08:35 Magtymguly -8/ romanyñ dowamy | |
8.
Taryhy proza
Golaýdan azançynyň sesi geldi: — Alla-hu akbar! — Alla-hu akbar! Magtymguly ýyly ýorgany bir gapdala serpdi, ýerinden sagynman galdy. Täret gyldy, namaz okady. Soňra geýinip, birki agyz garbandy-da, şähere çykdy. Ol ildeşleri bilen duşuşmalydy, edilen sargytlary bitirmelidi. Şirgazy medresesi şäheriň orta gürpünde, Gaýyp hanyň köşgüniň golaýyndady. Asla ol töwerekde metjitdir medreseden başga jaý ýokdy. Nirw seretseň, gümmezdir minarady. Jaýlaryň bary sarymtyl-symgylt kerpiçden salnyp, säheriň näzik şöhlesine, belli-beterem ikindiniň gyzyl şapagyna diýseň göze ýakymly görünýärdi. Magtymguly Hywa beletdi, iki ýylyň içinde onuň darajyk köçelerinde köp gezmeläpdi. Köçeleriň bary şäheriň ortasyndaky bazarçylyga eltýärdi. Bazaryň töwerek-daşy çaýhanadyr kerwensaraýdy. Uzakdan gelýän argyşçylaryň öz ýük düşürýän, ýatyp-turýan kerwensaraýy bardy. Gökleňli argyşçylar sanly güni Haýrulla täjiriň kerwensaraýynda düşleýärdiler. Daşyna belent diwar çekilen kerwensaraý bazardan çeträkde, giň meýdany tutup otyrdy. Magtymguly bärden baranda Nurjan dagy çaý-çörek iýip, eýýäm bazarlamaga çykan ekeni. Olam kerwensaraýda uzak eglenmedi, ildeşleriniň gözlegine çykdy. — — — — — — — Perhat söýüp Şirini hem il-günün, Dökdi ençe duşmanyň al ganyn. — — — — — — — — — Durmuş, derkar imes sensiz maňa jan, Sen bolsaň, gerekmez jennet-u aden... Sopy-syýaklaryň bary, göýä diýersiň aýylganç bir zat eşiden ýaly, Nuretdine bakan gaňrylyp gardy. Ýogyn sesli biri bolsa uzakdan haýbat atdy: — Gapyl! Nuretdin oňa jogap berjek boldy, emma tabakdaşlaryndan biri syýyndan çekdi: —Sesiňi çykarma. Goý, üýrsin... Nuretdiniň sesi (dogrusy Nowaýynyň setirleri) sopy-syýaklaryň ýeňse damaryny gyzdyran bolara çemeli. Olardan biri — keltejik boýly, söwedeň, çişik pyýada ýerinden gaharly galdy, Nuretdine golaý gelip, ony nazar bilen dalady. Soňra haşlap dem alyp, sandyraklap haýbat atdy: — Ýaňky aýdanlaryny agşam Piriň ýanynda-da gaýtalamaly borsuň! Talyplaryň çekeleşigi käte ýakalaşmaklyga çenli baryp ýetýärdi. Magtymguly gowganyň güýjäýmeginiň ähtimaldygyny duýdy. Ol ýerinden turup, çişigiň alnyna bardy, onuň ýagjymyk ýüzüne täsirli garady. Soňra bogazyna bat bermän, emma kesgitli gepledi: — Howlukma. Piriň ýanyna barmak üçin, belkem, has, degerli tutaryk taparsyň! Çişik çyzyk-çyzyk dodagyny gaharly ýalady, emma sesini çykarmady. Magtymguly töweregindäkilere ýüzlendi: — Ýörüň, işe başlalyň. Nuretdin ajymtyk ýylgyryp, çişigiň ýüzüne äsgermezlik bilen garady-da, Magtymgulynyň yzyna eýerdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |