdar boldy, Togrulam jogabyny berdi: Altynjan: Aslym Güneş, ýanmak üçin gelip men, Mähriban daýymyň gany bar sende. Dünýä düşmän kä aglap, kä gülüp men, Kalby ýaradaryň jany bar sende. Togrul: Aslym Deňiz, otlar görsem basar men, Hiç adam oglunyň gany ýok mende. Her işimde Haka gulak asar men, Hiç adam oglunyň gany ýok mende. Altynjan: Mert kişiler Watan diýer, il diýer, Namart ogly özüm diýer, pul diýer, Gamly köňlüm ganhoruňy bil diýer, Asly mert gerçegiň huny bar sende. Togrul: Il-gün halan imanlylaň biriýem, Ýanyp duran iman bilen diriýem, Geljek saltyk soltanlygnyň şiriýem, Hiç adamyň nähak gany ýok mende. Altynjan: Tylla gözel, iki diliň bir ýaly, Güman gelse, iman gider bir ýana, Sözleriňde bir hakykat bar ýaly, Belki, nähak ganyň yzy ýok sende. Togrul: Şuňkar guş men, haky saýrar dillerim, Hak sözli men, sarpa goýar illerim, Nyşany men deňiz, derýa, silleriň, Mährem dogan daýyň gany ýok mende. Togrul Altynjanyň öňünde çöke düşüp, gözlerine bakyp: Men seniň daýyňy öldürmedim. Ony meniň adymdan bir ilden çykan eden, bizi duşman etjek bolup – diýdi. Altynjan hem onuň ýalan sözlemejekdigine ynandy, hemem hakyt çyn aşyk bolaýdy. Togrulam Altyngyr atly bedewini çagyryp, “Şu gyz göwnüňe ýaraýarmy” diýdi welin, atam baş atdy. O şo halat Abdylmälik han dolanyp geldi. Togruly tutup eltdiler. Ony dyza çökerip goýup, Altynjanyň eline gamçy berip, “Al indi häki urgular üçin aryňy” diýdiler. Emmaki Altynjan ýakyn baryp, gamçyny galdyryp, Togrulyň gözlerine bakanda, ini gowşap gitdi ömründe birinji gezek. Hiç bogny ysmady. Hem hyjuwyna bäs gelmän, hem özüne düşebilmän, täze bir duýgudan ýaňa serhoş bolup, gamçyny zymdyryp goýberdi bir ýaňa. Şeýdip, ikisi biri-birine çyn aşyk bolaýdy. • Gudaçylyk Bägül gunçalarny seçeläp açar, Biziň ýana gözel gyzlar gelende! Kynyk begleriniň Musa begiň baş bolmagynda gudaçylyga gelşini bir görseňiz! Hatar-hatar begler, serkerdeler, nökerler... Hersi özüne ýaraş bir geýimde. Abdylmälik hanam özüniňkileri toplap öýden daş çykyp seredip dur bulara. Kynyklar sap-sap tutup, hiç gelip gutarmady asyl. Abdylmäligiň Musa bege garaşyp sabry suw boldy. Her gezek “Musa beg gelýär” diýip gygyrşanlarynda, bir ykjamlanyp alýar han. Ýöne her gezegem kynyklaryň bir mertebeli adamsy gelýär Musa bege derek. Abdylmälik gaharlanjak boldy. Sadranç müňbaşy bilen Altynjana gizligin aşyk bolup ýören Haldanam onuň gaharyna ýag guýdular. Ahyrsoňy, Ýabgu kelan Musa begiň özi gelip, hal-ýagdaý soraşyp, garyndaşlykdan söz açdy. Bular özara düşünişensoňlar, saltyklar Altynjany görermen boldular. Altynjanyň otagy tarapdan dowul, tebilleriň sesi ýaňlandy. “Altynjan gelýär” diýip gygyryşdylar. Sallanyp, sülmüräp, ýaşyl geýnen iki keniz bilen biri çykyp gaýtdy aňyrdan. Saltyklar çiňňerlişip bakdylar. Ýöne bu Altynjan däl-de, jorasy Balnäz ekeni. Ýene-de, deprek kernaýlar gümmürdedi. Indi göm-gök eşikli üç gyz gaýtdy. Saltyklar hümer bolup synladylar bu näzeninleri. Bulam Altynjan däl. Üçünji gezek “Altynjan gelýär” diýenlerinde, gyrmyzy geýimli gyzlar gaýtdy. Ind-ä gyzy görendiris diýen saltyklar ýene aldandy. Indiki gezek deprek, surnaý, kernaýlar çalynmady. Dym-dyrslyk boldy. Çigildem reňkli köýnekli, uzyn boýly, şa gupbaly bir gyzyň ýalňyz özi otagdan çykyp, birsellem buýsançly durdy-da, mähellä tarap uz basyp ýöräp ugrady. Onuň täsin owadan ýöräp gelşiniň özi entäk hiç ýerde eşidilmedik bir owadan sazdy. Altynjanyň adyny-owazasyny illerden eşidip ýören, bu günem ony gözleri bilen görensoň, juda tolgunmak tolgunan kynyk ozany çydap bilmän zamahşarly gyzlaryň üsti Altynjanyň waspyny ýetirdi: Bulutlar syrylar, gün nurun saçar, Biziň ýana gözel gyzlar gelende. Bägül gunçalarny seçeläp açar, Biziň ýana gözel gyzlar gelende. Edalydyr dähedemi-dessemi, Ýetmiş ýerden ýyglan gülüň dessesi, Hyýalyňa geler etsem-petsemiň, Biziň ýana gözel gyzlar gelende. Oguz gyzy edalydyr, arlydyr, Synasy hasylly, alma-narlydyr, Başy garly, goýny gyzyl gorludyr, Biziň ýana gözel gyzlar gelende. Bir ozan men Togrul deýin hanym bar, Gözellerde galan ýitig malym bar, Gözel görsem gaýnap duran ganym bar, Biziň ýana gözel gyzlar gelende. Ömür aljyrap görmedigem bolsa, munça ünse birhili bolan Altynjan göni gelip, kakasyna uýala-uýala salam berdi. Saltyk gelinleri Altynjanyň daşyny galladylar. Abdylmälik hanam Musa bege garyndaşlyk açmaga razylyk berdi. Şu pursatdan tä toýa çenli Altynjanyň özi özüniňki däl ýaly bolup ýördi. Wagtal-wagtal gaharyna bäs gelip bilmän, Gülýüzli kenizini öldir ýaly ýençdi. Gülýüzläm bir çete çykyp zarynlady: “Togrul-a, tizräk bir gelip, şu tulanyň myžžygyny çykaryp, zada ýaramaz ýaly edip, öz içiňäm, meniň içimäm sowadaý-a!”. • Zamahşar gijesi Yşkym gaýnar, gahrym joşar birbada, Bile geldi nika bilen ajalym... Yzmykşirde toýuň ysy ýaýrap ugrady. On düýe gymmatbaha lagly-göwherdir jowahyrlar, her dürli şaý-sepler geldi. Aýratyn bir gapda Altynjan bilen Togrulyň söýgüsinden nyşan bolan ýowşan geldi. Birwagt Altynjan “Ýowşandan wysalyň ysy gelýär“ diýipdi. Soň Togrulyň ynagy geldi. Altynjan Kalbyna, Balnäz joralaryny üýşürip, iň ökde üç sany tikinçä bir gijäniň içinde köýnek tikdirdi. Altynjanyň ejesi Hajar hatyn guda garyndaşlaryň ýanynda samaklabermez ýaly Gülýüzli bilen şertleşdi. Eger toý gutaraýynça dymyp gezse, Hajar hatyn Gülýüzliniň agzyny dolduryp tylla berer. Gülýüzli başda begenip razy boldy, soň welin, şeýlebir ökündi, içini it ýyrtdy: “Mekir mekejin, monjugyň çüýresin” diýip. Islän wagtyň islän zadyňy gepläp ýörmegiň özem uly bagt ekeni. Üç sany kejebeli pil, hatar-hatar düýeler, bedew atlar bilen şowhun, dabara bolup gelnaljy geldi. Altynjany algöter edip piliň kejebesinde alyp barýarkalar, Togrulyň gelnejeleri Altynjanyň hähine-mähine bakman köýnegini çykaryp, aşagyndan kürtekçe geýdirdiler. “Däp-dessurlary nebela” diýip, içini hümledip otyr Altynjan. Gelnaljy Zamahşaryň golaýynda saltyklaryň düşlän ýerinde aýak çekdi. Altynjany ak öýüň öňüne getirdiler. Üýşen mähelläniň içinden degenek ýigitler “Ärine çydarmyka bu gelin?!” diýşip degişdiler: “Öz-ä ýaman ejiz görünýär. Hany, gaýratyňy görkez Togrul?!”. Togrul dürre gamçysy bilen Altynjanyň ýagyrnysyna çalarakgetdin sugşuryp aldy. Mähelläniň gohy artyp gitdi: “Aý, munyň-a, siňek kowança-da bolmady, eýýämden eliň sandyraýamy, Togrul, aý, aýal diýeniň men diýen ärlerem mugyra getiriberýä-dä...”. Togrul gazaba münüp gelinligini şeýlebir ýençdi. Herhal hälki içinden geýen kürtügi Altynjanyň yzasyny ýeňletdi. Ýene-de nijeme däp-dessurlary ýerine ýetirip, “Gelin” sazyny çalyp, raks oýnap, ahyrsoňy, gelni gerdege saldylar. Ýigitler tarapyndan içerik zyňlyp goýberilen Togrulam ilki Altynjana “Dyza çök” diýdi. Ertirden bularyň urgularyna, teýeneli geplerine dym gahary gelen täze gelin lal-jim oturyberdi oturan ýerinde. Bolmajagyny aňan Togrulam eşigini çykaryp, ýatyberdi çymylganlaryň içinde. Altynjanym, gel, hany gujagyma. Gel diýilýär-how. Hereket ýok. Altynjan-a. Hereket ýok. Togrul ýuwaşlyk bilen gelniň elinden çekdi. Gyz sarsmadam. Gatyrak çekip bagyrtlajak boldy welin, Altynjan towsup, çymylganyň o çetine düşdi. Togrul “Be, be” diýip gelniň üstüne towusyp, bagyrtlajak boldy, olam garşylyk baryny görkezdi, aý, garaz, garader boldy ikisem. Dym-gyzyl bolan Togrul: Altynjan, munça gaty ses etme – diýip, täze gelniň agzyny eli bilen ýapdy. Bu mahal Togrul ýaşlyk hyjuwyna dolanyp gelipdi, jamug hyrujy öwç alypdy: köňli küşatdy, göçgünlidi... Ýöne sesler ýatman, tersine, barha köpeldi. Asyl, aýal-gyzlaryň sesleri çadyryň daşyndan gelýän ekeni, “Waý, dat, Şamälik çozdy üstümize?!” diýşip. Hemme erkekler serhoş bolup ýatan mahaly içi ýanyp duran Altynjana öýlenip bilmänsoň, içi ýanyp ýören, ejesi tarapyndan gep bary içirilen Jendiň häkimi Şamälik bulary güpbasdy eden ekeni. Başlandy bir gyrlyşyk. Togrul eline ilen zady geýnip daşaryk ylgap çykdy. Iýjek bolup agyz uran aw etini aldyran ýolbars ýaly ur, ýenç, ýyk, bas, sanç... Şo garaňkylykda, şo başagaýlykda bir sekunt durup, Altynjany gözledi. Görse, Altynjan beýle ýanynda özündenem beter döwüşip ýör. Il-gün diýip gylyç urýan gelnine göwni daşan, ilkinji gijesiniň harama çykaranlara gahry joşan Togrul bir aýdym aýdar boldy: Yşkym gaýnar, gahrym joşar birbada, Birden geldi nika bilen ajalym. Heý bir rahat gün barmyka dünýäde, Birden geldi nika bilen ajalym. Dünýä bir inçe bil görmegeý gelin, Dodagyndan sorsaň, goparar diliň, Bir küýzede hem ýaşaýyş, hem ölüm, Bile geldi nika bilen ajalym. Bir başa bir ölüm, çykmaň ýoluma, Bakmaň toýda joşan humar halyma, Indi galaryn kän duşmanyň ganyna, Bile geldi nika bilen ajalym. Togrul gördi Tylla gyzyň döwşüni, Duşmanlaryň yzlaryndan kowşuny, Ysy geldi gyzgan bilen ýowşanyň, Bile geldi nika bilen ajalym. Hanha, bir gulam Togrulyň arka tarapyndan barmakçy bolýar. Togrul ýeňseden gelýän gulamy ýa görenok, ýa onuň özüne ýakyn gelerine garaşýar. Altynjan ýüregi ýarylan ýaly bolup, ýatagandyr hanjary bilen gulama bakan ylgady, sekiz-on ädim aralykdan gulamy nyşanlap, hanjaryny bat bilen atdy welin, Togrulyň gulagynyň duşundan wazyrdap geçip, gulamyň maňlaýynyň ortaarasyndan çümdi. Togrul nämäniň-nämedigine düşünmedi: – Näme etdiň ony? Men onuň ýakynyma gelerine garaşyp durun-a. – Gören dälsiň öýtdüm. – Allatagala maňa dört göz beripdir: ýeňsämde-de iki gözüm bar meniň! Bu gije agyr gije boldy. Duýdansyz üstüni basdyran saltyklaryň öleni öldi, galany gaçdy. Daňdan başga mekanda özlerini dürsäp, hasap ýöretseler, zamahşarlylaryň üç ýüzden gowragy, saltyklaryň sekiz müň adamsy öldürilip, bäş ýüz sanysy gul bazarda satyldy. Aradan çykanlaryň içinde Altynjanyň kyblasy Abdylmälik han hem, käbesi Hajar hatyn hem bardy, injigi Abylam dardan asylypdy. Ýöne bu hakykaty Altynjandan gizlediler birbada. Bu aýylganç waka 1034-nji ýylda boldy. Taryhçylar o gijä “Zamahşar gijesi” diýip at goýdular. • Galkynyş Düýp soltanlyk gurýançalar saltyklar üç gezek agyr ýeňildiler: birinjisi, Aly patyşa bilen oňuşman, Ýaňykentden Jende gaýtdylar, ikinjisi, garahan türkmenleriniň patyşasy Alytegin bilen darkaş gurup, Jentden Horezmine gaçdylar, üçünjisi, Aly patyşanyň ogly Şamäligiň Zamahşarda eden gyrgynçylygyndan soň, Paraw, Nusaý, Abywert sebitlerini ýurt tutundylar. Bu ýerde-de olara dynçlyk nesip etmedi. Mahmyt Gaznaly aradan çykansoň, ýerine geçen ogly Masudy ýerli häkimler “Saltyklary ýok etmeseň, olar seni ýok eder” diýip gyzdyrdylar. Ýogsam, saltyk pahyrlar “Zamahşar gijesinde” müňlerçe adamlaryny, mallaryny, emläklerini taladyp, ýaňy bir özüne gelipdiler. Soltan Masut olary bu ýerlerdenem gaçyrjak bolup, agyr salgytlar saldy. Bir gezek Togrul, Çagry begler Musa begiň ýanyna Parawa gitdiler. Şonda gelen bundarlara şo günler ýaraman ýören Ybraýym Ynal “Size berer ýaly bir hepbämizem ýok häzir” diýdi. Bundarlar oňa gulak asman talap bilen zatlaryny talap, saltyklaryň men diýen adamlaryndan on iki sanysyny, şolaryň hatarynda Ybraýym ynaly, Tümen daýynyň ogly, Altynjanyň ogullygy Anuşirwany hem ýesir alyp gitdiler. Her kim Altynjana ýapyşdy “Ar alaly, ýesirleri halas edeli” diýşip. Öňki Altynjan bolan bolsa birwagt at salardy welin, indi Altynjan hatyn döwlet derejesinde pikir edýär. Bundarlara azar berilse, soltan Masudyň soltanatyna garşy gidildigi boljak. Ýöne bolmady. Ahyrsoňy, Altynjan ýigitleri bilen olaryň yzyndan ýetdi, bundarlary öldürdi we ýesirleri halas etdi. Bundarlaryň ýolbaşçysynyň meýdini Nyşapuryň häkimine ugratdylar. Altynjan daýzasyna buýsanan Anuşirwan tolgunmak tolgundy. Dolanyp gelenlerinde, bulary ýüzlerinden gar ýagýan saltyk begleri garşylady. Altynjan dagy saltyklary soltan Masudyň gürzüsiniň astyna iteläpdi ahyry. Indi garaşyber haçan soltanyň sili üstümizi basar diýip. Ýöne hemmeler, men diýen saltyk serdarlaram Altynjana haýran galyp bakardylar. Saltyklar bilmeýärdi – Alla bilýärdi: bu pajyga saltyklaryň bir beýik soltanlygy döretmeginiň başydy. Şersiz haýyr ýok. • Ilkinji ýeňiş Tümlükler böwsülip, nur bolar gider... Soltan Masut mähetdel etmedi. Onuň bellän serkerdesi Salar Begdogdy on ýedi müň goşun bilen saltyklaryň üstüne gaýtdy. Saltyklarda bary-ýogy üç müň atly bardy. Salar Begdogdy diýeniň söweşlere gatnaşyp, uly ýeňişleri gazanan, döwletiň öňünde hyzmat baryny bitiren, ýöne öz-özüne aşa göwni ýetýän, iki aýagynyň arasynda şar bar ýaly, apaň-apaň basyp ýöreýän, apaň-apaňam gürleýän, özünden ejizi görse, gomalyp, güýçlä duşsa, eňilip durýan, azajyk akylyny akyldaryňky ýaly görkezmäge çalyşýan, öwünmekden, özüni öwdürmekden uçursyz lezzet alýan bir pyýadady. Bu howpdan ýaňa saltyklara howsala düşdi. Olaryň Sowmagy atly müneçjimi bardy. Togrul beg bilen Çagry beg Sowmagyny çagyryp pal atdyrdylar gijäniň ýary. Altynjanam jorasy, il içinde adygan uzyn boýly, inçe billi, sülgün ýaly owadan ýaş gyz Parawbibini çagyryp, Sowmagynyň ýanyna goşdy. Togrul beg: Eý, Sowmagy, sen Zamahşar gijesini bildiň, ýöne göni aýtman, “agyr silterlenme” bar diýdiň. Bu gezek gönüläp aýt, biz bir türkmen-ä! Türkmene türkilemeseň düşmez. Sowmagy ýyldyzlara bakdy, Paraw bibi aýasyna, ikisi bir ümleşdiler. Sowmagy tolgunmak tolgundy görýän zatlaryna joşup. Hany, Sowmagy, aýdyp otur – diýip, Çagry beg gyssady. Sowmagy gazma dutary alyp, bäş keleme sözlär boldy: Arşa çykdym ýyldyzlardan ýol ýasap, Tümlükler böwsülip, nur bolar gider. Bir ajy, bir süýji, eşret hem azap, Bir gara bir aga ýar bolar gider. Bu dünýä bir synag – oýny, ýoly kän, Her haýyrda nije şeýtan oýny kän, Sowmagy hak diýer, haka gaýgy kän, Myrryh size şörat-şan bolar gider. Togrul beg: Aý, byla ýene güm-sampyň jeňňeline urdurdy, yzyny özäm tapmyýa! – diýip nägile bolup, Paraw bibä umydygär bakdy. Paraw bibi: Wah, begim, pal düzzüm oýny däl-dä, biz çak edýäs, Alla hak edýär! – diýip, sag aýasy bilen çep aýasyna bile bakyp, çyzyklardan çen tutup, Sowmagynyň sözüni dowam etdi: Barça zadyň eýesi sen Biribar, Mäne babaň patasynyň zory bar, Her iş kylsaň, garap duran biri bar, Begim ýeňişleriň kän bolar gider. Paraw bibi garaw bilen ýaşlydyr, Biçäreler üçin gözi ýaşlydyr, Gybata ynansaň, beçäň ýaş gider, Ömrüň Göroglyga ýol bolar gider. Beg: – Uýam, Paraw bibim, hoş habaryň-a düşnükli welin, Mäne diýdiň, gybat diýdiň, beçe diýdiň, bular näme? – diýip sorady. Paraw bibi: - Wah, beg agam, bizem bir başy ölümli bende, hemme hyýalyňa gelip-geçenleri aýan-açyk bilip bilemzok. Özümem daga-daşa siňip gitjegim ýaly bolup dur. Abywertde Haka aşyk Mäne babanyň ýedi ýyl bäri size garaşýandygy bolsa aýan görünýär. Şundan soň Çagry, Togrul begler Abywerdiň Mäne galasyna baryp, Mäne babanyň huzurynda dyza çökdüler. Ýüzünden nur ýagýan keramat eýesi Mäne baba ap-ak geýnip, uçjak guw ýaly, töweregine ýagtylyk salyp otyr. Babam, Mäne! Sogabymyz kän, sogabymyzdan günämiz kän! Derdimizi döksek kabul eýlärmiň? Ogullarym! Dünýäde bigünä barmy? Bizi üwäp gitjek batharazmyň, gel! Kapyrmyň, gäwürmiň, butparazmyň, gel! Gapymyzy ýel açyp, ýel ýapmasyn, Tobany müň otlan otparazmyň, gel! Çagry, Togrul begler dertlerini dökdüler: Bi giden halk zalym soltan Masudyň agyr salgytlaryndan hunaba ýuwudýar. Soltan saltyklary şu uly ene Zemine sygdyrmajak bolýar. Biz nirä gaçsak, ol yzymyzda. Garşylyk görkezeli diýsek, kuwwatymyz az. Depginiň astynda ýitip ýok bolup gitmelimi ýa-da “ýa kepen, ýa gylyç” däbine eýermelimi?! Mäne baba uludan dem aldy: Dert barmydyr, bardyr onuň dermany, Yşk bardyr jananasy – gurbany. Demsaýyn üýtgeýär jahanyň taby, Bardyr aýlanmaga berýän permany. Her bir kynçylygyň aňyrsynda rehmet bardyr, ruhuňyzy belent tutuň! Işleriňiz ugruna bolar! Allah gara güýjüň tarapynda däldir, Allah adalatyň, ejiziň, mätäjiň tarapyndadyr. Alla sizlik bolsa, dünýäniň ähli güýji-kuwwaty jemlenip gelse-de, öňüňize böwet bolup bilmez. Imanym çäksizdir, doga-dilegim sizlikdir! Minnet çekmezligi Hakdan dilegin, Aýagna toz bolup, her bir telegiň, Doga bilen işimiz ýol almasa, Üç talagyn biýrin çarhypelegiň. Gelejek sizlikdir ogullarym! Ýöne aladaňyz halk, daýanjyňyz adalat bolsun! Şalyk näme? Barçaň gedasy bolmak, Özüňden geç, il-gün pidasy bolmak... Omyn diýdik, ogullarym! Alla ýaryňyz! Olar güýje daýanar, siz akyla, adalata daýanyň! Ine, bu monjugam gelnimiz Altynjana bergil, ol seniň döwletiňiň hamyrmaýasydyr. • Ak patanyň kuwwaty Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde... Mäne babanyň ak patasyndan ruhlanan saltyklar sanlarynyň juda azdygy üçin hile-mekirlige ýüz urdular, bar baýlygyny alyp, ymgyr çöle gaçan boldular. Göhi tutan Begdogdam kowdy yzlaryndan. Saltyklaryň az bölegini gabap derbi-dagyn eden Begdogdy balagna sygman, soltan Masuda hat ýazdy “Saltyklar diýeniňiň elli müň goşunyny çym-pytrak etdik, näme serpaýyň bolsa taýynlaber” diýip. Soňam başladylar bir şagal meslige talan zatlaryny iýip-içip. Saltyklar arabalara şerap baryny ýükläpdi. Begdogdydan başlap, iň soňky garawuluna çenli gaznalylaryň bary serhoş boldy. Şo pursatam saltyklar çozup, olary birbaşdan gyryp başladylar. Arak içse, Begdogdynyň gözüne hemme zat gelin-gyz bolup görnerdi. Öz serkerdelerini, nökerlerini basalap, nebsini gandyryp ýör, ol pahyrlaram gorkusyna garşylyk görkezip bilenok. Bu pälazan saltyk esgerlerine, serkerdelerine “Ynha, bir owadan gelin-gyzlar geldi” diýip topuldy. Öldir ýaly urup, gelin-gyzy gözüne görkezdiler. Ýöne çawuşlary ony aldap-ogşap, söweş meýdanyndan alyp gaçdylar. Baryp Masut soltanyň öňünde çök düşüp aglady. Togrul beg gaznalylardan galan bihasap kän oljany synlap ýörşüne serkerdeleriň öz arasynda Altynjanyň edil möjek kimin söweşendigi baradaky gürrüňini ýygy-ýygydan eşitdi. • Perzent Köpelmek, örňemek ol Hakyň parzy... Günleriň bir güni Altynjanyň boluşlary üýtgäberdi. Togrul bege “Seniň şahyn elguşuňy iýesim gelýär” diýdi, “Bürgüdiň ýüregini iýesim gelýär" diýdi. Ýeke-ýeke oturmany çykardy. Togrulam bir tünt türkmen erkegi, gönüläp aýdaňda, zordan düşünýär. Bir gün gelse, ýene Altynjan ýüzüni sortduryp otyr. How, Altynjan, saňa näme bolýar soňky döwürler? Aýtdylar ahyr saňa. Kim, näme aýdanmyş maňa? Paraw bibi aýtdy. Togrul beg gepi uzaldyp oturman, Paraw bibini çagyrdy. Paraw gyz, sen maňa o gün näme duýdurdyň? Paraw bibi elleriniň aýalaryna bakdy. Wah, begim, men saňa “Perzendiň bolar, şazada dünýä iner” diýdim ahyry. Baýbo-ow, begiň bagt guşy pasyrdap asmana göterildi. “Kime döwlet guşy gonsa, uçar her ýana ganatsyz” diýlişi ýaly, ganatsyz uçup ýör bi, hem Paraw gyzdan hoşhal bolup, şu aýdymy aýdýar gaýyp ýörşüne. Indi ýaşar babam Saltygyň ady, Dilleriňe döneýin seniň, Paraw gyz. Hiç duşman saklamaz türkmeniň badyn, Illeriňe döneýin seniň, Paraw gyz. Köpelmek, örňemek bir Hakyň parzy, Hak bermese, kime edersen arzy, Günden joşar boldy ýüregmiň deňzi, Ýollarňa döneýin seniň, Paraw gyz. Gussalarma, gaýgylarma gar ýagdy, Öýümiň törüne täze nur ýagdy, Oguz çölün güle beslär ýaz ýagşy, Çöllerňe döneýin seniň, Paraw gyz. Şazadadyr soltanatyň geljegi, Deňiz begi, oguzlaryň gerçegi, Togrul aýdar, gysga ömrüň ölçegi, Ellerňe döneýin seniň, Paraw gyz. Togrul beg: Aç, Paraw gyz, agzyňy! – diýdi. Saltyklaryň däbinden bihabar Paraw gyz Altynjana bakdy. Altynjanam “Aç” diýdi. Togrul beg Paraw bibiniň agzyna tylla dirhemleri guýup başlady, emma ol dört dirhem bilen dolaýdy. Birwagt Haldan bilen Gülýüzliniň agzyna ýigrimi bäş dirhem sygypdy. Symrugguş ýaly owadan, salykatly Paraw bibi eda bilen ýerinden turup, hoşlaşyp obasyna ugrady. Jan jorasynyň yzyndan garap duran Altynjanyň, näme üçindir, ýüregi jigläp gitdi. Emma Paraw bibi altyn-kümüşiň adamy däldi. Oňa bir keç ykbal garaşýan ekeni. Gürgen welaýatynyň Baklanjar diýen häkimi bardy. Ol pyssy-pyjurlyk baryny edip, özüne howandarlyk eden öňki patyşany öldürip, soltan Masudyň uguny ýekeläp, oňa gyzyny berip, tagta geçipdi. Saltyklar bilenem arany sazlasy gelýärdi. Ine, şol betgylygyň küýüne ýene bir bethyýal geldi. Ol Parawbibä öýlenip, bir okda iki towşan urmak isledi. Ýene-de, mekir hilesini ulanyp, Togrul beg bu ýerlerden gidensoň, Parawyň ilatyna uly-uly sadakalar berdi, üç ýüz altmyş kişilik mata, gymmatbaha şaý-sepler sowgat etdi. Soňam maksadyny aýtdy. Emma Paraw bibi: “Ölerin, ganhoruň gujagyna girmen” diýip gaçdy. Bakalanjar kowdy. Paraw bibi atyny daga tarap öwürdi. Bu zalymam atlylary bilen şeýtdi. Paraw bibi atdan düşüp, ýokary dyrmaşyp başlady. Bularam ýetip gelýär. Edil dagyň ortam bilinde Parawbibi bir dileg etdi. “Ýa-ha, garybyň, pakyryň, naçaryň ýalňyz hossary Biribar! Meni bu ganhordan halas et”. Dag elhenç güwledi, soňam göwsüni açdy. Parawbibi dagyň göwsüne girip gitdi. Onuň daga giren ýerine zyýarat ederin diýseňiz, Balkan daglaryna baryň, Aşgabatdan Balkanabada barýarkaňyz, Gyzylarbatdan geçeňizsoň, ýoluň çep tarapynda uzakdan görnüp durandyr. © Baýram AKATOW. | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy - 05.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |