10:32 Awçylar / hekaýa | |
AWÇYLAR
Hekaýalar
Barslydagyň uzaklardan howalanyp görünýän belent gerişli gaýalary ýazda dürli ösümliklerden al-ýaşyl begres geýinýär. Şonda bu jelegaýyň jana tenekar howasy köp dertlere em bolýar. Obamyzyň ýaşaýjylarynyň ömrüniň uzak bolmagynda bu arassa tebigatyň täsirine şübhe ýok. Bahar paslynda dag çeşmeleriniň suwy köpelip başlaýar. Dag etegindäki bereketli toprakda bitmeýän ösümlik ýok. Her ýylda bag-bakjanyň, ak we gök ekinleriň bol hasyly gözüňi dokundyrýar. Bu ýer ownukly-irili mallary köpeltmek üçin hem oňaýly. Ot-çöp näçe diýseň tapylýar. Bol suwly Garagöz çeşmesiniň boýunda dagyň daşyndan sünnelenip jaý gurlupdyr. Ol ýerde ýedi onlugy arka atan Sapar elguşçy keýwanysy we körpe ogly bilen on ýyl bäri ýaşaýar. Ata-baba kesp-kärini saýlap elguş saklaýar. Ýakyndan-alysdan onuň öýüne gelen gonak-myhmanlar: “Hurmagül daýzanyň aw etinden bişiren palawy lezzetli bolupdyr. Ençeme günläp tagamy agzymyzdan gitmedi” diýip, onuň öwgüsini ýetirýärler. * * * Sapar aganyň kakasy Gylyçmyrat bürgütçi ömrüni awçulygy bagyşlan adam bolupdyr. Dagda-düzde aw awlamagyň gadymy emellerine, tilsim-tärlerine ökde ekeni. Guşy, towşany gapan, duzak, tor bilen tutmagy gowy görüpdir. Ýöne awy bürgüt bilen awlamagy bu käriň iň bir naýbaşysy hasaplapdyr. Ol awçylygyň däp-dessurlaryny, düzgünlerini hem gowy bilen. Ömründe eline tüpeň alan kişi dälmişin. “Bir gezek şeýle waka boldy – diýip, Sapar aga bize gürrüň berdi -- Gyş günleriniň birinde kakam bile towşan awlagyna çykdyk. Garyşboýy güpläp düşen gar Günüň ýiti şöhlesine göz gamaşdyryp ýatyrdy. Gardan serpigýän güneş şuglasynyň ýaramaz täsirinden gözüni goramak üçin kakam ikimiz gözümiziň aşagyny gazanyň garasy bilen reňkläpdik. Golaýdaky bir düýp gury ýowşana busup ýatan peşeneli towşany men görmesem-de, kakamyň tejribeli nazaryndan sypmady. Allany çagyryp, guşuny saldy. El bürgüdi şaglap inip, oljasyna penje uranda ol ýerde çal möjek peýda boldy. Megerem ol hem şol towşany peýläp ýatan bolarly. Gysga darkaşdan soň bürgüdiň boýnuny çeýnemek gurda başartdy. Onýança-da bu ýere ilki tazy, soňra biz ylgap ýetdik. Emma indi giçdi, boljak iş bolupdy. Çalajan bürgüt ganatlaryny ysgynsyz kakyp ýatyrdy. Şol arada seňselän towşan özüne geldi-de, çykgynsyz ýagdaýa düşdi. Aljyrap kakamyň aýagynyň aşagyna kürsäp girdi-de, çommalyp oturyberdi. Bürgüdiniň düşen halyna gynanyp, äm-säm bolup duran kakam öz guşunyň iň soňky awuny halallamagy hem unudyp, sypdyryp goýberdi. Şol wakadan soň kakam Gylyçmyrat bürgütçiniň şikara çykanyny gören-eşiden bolmady”. * * * Sapar aga mesliginden jylawyny çeýnäp duran ýüwrük atyň hojaýyny däl. Şikara çykanda daýaw alaşasyna atlanýar. Şempa reňkli tazy-da şonda selkildäp olaryň yzyndan galanok. Elguşçynyň Barslydagyň kert gaýalarynyň güzaýyndäki höwürtgeden alyp gelen laçyny mele reňklidi. Onuň göwresi gargaňkydan uly bolmasa-da ullakan gözleri, ýiti dyrnagy algyry haýbatly görkezýärdi. Sapar aga onuň bilen alty ýyla golaý dagda, düzde, gumda towşan, käkilik awlady. Sapar aga gyş günleri iým, gaçybatalga agtaryp ýataga gelýän, tomsuna çeşmä suwa inýän jandarlary, öwsünli we gereginden artyk aw awlamagyň halkymyzda gowy görülmeýändigini pent edýär. Anna güni arka gitmegi, şikara çykmagy halkymyzda känbir oňlamaýandygyny häli-şindi ýatlatýar. Aw guşyny taýýarlamak, edep-terbiýe bermek her kese başardyp duranok. Bu işiň başyna baran adamyň ýa-ha Sapar aga ýaly awçylar neslinden bolmagy, ýa-da bolmanda ussat awçydan yhlas bilen tälim almagy gerek. Awçylyk sungatynda gadymdan dowam edip gelýän tertip-düzgünleri berk berjaý etmeli. Baýak goňşym Tagandurdy hem laçyn edindi. Aw guşuny taýýarlamak babatda hiç kimden maslahat soramady. Hemme zady özi bilýänden boldy. Onuň terbiýesi ýetmedik laçyny ilki serçeleriň, mollatorgaýlaryň, soňabaka obadaky jüýjeleriň, kepderileriň, towuklaryň, pişikleriň başyna düşen towky boldy. Haýran galaýmaly, bu janawarlar terbiýesiz algyry beýleki aw guşlaryndan tapawutlandyryp bilýärdiler. Ony gördikleri sümelge agtaryp zibirtde-zibirtdiler. Bir gezek Tagandurdynyň elguşy ýaňy jüýjelikden saýlanyp barýan towugymy penjeläp, alyp gidipdir. Şonda Tagandurdy bilen arama tow düşdi. * * * Sapar aganyň ogul-gyzlarynyň hersi bir käriň başyny tutup, dumly-duşa gitdiler. Aram-aram gelip, halyny sorap durlar. Kämillik ýaşyna ýetmänsoň awçy ýanynda ýaşaýan körpesi Meretgylyja aw etmäge rugsat berenokdy. Howlukdyrsa: “Hesipli günüň gelip ýetende, rugsat bererin” diýip, ony köşeşdirýärdi. Bir gün Sapar aga gojaman güjümiň düýbünde ýazylgy gülli keçäniň üstünde ýelek ýassyga ýaplanyp ýatyşyna elindäki inçejik çybyk bilen ýere bir zatlaryň şekillerini çyzyp: -- Taňrytagala özünden özge zatlaryň: ösümlikleriň, janly-jandarlaryň köpelmegi üçin olary jübüt ýaradypdyr.—diýip, söhbeti uzakdan aýlady – Şunkarymyzyň (Sapar aga laçynyny gowy görensoň şeýle atlandyrýardy) hem özbaşdak nesil öndermeli wagty boldy. Ony höwürtgesine alyp gitmeli. Ol köp ýyllap maşgalamyza yhlas bilen hyzmat etdi. -- Menem alyp gidýäň dälmi, kaka? -- diýip, Meretgylyç sorady. -- Elbetde, ata-baba kesp-kärimizi dowam etdirmeli sen ahyryn. Şonuň üçin görmeli, bilmeli, öwrenmeli zatlaryň köpdir, ogul—diýip, Sapar aga ony begendirdi. * * * Ertesi säher bilen ýolçularyň azyk-suwlugy, gerek-ýaraklary jemlendi. Hurmagül daýzanyň düýe ýüňünden dokan guşagyny biline berk guşan elguşçy ogly bilen alaşasyna artlaşyp mündi-de ýola düşdi. Günortana golaý Çarsynyň oýy diýilýän giň jülgeden geçdiler. Tomus paslynda bu jelegaýyň howasy basym gyzýar. Mör-möjekler hem epgekden öň menzillerine ýetmek üçin irgözinden herekete geçýärler. Awçylaryň häzirki barýan giň meýdany çarkyndaklykdy. Şorlukda çaýyrdan, ýylgyndan, peşmekden, şoradan we üzärlikden başga ösümlikler bitmeýän ýalydy. Käte gözýetimde tüweleý peýda bolup, birdenem towlam-towlam bolup dik asmana galýardy. Takyrlykdaky salgymlara utgaşyp basym gözden ýitip gidýärdi. Hon-ha, Kürendag gerşi olary howalanyp garşy aldy. Gaýanyň belent kemerindäki laçynyň höwürtgesi aşakdan saýgartmaýar. Ol çykmasy kyn uçut gaýanyň toýunsöw hek daşly çüňkindäki köwde ýerleşýär. Bu ýerden telim gezek geçen awçylardyr çopanlaram ony aňanoklar. Diňe çyn awçylar höwürtgeli gaýanyň eteginde çaşyp ýatan ýaşyl, sary reňkli ýelekleriň, gemrijileriň pytraşyp ýatan ownuk süňkleriniň bir emmasynyň bardygyny bilýärler. Sapar aga algyry dagyň belendiräk ýerine eltip: -- Köp ýyllap maşgalamyza halallyk bilen hyzmat etdiň. Göwnüňe degen bolsam, hakyňy halallaş, Şuňkarym. Menä senden razydyryn!.– diýdi-de, howa uçuryp göýberdi. Hemişe awa salynýan laçyn hojaýynynyň häzirki hyýalyna düşünmän, aw gözleginde eýläk-beýläk pelpelledi. Soň erkinlige göýberilendigine düşünen ýaly, gözden ýitip gitdi. Howa gamaşyp asmanyň ýüzüni aksowlut bulut perdeläp başlady. Sapar aganyň keýpsizdigini gören ogly, gaýdyşyn oňa hiç hili sowal bermäge milt etmedi. * * * Obanyň horazlary daňyň atandygyny buşlaýan pursaty Sapar aga mal-garanyň aladasy bilendi. Sürüden gelen garry dowarlary iýmläp ýördi. Birden hem obanyň üstünden aýlanýan algyry görende onuň öz elguşydygyny tanap, ýüregi jigläp gitdi. Tasdanam hemişekisi ýaly albaýyny bulaýlapdy. Hernä özüni tiz dürsemegi başardy. Basym algyr nirädir bir ýerlere ýitrim boldy. Birnäçe günden öz başyna gögerçin awlan laçyn ony hojaýynynyň öňüne getirip goýdy. Ýaraty guş janhowluna urunýardy. Sapar aga ýabany kepderini halallamakdan başga çäre galmady. Häzir onuň serinde atalarymyzyň “Elden giden elguş gaýdyp penjä gonýan däldir!” diýen jümlesi iki ýana at çapýardy. “Ysnyşsa belki-de gaýdyp geler!” diýip öz ýanyndan pikir öwürýärdi. Laçyn biraz wagt öýüň üstünde aýlandy-da, özüne hiç hili ünsüň ýokdygyny aňansoň, dik asmana göterildi. Onuň nokat ýaly garasy obanyň üstünde hem ençeme gezek aýlaw etdi. Soň ol gaýyp bolup, gaýdyp hiç görünmedi. * * * Indiki baharda gojanyň körpesi on sekiz ýaşyny doldurdy. Şondan soň köp wagt geçmänkä, bir gün daňyň ümüş-tamşynda, oba heniz süýji ukudaka ataly-ogul Kürendaga tarap ugradylar. Laçynlaryň höwürtgeleýän ýerlerini elguşçy hiç kime ynanmazdy, bu onuň örän pynhan syrydy. Şikara çykanda şol höwürtgelere ogrynlyk bilen gözegçilik ederdi. Häzir hem ol bir laçyn höwürtgesini emgenmän, kynçylyksyz tapdy. Ilki bilen Sapar elguşçy gaýanyň depesinden ýarmaşyp, höwürtgä sallanmagy ýüregine düwdi. Ýöne aýagynyň basan ýeri opurylyp, tasdanam eňaşak gaýdypdy. “Hany Sapar awçy, seniň bir wagtky kemerli daglaryň uçut gaýalaryna, gerişlerine çykýan ýaşlygyň!” diýip, goja ahmyrly başyny ýaýkady. Şondan soň ol laçynyň höwürtgesine inmegi ogluna ynandy. Laçynlar nesil ödermek üçin ýumurtgalaryny birnäçe günüň dowamynda ýygnaýarlar. Olaryň jüýjeleri bir günde çykmaýarlar. Şonuň üçin hem jüýjeleri ululygy boýunça bir-birlerinden tapawutlanýarlar. Gadymdan dowam edip gelýän düzgün-tertibiýä görä laçyn höwürtgesinden birden köp balaguş alan adam hem halanmaýar. Elguşlar bäş-alty ýyl elde saklanyp, erkinlige goýberilse iň ýagşy edepleriň biri hasaplaýar. Meretgylyç höwürtgedäki balaguşlaryň ekabyryny seçip alansoň, boýnundan asylan şahy yantorbasyna salyp, biline dakylan ýüpi silkeledi. Laçynlar hamrakdyrlar. Olar nesillerini duşmanlaryndan goramak üçin janlaryny orta goýmaga taýýardyrlar. Ataly-ogla häzir bu ýerden tizräk daşlaşmak gerekdi. Ene guş höwürtgesine dolanaýsa awçylaryň günleri kynlaşjakdy. * * * Birnäçe aýyň dowamynda Sapar awçy ogluna elguşy iýmlemegiň, terbiýelemegiň, onuň bilen aw awlamagyň düzgünlerini öwretdi. Şu baharda Garagöz çeşmesiniň boýuna şikara çykyp, Sapar agalara myhman boldum. Söhbetiň yzy tomaşa ýazdy. Kär-kesbiň syrlaryna belet bolup, ak pata alan Meretgylyç bir sähetli gün özbaşdak awlaga çykýan ekeni. Sapar aga ikimiz bir ýasy gaýanyň üstüne çykyp, gözümiz dürbili ýaş awçynyň hereketlerini çaga ýaly togunyp, birin-birin yzarlaýardyk. Dodaklary müňküldeýän ýaş elguşçynyň awuň piri Awlamyş atany ýardama çagyrýandygyny aňmak kyn däldi. Soň ol algyryny uçurup, tazysyny awa saldy. Jülgeden zymdyrylyp çykan çal towşan düzlükde ümdüzine tutdyrypdy. Mele tazy bilen algyr onuň yzyndan galarly däldi. -- Berekella ogul, käriňden kemal tap! —diýip, Sapar elguşçy buýsanç bilen perzendiniň berekellasyny ýetirdi. Hawa, ata kesbi dowamat-dowam edýärdi. Şahymerdan Sary ogly. | |
|
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |