00:12 Aýallar | |
AÝALLAR
Goşgular
Aslyñ toprak bolarly, güldür gunça mysaly, Akly danasyn gözle, sulhuñ alyşar ýaly. Mähir-şepagatdan oñ mydam ýüregi doly, Näzik, nepisdir, uzdur, gülden gözel jemaly. Gyzyl alma, injirli, miweli, süýji ballar - Aýallar. Peri-peýker diýdiler bizden öñki ötenler, Eýjejik zat diýdiler, demine dem gatanlar, Düwme-düwme gözýaşa bakman ýaşka tutanlar, Niçin dözdi janyña seni mal dek satanlar. Saraldyñyz, solduñyz, gyrmyzy elwan güller - Aýallar. Söýgüsine wepaly, gam-gussañy bölüşer, Öýdäki älemgoşar dula, töre gelişer, Gujagyñda bäbegi, şonuñ bilen gülüşer. Döwletlidir, döwranly, ýagşylara ulaşar, Yhlaslydyr, erjeldir, tutanýerli uýalar - Aýallar. Gapysyndan barana gaýgyrmaz güler ýüzüñ, Gapysyndan barana gaýgyrmaz çörek, duzun. Okar, öwrener kemsiz, ulumsy tutmaz özün. Zähmeti bilen bezär eziz Sowet Soýuzym. Bagy-bossan içinde açylan täze güller - Aýallar. Akjemal OMAROWA. # Göz_guwanjym_garagum_1985 | |
|
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Aglama sen, ýüregim! / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Jadyly duýgy / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Öwün / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Ýasama gül / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Pursatlar / Goşgular - 13.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |