16:04 "Ajal alyp barýar adam jesedin..." | |
"AJAL ALYP BARÝAR ADAM JESEDIN..."
Goşgular
![]() Ajal alyp barýar adam jesedin, Adam galýar adamlaryň aňynda. Şonuň üçin aglamaňyz bes ediň, Halk atly şu dowamatyň barynda. Göräýmäge meňzeş ýaly hemme-de, Ba:r ýollaram gabrystana sowulýar. Tükel adam ölýär-ýitýär dünýeden, Üýtgeşikler ölen wagty dogulýar. Ajal kesgitlänok ömrüň çägini, Akyl berip ýaşap ýö:r-ä Eflatun. Ýaşyňy uzaldar ýagşy gylygyň, Paýhasyň hem gowulyga yhlasyň. Halk atly dowamat şeýle adalat, Ýagşy bolsaň ýaşadyp ýö:r öteni. Ýamanlygňy welin ýatlap ýörenok, Ýagşylyk edýär-de unudýar seni. Baýram AKATOW | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |