10:10 Magtymguly -7/ romanyñ dowamy | |
7.
Taryhy proza
Wagt ikindine golaýlaberende kerwen Hywa golaý bardy. Magtymguly atdan düşdi, belendiräk ýerden şähere ser saldy. Ozaly bilen, Juma metjidiň, şäheriň iň uly metjidiniň minarasy onuň nazaryny özüne çekdi. Minara belentdi, haýbatlydy. Ýogsa töwerekde başga-da minara kändi. Emma belentlikde, owadanlykda onuň bilen bäsleşip biljek minara ýokdy. Bir o taýda, bir bu taýda howalanyp görünýän minaratlar, altyn çaýylan depeleri ýaldyrap görünýän gümmezler şähere birhili üýtgeşik görnüş berýärdi. Sönüp barýan günüň şöhlesi olaryň görküne görk goşýardy. Magtymguly ýabysyny idip, pyýada ýöredi. Ýol bary sökülipdi. Belentli-pesli baýyrlar, ümmülmez çöl-beýewanlar, ulgam-ulgam gumluklar — bary yzda galypdy. Tapdan salyjy agyr ýol, gopgun-gowgasyz, ýitgi-heläkçiliksiz, sag-aman gutarypdy. Haý diýmän Şirgazy hanyň medresesiniň tanyş gapysy görünmelidi. Magtymguly ol gapydan sansyz gezek girip-çykypdy. Onuň medresä golaýlaşdygyça ruhy göterilýärdi, süňňi ýeňleýärdi. Ol göwün ýüwürdip barşyna yhlasdaş talyplary bilen boljak duşuşygy huşunda gezdirýärdi. Kimse bilen elleşip, kimse bilen guşaklaşyp görüşýärdi, degişýärdi, keýpi kökdi. Şonuň üçin bolsa-da bolar, medresäniň howlusynda adam-garanyň bolmazlygy oňa birhili ýakymsyz täsir etdi. Ol ýüküni düşürdi, düýekeşleriň kömegi bilen ony hüjresine saldy. Soňra olary ugratdy-da, jaýyna dolanyp geldi. Hüjre garaňkydy, kapasdy. Günüň darajyk penjireden çogup gelýän symgylt şöhlesi içerini çala ýagtyldýardy. Hemme zat duran-duran ýerindedi. Bir böwürde tüňçe, kündük, gap-çanak pytraşyp ýatyrdy. Beýleki böwür durşuna tekjedi. Olaryň içinde kitap bary münderlenişip ýatyrdy. Kelteräk boýly, tegelek ýüzli, dykyz ýigit, pişik ýörişini edip gapa golaý geldi, usullyk bilen yşyklady. Magtymguly horjunynyň gözlerini boşadyp, garabaşyna gaý bolup otyrdy. Ýigit içerik girdi, Magtymgulynyň ýeňsesinden baryp, iki eli bilen onuň gözüni tutdy. Magtymguly ýigidiň goşa bileginden şapba ýapyşdy-da: — Nuretdin! Çek eliňi... Senden başga adam däldir! — diýdi. Ýigit ýerinden bytnamady. Magtymguly aýak üstüne galdy-da, duýdansyz arkanlygyna serpikdi. Birdenem bolsa şadyýan gygyrdy: — Nuretdin! Olar gujaklaşyp, gadyrdan görüşdiler. Magtymguly dostuny gaýtadan guwanç bilen synlady-da: — Talyplardan ikimizden başga-da geleni barmy? Hiç kim görnenok-la — diýip, aladalanyp sorady. Nuretdin elini salgylap goýberdi: — Bary şu ýerde. Tagsyr takal okýa. Menem şo taýdadym. Seň geleniňi görüp, usullyk bilen çykyp gaýtdym. — Näme barada takal okaýa? — Men çaý goýup geleýin. Onsoň baryny gürrüň bererin... Nuretdin tüňçäni aldy-da, daşaryk çykdy. Magtymguly hüjresini tertibe salmaga durdy, syryp-süpürişdirdi, çaşyp ýatan ownuk-uşak zatlary ýerbe-ýer goýuşdurdy. Soňra Gürgenden getiren täzeje keçesini ýere atyp, horjunyndan kişmişdir hurma, hozdyr pisse çykaryp, ýaglygyň üstünde goýuşdyrdy. Içi gowurmaly golçanam ortda goýdy. Meňliniň tiken jambörüginem başyna atdy. Onýança Nuretdinem dolanyp geldi. Ol garyp içerä görk beren keçäni görüp, hoşal gygyrdy: — Bo-ow! Gürgenden getirdiňmi? — Hawa. — Gowy keçe. Halyça bar. — Nuretdin dyza çöküp, elini keçäniň ýüzünde gezdirdi. — Gürgen illeri niçik? — Ýaman däl. — Kakaň, ejeň, agalaryň gurgunmy? — Hudaýa şükür, oňatçylyk. — Meňli neneň? — Meňlimi? — Magtymguly uludan bir dem alanyny duýman galdy. — Meňli eňräp galdy. — O näme üçin? — Ata-enesi satjak bolýa. Olam «elimi-aýagymy güýlüp guýa taşlasaňyzam Magtymgulydan başga ýüregimi bermerin» diýýä. — Haý, berekella! Gyzlaryň içinde-de, bolsa-da, nähili mertleri bar. Merhaba! — Ine, Meňliniň sowgady. — Magtymguly başyndaky tahýany çykaryp, Nuretdine uzatdy. — Gaýtjak bolamda öz eli bilen başyma atdy. — Merhaba! — Nuretdin tahýany höwes bilen synlady. — Oňat tikilipdir. Seret, bu nagyşlara. — Olar nagyş däl! — Magtymguly tahýany eline aldy. — Bu çitimleriň hersi bir ýürek tary, göwün düwüni. — Magtymguly tahýany başyna atdy. — Siziňkiler niçik? Gurgunmy? — Oňatçylyk. Köp salam aýtdylar. — Nuretdiniň gözi bir gapdalda ýatan kitaba düşdi. — Bu kitap näme? — Kakamyň kitaby. Şol gürrüň beren kitabym, «Wagzy-azat». Öz elim bilen göçürdim. Şikestä geçirtjek... Nuretdin kitaby alyp, ony açdy, sahypalady. Birdenem bolsa seslenip okamaga durdy: Hamdy-lilla, şükri-lilla ol haka, Terbiýet kyldy bir owuç topraga. Hoş ajaýyp görkli surat etdi, gör. Berdi jan-u atlaryn ogretdi, gör, Zikri-elwan ile ol açdy zyban, Söwdi hak özi any jähr-u nahan... Nuretdin ýürekden joşup gygyrdy: — Merhaba! Oňat aýdypdyr. Ol okan setirlerine ýeňil göz gezdirdi-de, soňky iki bendi ýatdan gaýtaldy. Soňra ýene göçgünli seslendi: — Merhaba! Saglyk bolsa, muny arkaýynçylykda okarys... Magtymguly üsti ir-iýmişli ýaglygy Nuretdiniň öňüne süýşürdi-de: — Näme täzelik bar? — diýip sorady. Nuretdin hurmalardan birki sanysyny alyp, manyly ýylgyrdy: — Täzelik kän. Geljek aýyň başynda, onuň alyhezretleri Gaýyp han tagta çykan gününi baýram etjekmişin. Şoňa şahyrlaryň bary üýşjekmişin. Görülmedik dabara boljakmyşyn. Ökde çykan şahyra uly sylag beriljekmişin. — Näme, sylag tamaň barmy? — Ýogam däl. Sylag alýanlar bizden gowudyr öýdýäňmi? Magtymguly kinaýaly ýylgyrdy, Nuretdiniň çignine dostlarça kakdy: — E-ý, Nuretdin jan... Sylag almak üçin, dostum hany asmandan agramly, ýerden göterimli, günden nurana edip görkezmeli. Ony ikimiz başarmarys! — Dogry aýdýaň. Onda-da gideli. Tagsyr «Magtymguly gelmedimi» diýip, telim gezek sorady. Ol seň ýakaňdan el çekmez... Her kim şöhrat kowgusynda. Oňam seň kömegiň bilen şöhrat gazanasy gelýä. Daşarda hümür-sümür eşidildi, salym geçmän bolsa talyp ýigitler süssürilişip hüjrä girdiler. Kimse Magtymguly bilen elleşip, kimse gujaklap görüşdi. Dar hüjräniň howasy büs-bütin üýtgedi. Talyplaryň wagtlaýynça birek-birek bilen hoşlaşanyna esli wagt bolupdy. Göwün çaglamaga, pikir alyşmaga mesele kändi. Sorag, jogap... Bir matlap gutaryp gutarman, söhbet başga tarapa ugrugýardy. Ilki gök çaý içildi, soňra gyzgyn nahar daşaldy. Juwan ýürekleriň gaýnamy tä ýassyn namazyna çenli synman dowam etdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |