18:11 Aýal | |
AÝAL
Goşgular
![]() Aýal! Tañryñ emri bilen döräliñ bäri, Haýranlar galdyryp gelýäñ erkegi. Yşk derdin berýänem, berýänem däri, Özüñ. Bagly saña nesliñ ertesi. Aýal! Uçýañ peri bolup ertekilerde, Durmuşda-da uçýañ, näzik - ýeñil sen. Uçmaklyk ukyby ýok erkeklerde, Erkekleriñ gödekligi bu bilseñ! Aýal! Beýik batyl Gomerden başlap, Şygyrýet gapyñda, sen baky tema. Gör, näçe ýazyldy saña bagyşlap, Ýene ýazlar, dowam eder Waspnama. Aýal! Käte señ keşbiñde arwah dogulýar, Bir lakma öwürýär ýigidi - ärin. Gowşat gysajyñy, erkek bogulýar, Durmuş, duşup görenimsoñ bilýärin. Aýal! Sen adam oglunyñ enesi, ýary, Gaçybatalgasy özün atmaga. Dowamat daragty guramaz ýaly, Beýik bagban esewanlyk etmäge. ■ AÝALY AÝAÑ! Bu ýowuz durmuşda Aýaly aýañ! Aýamagynyza Mätäçdir aýal. Aýañ gödek gepden, Ýalan töhmetden, Aýañ bilin bükjek Gara zähmetden. Aýal aýalmasa, Betbagtlyk getir: Göýdük çaga dogrup, Nesili ýitir! ■ HALALLYK (Geçmişden bir parça) Jeñ meýdany. Duşman ýeñsä çekildi, Ýeñilaýak atlar gerek ýetmäge. Arman, soñky pursat serdar, ýykyldy, Oba äkitdiler halas etmäge. Tebip başyn ýaýkap, Diýdi: "Iş çatak Men çykardan çuñda kemanyñ oky. Bir päkize gelin tapyp getiriñ, Belki şondan medet... Çagyryñ haky!" Gerçegiñ üstünden ätledi gelin: "Men halal men, özüñ bilýäñ, Ýaradan!" Bu ne gudrat! Tebip gygyrdy: "Geliñ, Görüñ, ynha, ok çykaýdy ýaradan". ■ GELNIME Doglanda dokuzy düzüw doglan sen, Täsin çemen gözellikden boglan sen. "Bäş günlük" däl, ömrüm boýy eglen sen, Tursam sen ýok - bir ýalan düýş görmäýin! Inkär etme eneleriñ mekdebin, Öñkiñdenem uz görkezsin edebiñ. Ula-kiçä ýarap dursun edeniñ, Sendsn çykan bimakul iş görmäýin! Goñşy arasynda gatnasyn tabak, Gujagyña gonsun posalak bäbek. Giñ bol, sähel zada çytma gaş-gabak, Etegiñde hiç haçan daş görmäýin! Men seniñ, sen meniñ arkamda dag deý, Durup başaraly, duşsa kyn ýagdaý, Gatyşyp ýaşaly bal bilen ýag deý, Men zerarly gözüñde ýaş görmäýin! Hemra ŞIROW. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |