16:48 Magtymguly -6/ romanyñ dowamy | |
6.
Taryhy proza
Hajygowşan yzda galdy. Otuza golaý, üsti ýükli düýe kerwen gurap barýardy. Iň öňden iki sany atly hatardaş barýardy. Olaryň biri Begnazar söwdagärdi. Ol ýörände bir gapdala gyşaryp ýöreýärdi. Şonuň üçin oňa «Begnazar söwdagär» diýýänem bardy, «Begnazar gyşyk» diýýänem. Begnazar hemişe at üstündedi, Gürgen bilen Hywanyň arasynda dyngysyz diýen ýaly gatnaýardy. Gürgenden gök çaý, hindi mahmaly, tirýek ýaly geçginli harytlary äkidýärdi. Hywadan bolsa galla, don, garakölli bagana, Russiýadan gelip düşen seýrek harytlary getirýärdi. Hawa, Begnzar külli Türkmensährda özüni tanadan söwdagärdi. Ol Tähranyň atly dellallary bilenem baryş-gelişlidi. Beýleki atly, agajet, uzynak ýaşuly Tagandurdy mergendi. Ol kerwenbaşydy. Dogrusy, Begnazar söwdagäriň ynamdar nökeridi. Olardan başga-da on-on iki sany, eli ýaragly nöker bardy. Olaryň içinde atlysy-da bardy, düýeleriň gapdaly bilen yraň atyp gelýäni-de. Magtymguly kerweniň orta gürpünde, ýabysynyň jylawyny eýeriň gaşyna atyp, ýeke özi, töwerege ser salman barýardy. Onuň ýeke bolasy, ýekelikde göwün ýüwürdesi gelýärdi. Öten agşamky garaşylmdyk duşuşyk henizem onuň gözüniň öňünden gidenokdy, göwnüne bolmsa, söýgülisi henizem gujagynda sandyraklap duran ýalydy. Onu näzik lebleriniň gyzgynyny şahyr henizem syzýardy. Arman, duşuşyk uzaga çekmändi. Şahyryň ata-enesi, dogan-garyndaşy, obanyň uly-kiçisi ýola salypdy. Emma Meňliniň ýagty keşbi olaryň barynyň huzuryny duwlapdy. Meňli töwereginden gidenokdy. Dogrusy, ony töwereginden gidirjek bolanokdy, ýatladygyça ýatlasy gelýärdi. Golaýdan eşidilen ses Magtymgulyny süýji oýlanmalaryň torundan çekip aldy: — Ýekelik Taňra ýagşy, Magtymguly. Magtymguly yzyna gaňrylyp seretdi. Sanly ädimlikden dor alaşasyny säpjedip kerwenbaşynyň ogly Nurjan gelýärdi. Magtymguly onuň bilen öňem Hywa ýoldaş bolupdy. Nurjan şähdaçyk, degişgen ýigitdi. Ol sazam çalýardy, aýdymam aýdýardy. Olar deňleşdiler. Nurjan ýene-de wäşisiräp gepledi: — Ýüzüň salykla, Magtymguly. Eýgilikmi? — Magtymguly ýoldaşynyň ýüzüne gülümsiräp seretdi, emma sesini çykarmady. — Bolmasa şu açyk howada öz gazallaryňdan birini ýatlaýyn. Howa, dogrudan-da, açykdy, mylaýymdy. Töwerek şeýle asudady, çöp başy gymyldanokdy. Irkilip ýatan tebigat, aram howa göwnüňi göterýärdi, damarlaryňa janlandyryjy täsir edýärdi. Güýzüň bosaga gelenligi duýulýardy: meýdana ot örüp ugrapdy. Zeminiň göwsüni böwsüp çykan näzik baldaklar baharyň ilki günlerini ýatladýardy. Tebigatyň görküniň üýtgemegine diňe ynsan däl, guş-gumrularam heşelle kakýan bolara çemeli: bir görseň, bu taýdan, bir görseň, o taýdan gullaryň jürküldisi eşidilýärdi. Giň sähra gaýtadan oýnypdy, güýz paslynyň hoştap çagy bilen dem alýrdy. Magtymguly ýoldaşynyň ýüzüne gaýtdan gytaklaýyn garady: — Öýleneniň düýn. Bu günem ýola düşýäňmi? — Nädeýin? — Nurjan başyny ahmyrly ýaýkady, uludan bir dem aldy. — Kakama aýtdym, hiç bolmanda şu gezek meni galdyr diýdim. Etmedi... Gelniň hiç ýerik gidesi ýok diýdi. Nädeýin? Nurjan golaýda öýlenipdi. Ol Magtymgulynam toýuna çagyrypdy. Emma şahyr işli bolup baryp bilmändi. Magtymguly ýoldaşyny gepledesi gelýärdi: — Gelniň ady näme? — Akmeňli. — Söýüp aldyňmy? — Ýak, senem, Magtymguly... — Nurjanyň tämiz syrylan, tegelek ýüzüniň reňki üýtgäp gitdi. — Akmeňli Garrygladan... Iki aralykda ýatymlyk ýol bar. Söýýäniňe öýlenip bolýan bolsa, alys ýerden gelinlik gözlemek nämä gerek? — Magtymguly sesini çykarmady. Nurjan gözlerini ýeserlik bilen güldirdi. — Gowusy, öz ýagdaýyňdan habar ber. Neneň, Meňli uzak ýola ak pata berdimi? Magtymguly bilen Meňliniň birek-birege mähirliligi baradaky gürrüňler Hajygowşanyň çäginden çykypdy, giň sähra ýaýrapdy. Nurjan ýaly göwni göçgün ýigitler bolsa şahyryň söýgülisiniň şanyna bagş eden setirlerini saza goşup, aýdym edip aýdýardylar. Olaryň ykballarynyň oňmagyny, birek-birege aman-sag gowuşmklaryny arzuw edýan-de bardy, olary edepsizlikde aýyplap, uzakdan söz bilen kesekleýän-de. Magtymguly hakykaty ýoldaşyndan gizlemän jogap berdi: — Hawa, ak pata berdi, emma gözýaş edip berdi. — Gorkandyr... Satylaryn öýdüp gorkýandyr! Magtymguly gaşlary, göýä diýersiň, ýoldaşynyň sözleri degnasyna degen ýaly, biygtyýar çytylyp gitdi. Ýok, ol ýoldaşyna gahar edenokdy. Meňliniň naýynjar sesi gulagyny şaňladyp giň sähra ýaýrap gidipdi: «Gitme... Gorkýan...» Öňräkden barýan nökerleriň biri «Nurjan, kakam çagyrýa» diýip gygyrdy. Nurjan hut şeýle çakylyga garaşyp duran ýaly dessine atynyň böwrüne depdi. Ýol uzakdy. Hywa ýetjek bolsaň, azyndan iki hepde ýol sökmelidi. Onuň üstesine garaşylmadyk heläkçilikleriň döräýmegi ähtimaldy. Amatly olja aňtap, düzden-düze, alaňdan-alaňa at salyp ýören garakçylar az däldi. Olaryň girisine düşäýseň, gaýdyp aýňaljak gümanyň ýokdy. Malyňam, janyňam talaňa salynýardy. Emma häzirki barylýan ýerler gorkuly däldi. Gürgen derýasyny etekläp oturan obalar mese-mälim görnüp durdy. Gün iki erňegini deňlände kerwen ýoluny üýtgetdi, demirgazyga, Etrek derýasyna tarap ugrukdy. Haý diýmän Gürgeniň kenaryndaky obalaram yzda galdy, «Ajy guýa» ýetilende bolsa ýene bir kerwen göründi. Ol ýomutlaryň kerweni bolmalydy. Şeýle ekeni. Aradan uzak salym geçmän iki kerwen biri-birine golýlaşdy. Nurjan ilki bolup ýomutlara tarap at saldy. Ol esli wagtdan dolanyp geldi-de, ilki Begnazar söwdagär bilen kakasynyň ýanyna bardy, olara gören-eşidemini habar berdi. Soňra Magtymgulynyň ýanyna geldi-de, göçgünli seslendi: — Düş yzyma, Magtymguly. — Nirä? — Men seni ýomutlaryň kerwençileri bilen tanyşdyrjak. — Ýol uzak, dura-bara tanyşarys-da. — Ýok, häzir tanyşdyrjak. Düş yzyma. Ökünmersiň... Magtymguly ýoldaşynyň syr bermediksirän bolup gepleýänligini duýdy. Ol, şahyryň göwnüne bolmasa, geň bir zadyň üstünden eltjek bolýardy. Allajanym, nirä eltjekkä? Ol hakykatyň anygyna ýetjek bolup durmady, Nurjanyň yzyna eýerdi. Iki kerwen has hem biri-birine golaýlapdy, sesýetim ýaly ýerden hatarma-hatr diýen ýaly barýardy. Magtymguly ýomutlaryň kerwenine golaýlandan Nurjanyň nämä tomaşa etdirjek bolýandygyny aňdy. Ýigrimä golaý eýranly ýesir özbaşyna topar bolup barýardy. Olaryň içinde aýalm bardy, erkegem. Erkekleriň elleri arkasynda daňylgydy. Olar pyýada barýardylar. Üç-dört sany zenan, hersi bir eşegiň üstünde çugutdyryp otyrdy. Aýallardan biriniň syrtynda dört-bäş ýaşly çaga-da bardy. Ýesirleriň töweregini gabap diýen ýaly bäş-alty sany atly barýardy. Olardan biri ýoldaşlaryndan saýlandy, esli ýerden howasy belentlik bilen gygyrdy: — He, Nurjan... Müşderi getirdiňmi? Magtymguly ýabysynyň jylawyny çekenini duýman galdy. Ol türkmen alamançylarynyň Hywa gul-gyrnak äkidip satýandyklaryny bilýardi, hatda Hywanyň bazarynda bendeleriň gara mal kimin satylyşlaryna janyýangynlyk bilen syn edipdi. Ynha, ýene bir topar biçäre şol ýerik sürlüp barýar. Magtymguly ýesirlere golaý barasy gelenokdy. Ol yzyna dolanmagy ýüregine düwdi. Şol wagt murtlak pyýada, owadan dor atyny oýnadyp geldi. Magtymguly onuň ýüzüne içki dartgynlylyk bilen garady, göwünsiz salam berdi. Murtlak onuň salamyny aldy-da, Nurjandan: — Bu ýigit kim? — diýip, gopbamsyrap sorady. Nurjan gürrüňdeşiniň öz äheňinde kinaýaly ýylgyryp jogap berdi: — Bu ýigide Magtymguly şahyr diýýärler... Murtlak geň bir zat eşiden ýaly, ösgün gara gaşlaryny çytyp, Magtymgulyny dykgatly synlady. Soňra şol bir howasy belentlik bilen dillendi: — Magtymguly diýýänleri sen-ow? — Hawa, Magtymguly diýýänler-ä men... Murtlak gaýtdan Magtymgulynyň ýüzüne üşerilipseretdi, emma sesini çykarmady. Bu sapar Magtymguly murtlagy dykgat astyna aldy. Ol eliniň ujundan giren, çortmak boýly, ýylmnak ýasy ýüzli, dykyz pyýdady. Başynda gara silkme telpek, egninde ýüpek hywa dony, aýgynda gara ädik bardy. Bir çigninden tüpeň, beýleki çigninden gylyç asypdyr. Biline bolsa ak sapaly pyçak gysdyrypdyr. Olar kerweniň gapdaly bilen öňe sürdüler. Magtymguly gürrüňdeşiniň ýüzüne gytaklaýyn garady: — Sen kim borsuň? — Menmi? — Murtlak ernini gyşardyp, suwumsyz güldi. — Maňa Tarhan alamançy diýýänem bar, Tarhan han diýýänem. Haýsy göwnüňe ýarasa, şony ýatda saklaber. Meň üçin parhy ýok. — O näme üçin parhy ýok? Alamançy alamnçydyr. Emma han... — Olam alamançydyr. Özünem biziň ýalylara sapak berýän alamançydyr. Tarhan alamançy şeýle bir kesgitlilik bilen gepledi, Magtymguly birbada oňa näme jogap berjeginem bilmedi, dymdy. Alamançy dowam etdi: — Menem eneden alamançy bolup doglamok. Handyr serdarlaryň yzyna düşüp, şolara nökerçilik edip alamançy boldym. — Tarhan alamançy ýogyn barmagynyň ujy bilen murtuny sag tarapa sypalap goýberdi. — Ýurdy kim dolandyrýa? Handyr serdarlar dolandyrýa. Il-gün şolaryň emri bilen oturup-turýa. Hany, siziň obaňyzda, Hajygowşanda Garly serdardan rugsatsyz alamançylyk etjek bolup görsünler. Nädersiň, ertesi güni eşegiň guýrugyna çatyp, ýok owarradan çykaraýsa! Magtymguly gürrüňdeşiniň diline itergi berip goýberdi: — Bir döwüm çöregi alamançylyk etmän, sap renjiň bilen gazanyp bolmýamy? — Heh-heh-he-e! — Tarhan alamançy Magtymgulynyň sowalyny ýerliksiz bildimi-nämemi, başyny ýaýkap güldi. — Men seň kakaňy çalarak tanýan. Ol hakdan içen, uly pähimdar diýýäler. Emma sen... Sen, görýän weli, entek juwanlykdan saýlanmansyň. Bolmasa beýle sowal bermezdiň. — O näme üçin? — Men saňa näme jogap bersemkäm... — Tarhan alamançy susdy, pökgi dodaklaryny gaharly ýalady. Soňra başyny haýbatly galdyrdy. — Diýeli, men bir döwüm çöregi sap renjim bilen gazandymam-da... Näme, ertesi güni dünýä düzeler öýdýäňmi? Alamançylyk edýän, ýurt talaýan diňe menmi? Eýranyň aldajylaryna, Hywanyň äjit-mäjitlerine näme diýjek? Men zor etsem bir obany tozdurýan. Emma olar... Olar giden ülkäni tozdurýarlar... Magtymguly sesini çykarmady. Tarhan alamançy onuň dymmagyna özüçe düşündi, şahyry gepde basandyryn öýtdi. Ol içiňden geçip barýan ýiti gözlerini ýeserlik bilen güldürdi: — Ozalam Hywa gatnapmydyň? — Hawa, gatnapdym. — Ýagyň girisine düşüp görmediňmi? — Ýok. — Men düşdüm. Özünem öz türkmenlermiziň girrisine düşdüm. Malymy taladylar. Tas janymam jähenneme iberipdiler. Hernä Taňrynyň özi garaşyk etdi. — Tarhan alamançy uludan bir dem aldy. — Nädip dowzahdan sypanyma henizem oturyp-oturyp haýran galýan... Ol birhowa dymdy-da tämiz syrylan erjel eňegini golaýdan barýan ýesirlere bakan galdyryp goýberdi: — Holaryň, diýeli, men ellerini boşatdymam-da. Näme, aman-sag öýlerine gaýdyp bararlar öýdýäňmi? Ýok, ýene-de gabap tutarlar, ýene-de Hywa tarap sürerler. — Alamançy Magtymgulynyň ýüzüne eglip garady. — Muňa, inim, urdumşalykly dünýä diýerler. Güýçli urar, ejiz ýegşerer. Ýa urmaly, ýa-da ýegşermeli. Meň ýegşeresim gelenok! Magtymguly turuwbaşdan gürrüňdeşine syny oturmandy. Ol örüsi dar, beýnisi boş, gende adama çalym edipdi. Emma häzir... Häzirem ol şahyrda hoş duýgy döredenokdy. Emma beýnisi boş adama meňzänokdy. Şahyry geň galdyrýan zat: alamançy öz saýlap-seçen myrtar durmuş ýoluny şeýle erjellik bilen goraýardy, ony başga ýola yryp biljek güýç ýokdy. «Güýçli urar, ejiz ýegşerer... Meň ýegşeresim gelenok...» Şonuň üçinem köp nebsiniň ugrunda hallaslaýar: ýurt talaýar, galyň bigünä bendeleriň ykbalyna sogan dograýar. Bulam bir filosofiýa. Eger oňa at bermeli bolsa, ähtimal, «galtamanlaryň filosofiýasy» diýmeli bolardy. Magtymguly gürrüňe gyzygyp, ýesirlere golaý baranyny duýman galdy. Nähili gözgynyçylyk! Bir topar ykbaly debsilenen bende. Ne gözlerinde nur bar, ne ýüzlerinde ruh. Erginlerindäki ykhanatlaryň ýamalary sanap tükederden kän. Aýaklary ýalaňaç. Käsiniň aýagynda gara keçeden tikilip, aşagyna ýary çekilen aýakgap ýa-da sandan galan çaryk bar. Başlarynda keçetelpek, şypyrma... Nurjan ara düşen suslugy bozjak bolup çalyşdy, ýabynyň üstünde kürtä bürenip oturn zenany nazar bilen salgy berip gepledi: — Hol eýjejik zady, Tarhan han, Magtymguly şahyra-da görkez. Biz ýörite şony görmäge geldik. Magtymgulynyň onsuzam içi-içine syganokdy, gahardan ýaňa damarlary keman kimin dartylyp, şarta üzüläýjek bolýardy. Ol ilki Tarhan alamançyny, soňra Nurjany nazar bilen dalady-da, ýabysynyň başyny gaharly çekdi, onuň gandyzyna bir gamçy çalyp, öz kerwençilerine bakan ugrady. Günler gopgun-gowgasyz, asudalykda geçip barýardy. Eýýäm telim ýerde ýük ýazdyryldy, açyk meýdanda gije bary geçirildi. Adatça tä garaňky düşýänçä ýörelýärdi. Soňra amatly düşelge tapyp, düýeler çökerilýärdi, töwerege gözegçi goýup, ot ýakylýardy. Emma uzak oturlanokdy, çaý içip, çörek iýip dessine ýatylýardy. Ertesi güni daň saz berip-bermänkä ýene ýola düşülýärdi. Bu gün düýeler ir öýlänler çökerildi. Kendirlä¹ Russiýadan üç sany gämi gelipdi. Obanyň töweregi hut gyzan bazara dönüpdi, kenar ýakasynda ýaşaýan obalardan adam bary üýşüpdi. Russiýadan gelen söwdagärler getiren harytlaryny açyk meýdana çykaryp, ýerli ilat bile alşyş-çalyş edýärdi. Dürli-dürli matalar. Polatdyr agaçdan ýasalan täsin gap-gajaklar. Semewar, çäýnekdir käse. Haryt kändi... Rus söwdagärleriniň Kendirlä birinji gezek gelmändikleri duýulýardy. Olar töwerekden gelen ýaşulular bilen elleşip, käsäniň adyny tutup, gadyrly görüşýärdiler, hatda olara nesýesine haryt berýärdiler. Magtymguly seýrek bazara tomaşa etdi. Onuň rus söwdagärini ilkinji sapar görşüdi. Olaryň biri — ýüzi durşuna sakgaldyr murt bolup duran, kelteräk boýly, garynlak, semiz pyýada Magtymgula bakan göz gytagyny aýlady, ýanyndaky tatar dilmajyna nämelerdir diýdi. Soňra Magtymgula has golaý geldi, ony boýdan-başa synlady. Magtymguly ýol geýmindedi: egninde sada matadan tikilip, boýalan köýnekdir balak, ýuwka hywa dony, aýagynda könelişen ädik, başynda melemtil telpek bardy. Şeýle göräýmäge molladyr talyba çalym edýän ýeri ýokdy, ykjam göwreli, sagdyn daýhan ýigide çalym edýärdi. Rus söwdagärem şonuň üçin nazaryny oňa bakan sowan bolara çemeli. Ol gataňsy elini Magtymgulynyň çignine atdy, hoşamaý ýylgyryp, ýene-de rusça nämelerdir diýdi. Dilmaç onuň aýdanlaryny türkmen diline terjime etdi: — Hojaýyn aýdýa, Hajytarhana² gitjek dälmi diýýä. Bäş-alty sany seň ýaly nöker gerek. Aňyrsy birki aýdan dolanyp gelersiň. Dünýäň zadynam getirersiň... Magtymguly gülümsiräp jogap berdi: — Meň ýolum başga. Men Hywa barýan... Yzyna bir topar adamy tirkäp, daýaw, sakgallak pyýada — Durdy söwdagär geldi. Magtymguly ony tanaýardy. Ýaz aýlary Hywadan dolanyp gelýärkä, hut şu taýda tanşypdy. Ol uzak ýyllar eýranly söwdagärler bilen mal alyp, mal berşipdi. Soňky ýyllar bolsa ýüzüni demirgazyga, Russiýa bakan öwrüpdi. Durdy söwdagär Magtymguly bilen elleşip, gadyrdan görşdi, aman-esenlik soraşdy. Soňra ýüzüni tatar dilmaja tarap öwürdi: — Iwana aýt, bu ýigide Magtymguly diýýärler. Ile belli şahyr... Dilmaç Durdy söwdagäriň sözlerini Iwana terjime etdi. Iwan Magtymgulyny gaýtadan geňirgenip synlady: — Bo-ow! Şahyr diýsene... Men bolsam muny nöker edinjek bolup durun. — Saňa nöker taparys. Muzduny töleseň bor... Iwan jübüsinden tylla zynjyrly sagadyny çykardy-da: — Wagt az galdy. Hany atlaryňyz diýip sorady. Şol wagt golaýdan bir atly göründi, töweregindäkileriň barynyň nazary şol taraba öwrüldi. Atly Durdy söwdagäre golaý gelip, atynyň jylawyny çekdi, buýruga garaşyp durdy. Söwdagär eňegini çala galdyrdy-da «düşäý» diýdi. Soňra atynyň jylawyny ýaş ýigidiň elinden alyp, Iwana golaý çekdi, guwançly seslendi: — N-n-da-a... Bu at däl. Bu ertekilerde wasp edilýän düldül. — Al, münüp gör. — Durdy söwdagär elindäki gamçyny Iwana uzatdy. — Gorkma... Ýer ýumşak... — Hudaý saklasyn! — Iwan iki elini ýokary galdyrdy. — Men gämiň üstünde zordan oturýan. Sen bolsaň... Iwan sözüniň soňuny gülkä ýazdyrdy. At ahal-teke atydy, owadandy, haýbatlydy. Inçeden gelşikli uzyn boýny, belent sagrysy hut zeýtun ýagy çalnan ýalydy, deňze eňegini berip ugran günüň şöhlesine ýalpyldap görünýärdi. Dogrudan-da, onuň üstüne münägeden, böwrüne çala depseň asmana göteriläýjek, ganat gerip uçaýjak ýalydy. Atyň eýerdir uýany, göwüsbentdir köýnekçesi, zer çaýylyp, gymmat baha daş oturdylyp, yhlas bilen bezelipdi. Magtymguly Durdy söwdagärden: — Aty satmaga iberýäňizmi? — diýip sorady. Durdy söwdagär telpeginiň tüýlerini silkeläp, buýsanyp jogap berdi: — Ýok... Muny ruslaň patyşasyna sowgat iberýäs: Indi olaň patyşasy Ýelizaweta Petrowna diýen aýalmyşyn. Aty gowy görýärmişin. Şoňa sowgat iberýäs. Iwan gaýtadan tylla zynjyrly sagadyny çykardy, buýruk beriji bir äheňde seslendi: — Wagt boldy. Aty gün ýaşmanka gämä salmak gerek. Aty dessine ýalaňaçladylar, eýer-esbaby ak mata dolap, sanly ädimlikde çaýkanyp duran gäminiň ýanyna eltdiler. Agşam kerwençileriň goşuna Durdy söwdagär geldi. Onuň ýanynda başga-da üç-dört sany ýaşuly bardy. Durdy söwdagär Magtymgulynyň kakasyny, Döwletmämmedi tanaýar ekeni. Ol ony taryplap, oňa ýürekden hormat goýup gepledi. Soňra tebigy mylaýymlyk bilen ýylgyryp gözlerini Magtymgula dikdi: — «Ata kesbi — ogla halal» diýipdirler. Tüweleme, senem şahyrçylygyňa külli ilat telpek goýýar. Özüňi häli-şindi görmesegem, gazalyňy ýygy-ýygydan diňleýäs. Kemi ýok. Ussadyň güýçlidigi duýulýar. — Durdy söwdagär töweregindäki ýaşulularyň ýüzüne sala salyjylyk bilen garady. — Ilki ýüregimiziň posuny döküp, onsoň şahyry diňläýsek... Neneň görýäňiz? Töwerekdäkiler «bolýar-da bolýar» diýişip, Magtymgulynyň ýüzüne tamakinlik bilen garadylar. Söhbete turuwbaşdan Durdy söwdagär äheň berdi. Ol Russiýa telim gezek baryp — gelen ekeni. Soňky sapar Samara diýen şähere çenli aýlanyp gaýdypdyr. Söwdagär ilki Russiýada görüp-eşidenini gürrüň berdi. Soňra söhbeti asyl matlabynyň üstünden eltdi: — Türkmen bir kakabaş millet. Oň başyny birikdirmek özümize başartjak däl. Töwerekdenem ele uzadýan, goltgy berýän ýok. Gaýtam duşman bary depämizde ot ýakjak bolýa. Eýran bu tarapdan, Hywa o tarapdan at salýa. Gazaklaň handyr töreleriniň, öz garakçylarymyzyň derdeserem oň üstesine. Hudaý gün berse, bir ýerde gopgun, bir ýerde aldym-baslyk. Adam bary ot-elek, sümere hin tapanok. Nätmeli? Nädip bu müň külbetli zamany başdan sowmaly? — Durdy söwdagär närahat agyp-dönýän gözlerini gökleňdir ýomutlaryň kerwençilerine dikdi. — Siziň ilatam bu barada alada edýärmi? Durdy söwdagäriň görme-görşe gelmänligi mälimdi. Ol uly-kiçini elewredýän mesele barada oturanlaryň pikirini bilmek isleýärdi. Begnzar gyşyk ilki bolup gepledi: — Külli türkmeniň derdi bir. Urha-urlukdan, alan-aldylykdan kösenmeýän ýok. Emma agyr derdiň emini tapyp bolanok. Her kim ýagdaýyna görä ugur agtarýa, ýol gözleýä. Belkem, eşidensiňiz: biziň ýaşullarymyz owgan patyşasyna... — Begnazar gyşyk ýüzüni Magtymgula tarap sowdy. — Şoň ady näme, şahyr? — Magtymguly kim barada gürrüň gidýändigini aýtdy. — Hawa, Ahmet Dürrany... Ana, şoňa ýüz tutmagy, şoňa arka diremegi maslahat berdiler. Bärik ugramagymyzyň öň ýanynda atlylar ýola düşdüler. Olara Çowdur han serkerdelik edýä. Durdy söwdagär ýagdaýdan habarly ekeni. Belkem, ol Çowdur hanyň atlylarynyň ýola düşendigini eşidip gelendir. Şeýle bolara çemeli. Söwdagär kinaýaly bir terzde gülümsiräp gepledi: — Haý, näbileýin... Dürranydan türkmene howandar bolarmyka? — Bolmaz! — Magtymguly başyny birden galdyrdy, garaşylmadyk bir kesgitlilik bilen gepledi. — Dürrany kim? Nedir şanyň, dünýa at beren Nedir şanyň düýnki sadyk nökeri. Sünnümişin diýýäler. Näme, Hywanyň hanlary, Buharanyň emirleri sünni dälmi? Zorluk etmäge, ilaty talamaga gezek gelende ne dine gadyr goýulýa, ne-de dindara. — Haý, berekella! — Magtymgulynyň sözleri Durdy söwdagäriň ýüregine jüňk boldy. — Şahyr makul gep aýdýa. Şu güne çenli biz kimden kösenip gelýäs? Eýranyň garakçylaryndan, Hywanyň kellekeserlerinden, Buharanyň ganojaklaryndan. Baram musulman. — Durdy söwdagär eňegini demirgazyga bakan galdyryp goýberdi. — Hanha, orslaň dini başga. Emma şu güne çenli şolardan gören ýamanlygymyz ýok. Häli-şindi baryp gelişýs, gerek-ýaragymyzy şolardan alýas. Hut özüm Orsýete üç gezek aýlanyp gaýtdym. Birje gezegem menden «diniň haýsy» diýip soran adam bolmady. — Durdy söwdagär özi bilen bile gelen, daýhan taglytly, uzynak, agaçet ýaşulyny nazar bilen salgy berdi. — Galannam, goý, Nurtagan aýtsyn, Hojanepes bilen orsiýetiň aňry başyna, Peterburg diýen şähere çenli aýlanyp gaýdan adam. Oturanlar uzynak ýaşulynyň — Nurtaganyň ýüzüne geňirgenip garadylar. «Peterburg diýen şähere çenli aýlanyp gaýdan adam». Geňirgenmezçe däldi. Hojanepesiň özi ýogalypdy, emma onuň orsiýete baryp-gelişi baradaky hekaýat, gyzykly erteki ýaly, agyzdan-agyza geçýärdi. Ynha, şol hekaýatyň janly şaýady. Neneň geňirgenmejek! Golaýdan aýylganç ses eşidildi. Kimdir biri naçar, hut bogazyna pyçak goýlan ýaly, uly ili bilen eňreýärdi. Oturanlar geň-taň boldular. Şol barmana ýene birnäçe naçaryň agysy eşidildi. Garaşylmadyk, gorkunç ses dumly-duşa ýaň berdi. Nurjan bilen birki sany ýetginjek ses gelýän tarapa okduryldy. Durdy söwdagär birhowa diňirgenip oturdy-da, gaharly gepledi: — Tarhan alamançy bir hokga çykarandyr. Şuňa ýoluňy üýtget diýmeli bor öýdýän. Her sapar ýir topar biçäräni gandallap getirýä. Söwda etjek bolsa, goý, başga haryt tapsyn! Oturanlaryň hersi özüçe Durdy söwdagäre duýgudaşlyk bildirdi. Magtymguly bolsa alamançyny içinden näletledi. Uzak salym geçmän Nurjan haşlap geldi, görenini habar berdi: — Alamançy iki sany naçary rus söwdagäriniň gämisine äkitjek bolýa. Olaram gitmejek bolýalar. — Heý, wenezzyna — Durdy söwdagäriň ýüzi boz-ýaz boldy. — Eýýäm söwda edendir! Naçarlaryň ýuwaş-ýuwaşdan sesi ýatdy. Durdy söwdagär demini dürsedi-de, nazaryny Nurtagana bakan sowdy: — Hawa, Nurtagan, gürläp otur... Naçarlaryň sesi Nurtagana-da täsir eden bolara çemeli: ol esli wagt, ýüzüni keseräk sowup, sesini çykarman oturdy. — Aý, gürleseň gürläp oturmaly. Sökülen ýol, görlen zat gürrüň bererden kän. Men o wagtlar ýaňy ýigrimini dolduran jahyl ýigitdim. Hojanepes kyrky arkan atan, köpi gören, heýwere gujurly adamdy. Ol eýran bilen, orsyýet bilen söwda edýärdi. Bir sapar orsiýete menem äkitdi. Özüm döwtalap boldum, Orsiýeti göresim geldi. Bir topar adam bolup, ýola düşdük. Gämilerimize ýükläp bilen zadymyzy ýükledik. Biziň bagtymyza howa-da oňat boldy. Sag-aman Hajytarhana baryp ýetdik. Öň uly şähermişin diýip eşidýärdim. Emma gözüm bilen görmändim. Hajytarhan heýwere uly şäher ekeni. Kimdir biri söhbet şowhun berip gepledi: — Kendirlidenem ulumy? Töwerekdäkiler gülüşdiler. Nurtaganam lok-lok edip güldi. Gülüşmäge sebäp ýok däldi, Kendirlide bary-ýogy ýigrimi-otuz sany gara çatma bardy. Nurtagan sowan çaýyndan owurtlady-da, şol bir sabyrlylyk bilen dowam etdi: — Hawa, onsoň... Biz bärden goýun derisini, bagana, keçe, ýag, duz eltipdik. Hojanepesiň tanşy kän ekeni. Elten zatlarymyzy dessine una, mata, dürli-dürli gap-gaja çalyşdyk. Bärik ugrajak bolup durduk weli, Hojanepes howlukmaň, zerur iş bar diýdi. Aradan birki gün geçip-geçmän bolsa Zamanow diýen biri bilen ýola düşdi. Menem ýany bilen äkitdi. Barjak ýerimiz heýwere daş ekeni. Ilki gämide gitdik. Soňra orslaň paýtunyna münük. Telim aýlap ýol ýöredik, görgi baryny gördük. Ahyrym Peterburg diýen şähere ýetdik. Ondan aňyrda ýer ýok, tolkunyp ýatan deňiz. Orslaň patyşasy Petr³ şo taýda ýaşaýar ekeni. — Nurtagan başyny ýaýkady. — Heýwere uly şäher ekeni. Uçmham şondan enaýy däl bolsa gerek. Şeýlebir jaýlary bar, agzyňy açyp, sygyryp oturmaly. Telim hepde şo taýda bolduk. Hojanepes ak patyşaň özi bilen duşuşdy. Ol biziň ýagdaýymyzy patyşa gürrüň beripdir, ilatymyzy öz raýatyňa kabul et diýipdir. Gep arasynda birmahallar Amyderýanyň suwunyň Bahry-Hazara guýulanlygyny, Uzboýyň boýunda altyn tapyp boljagynam aýdypdyr. Garaz, patyşany yrypdyr... Nurtaganyň gepledigiçe göhi gelýärdi, ýüzi ýagtylýardy. Eýsem-de bolsa töweregindäkileriň sessiz-üýnsiz, üşerlişip oturmagy onuň diline itergi berýärdi, göwnüni göterýärdi. Ol şol bir göwnaçyklyk bilen dowam etdi: — Hawa, onsoň... Patyşa köp sowgat berdi. Mahmal diýermiň, mawut diýermiň... Dünýäniň zadyny berdi. Ine, şu ädigem şoňa berdiler. — Nurtagan könelişen ädigini buýsanyp görkezdi. — Henizem ýyrtylanok. Ýogsa ondan bäri näçe wagt geçdi. Durdy söwdagär kakdyryp gepledi: — Neneň ýyrtylsyn... Muny toýdan başga wagt geýýäňmi näme? Oturanlar ýylgyryşdylar. Nurtagan ädiginiň gonjuny süňklek eli bilen sypalaşdyrdy-da, sözüniň üstüni ýetirdi. — Peterburgdan ýene Hajytarhana geldik. Ondanam bärik gaýtdyk. Aradan uzak salym geçmän patyşaň Çerkez han⁴ diýen uly emeldary, ine, şu ýerik ummasyz leşger getirdi. Soňra ilatdan düýe baryny satyn alyp Hywanyň hany — Şirgazyň ýanyna görme-görşe gitdi. Hojanepesem orslar bilen bile gitdi, olara ýol salgy berdi. — Nurtagan sakgalyny barmaklarynyň ujy bilen dyrmalap, uludan bir dem aldy. — Şirgazy han namartlyk edipdir, orslary aldawa salyp, baryny diýen ýaly gyrypdyr. — Çerkez hanam öldümikä? — Hawa, Çerkez hanam öldürüpdir. Hojanepesem dardan asjak ekeni. Hywada ýaşaýan türkmenleriň kömegi bilen zordan gaçyp gutulypdyr. Ol şu taýyk geldi. Soňra kowum-garyndaşlaryny yzyna tirkäp maňňyşlaga, öz taýpadaşlarynyň — salyrlaryň arasyna göçüp gitdi. Soň-soňlar şo taýda ýogalypdyr diýen habar geldi... Soňky sözleri aýdanda, Hojanepesiň ýogalanlygyny ýatlanda Nurtaganyň ýüzüniň reňki üýtgäp gitdi. Ol başyny aşak saldy, gaýdyp dil ýarmady. Esli wagt töwerekdäkileriňem hiç birinden ses çykmady. Oturanlaryň baryny agyr pikire batyran ümsümligi ahyrda Durdy söwdagär bozdy: — Hojanepes — goý, bendäniň ýatan ýeri ýagty bolsun — uly işiň başyny başlady. Haýp, bendäniň diýeni bolmady. Emma ony boldurmaly. Bize güýçli goluň, ilaty urdum-şalykdan gorap biläýjek güýçli goluň goltgusy gerek. Eýrana bil baglap gördük. Hywadyr Buharanyň penakärligine tomaşa etdik. Şolar zerarly näçe gezek gabryň gyrasyna baryp gaýtdyk. Kim galdy? Ahmet Dürranymy? Onuňam kimligini ýaňyja şahyr aýtdy... Durdy söwdagär gepi nähili tamamlajagyny bilmeýän ýaly ýaýdanjyrady. Ol esasy matlabynyň üstünden barypdy, şony orta atmagyň ýoluny agtarýardy. Obadaşlaryndan biri — keltejik boýly, geçi sakally, bir gözi içine çöküp duran pyýada özüçe oňa goltgy berdi: — Başga ýerleri bilemok, biziň kenar ýakasyndaky ilatymyz üçin birje gaçybatalga bar. Olam bolsa Orsýet. Ýa-ha gülberimizi arkamyza daňyp, göçüp gitmeli ýa-da ak patyşadan penakärlik soramaly. — Göçüp nirä gitjek? — Durdy söwdagär örç alyp gepledi. — Ak patyşa bizem raýatyňa kabul et diýmeli. Goý, goşun getirsin, gala salsyn. Bize-de öz raýaty ýaly penakärlik etsin. Ana şonda... Durdy söwdagär sözüni soňlap bilmedi. Ýaňy murt taban ýaş ýigit haşlap geldi, gözlerini elek-çelek edip habaryny berdi: — Durdy aga, Orslar gelýärler. Seni gözleýärler... Durdy söwdagär, göýä diýersiň ýaş ýigidiň habaryny eşitmedik ýaly, bir halyndan üýtgemän otyrdy. Soňra bogazyna bat beribrägeden gepledi: — Biz ýüregimizi bire bagladyk. Ýakyn wagtda Orsiýete ýaşullardan bir toparyny ibermekçi. Şu habary ilatyňyza ýetiriň! Ol aýak üstüne galdy, töweregindäkiler bilen birin-birin elleşip hoşlaşdy: — Ýol bolsun! Sag-aman baryp geliň! __________ 1 Kendirli — häzirki Krasnowodskiniň golaýyndaky oba. 2 Hajytarhan — Astrahan. 3 Petr I. 4 Çerkezhan — knýaz Bekowiç — Çerkasskiý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |