16:08 Magtymguly -9/ romanyñ dowamy | |
9.
Taryhy proza
Wagt ýasyndan agypdy. Medresäniň howlusy çolarypdy. Hüjreleriň käsinde yşyk ýylpyldaýardy, emma daşarda adam-gara görnenokdy. Magtymguly ýadawdy, kellesini ýassyga beresi gelip durdy. Ol okap oturan kitabyny bir gapdala goýdy-da, dikelip oturdy. Soňra aýak üstüne galdy, ýatnazdan öňürti daşarda bir sellem gezmelemegi ýüregine düwdi. Donuny egnine atanam şoldy welin, gapy garsa açyldy, uzynak pyýada içerik girdi, batly seslendi: — Essalawmaleýkim! Magtymguly Şeýdaýyny görüp geň-taň boldy. Ol ýerinden gozganman durşuna onuň, Şeýdaýynyň setirlerini ýatlady: Şeýdaýy mest bolup düşdüň hyýala, Meý bilen berdiler doly pyýala. Meý içip, mest boldum, düşdüm hyýala, Yşk meniň halyma harap getirdi. Olar gujaklaşyp, mähirli görüşdiler. — — — — — — — Agyr ýüki gerdeniňe alypsyň. — Agyr ýüki gerdenime atdylar! — Magtymguly ýüzüni egşitdi. — Pir ýörite çagyryp «sen şol dabarada hökman gatnaşmaly» diýdi. Nädeýin? Oň bilen eňekleşip bolýamy näme! — Bir zat çyrşadyňmy? — Çyrşadym. Magtymguly aýak üstüne galdy, tekjede duran kitaplardan birini aldy, onuň içinden bir kagyzy çykaryp, gaýtadan dyzyny epdi. Hata ýeňil göz gezdirdi-de, ony howlukman okady: Patyşa kim niýetin rast eýlese, Hakdan olgaý herne derhast eýlese. Kylsa haýr endişe, ol Taňry bakar, Ýerlere ýagmyr ýagar, otlar çykar. Düzlener il, çeşmeler bolgaý rowan, Giňeler halk-u nyzam tapgaý jahan. Ogry, zalym... — Dur! — Şeýdaýy Magtymgulynyň golundan şapba ýapyşdy. — Bu goşgy kimiňki? — Meňki. — Ýok! Bu goşgy seň goşgyň däl. — Eýse, kimiňki? — Kakaň goşgusy. — Berekella! — Magtymguly ýürekden dillendi. — Nädip bildiň? — Bilmez ýaly zat ýok. Öten ýyl «Wagzy-azatdan» parçalary bilelikde okapdyk ahyryn. Şeýdaýy dymdy, pikirlendi. Soňra bir wagt okan serirlerini ýatlady: Patyşasy bolmasa her ülkäniň. — Bolmaz imiş haýry-yhsany anyň. Azaşar ýol ähli, rehbersiz ola, Dagylar leşger ki, serdrsyz ola. Göwre läş bolgaý, eger baş bolmsa, Bitmez iş, Hak lutfy ýoldaş bolmasa... — Berekella! — Magtymguly dostunyň ýüzüne guwançly garady. — Görýän weli, seňem ýatkeşligiň Nury Kazymyň ýatkeşligiçe bar... Şeýdaýy gürrüňi özünden sowjak bolup çalyşdy: — Onsoňam, muň ýaly goşgy üçin Gaýyp han egniňe halat atmaz! — Meň ondan halat tamakinçiligim ýok. — Emma oň senden tamakinçiliçi bardyr, öwgüli goşga garaşýandyr. Şony bilip goý! Magtymguly sesini çykarmady, gabagyny aşak saldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |