02:14 Magtymguly -4/ romanyñ dowamy | |
4.
Taryhy proza
Gün ýaňy ýokarlygyna dyrmaşyp ugrapdy. Çar tarapda güýzüň göwün göteriji hoştap howasy duýulýardy. Bu gün Hajygowşan ir örüpdi. Çowdur hanyň atlylary haý diýmän ýola düşmelidi. Öýdür çatmalaryň töweregi gaý-da gaýmalaşykdy. Her kim uzak ýola iň soňky taýynlygy görýärdi. Uzynly gije dynuwsyz gürsüldäp ýürekleriň urgusy barha güýjeýärdi. Kimse ogluna ak pata berýärdi. Kimse adamsy bilen hoşlaşýardy. Kimse dogandyr kakasyny gujaklaýardy... Ýol uzakdy, gorkulydy. Ýolagçylaryň aman-sag dolanyp geljekdikleri gümanady. Onda-da her kim gelejege umyt bilen garaýardy, ýakymsyz pikirleri töwereginden kowjak bolup çalyşýardy. Ynha, hoşlaşyk pursaty geldi. Obanyň ähli ilaty Ýekedepäniň töweregine üýşüpdi. Nirä seretseň, ýüzi salyk, gpwnüçökük märekedi. Hawa, Mäti ýaly syýahat höwesi bilen dem alýan ýek-ýarym ýigitler bolaýmasa, galan jemendäniň taby pesdi, persi bozukdy. Depäniň üstünde, esbaplary sap tylladan gurnalan at gulagyny keýkerdip durdy. Bu at Ahmet şa Dürrana iberilýän sowgatdy. Adna han, atyň jylawyny mäkäm gysymlap, tumşugyny dik ýokary tutup durşuna, töweregine howasy belentlik bilen ser salýardy. Ol bezemen geýnipdi: egninde gyrmyzy don, başynda ak telpek, aýagynda gara ädik bardy. Garly serdaryň özi bolsa Çowdur han bilen, gör, näme baradadyr pyşyrdap gürrüň edýärdi. Howlukman gadam basyp, Döwletmämmedem depäniň üstüne çykdy. Onuň egninde ýuka ýektaý, başynda ak selle bardy. Serdar Döwletmämmediň gelerine garaşyp duran bolara çemeli: ol goşa goluny uzadyp, onuň bilen gadyrdan görüşdi-de, dessine ýüzüni märekä bakan öwürdi: — Adamlar! Jemagat! Hany, gowaňyzy bes ediň. — Ses-üýn tapba ýatdy, howsaladan doly gözler depä bakan gönükdi. Serdar ardynjyrap dowam etdi: — Hökmürowan Ahmet şa bize merhemeti goluny uzadýa, howandarlyk saýasyndan ýer berýä. Allany çagyryň! Alkyş okaň! Goý, onuň alyhezretleriniň ömri uzak bolsun! Agalary bilen bir çetde, içini hümledip duran Magtymguly serdaryň sözlerini gyjynyp diňleýärdi. Ol gaharly hüňürdedi: — Bary-ýogy alty ýyl mundan ozal Nedir şanam şeýdip alkyşlaýardyň. Hany, ondan gören eşidenlerimiz? Älem-jahany ajy ýaşa gark edip gitdi... Serdar bu sapar bogazyny dolduryp gygyrdy: — Sag baryp, salamat geliň, inilerim! Sussypes, ýüzi tutuk jemende serdaryň sözlerini biparh diňledi, onuň tama eden raýdaşlygyny bildirmedi. Serdar nobaty Döwletmämmede berdi. Döwletmämmet bir sellem, ýaýbaň ak sakgalyny sypalap, kimdir birini agtarýan ýaly, märekäni synlap durdy. Soňra goşa goluny çalarak ýokary galdyrdy-da: — Ýoluňyz ak, işiňiz hak bolsun, ogullarym. Omyn! — diýip, ýolagçylara ak pata berdi. Märeke Döwletmämmediň patasyny alyp göterdi: — Omyn! — Omyn! Çowdur han depäniň düýbünde ejesi bilen duran on-on iki ýaşlaryndaky ogluny ýanyna çagyrdy: — Atanazar! Gel, oglum, bärik... Atanazar ylgap depä çykdy. Çowdur han onuň eline tüpeňini tutdyrdy: — At, oglum! Atanazar tüpeňi ýokarlygyna boşatdy. Ýola düşjek atlylaram asmany nyşana aldylar. Onlarça tüpeňiň gümürdisi, agyr jemendäniň gowgasy, it-guşuň sesi dumly-duşa ýaň berdi, obanyň bir çetinde argyşçylaryň gäwüşäp oturan düýelerine çenli aýak üstüne galdy. Çowdur han bady belentlik bilen gygyrdy: — Atlanyň, ýigitler! Hoşlaşyk pursaty geldi. Magtymgulynyň iki gözi Çowdur handady. Ol ony saplygy, batyrlygy, adamkärçiligi üçin gowy görýärdi. Häzir bolsa... Häzir oňa haýpy gelýärdi, serdaryň gepine gidip, manysyz işe baş goşýandygyna gynanýardy. Ynha, Çowdur han ilki serdar bilen, soňra Döwletmämmet bilen hoşlaşyp, aşak indi, aýaly Annahalyň ýanyna bardy. Onuň sessiz aglaýanlygyny görüp, oňa özüçe göwünlik berdi: — Weý, weý, Annahal... Gözüňi ýaşartma. Saglyk bolsa, aňyrsy bir aýdan dolanyp geleris, Allany çagyr! Annahal süňňüni saklap bilmän, kellesini adamsynyň gursagyna goýdy, horkuldap aglady. Töwerekde göz ýaş dökýän kändi. Ýüregi dagly garry kempirler, ýaş gelin-gyzlar, adam bary ajy ýaş bilen ýürek ýangynyny köşetjek bolýardy. Hanha, Magtymgulynyň ýeňňesi Akgyzam sandyraklap, ýaşmagyny gaharly dişläp, gözüni ýaşardyp dur. Abdyllanyň ejesi bolsa, ynha-ynha gürpüldäp, çiň arkan gaýdarly görünýärdi. Emma Döwletmämmediň keşbinde aýratyn howsala duýulanokdy. Ol Abdyllanyň gabadyna bardy-da içki sarsgynyny duýdurman, sowukganlylyk bilen ak pata berdi. — Aman-sag dolanyp, gel, oglum. Taňrym penakärlik etsin! Abdylla Döwletmämmediň iň uly ogludy. Ol inilerine görä-de daýawdy, syratlydy. Mäti bolaýmasa, ýigitlerden başga onuň bilen bil tutuşyp bilýäni ýokdy. Döwletmämmet golaýda Abdyllany öýeripdi, ilkinji agtygyna guwanmak höwesi bilen ýaşaýardy. Abdylla ilki ejesidir kakasy bilen, soňra aýaly Akgyz bilen hoşlaşyp, Magtymgulynyň ýanyna bardy, onuň tutuk ýüzüne gönüläp bakyp, göwünli-göwünsiz ýylgyrdy-da: — Senem sag-aman bar. Nama iberip dur. Sargydymam ýatdan çykarma — diýip, inisini gujaklady, onuň bilen mähirli hoşlaşdy. Şol wagt Çowdur hanyň sesi gaýtadan ýaňlandy: — Sag-aman oturyň, adamlar. Allany çagyryň! Ýolagçylar atlandylar. Salym geçmän bolsa, obany tozana gömüp, Garabalkan deresine sümüp gitdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |