12:42 Magtymguly -3/ romanyñ dowamy | |
3.
Taryhy proza
Oba ýatypdy. Magtymguly tamynda, pelteli çyrany golaýynda goýup, nämedir bir zat ýazmak bilen meşguldy. Ol gijelerine işlemegi gowy görýärdi. Il-gün bolsa, adatça, ir ýatýardy. Uzynly günüň surnykduryjy hysyrdysyndan soň her kim çaý-çöregini iýmäge mähetdeldi, garaňky düşüp-düşmänkä ýanyny ýere berýardi. Diňe ýaş ýetginjekler giň meýdana çykyp ýa-da çolarak ýere üýşüp, içleriniň posuny dökýärdiler, degşip, gülşüp, durmuş tigriniň ýakymsyz jygyldysyny şowhun bilen basjak bolup çalyşýardylar. Häzir bolsa... Häzir wagt ýarym gijä golaýlap ýördi. Emma Magtymgulynyň gözüne uky gelenokdy. Galam kagyzyň ýüzünde haýal ýöreýän bolara çemeli, şahyryň giň maňlaýynyň damarlary ýygy-ýygydan ýellenýärdi, gaşlary ýygy-ýygydan çytylýardy. Ynha, ol galamyny kagyzyň üstüne oklady, dikelip oturdy. Beýnisi dyngysyz işleýärdi, iki gözi palasyň üstünde ýatan kagyzdady, dodaklary çalaja gymyldaýardy. Gapynyň tutusy ýuwaşja açyldy. Çowdur han bükülip içerik girdi, töweregiň asudaçylygyny bozaryn öýdüp gorkýan ýaly, pesaý seslendi: — Henizem otyrmyň, Magtymguly? — Hawa, otyryn... — Magtymguly ýadaw göreçlerini Çowdur hana dikdi. — Sen näme üçin ýataňok? — Aý, meňem gözüme uky gelenok. — Çowdur han göwresini ýere berdi. — Daşaryk çykdym. Görsem çyraň henizem öçmändir. Habar tutaýyn diýip sowylaýdym. — Çowdur han halynyň üstünde ýatan kagyzlara gyzyklanyp garady. — Neneň, bolýamy? Magtymguly ýadaw dem aldy. Soňra başyny aşak egip oturşyna, gürrüňdeşiniň ýüzüne esetmän gepledi: — Garry serdar Ahmet Dürrana bedew at, halat-serpaý iberýämişin. Gel, şu goşguky gürrüňi goýbolsun edeli. — Ýok, goşguly gürrüňi goýbolsun edip bolmaz. Ahmet şa üçin bedew at, halat-serpaý nämemişin. — Çowdur han göwünli-göwünsiz gülümsiredi. — Şadyr soltanlaryň buýsanç damarlary ýogyn bolýa. Olar ýaşlykdan süýji söze, öwgi-tarypa endik eden adamlar. Türkmeniň ile belli şahyrynyň ýörite nama iberenligini eşitse, walla, Ahmet şanyň depesi göge ýeter. Magtymguly dymdy. Ol henize çenli şadyr soltanlary taryplap gazal düzmändi. Asla olary taryplamaga mynasyp öýdenokdy. Emma dostunyňam ýüzünden geçip bilenokdy. Nätmeli? Çowdur han şahyryň pikire batanlygyny duýdy. Ol ara düşen ümsümligi bozjak bolup çalyşdy, sowalyny gaýtalady: — Neneň, bolýamy? — Bolýa... Emma kynlyk bilen bolýa... — Magtymguly ýüzüni naýynjar egşitdi. — Galam pil däl, islän ýeriňe sanjar ýaly. — Çowdur han sesini çykarmady. — Walla, şuny seň hatyraňa düzýän. Özüme galsa... — Bilýän, Magtymguly. Özüme galsa, menem Gandagara atlanjak däl. Geçmeýän günüm ýok. Hudaýa şükür, çörege mätäç däl. Emma diňe öz günüň bilen ýaşap bolýamy näme? — O näme üçin bolmaz? — Magtymgulynyň ýüzi has hem tutuklandy. — Hanha, Garly serdar diňe öz güni, öz tünegi bilen ýaşaýar ahyry! — O ýaşar. Emma ikimiz ýaşap bilmeris... Tamyň içine ýene ümsümlik aralaşdy. Magtymguly bilen Çowdur hanyň hemişe diýen ýaly üýni alyşýardy. Olar ýygy-ýygydan duşuşýardylar, töwerekde gopýan wakalar barada ikiçäklikde pikir alyşýardylar, kelle döwýärdiler. Olaryň göwnüne bolmasa, durmuşyň çägi barha daralýardy, ýagtysy kemelýärdi. Gijäniň garaňkysy kemlik edýän ýaly, gündizem gözüňi ýumup gezmeli bolýardy, görejiňe sähelçe agram salaýdyňmy, şol bada igenç bary depäňden ýagmyr bolup ýagýardy. Gözli kör bolup ýaşamak... Olam aňsat däl. Nätmeli? Dünýäniň bu garaňkylygynda ýüzüňi hanjak tutmaly? Syýahatçylar gijelerine ýyldyzlara ýüzlenýärler, şokaryň ýagtysyna görä ugur alýarlar, ýol gözleýärler. Durmuşyň tümlüguni nätmeli? Çowdur han ara düşen ümsümligi bozup gepledi: — Şadyr soltanlara sygynyp gün görüp boljaklygyna meňem gözüm ýetýä. Ýöne nätjek? Dünýäň gurluşy şeýle. «Gün güýçliňki, gowurga dişliňki» diýipdirler. Bir güýçlä, bir goly zora daýanmasaň imi-salalykda ýaşap boljak däl. Bu wagtlar Ahmet şadan goly zor kim bar? Ol her niçik-de bolsa sünni. Belkem, maňlaýymyzdan diräýedi! — Ahmet şadan millete hossar bolmaz. Başga ýol agtarmaly! Dostlar bu meseläni öňem telim gezek döwnäpdiler. Şonuň üçin-de Çowdur han söhbete tow bermejek bolup çalyşdy, gözüniň gytagyny ortada ýatan kagyza aýlady: — Görýän weli, ep-esli ýazypsyň. Hany, bir bendini oka, diňläli... Magtymguly goşa dyzynyň üstündäki ýassygy düzedişdirdi-de, ýaňy düzen serirlerini howlukman, tebigy labyzlylyk bilen okady: Ýa Ahmet şa, ýerde ýaýylyp çawuň, Adyň asman gider, arşy aglaýa. Gelen nökeriňdir, gelmeýän awuň, Beýiklik zyna sen gal paýa-paýa... Çowdur han, göýä diýersiň okalan setirler öz hatyrasyna düzülen ýaly, joşup, guwançly seslendi: — Berekella! Kemi ýok... Gowşak damaryny tapypsyň... — Ol egilip, nazaryny terslin-oňlyn galam ýöredilen kagyza dikdi. — Goltugyndan gop ber. Daga çykar... Şir bilen deňe... Goý, özüni Rüstem zaldyr öýtsin! Magtymguly mylaýym gülümsiredi: — Görýän weli, bu namany özüň menden gowy düzjek. — Ýok, ýok... Nama düzmek bize başartmaz. Taňrym her kime öz başarjak ýüküni ýükläpdir. At sal, gylyç syr diýseň, ony herkimçe başarys. Emma nama düzmek... Ony, ýüz görüp aýtdygym däl, külli türkmende özüňden gowy başaran adam bolmaz. Magtymguly diňe bu gün däl, adaty günlerde-de täze düzen setirlerini, belli-beterem ynsan ruhunyň näzik tarlaryna şabram kakýan aşygana setirlerini dostuna okap berýärdi. Çowdur han çalasowatdy. Ol oglanka birki ýyl Döwletmämmet mollanyň mekdebine gatnapdy. Soň agyr nähoşluga sezewar bolup mekdebi taşlapdy, «Menden molla çykmaz» diýip, höwesini bütinleý üýtgedipdi. Emma gazal-goşgyny, aýdym-sazy gowy görýärdi, hatda Magtymguly bilen ikiçäklikde bolanda ýuwaşja hiňlenýärdem. Oňa «han» lakamyny ildeşleri beripdi, il-günüň başyna agyr gün düşende görkezen edermenligi, gaýduwsyzlygy üçin beripdi. Han bolup, onuň hanlyk süren ýeri ýokdy. Artdyryp-süýşüren döwletem ýokdy. Bar baýlygy bir at bilen üç-dört sany gara maldy. Emma baran ýerinde gadyr bilen garşy alynýardy, oturylyp-turşulanda hormat bilen ady tutulýardy. Gandagara atlanýanlara serkerdelik etmek barada gürrüň bolanda Çowdur handan başga adamyň ady tutulmandy, Garly serdara çenli, ýaşulularyň bary şoňa ak pata beripdi. Magtymguly galamyny kagyzyň üstüne okaldy-da: — Ýör, bir sellem aýaklaryň gurşugyny ýazaly — diýdi. Olar daşaryk çykdylar. Töwerek ümsümlikdi, ne mal-garanyň sesi eşidilýärdi, ne-de itleriň üýrüşýän sesi gelýärdi. Göwnüňe bolmasa, jümle-jahan janly hereketden kesilen ýalydy. Tebigatam asudady, öwüsginsizdi. Dag depesinden aşak inen serginlik gündiziň kapaslygyny obadan kowup çykarypdy, dem almak ýeňläpdi. Asmanam tämizdi, durudy. Dik ýokary galan aý, şadyýan ýylgyryp, ýagty şöhlesini töwerege jomartlyk bilen saçýardy. Ýumşak, ýakymly ýagtylyk älem-jahana üýtgeşik bir görk berýärdi. Aýly gijäniň şahyrana gözelligi. Onuň bilen bäsleşip biljek gözellik seýrek bolsa gerek! Magtymguly daş işikde aýak çekdi, gerindi. Ilki on dördi dolan aýa, soňra balkyldaşýan ýyldyzlara, göýä diýersiň olar bilen hemişelik hoşlaşýan ýaly, uludan bir dem alyp, göwnüçökgünlik bilen ser saldy. Hawa, şahyryň göwni çökgündi, keýpi bozukdy. Neneň beýle bolmasyn! Töwereginde köwsarlaýan ýakymsyz ýeliň bady barha güýjeýärdi. Gandagara atlanjak ýigitleriň aman-sag dolanyp geljekdiklerine, näme üçindir, şahyryň ynamy ýokdy. Özem haý diýmän Hywa atlanmalydy. Meňli bolsa gözýaş edip, «gitme» diýip ýalbarýardy. Nätmeli? Onuň bu barada dosty bilen pikir alyşasy, göwün döküşesi gelýärdi. Çowdur hanam ýagdaýdan bihabar däldi, durmuşyň erjel muşakgatlaryndan dörän goşa diwaryň aňyrsynda dostunyň nalaç urunýanlygyny duýýardy, oňa gpwünlik beresi, ony goldasy gelýärdi. Olar öňe gadam goýdular. Magtymguly başyny aşak salyp, sesini çykarman barýardy. Çowdur han söhbete ýol arçady: — Hywa ýomutlardanam iki kerwen gidýärmişin diýýärler. Neneň, şaýyňy tutduňmy? — Şaýyňy tutmak kyn däl. Göwnüňi bire baglmak kyn. — O näme üçin? — Magtymguly aýak çekdi, gijäniň aý aýdyňlygynda dostunyň ýüzüne üşerilip seretdi, emma sesini çykarmady. Çowdur han sowalynyň ýerine düşmänligini aňdy, dessine sözüniň üstüni ýetirdi. — Sen, Magtymguly, Meňliniň aladasyny etme. Şunça wagt garaşypdyr. Ýene bir ýyl garaşar. — Garaşdyrarlarmyka? Ertirki gün palasa salyp, ýok owarramdan çykaraýsalar... Şonda nädip bor? Magtymgulynyň sesi sarsgynly çykdy. «Şonda nädip bor...» Ol soňky wagtlar bu sowaly gijesi-gündizi diýen ýaly gaýtalaýardy, emma oňa jogap tapyp bilenokdy. Gelejege umyt baglap bolmajagyny, Meňliniň süýji düýşi kimin, hemişelik gözden gaýyp bolaýmagynyň ähtimallygyny Magtymgulam duýýardy, Çowdur hanam. Emma agyr bulut bolup labyryny atýan hakykat bilen olaryň ikisiniňem razylaşasy gelenokdy. Belli-beterem Magtymguly Meňli bilen jydalygy gpz öňüne getirmejek bolup, ölügsi ýylpyldaýan umyt çyrasyny öçürmejek bolup jan edýärdi. Bahar höwesi bilen dem alýan juwan ýürege üýtgeşik jan, üýtgeşik kuwwat berýän ýyly mähirden ýüz dönderäýmek aňsatmy näme! Hany adalat? Hany ynsaniýetlik? Eýsem indi ähli deşik petiklenäýdimikä? Hiç bolmanda bagryň bilen ýer sermäp çykara ýol bardyr ahyry. Hawa, ýol bardy. Birje ýol bardy. Olam bolsa, Meňlini atyň syrtyna basyp, ümdüzine tutdyrmakdy. Olam ýeňil-ýelpaý iş däl. Ata-eneňi, dogan-garyndaşyňy, il-günüňi taşlap, agyr ýola baş goşmak... Ýok Magtymguly başga ýol agtarýardy. Çowdur han dostuna göwünlik berip gepledi: — Meňli özüni aňsat palasa saldyrmaz. Ol örän erjel, namysjaň gyz. Häzir bütin oba şoň gürrüňini edýä. Adna han sawçy iberende şeýle bir goh tuzupdyr, tas gara çatmany göçüren ekeni. Meňli aýdypdyr: «Kesim-kesim edip itiň öňüne taşlasaňyzam, men Adna hana barmaryn» diýipdir. Bu gürrüňinden Magtymguly habarlydy. Meňliniň özüni aňsat palasa saldyrmajagyna-da onuň ynamy bardy. Emma durmuşyň dag daşy kimin gatan, elhenç däp-dessurlaram göze dürtülip durdy. Gyzlar mal kimin, sada haryt kimin satylýardy. Nyrh kesilýärdi, çekeleşilýärdi... Olardan razylyk soralyp durlanokdy. Bendeler çopur-çoçaň, garry-gurryň gujagyna atylmasalar, aýal üstüne satylmasalar kaýyldylar. Durmuş kadasyna öwrülen bu däp-dessurlaryň üstünden ätläp geçmek Meňlä başardarmyka? Çowdur han sözüniň üstüni ýetirdi: — Saglyk bolsa, aňyrsy birki aýdan Gandagardan dolanyp geleris. Bir ýyl geçip-geçmän senem medresäni tamamlarsyň. Toý tutarys. Mämmetsapanam öýereris, senem. Meňliniň hossrlaryna, gerek bolsa, bar-ýogumyzy bereris. Emma oň bagtyna gara çekdirmeris... Magtymguly sesini çykarmady, içinden bolsa «Agzyňdan Hudaý eşitsin» diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |