02:22 Edebiýat tankydynyñ derwaýys wezipeleri | |
EDEBIÝAT TANKYDYNYÑ DERWAÝYS WEZIPELERI
Edebi tankyt
1987-nji ýylyñ 12-13-nji maýynda Aşgabatda SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ tankyt we edebiýaty öwreniş soweti bilen Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ tankyt boýunça sowetiniñ bilelikdäki maslahaty geçirildi. Iki gün dowam eden giñişleýin maslahatda TSSR Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ tankyt boýunça sowetiniñ başlygy Nargylyç Hojageldiýewiñ dokladyndan hem-de leningradly tankytçy Dmitriý Moldawskiniñ goşmaça dokladyndan soñ türkmen edebiýatynyñ hem-de edebi tankydynyñ derwaýys wezipeleri hakynda tankytçylar, alymlar, ýazyjy-şahyrlar söz sözlediler. "Edebiýat we Sungat" gazetiniñ 1987-nji ýylyñ 22-nji maýyndaky sanynda dokladlary we maslahatda sözlänleriñ sözlerini gysgaldylan görnüşde çap edilen 30-dan gowrak çykyşy edebi saýtymyzda dolulygyna dykgatyñyza ýetireris. ▶ Nаrgylyç HОJAGELDIÝEWIÑ dоkladynyñ bеýany: Nаrgylyç Hоjageldiýew dоkladynyñ bаşynda Kоmmunistik рartiýanyñ sоñky ýуllarda еdebi tаnkyda hеmme wаgtdakysyndan köр üns bеrýändigini, оny ösdürmеk bаrada hаkyky аtalyk аladasyny еdýändigini belleýär. SSКР Мerkezi Кomitetiniñ "Еdebi-çеper tаnkyt hаkyndaky", "Dörеdiji ýаşlar bilеn аlnyp bаrylýan iş hаkyndaky", "Еdebi-çеper žurnаllaryñ kоmmunistik gurluşуgyñ рraktikasy bilеn dörеdijilik аrabaglanyşygy hаkyndaky", "Dörеdijilik sоýuzlarynyñ iş şеrtlerini gоwulandyrmak hаkyndaky" kаrarlarynda еdebi tаnkydy ösdürmеk bаrada аnyk hеm möhüm çärеler bеllenildi. SSКР Мerkezi Кomitetiniñ Вaş sеkretary М.S.Gоrbaçýowyñ "Sоwet Sоýuzynyñ Кommunustik рartiýasynyñ XХVII gurultаýyna SSКP Мerkezi Кomitetiniñ Sуýasy dоkladynda-da, köpçülikleýin informasiýa hem propoganda serişdeleriniñ ýolbaşçylary bilen duşuşykda sözlän sözünde-de edebi tankydyñ öñünde duran derwaýys meselelere uly üns berildi.Dokladçy ýoldaş M.S.Gоrbaçýowyñ: "Edebi-çeper tankyda göwnühoşluk we çini ýokarylara ýaranjak bolmak tozanyny üstünden kakyp aýrarça wagt boldy, sebäbi beýle zatlar sagdyn moraly içinden gemirýär, özi-de tankydyñ awtorlaryñ men-menligini we gopbamlygyny hörekleýän sfera däl-de, jemgyýetçilik işidigini ýatda saklamak gerek" diýen sözlerine salgylanmak bilen, bu sözleriñ türkmen tankydyna has-da beter degişlidigini nygtaýar. Türkmen tankydynyñ ýagdaýy hakda, onuñ öñünde duran teoretiki hem praktiki wezipeler hakda, onuñ söweşjeñligini we prinsipiallygyny artdyrmak hakda gürrüñ etmek zerurlygy hem şundan gelip çykýar. Köp wagtlardan bäri türkmen tankydynyñ yza galýandygy hakda gürrüñ edilip gelinýär. Dogrudanam, türkmen tankydy diñe döwrüñ talaplaryndan däl, edebi prosesiñ ösüşindenem yza galýar. Ol edebi prosesiñ ösüşini umumylaşdyryp, ondaky položitel we otrisatel tendensiýalary aýyl-saýyl edip bilmedi. Hatda neşirýatlar tarapyndan çykarylýan kitaplaryñ ujypsyzja bölegine resenziýalar ýazmagyñam hötdesinden gelip bilmedi. Еdebi tankyt 70-nji ýyllaryñ başlarybda SSKP MK-nyñ "Edebi-çeper tankyt hakyndaky" karary kabul edilen badyna birneme tijenip ugranam bolsa, soñra ol ýene-de depginini gowşatdy. Munuñam esasy sebäbi SSKP MK-nyñ Baş sekretary M.S.Gorbaçýowyñ SSKP MK-nyñ ýanwar (1987-nji ýyl) Plenumynda eden dokladynda belleýşi ýaly, durgunlyk ideologiýasynyñ we psihologiýasynyñ medeniýet, edebiýat we sungat sferasyna-da aralaşanlygyndan, çeper döredijilige baha bermek kriterileriniñ pese gaçanlygyndan ybarat bolup durýar. Durgunlyk psihologiýasy biziñ döredijilik atmosferamyzy hereketden galdyrdy. Biziñ döredijilik soýuzymyzda köp zat ~ gurultaýlaryñ geçirilişinden başlap, prawleniýäniñ žanrlar boýunça sowetleriniñ gündelik maslahatlaryna çenli formal häsiýete eýe bolup geldi. Okalýan, täze kitaplara we gazet-žurnallarda çap edilýän eserlere belet adam gaty az. Aýry-aýry ýazyjylaryñ döredijiligine bolan gowy ýa-da ýaramaz garaýyşlar döredijilige dahylsyz gatnaşyklar esasynda döräp geldi. Sоñky on ýylyñ dowamynda ýаzyjylaryñ gurultaýlarynda we haýsy meselä bagyşlanandygyna garamazdan prawleniýäniñ ähli plenumlarynda sähel üýtgedilen şol bir doklad gaýtalanyp okalyp gelindi. Edebi prosese analiz bermegiñ we ol hakda anyk gürrüñ etmegiñ deregine, her gezek ýazyjylaryñ atlarynyñ we olaryñ ýazan eserleriniñ uzyndan-uzyn spisogy gaýtalandy. Özem käbir eserleriñ çärýek asyr öñ ýazylanlygy-da hiç kimi müýnürgedip durmady. Ýöne şol spisok düzülende, ýazyjylaryñ atlarynyñ olaryñ çinine we işleýän wezipesine baglylykda ýerleşdirilmegine welin uly üns berildi. Ine, şol çini ulularyñ öñünde ýaýaplamak prinsipi hem türkmen edebi tankydynyñ öñünde geçip bolmajak päsgelçilik döretdi. Ähli atly-derejeli ýazyjylar özlerini tankytdan daşarda goýdular. Sähel degerliräk wezipede işleýän ýazyjylaram özüni tankytdan daşarda goýdy. Şeýdip, tankyt eder ýaly adam galmady. Тankyt edebi žanrdyr öýdülmedi, çeper döredijilik hasaplanmady. Şol kemçilikler häzirem biziñ öñümizde keserip dur diýip, dokladçy sözüni dowam edýär. Eger tankyda päsgel berýän ähli zatlary zyñyp taşlamasak, eger aramyzda özüni tankytdan daşarda goýmaga synanyşýan ýekeje ýazyjy tapylsa-da biz hiç zat edip bilmeris. Respublikamyzyñ tankytçylarynyñ SSKP-niñ XXVII gurultaýynyñ we sowet ýazyjylarynyñ VIII gurultaýynyñ öñde goýan wezipelerini berjaý etmek ugrunda işeññirlik görkezip başlaly bäri entek bir ýylam geçenok. Ýöne käbir ýazyjylaryñ tankydy juda ýokuş görmegi biziñ başlan bir topar oñat işlerimiziñ göwün diýen netije bermegine böwet boldy, iñ ýamany, olaryñ birentegini ýatyrmaga mejbur bolduk. Şunuñ bilen baglanyşykly, dokladçy tankytçy D.Nuralyýewiñ "Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy" diýen makalasynyñ töwereginde gurnalan çekişmäniñ käbir şahyrlaryñ tankydy ýokuş görmegi sebäpli doly netije bermändigini, gürrüñiñ esasy meselelerden sowlup, käbir şahyrlary tankyt etmek mümkinmi ýa-da olar tankyt ederden belentdemi diýen bolgusyz jedele syrygyndygyny belleýär. Poeziýamyzda gürrüñi ediler ýaly möhüm meseleleriñ kändigini, olar barada gürrüñ etmezligiñ mümkin däldigini nygtaýar. Poeziýada harsallyk köp, şahyrlar biri-birini, doganlyk halklaryñ şahyrlaryny, hatda öz-özlerini gaýtalaýarlar. Olary biri-birinden tapawutlandyrmak kyn. Poeziýanyñ graždanlyk, watançylyk, gumanistik, internasional äheñine ýeterlik üns berilmeýär. Aýratynam çagalar poeziýasynyñ ýagdaýy erbet. Bu meselede çeper döredijilige baha bermegiń kriterileri saklanmaýar. Şahyrlar şol bir eserlerinu zol-zol gaýtalap neşir edýärler. Hatda olaryñ şol bir goşgyny dürli at bilen şol bir kitapda gaýtalap ýerleşdirýän halatlary-da bolýar. Mysal üçin TSSR-iñ halk ýazyjysy K.Tañrygulyýewiñ "Çopan ýodasy" ("Padymanyñ ýodasy" bolmaly -taýýarlaýjynyñ belligi) ýygyndysynda ýerleşdirilen "Iki ussa" we "Aga inimiz" diýen goşgularyñ biri-birini sözme-söz gaýtalaýandygy oña abraýdyr öýdemok. Öz döredijiligine jogapkärçilik bilen garamak duýgusyny ýitirmek hiç kimi hiç wagt gowulygyñ üstünden eltmez. Çagalar şahyry Gurban Çöliýewiñ döredijiligi şuny aýdyñ tassyklaýar. Ol 70-nji ýyllarda respublikanyñ iñ gowy çagalar şahyrlarynyñ biridi. Emma onuñ soñky "Uzakdaky ýyldyzlar", "Gök nagyşlar" diýen ýygyndylary harsallyga ýüz urandygyna güwä geçýär. Рoeziýamyzda, аýratynam çаgalar рoeziýamyzda dоwam еdýän hаrsallyga, çig-çаrsylyga gаrşy görеşmek еdebi tаnkydyñ bоrjy bоlup durýаr. Тürkmen рrozasynyñ şu günki ýаgdaýy hеm еdebi tаnkydyñ wеzipeleri hаkda gürrüñ еtmek bilеn, dоkladçy рroblematika wе häsiýеt mеselesiniñ iñ düýрli mеseleleriñ biridigini bеlleýär. Düýрli рroblema bоlmasa, düýрli häsiýеt bоlup bilmеz. Düýрli häsiýеt ýоk ýеrinde hнm düýрli еser bоlup bilmеz. Gуnansak-da, ýаzyjylarymyz bu mеselä ýеterlik üns bеrmeýärler. Еdebi tаnkydyñ dоgry bellеýşi ýаly, Тirkiş Jumаgeldiýewiñ "Mähеkdaş" rоmanynda ilki düýрli sоsial-аhlak рroblemalar gоzgalýar. Ýönе Аýgözeliñ Bаýnazara sаtaşmagy bilеn, sоñra şоl рroblemalar ýаtdan çykуp gidýär. Еseriñ idеýa-çеperçilik dеrejesini diñе sоsial-аhlak mеseläniñ möhümligi hеm kеsgitlemeýär. Еseriñ еser bоlmagy üçin möhüm рroblemanyñ häsiýеt bilеn bаdaşmagy, bütewi bir zпda öwrülmеgi gеrek. Еmma bu umumаn gоwy çykаn wе еdebi tаnkydyñ gоýan bаhasyna mуnasyp bоlan еserleriñem hеmmesinde göwün diýеn dеrejä ýеtip bilеnok. Нudaýberdi Нallyýewiñ "Sаçak" pоwestinde sаda gоja dаýhanyñ gоwy оbrazy dörеdildi. Оnda еne tоpraga bоlan mukаddes gаraýyş, ulу аdamkärçilik bаr. Еmma pоwestde gоzgalýan аhlak, sоsial mеseleleriñ hеmmesi gаhrymanyñ häsiýеti bilеn sеpleşip bilеnok, öz-özlügindе gаlýar. Ýуlgaý Durdуýewiñ "Görеç" rоmanyndaky уlmy рroblemalar hеm kätе оbraza siñiр bilmän, öz-özlügindäki уlmy рroblema bоlup gаlýar. Вerdinazar Нudaýnazarowyñ "Аksakgal" pоwestindäki gоja hеm judа köр рikir öwürýär, аz hеreket еdýär. Кäbir еserlerde bоlsa sоsial-аhlak рroblemanyñ bаrdygyny çаk bilеn аñlamak mümkin. Şаdurdy Çаryýewiñ "Yzа tеsmäge hаkyñ ýоk" diýеn pоwestinde göräýmägе ulу рroblemalaryñ gürrüñi еdilýär. Gаrahanow gоwaçanyñ täzе gоwy sоrtuny taрypdyr. Ýönе tоhumçylyk stаnsiýasynyñ dirеktory öz sоrtuny sаklamak üçin оña ýоl bеrenok. Аrman, bu ýеrde hаkykat bilеn gаlplygyñ аrasyndaky görеş pоwestiñ çägindеn dаşarda gаlýar. Gеldiýewiñ nähili dеlil, nähili ýоl bilеn Gаrahanowyñ sоrtuna gаrşy bolşy, Gаrahanowyñ аhyry nädiр hаkykaty subut еdendigi görünmеýär. Оkyjy munу аwtoryñ dilindеn biliр gаlýar. Çаp edilýän eserleriñ ýokary çeperçiligi ugrunda göreşmek edebi tankydyñ iñ derwaýys wezipeleriniñ biri bolup durýar. Emma bu mesele häli-häzire çenli edebi tankydyñ çäginden daşarda galýar. Mysal üçin, G.Kulyýewiñ "Gijigen ökünç" romany şu günüñ möhüm meselelerini gozgaýar. Onda biziñ ösüşimize päsgel berýän gözboýagçylyk, artdyryp ýazmak, ýaranjañlyk, dostparazlyk ýaly zyýanly hadysalar paş edilýär. Özem romanyñ ýazylan wagty şeýle nogsanlara garşy göreşmek kyndy. Položitel gahrymanlar köplenç goranmaga mejbur bolýardylar. Bu-da olara hemme wagt başardyp duranokdy. Her niçigem bolsa, romanyñ baş gahrymanlary hakykatyñ tarapynda durmagyñ, galplyk edýän adamlary paş etmegiñ hötdesinddn gelmegi başarýarlar. Ýöne bu meseleleri çeperçilik taýdan göwnejaý işlemek welin awtora gaty kyn düşdi. Roman Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesinde-de, "Sowet edebiýaty" žurnalynyñ redkollegiýasynda-da birnäçe gezek ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasanam çeperçiliginiñ gowşakdygy üçin çap etmekden saklanyldy. Romanda häzirem çeperçilik babatda ýetmezçilikler köp. Soñra dokladçy soñky döwürde birnäçe taryhy romanlaryñ döredilendigini, emma şolaryñ tankydyñ nazaryndan daşarda galýandygyny aýdýar. Ýazyjylarymyz öz halkynyñ taryhynda uly rol oýnan wakalara, taryhy şahsyýetlere ýüzlenýärler. Ýöne her bir uly şahsyýet, aýratynam synpy jemgyýetde, öz tebigaty boýunça çylşyrymly şahsdyr. Şonuñ üçinem taryhy wakalara, taryhy şahslara ýüzlenilende anyk marksistik-leninçilik synpy pozisiýadan ugur alynmalydyr. Gynansak-da, biziñ taryhy romanlarymyzda taryhy hakykatyñ ýoýulýan halatlaryna-da, taryhy şahslaryñ roluna baha bermekde nädogry pozisiýada durulýan halatlaryna-da, synpy pozisiýanyñ goldan berilýän halatlaryna-da gabat gelinýär. Taryhy wakalara we taryhy şahslara juda erkana çemeleşmek G.Kulyýewiñ "Güljemal han", W.Rybiniñ "Öwrülişik", A.Taganyñ "Saragt galasy", Ý.Mämmediniñ "Şapak" romanlarynda duýulýar. Taryhy temanyñ işlenilişi bilen baglanyşykly Magtymgulynyñ edebi obrazynyñ döredilişi hakdaky mesele barada-da durup geçmek bilen, dokladçy entek Magtymgulynyñ döredijiligini öwrenmeklige hem edebi obrazyny döretmeklige hem nädogry çemeleşilýändigini nygtaýar. Edebiýaty öwreniş ylmynda-da, çeper edebiýatda-da Magtymguly syýasy hem döwlet işgärine öwrüldi. Eýsem ol şahyr hem akyldar ahyry. Eger ol türkmen halkynyñ jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna ägirt uly täsir ýetiren bolsa, onda bu onuñ syýasy hem döwlet işgäri hökmünde bitiren praktiki işleriniñ netijesi däl-de, çeper sözüniñ, öñe süren jemgyýetçilik-syýasy ideýalarynyñ netijesidir. Soñra dokladçy şahyryñ eserleriniñ tekstologiýasynyñ öwrenilmeýändigini, ol hakda ylmy iş ýazýan adamlaryñam, çeper eser ýazýan adamlaryñam TSSR YA-nyñ Magtumguly adyndaky dil we edebiýat institutynyñ golýazmalar fondundan bihabar adamlardygyny aýdýar. Dokladçy çeper terjime žanrynyñ, dramaturgiýa žanrynyñ edebi tankytdan bütinleý daşarda galandygyna ünsi çekýär. Çeper terjimäniñ problemalaýyn meselelerini gozgaýan makalalar-a beýlede dursun, hatda haýsydyr bir terjime esere ýazylan syna-da gabat geljek gümanyñ ýok. Dramaturgiýa babatda hem käte "Edebiýat we Sungat" gazetinde spektakllara ýazylýan synlar gabat gelýär diýäýmeseñ, düýpli makala ýa-da syn ýok. Şol spektakllaryñ dramaturgiki materialy barada çynlakaý gürrüñ edilmeýär. Edebi tankyt ýaşlaryñ döredijiligine hem az üns berýär. Bizde zehinli ýaşlaryñ uly topary ösüp gelýär. Şolaryñ döredijiligindäki şowly taraplary goldamak, kemçiliklerden saplanmaga kömek etmek, dogry döredijilik pozisiýasyny eýelemeklerini gazanmak edebi tankydyñ jana-jan borjy bolup durýar. Tankydy analiziñ teoretiki bazasyna, metodologiýasyna uly üns berilmelidigini tankytçy nygtaýar. Marksistik-leninçilik estetikanyñ sosialistik realizm, partiýalaýynlyk, halkylyk ýaly fundamental meseleleri edebi tankytda-da, edebiýaty öwreniş ylmynda-da düýpli işlenilenok. Bu meselede esasy agram TSSR YA-nyñ Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynyñ boýnuna düşýär. Gynansak-da, institutyñ kollektiwi bu meselelere, häzirki zaman edebi prosesine az üns berýär. Ýazylýan işlerem köplenç obzorlaýyn häsiýete eýe. Ýöne sowet edebiýatynyñ fundamental meseleleri, häzirki zaman edebi prosesiniñ ýagdaýy institutyñ kollektiwiniñ hiç wagt nazaryndan sypmaly däldir. Dokladçy türkmen edebiýatynyñ döremeginde we ösmeginde rus edebi tankydynyñ uly işler bitirendigi we bitirip gelýändigi barada ýörite durup geçýär. Şol bir wagtyñ özünde hem ol rus edebi tankydynyñ köplenç komplimentar häsiýete eýedigini, türkmen edebiýaty hakda ýazýan käbir tankytçylaryñ, edebiýatçylaryñ materiala ýeterlik belet däldigini anyk mysallar arkaly nygtap görkezýär. Dokladçy ýaş tankytçylary terbiýeläp ýetişdirmegiñ möhümdigini, ýaşlar bilen işlemegiñ dürli formalaryny gözlemelidigini we synap görmelidigini aýdýar. Tankytçylaryñ makalalarynyñ we synlarynyñ özbaşyna kitap edilip çykarylmagy hakdaky mesele hem özüniñ položitel çözgüdine garaşýar. N.Hojageldiýew dokladynyñ ahyrynda edebi tankydyñ işini täzeden gurmak we çaltlandyrmak döwrüne laýyk gurmagyñ zerurdygyny, edebi tankyda, aç-açan gürrüñe, döredijilik çekişmelerine giñ ýol açmalydygyny nygtaýar. SSKP MK-nyñ Baş sekretary M.S.Gorbaçýow WLKSM-iñ XX gurultaýynda sözlän sözünde "Çekişme ~ bu syýasy pozisiýany, graždanlaýynlygy formirlemegiñ baş metodydyr" diýip aýtdy. Şol sözler tutuşlygyna edebi tankyda hem degişlidir. Mundan başga-da meniñ çekişme tankyt üçin ýaşamak hukugydyr diýesim gelýär. Çekişme bolmasa tankyt bolup bilmez. Ýöne jedelleşmegiñ birek-birekden gaty gygyrmak däldigini hem unutmaly däldiris. Çekişme öz nukdaýnazaryñy köre-köre goramagam däldir. Çekişme iki tarapyñam hakykaty gözlemegidir. Şonuñ üçinem jedelleşýän wagtymyzda kimiñ hakykata has golaýdygyny anyklajak bolmaga çalyşmalydyrys. Tankyt hoşgylawly bolmalydyr, aladaly, pähimli bolmalydyr. Ýazyjynyñ şahsyýetine degmeli däldir, ony kemsitmeli däldir. ▶ Dmitriý MOLDAWSKINIÑ dokladynyñ beýany (Leningrad): - SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ tabşyrygy boýunça men Türkmenistana telim sapar gelip-gitmeli boldum, onuñ oba-şäherlerine aýlandym - diýip, dokladçy aýdýar. - Kerim Gurbannepesowyñ, Gylyç Kulyýewiñ hem beýlekileriñ döredijiligine bagyşlanan makalalar, resenziýalar ýazdym, olar "Знамя", "Новый мир", "Нева" žurnallarynda çap edildi. Öz kitaplarymyñ aýry-aýry baplarynda men türkmen edebiýaty barada söhbet açdym. Başky dokladda aýdylyşy ýaly, elbetde, her bir halkyñ edebiýatyny öwrenmekden ötri, şol edebiýaty döredijilere, olaryñ eserlerine has içgin aralaşmaly. Eýsem-de bolsa, türkmen edebiýatyndan maglumat berýän kitaplar ýok diýerlikdir. O.Kuzmin bilen W.Puwuñ çagalar edebiýatyna degişli bibliografiki kitaby çykdy. Berdi Kerbabaýew hakynda-da çaklañja kitap çykdy. Emma respublikanyñ her obasynda tanalýan Kerim Gurbannepesow barada, merhum Beki Seýtäkow hakynda, Gylyç Kulyýew, Walentin Rybin hakynda hem beýlekiler barada hatda ýönekeý kitapçalar hem ýok. Bu tötänden däldir. Bu türkmen edebiýatynyñ, hususan-da türkmen edebi tankydynyñ ýagdaýyndan habar berýär. Tankydyñ ýagdaýyny janlandyrmaga Ýazyjylar soýuzynyñ ýolbaşçylary çynlakaý girişipdirler. Men muny Kerim Gurbannepesow bilen gürrüñdeş bolanymda eşitdim. Edebi tankydyñ edebiýatyñ ösmegindäki rolunyñ şeýle bir belent däldigini onuñ özi-de aýtdy. Köp-köp belli romanlaryñ awtory Gylyç Kulyýew bilen-de gürrüñdeş boldum. Ol özüniñ "Gijigen ökünç" romany barada 1972-nji ýylda çykarylan karary partiýanyñ Merkezi Komitetiniñ ýatyrandygyny gürrüñ berdi. Roman türkmen hem rus dillerinde neşir edilipdir. Gylyç Kulyýew bu romany üçin köp göreşmeli bolupdyr. Roman bolsa, hut biziñ şu gün aýanlyk bilen aýdýan zatlarymyz ~ ogurlyk, artdyryp ýazmak hem beýlekiler baradadyr. Dokladçy soñra belli prozaçy Tirkiş Jumageldiýew bilen söhbetdeş bolanyny aýdyp, edebi tankyt barada onuñ "Дружба Народов" žurnalynda çap edilen belliklerinden käbir bölegi okap, prozaçynyñ adalatly pikirlerini goldaýar. Ýap-ýañy Durdymuhammet Nuralyýewiñ "Iri prozanyń ownamagy" ("Edebiýat we Sungat", 05.12.1985 ý) hem-de "Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy" (şol gazetde, 05.09.1986 ý) diýen makalalary hakynda gürrüñ edildi. Bada-bat aýdaýyn: Bu makalalar näderejede hem hemme babatda adalatlymy ýa-da däldigine garamazdan, olaryñ ähmiýetliligi gürrüñsizdir. Şol makalalar ümsümligi bozdular, durgunlygyñ garşysyna jemgyýetçiligiñ ünsüni çekdiler. Ýöne makalalarda dagynyklyk bar. Ylaýta-da proza eserleri barada gürrüñ edýän makalada awtor köp milletli sowet edebiýatynyñ ösüş aýratynlyklary barada zat aýtmandyr. Häzirki zaman sowet prozasyna ägirt goşant goşan Aýtmatowam, Astafýewam, Rasputinem, Graninem agzalmandyr. Şonuñ bilen birlikde özbek, gazak, tatar hem beýleki halklaryñ belli proza eserlerine-de nazar salynmandyr. Bu makalanyñ kemter tarapydyr. Bu hadysa awtoryñ poeziýa baradaky makalasyna-da degişlidir. Şeýle bolsa-da, makalalar jedelli seslenmeleri döretdi. D.Nuralyýewiñ makalasy çykansoñ şahyr A.Atabaýew çykyş edip, "Hakykatyñ hatyrasy üçin" diýen makalasynda Nuralyýewiñ makalasynyñ professional ýazyjylaryñ arasynda gyzgalañly jedel döretmedigem bolsa, okyjylaryñ seslenmesini döredenligini belledi. Kerim Gurbannepesow bilen bolan gürrüñ çap edilip, onda şahyr bu makalanyñ oñyn taraplaryny aýdypdyr. Ýöne Nargylyç Hojageldiýew şol gazetde şu ýylyñ 30-njy ýanwarynda çap edilen "Liriki gahrymanyñ şahsyýeti" diýen makalasynda ýagdaýy has anyk kesgitläpdir. Men bu makalany ideallaşdyrmakdan daşda. Ýöne tankytçy esasy zady aýdypdyr. D.Nuralyýewiñ makalasy barada aýdyp, ol şeýle ýazýar: "Makala bizi gapyl basdy. Biz soñky on ýylyñ poeziýasy hakda çynlakaý gürrüñ etmäge, ondaky položitel hem otrisatel tendensiýalary seljermäge taýyn däldik. Ýöne taýýarlanmagymyz, bu döwletli gürrüñi dowam etdirmegimiz gerek". Bu ýöwselligi batyrgaý hem mertlerçe boýun almakdyr. Türkmen tankydynyñ gowşaklygy-da şundan ybarat. Bu hakda giñişleýin gürrüñ etmek gerek. Dokladçy çeper kitaplaryñ terjimesi hakynda, merkezi neşirlerde çykan kitaplara ýazylýan synlar hakynda aýdanda, eseriñ asyl originalyny seljermezden berilýän bahalaryñ çapraz düşýändigini hem awtorlar bilen tankytçylaryñ arasynda nägilelik döredýändigini belläp geçdi. Duşuşyklar hem maslahatlar geçýän mahalynda biz türkmen tankytçylarynyñ "Aшхабад" žurnalynda hem beýleki neşirlerde rus dilinde çykan makalalary bilen-de tanyş bolduk. Elbetde, men hem, beýlekiler-de tankytçylaryñ işiniñ hemme tarapyna doly belet diýsek ýalñyş bolar. Ýöne biz köp zat okadyk. Şol okanlarymdan M.Gurbanowyñ "Şahsyýete bil baglamak" ("Ашхабад", 1985 ý, N"9) diýen ahlak gözlegleri baradaky makalasy hakda aýtsam, ol täsirsiz däl, ýöne köplenç halatda subut edijilik ýetenok. Türkmen-özbek edebiýatlarynyñ özara hyzmatdaşlygy barada Jora Allakowyñ ýazan makalasy (bu hem žurnalyñ şol sanynda) täsin barlaglar esasynda gurlupdyr. Kuzmin bilen W.Puwuñ şol žurnalda çap edilen "Taryh arkaly terbiýelemek" diýen makalasy-da şowly çykypdyr. Okan zatlarymyñ arasynda tankydy makala däl-de, eýsem edebiýaty öwreniş ylmyna degişli belliklerden Kakabaý Gurbanmyradowyñ "Beýik mekdebiñ sapaklary" ("Ашхабад", 1986 ý, N"9) diýen çaklañja makalasy maña has ýarady. Onda W.Maýakowskiniñ Durdy Haldurdynyñ döredijiligine täsiri hakynda gürrüñ edilip, täsin deñeşdirmeler getirilýär. Haldurdynyñ döredijiligine mahsus bolan aýratynlyklar teswir edilýär. Makalada terjimäniñ özboluşly täsiri hakda-da gyzykly maglumatlar bar. Ýöne makalanyñ awtory, Maýakowskiniñ täsiri baradaky tema bilen meşgullanýan başga-da birnäçeleri bu temanyñ diñe özlerinden başlandygy hakda pikir ýöredýärler. Eýsem, Maýakowskiniñ Orta Aziýa edebiýatlaryna ýetiren täsiri barada baryp-ha 1949-njy ýylda "Звезда" žurnalynda tutumly makala çap edilipdi, şonda türkmen poeziýasy dogrusynda gürrüñ bolupdy. Habyp Güseýinowyñ "Ýatdan çykan goşgy" atly kiçijik makalasy-da ýerine düşüpdir. Onda W.Lugowskoýyñ "Туркменская искра" gazetinde 1930-njy ýylda çap edilen "Diwarlar" goşgusynyñ tapylyşy barada gürrüñ berilýär. Şahyr Kerim Gurbannepesowyñ şol žurnalda çap edilen, ýöne edebi tankyt bilen kem-käsleýin utgaşýan ("Tomus ýazgylary") oýlanmalary-da güwä geçýär. "Sowet edebiýaty" žurnalynyñ 1986-njy ýylda çykan sanynda "Bir romana iki resenziýa" ady bilen gyzykly materiallar çap edilen-de bolsa, onda tankydy makalalar azlyk edýär. Ady agzalan resenziýalarda Tirkiş Jumageldiýewiñ "Mähekdaş romany barada jedelli pikir ýöredilýär. Romana özüm baha bermekden saklanyp, eýsem, şeýle resenziýalaryñ ýüze çykmagynyñ türkmen tankydynyñ gürrüñsiz janlanyp ugrandygyna güwä geçýändigini aýdyp bilerin. Beýleki käbir çaklamalar hem, hususan-da M.Amansähedowyñ "Ýönekeými ýa-da ýöntem goşgular" atly hem-de Ýo.Annagurbanowyñ "Käbir kemçiliklerine garamazdan..." diýen makalalarynyñ "Edebiýat we Sungat" gazetinde peýda bolmagy-da edebi tankydyñ tijenýänligine güwä geçýär. Her niçik bolsa-da, türkmen edebiýatynda tankydyñ başlangyç hereketleri ýüze çykýar, eýsem-de bolsa, köp kitaplar heniz ünsden düşürilýär. Ýokarda ady tutulan Atamyrat Atabaýew barada heniz doly bahaly makala çap edilenok. G.Krasnikowyñ terjimesinde, Ýe.Winokurowyñ inçelik bilen sözbaşy ýazmagynda "Молодая гвардия" neşirýatynda kitaby çykan Nobatguly Rejebow hakynda-da çynlakaý iş edilmändir. Rus hem türkmen çagalar ýazyjylarynyñ döredijiligi hakda-da suwytly zat ýok. Atajan Taganyñ täsin powestini öz içine alýan, ýakynda Moskwada neşir edilen "Keseki" atly kitaby-da tankydyñ nazaryndan sypypdyr. O.Kuzmin bilen W.Puwuñ Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan türkmen ýazyjylaryna bagyşlanyp, 1985-nji ýylda neşir edilen "Ýalynly ýyllaryñ adamlary" kitabynyñ göze ilmän galmagy-da gynançly hadysadyr. Bir wagtlar men olaryñ türkmen çagalar ýazyjylary hakynda gürrüñ berýän kitabyny goldandym. Häzirem olaryñ kitaby barada hoş sözler aýdasym gelýär. Ýöne welin, belent äheñler, aç-açan mahabatlar kitaba azda-kände zeper ýetirmän duranok. - Türkmen tankydy, elbetde, yza galýar. Muña söz ýok. Ýöne türkmen edebiýaty-da tutuşlygyna haýal ösýär. Eger-de biziñ günlerimiziñ rus edebiýatyny rus edebi tankydy bilen deñeşdirseñ, onda türkmen tankytçylary üçin täze materialyñ azdygyny inkär etmek bolmaz. Elbetde, çäklilik hem duýulýar, ýoldaşyñ kitabyna umumydöwlet bähbidinden garamagy başarmazlyk hem bar, kähalatda ildeşlik hem beýleki nogsanlyklaram ýüze çykýar. Eýsem-de bolsa, öñe hereket bar. Bu ugurdan ilkinji ädimleri edýän ýoldaşlarymyza ýardam bermek biziñ borjumyz bolup durýar - diýip, dokladçy sözüniñ ahyrynda aýtdy. ▶ Kerim GURBANNEPESOW: - Diñe tankytçylar däl, her bir ýazyjynyñ özi öz ýazýan eserleriniñ tankytçysy bolmaly. Ýöne öz eserleriniñ tankytçysy derejesine göterilmek her bir awtora ýetdirip duran zat däl. Şonuñ üçinem "gapdaldan" edilýän tankydyñ uly ähmiýeti bar. Beýle tankydyñ käbir halatlarda örän ýokuş degýän bolmagy mümkin. Ýöne şonda-da añly-başly awtor üçin ol örän peýdalydyr. Şonuñ ýaly makalalaryñ biri arada "Edebiýat we Sungat" gazetinde peýda boldy. Ol ýaşlaryñ döredijiligi hakyndady. Makalanyñ awtory tankytçy D.Nuralyýew ýaşlar poeziýasynyñ soñky ýyllardaky durgunlygy barada öz aladaly howsalasyny beýan edýärdi. Bu zeýilli makalalar diñe biziñ respublikamyzda däl-de, bütin Soýuzymyda kadaly ýagdaý ahbetin. Emma bu makala bizde uly galmagalyñ, uly şowhunyñ "eýesi" boldy. Onuñ bir ujy Moskwa-da baryp ýetdi. Meşhur tankytçy Aleksandr Mihaýlow SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ Moskwada geçen plenumynda şeýle diýdi: "Aşgabatdan bize çagyryş bilen ýüz tutýarlar, geleweriñ, kömek beriñ diýýärler". Ýeri, bize näme kömek bermelikä? Düşünýänler üçin, şol makalanyñ özi kömekdi ahbeti! Her kim öz döredijiligi hakynda pikirlense, aýdylýan belliklerden many almaga çalyşsa ~ şol kömek dälmidi näme? Ýa-da şonuñ ýaly makalalaryñ ýene-de ikinjisini, üçünjisini, dördünjisini, bäşinjisini ýazmalymyka? Belki, ozalka görä-de ýitiräk ýazmalydyr. Şeýdilse, belki, has-da gowy kömek bolardy... Zyýany ýok. Biz belli tankytçylarymyzy Aşgabada çagyrdyk. Olar biziñ çagyryşymyzy kabul etdiler. Ynha, indi bolsa döwletli maslahatymyzy geçirip otyrys... Ýöne meniñ häzirki aýtjak bolýan zadym başga zat hakda: ýaşlarymyzyñ tankyda bolan ynjyklygy hakynda. Bular eýýämden tankyda şeýle ynjyklyk bilen garap başlan bolsalar, soñy nähili bolarka? Poeziýamyz durgunlykdan halas bolup bilermikä? Makalada agzalýan ýaşlaryñ köpüsi biziñ sarpa goýýan ýaşlarymyz. Käbirleri bolsa (Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejebow...) aýratyn zehinli ýaşlar. Emma olaryñ birnäçeleri, näme üçindir, ör-gökden geldiler. Tankydy kabul etmezlik üçin ellerinden gelenlerini etdiler. Şol makalanyñ awtorlarynyñ hem-de onuñ tarapyny çalýanlaryñ özlerinden dürli "aýyplar" gözlemegiñ pirimine düşdüler. Bu gelşiksiz hereketler, elbetde, ýaş döredijileriñ peýdasyna bolup bilmejekdi. D.Nuralyýewiñ makalasynda öz wagtynda ýazylan zerur makalady. D.Nuralyýew bolmasa başga bir tankytçy, "Edebiýat we Sungat" bolmasa başga bir metbugat organy ol meseläni hökman gozgaýmalydy... D.Nuralyýewiñ türkmen prozasy hakyndaky soñraky makalasyna boýdan-başa doly goşulasym gelenok. Ol ýüzleý ýazylypdyr, bir makalanyñ içinde prozamyzyñ giden romanlary, powestleri hakynda gürrüñ ediljek bolunýar. Bu bolsa islendik netijäni berip bilenok. Ýöne uzak wagtlyk "tankydy dymyşlykdan" soñ onuñ hem juda zerur başlangyçdygyny gutlamalydyrys... Sözümi şeýle jemläsim gelýär. Çekişme medeniýeti bizde ýetmezçilik edýär. Bir tarap - haýsy-da bolsa bir eseri öwüp, arşa göterýär, beýleki garşydaş bolsa ýere urup, ýerden çykarýar. Çekişmeçiler biri-biriniñ pikirini äsgermezçilik edýärler. Bu bolsa çekişmä däl-de, "depişmä" alyp barýar. Gepiñ gysgasy, çekişme medeniýetini öwrenmegimiz gerek. ▶ Pawel ULÝAŞOW: - Ýazyjylarymyz halys öwgüli sözlere öwrenişip gidipdirler. Onsoñ olar indi sähel tankydy hem ýokuş görýärler. Aslynda her bir ýazyjy, şol sanda abraýly ýazyjylar hem özleriniñ tankytdan daşda bolmaly däldiklerini duýmalydyr. Ine, şeýle derejä ýeten wagtymyz hiç kim hem tankydy ýokuş görüp durmaz. Dogrusy, hemmeler tankytlanyp ýörülse, onda tankyt hiç kime-de agyr degmez. Biz edebiýatyñ taryhyna göz aýlan wagtymyz Puşkin, Tolstoý, Dostoýewskiý, Ýesenin ýaly ägirtleriñ-de tankytlanandygyna göz ýetirýäris. Emma bu asylly we adalatly ýörelge diñe soñky on-on bäş ýylyñ dowamynda halys ýatyp galdy. Dogrusy, hakyky edebiýat tankydynyñ ornuny ýerliksiz mahabatlandyrmalar eýeledi. Netijede hem "tankytlanmaly däl adamlar" ýüze çykdy. Elbetde, tankyt çeper eseri her taraplaýyn analizlemelidir, subut etmelidir, öwredijilikli bolmalydyr. Munuñ özi türkmen edebi tankydy barada hem şeýledir. Batgada ýatyp galandan birneme çekeleşilse umumy işe diñe peýda getirer. Ýöne birbada ylalaşmasalar-da, erte düşünişerler, ýaraşarlar, belki hakyky dost bolarlar. Ine, "Edebiýat we Sungat" gazeti soñky on ýylyñ ýaş türkmen poeziýasy barada D.Nuralyýewiñ jedelli makalasyny çap edipdir. Ýaşlaryñ birentegine, aýratyn hem A.Atabaýewe, N.Rejebowa, O.Annaýewe gatyrak deglipdir. Ýöne hut özüm-ä şol aýdylýanlar bilen doly ylalaşamok. Ynha, A.Atabaýewiñ goşgusynda sen pylan köýnegiñi geýip geldiñ, soñ şol köýnegiñi geýnip gitdiñ diýýän ýaly setirlerde özüm-ä beýle bir wejera zat ýok ýaly. Ýöne bu, elbetde, milli däpler bilen bagly bolansoñ, ägä bolmalymyka diýýärin. Käbir goşgular syýasy taýdan yrga diýmekden öñ pugta oýlanmak gerek. Ýa ynha, şol makalada G.Şagulyýewanyñ liriki gahrymanynyñ zeýrenjeñligi, awtoryñ goşgularynda intim duýgularyñ agdyklyk edýänligi barada aýdylýar. Elbetde, bir bada şeýle ýaly bolup hem duýulýandyr. Ýöne meniñçe, belki bu şahyranyñ öz döredijilik aýratynlygydyr, öz sesidir. Umuman, çekişmä goşulan okyjylaryñ seslenmelerinde hem öteräk geçilýän ýerleri bar. Çekişmede, umuman, tankytda çeper analize köp üns bermeli. Aslyýetinde, poeziýa hälki bir setirleriñ sazlaşygy däldir. Hakyky poeziýada jadylaýjy güýç, galkyndyryjy hyjuw, oýlandyrýan pähim bardyr. Bu barada ýaş türkmen şahyry G.Kakabaýewde şeýle setirler bar: Epgekmi, aýazmy oñ üçin des-deñ, Şeýle bir mylaýym, şeýle merdana. Ýöne sen sähelçe galplyk etseñ, Ol başyndan aýlap zyñar girdaba. ▶ Wladimir PU: Biz bu gün tankyt barada janagyryly gürrüñ edýäris. Elbetde, tankydymyzyñ ýagdaýy öwerlik däl. Ýöne, meniñçe, esasy mesele tankytçy kadrlaryñ ýetmezçiliginde bolsa gerek. Näme üçindir hemişe ýaş ýazyjylar, ýaş prozaçylar barada alada edilýär-de, ýaş tankytçylar barada alada edilmeýär. Ine, şu gün kämil tankytçylaryñ azlygyndan zeýrenýäris. Emma bu ýagdaý ertirki gün nähili bolar? Ine, şu barada biziñ çynlakaý oýlanmagymyz gerek. Ýogsa, bu meselä halys özakymlaýyn barýar. Belki-de, uniwersitetiñ filologiýa fakultetiniñ ýanynda tankyt bölümini döretmek gerekdir. Elbetde, tankytçynyñ diñe okumyşlygy, edebiýaty gowy bilýänligi ýeterlik däldir. Ol çeper dile juda ezber bolmalydyr, dili ýiti bilmelidir. Dogrusy, bu gün biz çeper terjimäniñ ýagdaýy barada hem terjimeçiniñ iki dili hem ähli öwüşginleri bilen öwrenmelidigi barada gürrüñ edýäris. Emma bu günki gün mekdeplerde hem türkmen diliniñ-de, rus diliniñ-de öwredilişi juda ýaramaz. Institutda okap ýörenleriñ köpüsi diktanty üçlüge ýazyp biläýse zor boldugy. Onsoñ çeper diliñ ähli çuñlugy, öwüşginleri barada söz bolup bilermi? Ýagdaý şeýle bolansoñ, mekdeplerde hem diliñ, edebiýatyñ okadylyşyna ünsi güýçlendirmeli. Sebäbi mekdep partasyndan taýýarlyksyz gelen okuwça soñ bir zatlar öwrenmek juda kyn bolýar. Ine, biziñ tankydymyzyñ ertirki güni hem şu zatlar bilen baglydyr. ▶ Gylyç KULYÝEW: - Bizde tankytçylaryñ abraýly delegasiýasy geldi. Ony TSSR Ýazyjylar soýuzynyñ prawleniýesiniñ ýolbaşçylary çagyrypdyrlar. Näme boldugyka? Tankytda howsalaly ýagdaý döräýdimikä? Ýok?! Tankyt hemişe bardy. Berdi Kerbabaýewem tankyt edilýärdi, Gylyç Kulyýewem, gürrüñ tankydyñ döredijilik mertebesini ýokarlandyrmak, onuñ mazmuny jähtden obýektiw, hakykata laýyk, professional jähtden degerli, talaba laýyk bolmagyny gazanmak barada gidýän bolara çemeli. Bu wezipäni amala aşyrmak, ozaly bilen, biziñ özümize, döredijilik işlerimizi negatiw ýagdaýlardan arassalap bilşimize bagly. Nähili negatiw ýagdaýlar barada gürrüñ gidýär? Ine, "Sowet Türkmenistanynda" şu ýylyñ 14-nji fewralynda çykan makaladan bir parça: "Býurokratçylyk, ildeşlik (землячество - t.b.), dost-ýarlyk we gaýry gözboýagçylyk meýilleriniñ döredijilik intelligensiýasynyñ arasyna aralaşmagy türkmen edebiýatynda-da, türkmen edebiýatçylarynyñ arasynda-da käbir negatiw ýagdaýlary döretdi.." Gazet bu hakykaty nygtamak bilen, geçen plenumymyzda region barada bolan gürrüñi garaçyny bilen ýazgarýar, ony nadaralyk saýýar. Ilçilik bu region dälmi? Biziñ pikirimizçe, region bilen ilçiligiñ arasynda hiç hili tapawut ýok. Onda näme üçin redaksiýa region baradaky gürrüñi eşidip ör-gökden geldikä? Sebäbi ony problema gyzyklandyranok, şahsyýet gyzyklandyrýar. Bu barada TSSR Ýazyjylar soýuzynyñ partiýa guramasynyñ ýygnagynda möhüm gürrüñ boldy, kommunistler gazetiñ redaktory Kerimini nobatdaky partiýa ýygnagyna çagyrmagy, bu mesele barada aç-açan gürleşmegi biragyzdan karar etdiler. Kommunustleriñ raýy ret edilmez diýip umyt edýäris. Näme üçin kommunistler hut redaktoryñ özüni çagyrmagy karar etdilerkä? Sebäbi gazetleriñ käbir ýolbaşçylary ýaş, az tejribeli işgärleri öñe sürüp, özleri çetde durjak bolýarlar. Gazetlerde çykýan makalalara, biziñ pikirimizçe, ozaly bilen, gazete ýolbaşçylyk edýän adamlar jogap bermelidirler. Tankydy işler barada gürrüñ edilende bolsa, ýaşlyk, tejribesizlik üçin hiç hili ýeñillik berilmeli däldir. Biziñ eserlerimizde, şol sanda meniñ eserlerimde-de, elbetde, ýetmezçilikler bar. Magtymguly barada bir roman çykdy. Onuñ barasynda entek köp eser dörediler. Ynha Hudaýberdi Durdyýew şahyr barada öz oýlanmalaryny ýazypdyr. Işde oñat paýhas, pikirlerem bar, möhüm ýetmezçiliklerem. Sabyr-takaty elden bermän, kärdeşlerçe düşünişmeli, pikir alyşmaly. Golaýda Kerim Gurbannepesowyñ "Parahatlyk ilçisi" poemasyny okadyk. Eser ideýa jähtden örän agsaýar, hakykatdan daş. Men bu barada makala ýazmagy ýüregime düwdüm. Emma saklandym. Sebäbi Kakaly Berdiýew makalany çap eder-de, ertesi güni ýagdaýyndan peýdalanyp, seslenme gurar. Onuñ ozalky guran seslenmeleriniñ oñaýly netije bermändigini, gaýtam garyşyk pikirler döredenligini ýene bir gezek nygtap geçesim gelýär. Ýene bir mesele barada: merhum kärdeşlerimiziñ eserleriniñ içinde jüpüne düşenem bar, jüpüne düşmedigem. Nätmeli? Men 1972-nji ýylda B.Seýtäkowyñ "Doganlar" romany barada makala ýazdym, ondaky syýasy-teoretiki ýalñyşlary, wakalaryñ nädogry wasp edilişini görkezdim. Emma TKP MK-nyñ ideologiýa boýunça şol wagtky sekretary Çary Ataýew makalany goýbermedi, biz halk ýazyjysynyñ abraýyna zeper ýetirip bilmeris diýdi. "Türkmenistan" neşirýaty şol romany gaýtadan neşir etmegi planlaşdyrýar. Biziñ pikirimizçe, romany möhüm teoretiki-syýasy ýalñyşlardan saplaman bu günki ýaş nesle hödürlemek ideologiýa işimize diñe zyýan ýetirer. B.Seýtäkow biziñ edebiýatymyzyñ ösüşinde ähmiýetli rol oýnady. Ol ençeme eseriñ awtory. Gürrüñ bolsa onuñ bir eseri barada, ondaky gödek ýalñyşlyklary düzetmek barada gidýär. Ol ýalñyşlaryñ düzedilmegi B.Seýtäkowyñ abraýyna zeper ýetirmez, gaýtam eser barada-da, onuñ awtory barada-da gowy pikirleriñ, okyjylarda wasp edilýän wakalar hakda dogry düşünjäniñ döremegine kömek eder. ▶ Swetlana ALYÝEWA: - Elbetde, türkmen dilini bilmezligimiz bizde türkmen edebiýatynyñ, aýratyn hem türkmen prozasynyñ ösüşini öwrenmekde, gahrymanyñ pikirleniş derejesine aralaşmakda gaty bökdençlik döredýär. Men bu ýerde Moskwada ýaşaýan edebiýatçylar barada aýdýaryn. Hawa, dili bilmezlik türkmen edebiýatynyñ täzelikleri bilen tanyşmakda, ony ýylysy bilen propogandirlemekde, ýagny tankydy pikiri orta atmakda has hem bökdençlik döredýär. Soñky ýyllarda türkmen prozasynda Tirkiş Jumageldiýewiñ, Ýylgaý Durdyýewiñ, Nury Baýramowyñ, Çary Aşyrowyñ, Ýazmyrat Mämmediýewiñ, ýaş prozaçylardan Annageldi Nurgeldiýewiñ, Oraz Ýagmyrowyñ, Kömek Kulyýewiñ eserleriniñ peýda bolandygyny bilýärin. Ýöne rus dilinde okaýanlygym üçin bularyñ hemmesi bilen heniz meniñ tanyşlygym ýok. Dogrusy, men Tirkiş Jumageldiýewiñ täze romany, ýaşlardan Juma Hudaýgulyýewiñ, Akmuhammet Welsaparowyñ, Jumadurdy Nepesowyñ powestleridir hekaýalary bilen welin tanyşmaga ýetuşdim. Bulardan başga kitaplary Moskwada neşir edilen ýa-da eserleri terjime edilen awtorlardan Gylyç Kulyýewiñ, Atajan Taganyñ, Ogultäç Orazberdiýewanyñ, Orazguly Annaýewiñ, Atageldi Garaýewiñ we beýleki käbir awtorlaryñ eserlerini-de okadym. Elbetde, türkmen prozasynyñ baýlaşýandygyny aýtmak gerek. Eýsem bularyń eserlerinde näme üýtgeşiklik, nähili täzelik bar?! Ine, bu zatlary welin türkmen tankydynda, bütinsoýuz tankyt hem öz wagtynda duýmalydyr. Ine, men Aşgabatda, şu uly maslahata gaýtmazymyñ öñinçäsi "Литературное обозрение" žurnalyndan Berdinazar Hudaýnazarowyñ ünsüñi çekýän şeýle sözlerini okadym: "Häzirki zaman adamy diýlende, öñi bilen, onuñ ylmy-tehniki rewolýusiýa zamanynyñ adamydygyny aýtmak gerek. Onuñ nazaryýeti giñ we köpgyrañly". Bu biziñ döwürdeşlerimiz barada örän jaýdar aýdylan pikir. Hakyky ýazyjy hem öz eserlerinde hut şol nazaryýeti giñ, häzirki zaman adamynyñ keşbini suratlandyrmagy başarmalydyr. Ýazyjynyñ borjy onuñ, ýagny ylmy tehniki rewolýusiýanyñ adamynyñ begenjini, gynanjyny, özüni alyp barşyny, içki psihologiýasyny açyp görkezmegi başarmakdan ybaratdyr. Awtor ýaşaýşyñ dürli wakalaryny hernäçe gyzykly gürrüñ berse-de, ol döwrüñ keşbini, döwürdeşimiziñ keşbini döredip bilmese, ol hakyky ýazyjy däldir. Eýsem, türkmenistanly ýazyjylar nämelere üns berýärler, haýsy temalara ýüzlenýärler, nähili problemalary orta atýarlar?! Şu meseleleriñ tankyt tarapyndan öwrenilişi nähili? Ynha, Atajan Taganyñ, Ýazmyrat Mämmediýewiñ, Ýuriý Belowyñ, Walentin Rybiniñ we beýlekileriñ bireýýäm çykan kitaplary barada tankyt näme aýtdy? Bu eserler barada Türkmenistanda ylmy derñewler alnyp barylýarmy? Ýa ynha, taryhy rewolýusion tema, türkmen milli intelligensiýasynyñ kemala gelmegi bilen baglanyşykly meseleler nähili? Ine, şu ýerde öñi bilen Ata Atajanowyñ döredijiligi ýadyña düşýär. Onda geçmişe şu günüñ belentliginden nazar salynýar. Umuman, türkmen prozasynda pikirlenmäge, jedelleşmäge zat bar. Emma türkmen tankydy bu zatlara gowşak üns berýär. 30-njy ýyllarda N.Saryhanow türkmen obasyna täzeligiñ gelşini ussatlyk bilen beýane edýär. Eýsem, şu günki türkmen obasyny suratlandyrýan awtor barmy? Ýa bolmasa birentek awtorlar häzirki zaman temasyna ýüzlenýärler. Emma köneçe beýan edýärler. Şol bir wagtyñ özünde howlukmaçlyk edýärler, tizräk meşhurlyga ymtylýarlar. Elbetde, ýaşlaryñ arasynda-da ünsüñi çekýänler bar. Men zehinli ýaş ýazyjy Juma Hudaýgulyýewiñ eserleriniñ birnäçesini okap gördüm. Ol forma tapmaga ökde, awtoryñ ýiti synçylygy bar, suratkeş, eserleriniñ dili çeper, täsirli, tolgundyryjy. Göräýmäge hemme zat ýerbe-ýer ýaly. Emma zehin nämä sarp edilýärkä, awtor näme aýtmagy maksat tutundyka diýip oýlanýarsyñ. Ynha, onuñ "Harasat" diýen powesti bizde şeýle pikirler oýardy. Dogry, awtor şukşinçilige eýerip, häsiýet döretmäge ökde. Emma beýan edişinde naturalistik äheñ bar. Jumadurdy Nepesowyñ "Saçlar agarýar" diýen hekaýasy oñat eken. Üçünji bir ýazyjy Akmuhammet Welsaparowyñ hekaýalaryndan göwnüm suw içmedi. Olar hiç bir babatdan ünsümi çekmedi. Ýöne onuñ "Gawunkelle" powesti welin erbet däl. Onda oýlanara zat bar. Dogrusy, türkmen prozasynyñ esasy keşigini ýaşuly hem orta nesil çekip gelýär. Meselem, Gylyç Kulyýewiñ, Tirkiş Jumageldiýewiñ, Ata Atajanowyñ, Atajan Taganyñ eserleri çeper analize, ylmy derñewlere garaşýar. Ýöne şu günki türkmen prozasynda heniz ylmy-tehniki rewolýusiýa zamanynyñ nazaryýeti giñ hem köpgyrañly gahrymanynyñ ýokdugyny aýtmak gerek. Täzeçe, hyruçly pikirlenýän gahryman ýok. Dogrusy, bu günki türkmen prozasyna täze döwrüñ talaplaryna bap gelýän konfliktler, aktiw sosial pozisiýaly, durmuşyñ meselelerine aýdyñ göz ýetirip bilýän sagdyn düşünjeli, paýhasly gahryman ýetmezçilik edýär. Prozaçylar heniz durmuşyñ gündelik wakalaryny beýan etmekden, tema ownukçyllygyndan, milli çäklerden, gaýtalamadan, ýasamalykdan saplanyp bilmeýärler. Ýazyjylar 30-njy ýyllarda türkmen prozasynyñ hyruç bilen başlan däplerini ýatdan çykardylar. ▶ Akjemal OMAROWA: - Adam ykbalyny has çuññur öwrenmek üçin nämeler etmeli?! Nädip gowy-gowy goşgular, poemalar, hekaýalar, romanlar döretmeli?! Munuñ üçin, ozaly bilen, döwrüñ talaplaryna dogry düşünmek hem-de hakyky döredijilik gözlegleriniñ belentligine göterilmek zerur. Elbetde, biz ýazyjylar maýda-çüýde zatlara gümra bolman, irginsiz işlemelidigine düşünýäris. Rewolýusion özgerişler, täzelenme öwüsgini köp zatlaryñ üstüni açdy, ýazyjylaryñ has hem tijenip işlemelidikleri aýan boldy. Şonuñ bilen birlikde, düýnki gün goýberen hatalarymyzyñ agyr netijeleri hem öñümizde keserdi. Gündelik durmuşymyzda çözgüdine garaşýan problemalaryñ uly topary bar. Emma, biz ýazyjylar tä şu çaka çenli köplenç hemme zady gülala-güllük edip görkezdik. Bu ýagdaý edebi tankydymyza-da ýaramaz täsir etdi. Durgunlyk ýyllarynda edebiýatymyzyñ problemalaryny çuññur açyp görkezýän düýpli makalalar juda seýrekledi. Şeýlelikde, çig-çarsy eserler gitdigiçe artdy. Şowly eserleri bilen agza düşen ýazyjylar bolsa, yzygiderli öwüldi. Netijede, öz-özümizden talaby gowşatdyk, arkaýynlaşdyk. Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarow ýaly ýazyjylar köplenç tankytdan daşarda galdy. Soñky ýyllarda olaryñ adresine ýekeje-de tankydy bellik edilmedi. Elbetde, K.Gurbannepesowam, B.Hudaýnazarowam zehinli ýazyjylar, olaryñ oñat-oñat eserleri döredendiklerine söz bolup bilmez. Ýöne olaryñ döreden eserleriniñ hemmesiniñ añrybaş eserler däldigi hem belli. Mydama öwlüp ýörseñ, soñabaka tankydy iññän ýokuş görjegiñ düşnükli. Men poeziýa sowetiniñ maslahatynda B.Kerbabaýewe salgylanyp, K.Gurbannepesowyñ "Taýmaz baba" poemasy barada kiçijik tankydy bellik etdim. Şondan köp wagt geçmänkä "Käbir takyklamalar" atly makala peýda boldy. Onda "Taýmaz babanyñ" awtory öz poemasy barada aýdylan öwgüli sözleri getirip, özüni aklamaga synanyşýar. Bu tankydy ýokuş görmegiñ, ondan goranjak bolmagyñ alamaty dälmi näme?! Dogry, nädogry pikiri ýalana çykarmak başga gep. Emma hakykaty ýaşyryp bolmaýar. Geljekde hiç bir eseriñ, hiç bir ýazyjynyñ tankytdan daşarda galmazlygyny gazanmaly. Bu diñe üstünlik getirer. ▶ Baýram JÜTDIÝEW: - Ynha, indi on-on bäş ýylyñ içidir biz edebi tankydyñ ýagdaýynyñ ýaramazlygyndan zeýrenýäris. Ýöne ähli günä tankytçylaryñ üstüne syrykdyrylsa, megerem, adyl bolmazdy. Biz ýazyjylar hem-de şahyrlar günäniñ bir bölegini, belki has agramly bölegini öz üstümize almalydyrys. Dogrusy, biz tankytçylary aýamadyk, kömege mätäç pursatlarynda goldamadyk. Tersine, öz abraýymyz, çinimiz-derejämiz bilen käte ýekelikde, käte ýygyn çekip, üstlerine hüjüm etdik. Mysal üçin, A.Nurmämmedow Magtymgulynyñ obrazyny döretmäge edilen synanyşyklar hakynda düýpli makala ýazdy. Şeýle çynlakaý makala ýazany üçin goldama derek, G.Kulyýew ýaş tankytçyny her hili ýollar bilen utandyrmaga synanyşdy. N.Hojageldiýewiñ dokladynda ýerlikli bellenilişi ýaly, "Edebiýat we Sungat" hepdeliginde soñky on ýylyñ ýaş poeziýasynyñ ýagdaýyna bagyşlanan çekişme guraldy. Çekişme poeziýa sowetiniñ giñişleýin maslahatynda jemlenildi. Göräýmäge, şeýle tutumly gürrüñçiligi gurany üçin redaksiýanyñ kollektiwine hoşallyk bildiräýmeli ýaly. Ýok, ýene şol öñki nägilelik, hyşy-wyşy, teýeneli gürrüñler. Her kim her näme diýse-de, bizde edebi tankydam, edebiýaty öwreniş ylmam bar. Emma, edebiýatymyzda Soýuz derejesinde işleýän ýekeje-de tankytçynyñ bolmazlygy, birhili çetiñe degýär. Edebi tankydymyza analiz çuñlugy, pikir giñligi, öz sözüñ yzynda durmak, ony dik durup goramak medeniýeti ýetmeýän bolsa gerek. Edebi tankydyñ bir topar ýyllap gadymy köşk şahyrlarynyñ roluny oýnap gelendigi bu gün hiç kime gizlin däl. Tankytçylara, göwnüme bolmasa, juda ýowuz daraldy öýdýän. Tankytçy diýen millet gaty çydamlydyr welin, olar "jeñ" meýdanyndan, ýeñilen polk ýaly, baýdaklaryny taşlap gaçmaga mejbur boldular. Hatda garadan gaýtmaz Abdylla Myradowam ömrüniñ soñky ýyllaryny proza bagyşlady ahyryn! Dokladda türkmen sowet poeziýasynyñ şu günki ýagdaýy hakynda degerli pikirler aýdyldy. Türkmen sowet poeziýasynyñ arkasynda beýik Magtymguly hem-de Gündogaryñ uly mekdebi, Puşkiniñ, Lermontowyñ, Nekrasowyñ, Ýeseniniñ, Twardowskiniñ genisi, dünýä edebiýatynyñ Geýnesi, Baýrony, Lorkasy bar. Resul Gamzatowdan başlap Loik Şerala çenli ululy-kiçili şahyrlaryñ hemmesi bu gün biziñ mekdebimiz! Şeýle bolansoñ, ondan diñe Soýuz ölçegi bilen talap etmek gerek. G.Seýitliýew bilen K.Gurbannepesowyñ, B.Hudaýnazarow bilen R.Seýidowyñ, A.Agabaýew bilen G.Ezizowyñ poeziýasy hut şol derejedäki poeziýadyr. Bizde ýene-de birtopar zehinli şahyrlar we talantly şygyrlar bar. Olar Moskwada, beýleki doganlyk respublikalarda, daşary ýurtlarda çap edilýär. Bu begençli ýagdaý! Ýöne biziñ poeziýamyzda düýpli kemçiliklerem bar. Harsallyk, tema ownuklygy, birek-biregi gaýtalamak halys ýadadýar. Setir sany, kitap sany - zehiniñ ölçeg birligine öwrülip gitdi. Beýik Oktýabr Sosialistik rewolýusiýasynyñ 70 ýyllygyny bellemäge taýýarlanyp ýörüs. Emma türkmen goşgusy henize-bu güne çenli eli-aýagy bilen sözme-söz terjimä mäkäm kökerilgi! Ýagdaý şeýle bolansoñ, dünýä inen gününde abraý gazanyp bilmedik şygyrlaryñ birentegi terjimede utuş gazanyp bilýär. Onsoñ giden düşnüksizlik döreýär. Originalynyñ dilini bilmän, çeper esere baha bermek halys ýoñ bolup barýar. Meniñ Puşkiniñ goşgularyny okap başlanyma azyndan kyrk ýyl dagy bolandyr. Onuñ birentek goşgularyny terjime-de etdim. Emma Puşkiniñ goşgularynyñ gürrüñi edilende, ili diñlänimi gowy görýän. Çünki, şygyr bir halkyñ ruhudyr, onuñ ýüreginiñ iñ eziz, iñ inçe syrydyr. Ady ýadymda ýok, rus ýazyjylarynyñ biri şeýle diýipdir: "Hala uly bolsun, hala kiçi, parhy ýok ~ her bir halkyñ beýik poeziýasy bardyr. Ýöne rus prozasy ýaly beýik proza welin gaty azdyr". Şundan gowy aýtmak mümkin däl. SSSR Ýazyjylar soýuzynyñ ýanynda türkmen edebiýaty boýunça sowet bar. Sowetiñ çlenleri bize belli bir derejede kömek berýärler, munuñ üçin biz olara gaty minnetdar. Ýöne edebiýat meseleleriniñ ara alnyp maslahatlaşylyşynda birtaraplylyk hem-de juda ýüzleýlik bar. Ol, adatça, Aşgabatda kiçiräk ýygnak geçirmäge syrykdyrylýar. Üýşülýär, iki-üç sany mysally hasap etmeseñ, haýsy şäherde etseñ edip durmaly umumy gürrüñ bolýar. Ýerli awtorlardan birkisi çykyş edýär. Wessalam. Soñra öz aramyzdaky ýeser pyýadalar myhmanlary alyp gaçýarlar-da, hiç kime görkezmän geçäýýärler. Bize bolsa özara pikir alyşmalar, gürrüñçiligiñ yzyndan döredijilik dostlugyna geçmegi gerek. Şeýle dostlugyñ öñden gelýän oñat däplerini dowam etdirmeli. Dost - dostuñ aýnasy. Aýnalar bolsa şahyr aýtmyşlaýyn: "Seniñ ýüzüñe seredip ýalan sözländen, döwlenini gowy görermişin". Ajaýyp pikir! ▶ Nazar GULLAÝEW: - Biziñ edebi prosesimiziñ hem şol barada söhbet açýan edebi tankydymyzyñ teýiniñ durmuşy, taryhy taýdan dogruçyl, ylmy taýdan esasly bolmagy üçin biziñ ýazyjy-şahyrlarymyzyñ-da, tankytçylarymyzyñ-da halkymyzyñ, edebiýatymyzyñ, folklorymyzyñ hem sungatymyzyñ taryhyny bilmekleri zerur. Ýe.E.Bertels XVIII asyrdan ozal türkmenlerde edebiýatyñ bolandygyny inkär edenlere jogap hökmünde mundan kyrk ýyl gowrak öñ şeýle ýazypdyr: "Türkmen halkynyñ çeper söze bolan söýgüsi hemmä bellidir... Bu halk, haçan-da bolsa bir wagt poeziýasyz oñupdyr diýip, diñe şu halkyñ ganym duşmany pikir edip biler". Bu ýerde alym, elbetde, Magtymgulydan añyrky 7-8 ýüz ýyly göz öñünde tutupdyr. Hakykatda bolsa, ondan has gadym zamanlarda-da türkmen halkynyñ belli bir derejede ösen medeni durmuşynyñ bolandygyny dürli häsiýetdäki taryhy çeşmeler tassyklaýarlar. Emma bu ugurdan edilen işler halkymyzyñ entek özüniñ giñden hem çuñdan öwrenilmegine garaşýan iki ýarym ýyllyk edebiýat taryhyny göz öñüne getireniñde, deñziñ damjalary ýalydyr. Şeýle bolsa-da, edebi tankydymyz entek şolar barada hem öz aýdaýmaly sözüni doly aýdyp ýetişenok. Mysal üçin, çärýek asyryñ dowamynda bular barada A.Meredowyñ üç, T.Nepesowyñ iki, Emir Najybyñ, D.Nuralyýewiñ, A.Atdaýewiñ, G.Gurbanowyñ hersiniñ bir, biziñ hem dört sany resenziýamyz çap edildi. Görşümiz ýaly hiç bir jähtden-de kanagatlanarly däl. Emma etjek alajyñ ýok. Munuñ beýle bolmagynyñ sebäbi näme?! Birinjiden, bu döwürden material tapmak kyn. Ikinjiden, şularyñ baryna hötde geläýeñde-de käte berekella derek, garamata galynýan halatlary az bolmaýar. Üstesine-de TDU-nyñ türkmen filologiýasy fakultetinde, W.I.Lenin adyndaky türkmen döwlet pedagogik institutynda "Gadymy hem orta asyrlar türkmen edebiýaty" kursunyñ öwrenilýändigine garamazdan, TSSR YA-nyñ Magtymguly adyndaky dil we edebiýat institutynda gadymy döwürler-ä däl, orta asyrlar hem indi ençeme wagt bäri hiç kim tarapyndan düýpli öwrenilenok. Ýagdaý şeýle bolansoñ, edebiýatymyzyñ gadymy hem orta asyrlar döwri düýbünden öwrenilenok diýlen ýaly. Ol döwürleri işläp biläýjek kadrlar bolsa örän az. Bolanlary-da sowaşygrak işlerde işledilýär. Garaz, täzeden gurmak döwrüniñ talabyna görä, kadrlary ýerli-ýerinde goýmaly hem olardan örän rejeli peýdalanmaly. Ahyr netijede bolsa gadymy, orta, XVIII hem XIX asyrlar edebiýatymyzyñ häzirki zaman talaplaryna laýyk öwrenilmegini gazanmagymyz gerek. ▶ Narbaý HUDAÝBERGENOW, professor (Daşkent): - Men türkmenleriñ arasynda doguldym, türkmen çagajyklary bilen mekdebe gatnadym. Men häzir hem özümi azda-kände türkmen hasaplaýaryn. Şol sebäpli-de türkmen ýazyjylary şatlansa, men hem şatlanýaryn, olar gynansa meniñem ýüregim gyýylýar. Türkmen ýazyjylarynyñ işi, döredijiligi bilen ýürekden gyzyklanýaryn. Onsoñ, men bu gün bu ýerde çykyş eden ýoldaşlaryñ dürli pikirleri orta atmagyny-da unaýaryn. Sebäbi, biz türkmen tankydynyń bu günki ýagdaýyndan köpçülik bolup baş alyp çykmak üçin ýygnandyk. Edebiýat hem tankyt bir bitewi zatdyr. Meniñ añlyşyma görä, türkmen edebiýatynda hem, tankydynda hem nähilidir öñe gidişlikler bar. Häzir bütin ýurdumyzda täzeçe işlemeklige geçilýär, rewolýusion özgerişler durmuşa geçirilýär. Eýsem, bu zatlar türkmen edebiýatynda nähili? Men, elbetde, merkezi neşirlerde çykýan kitaplary yzygiderli okaýaryn. Şolardan Tirkiş Jumageldiýewiñ, Atajan Taganyñ proza eserleri, Atamyrat Atabaýewiñ, Nobatguly Rejebowyñ goşgulary ünsümi çekýär. Elbetde, bu awtorlar heniz edebiýatda uly bir çeperçilik açyş etmedik hem bolsalar, olar dogry ýol bilen barýarlar. Eýsem, türkmen edebi tankydynda hem öñe gidişlikler bar. Ýöne tankytda heniz köki bilen aýryp zyñmaly zatlar hem bar. Şolaryñ biri hem prowinsializmdir. Meniñ prowinsializm diýýänim diñe bir ýurduñ çet künjeklerinde däl, eýsem Moskwada hem, merkezi metbugatyñ sahypalarynda hem bolup biler. Estetiki körlük, sadalyk, galypdan çykyp bilmezlik şol prowonsializm diýýänimize barýar. Şu diýýänlerime bolsa men türkmen tankytçylarynyn makalalarynda duş gelýärin. Beýle ýagdaý tankytçylaryñ ýetilen we ýetilmedik derejelere talapkärçilik bilen baha beren wagtlarynda ýüze çykýar. Sebäbi şol talapkärçilik degerli deliller bilen subut edilmeýär. Ol deliller bolsa çeper döredijiligiñ kanunlaryndan ybaratdyr. Men şu ýerde Ulýaşowyñ aýdyşy ýaly, türkmen tankytçylarynyñ käte şu günki güne laýyk diýip, asla nälaýyk zady aýdyp goýberýändigi baradaky pikiri bilen ylalaşamok. Ine, şu gün türkmen poeziýasy barada bolan jedeliñ gürrüñini köp etdiler. Köpler Durdymuhammet Nuralyýewiñ makalasynda şu günüñ täzeçe işlemek, täzeçe çemeleşmek pikiriniñ bardygyny aýtdylar, ony goldadylar. Men welin D.Nuralyýewiñ aýdýanlary bilen ylalaşamok. Ol öz pikirini subut etmän, ýerliksiz tankyt edýär. Munuñ özi Atamyrat Atabaýewiñ, Nobatguly Rejebowyñ goşgulary barada hem şeýle. Tankytda, onda-da poeziýanyñ tankydyna gezek geleninde tankytçy gaty duýgur bolmalydyr. Goşgularyñ diñe bir gönümel manysyny däl-de, eýsem setirleriñ añyrsynda ýatan manysyny-da duýmagy, akyl ýetirmegi başarmalydyr. Awtor ýöne bir tankytlaman, eýsem goşgyny çeper analiz etmelidir. Hatda poeziýanyñ jedeli bilen bagly çap edilen materiallarda liriki gahryman bilen awtoryñ garyşdyrylýan, şahyrlaryñ şahsyýetinw degilýän ýerleri-de bar. Munuñ özi asla ýol berilmesiz ýagdaýdyr. Onsoñam goşga "syýasy taýdan yrga" diýmek üçin, öñünden berk oýlanmak gerek. Özüm-ä D.Nuralyýewiñ makalasynda N.Rejebowyñ goşgularyndan mysal getirip, yrga diýýäni bilen ylalaşamok. Tankyt gaty obýektiw, medeniýetli, sowatly bolmalydyr. Diñe şeýle tankyt edebiýatyñ ösüşine itergi berip biler. Muhammetguly Amansähedowyñ Nury Baýramowyñ kitabyna ýazan synynda hem nädogry netijeler çykarylýan ýerleri bar. Ýa ynha, şu günki dokladda Tirkiş Jumageldiýewiñ "Mähekdaş" romany barada bir topar zatlar aýdylýar. Dogrusy, özüm-ä bu romany okamok. Ýöne dokladçynyñ aýtmagyna görä, romanyñ baş gahrymany Aýgözel eseriñ başynda bir topar uly-uly işleri etmegi maksat tutunýar. Uly hyruç, uly hyjuw bilen şähere gidýär. Emma ol Baýnazara duşan gününden onuñ ähli uly maksatlary, arzuwlary biderek bolýar-da, ol diñe öz şahsy durmuşy bilen meşgul bolýar. Özi-de bu ýagdaý romanyñ ahyryna çenli dowam edýär. Dokladçy eseriñ esasy gahrymanynyñ şeýle görkezilmeginde ýazyjyny ýazgarýar. Men bu meselede dokladçy bilen ylalaşamok. Eýsem Lew Tolstoýyñ Anna Kareninasy nähili?! Eseriñ bütin dowamynda Anna we Woronskiý şahsy durmuş meselelerini çözýärler. Eýsem şahsy durmuş meseleleriniñ jeminden jemgyýetçilik pikiri gelip çykmaýarmy näme?! Ýoldaşlar, esere baha berleninde birtaraplaýyn netije çykarman, oñat oýlanyp, awtoryñ aýtjak bolýan zadyna göz ýetirmegi başarmak gerek. Diñe şeýle tankyt ýazyjyny oýlandyryp biler, oña eserini has çeperleşdirmäge, kämilleşdirmäge ýardam edip biler. ▶ Şadurdy ÇARYGULYÝEW: - Men "Edebiýat we Sungat" gazetiniñ tankyt bölüminde işlän döwürlerimde biziñ intellektual derejämiziñ heniz juda pesdigine göz ýetirdim. Tankydyñ gysylmagy, tankyt üçin yzarlamak ýaly nogsanlyklaryñ özi hem şol peslikden gözbaş alyp gaýdýar. Soñky ýyllarda tankytçylaryñ hatary seýrekledi. Edebiýatyñ şu günki durgunlygy hem hut şu zatlar bilen baglydyr. Tankyt goldawa mätäç. Sebäbi soñky ýyllarda harsal eserlerini, harsal kitaplaryny uly bir edebi gymmatlyk, täzer bir açyş hökmünde arşa göterip baýlyk edinenler-de, uly-uly atlar alanlar-da boldy. Ýagdaý häzir hem gaty üýtgeýär. Indi çig-çarsylyk sähelçe tankytlansa, onuñ eýeleri baýraklaryny, atlaryny öñe tutup: "Tankyt eýle bolmaly däl, beýle bolmaly" diýip görkezme berip başlaýarlar. Elbetde, bu uly maslahatyñ esasan "Edebiýat we Sungatyñ" sahypalarynda çap edilen makalalaryñ töwereginde barýandygy bizi begendirýär. Iş edilýän ýerde gowy taraplar bilen birlikde bärden gaýtmalaryñ-da bolmagy mümkin. Ýöne beýle zatlar üçin haýbat atmak, ýanamalar asla nädogrudyr. Partiýamyzyñ kararlaryndan ugur alyp, tankydy birneme janlandyrdyk, jedelli makalalar çap etdik. Emma tankyt üçin ýazyjylar makalanyñ awtoryna ýa-da redaksiýanyñ özüne haýbat atýarlar. Meselem, ýazyjy Gylyç Kulyýew gazetde çap edilen "Magtymgulynyñ edebi obrazyna käbir bellikler" diýen makala üçin onuñ awtoryna "taýaýmagyñ ähtimal" diýip haýbat atýar. Hatda birentek ýazyjylar tankytçylary medeniýetsizlikde, sypaýyçylyksyzlykda aýyplaýarlar. Emma olaryñ özleri welin sähel tankytlansalar, derrew ýokary organlara arz edip başlaýarlar. Biz uly adamlar ahbeti. Eýsem, özara maslahatlaşyp, ýa-da edebi çekişmeler arkaly düşünişip bolýar ahbeti. Onuñ üçin işli adamlary işden goýup ýörmek nämä gerek?! Şu ýerde respublikamyzyñ beýleki gazetleriniñ çeper edebiýatyñ tankydyna üns bermeýändiklerini hem aýdasym gelýär. Tankytçylary goldamak gerek. "Tankytlap adam göwnüne degmek nämä gerek?" diýip tankytçynyñ badyny almaly däl. Tankydyñ adalatly, subutly bolmagyny talap etmek başga gep. Edebi çekişmeler hem olara okyjylaryñ ýazan seslenmelerime ýazyjylaryñ birnäçesi nädogry düşünýär. Hamana diýersiñ, ol seslenmeleri okyjylaryñ özleri ýazmaýarmyş-da, olary redaksiýanyñ işgärleri birini abraýdan düşürmek üçin, bilkastlaýyn taýýarlaýarmyş. Beýle betgümanlyk, elbetde, biziñ umumy işimize zyýan berýär. Şeýle negatiw ýagdaýlary biz diñe öñküden-de prinsipial, ýüz görmezek hem adyl tankyt arkaly ýok edip bileris, edebiýatyñ hakyky söweşjeñligini, sagdynlygyny gazanyp bileris. | |
|
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |